13:25 Garry öýüñ nalasy | |
GARRY ÖÝÜŇ NALASY
Goşgular
“Gysga ömür sürdüm” diýip, biljek däl, Köp zat boldy. Köp zat ýatda däl indi. Bir zat weli asla ýatdan gitmeýär, Ony ýatlamazlyk, ýatlamak kyndy. Ýykdy körpe, ýere ýazdy atasyn, Tep-tekiz eýledi ata ýurduny. Ganandyr ol atasynyň ganyndan, Görüp galdym dünýäň jyndan gurduny. Jemşit pisint pürsler otda ýakyldy, Gara ýere siňip gitdi kerpiji. Şo gün dag obasy matam baglady, Soň-soňlaram onuň bolmady weji. Dünýä döräp duran gaýa daşlary, Misli ataň gözündäki ýaşlary. Penjire ýykyldy, aýnalar mäjum, Gör, nireden çykdy bagdat gapylar. Köşk guruldy. Öňki açyk derweze, Hiç kim aýak sekmez ýaly ýapylar. Toý tutulyp, myhman çekilen öýüň, Şowhuny ýok, dilden galan mysaly. Niçik zulum, niçik munda zalymlyk, Gazal aýryp bilmez agyr gussaňy. Atam ýaşly garry öýi ýykany, “Şeýtan zürýadymy?” diýip, oýladym. Bu nä ahwalatdyr, gije we gündiz, Hakydam sen, öz erkime goýmadyň. Közli ojak, gara gazan ýadyňda, Düşelgidir eneň bezän keçesi. Myhman üçin ýorgan-düşek örülgi, Suwly bedre hem kürüşge... çykmaz ýatdan hiçisi. Birin-birin geçip barýar gözüňden, Indi olar hakydaňda ýaşaýar. Bir bigäne ogul, (aýatda däl ol), Seni otdan alyp, oda taşlaýar. Gulagymda garry öýüň agysy, Şonuň üçin kepemeýär göz ýaşyň. Kyýamaty gördüm, aglamazmyň, heý,, Garry öýüň ýykyp gitse gardaşyň... 03-04.03.2023 ý. | |
|
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |