19:52 Gaýgysyz Atabaýew | |
GAÝGYSYZ ATABAÝEW
Taryhy şahslar
Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew 1887-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda doguldy. Olaryň maşgalasy ortaça gün görýärdi. Kakalary ýogalandan soň doganlarynyň altysam bölündi. Gaýgysyz ýedi ýaşyndaka agasy Geldiden aýrylyp özbaşdak ýaşamaga başlaýar. Çünki Geldi neşekeşdi. Ejesidir Gaýgysyz, gyz jigileri bir döwüm çörek üçin agyr günleri başdan geçirýärdiler. Gaýgysyz on ýaşyny dolduranda, ony Tejendäki rus-ýerli mekdebine berdiler. Ol mekdebi 1903 - nji ýylda tamamlady. Soňam Daşkentdäki mugallymlary taýýarlaýan seminariýa okuwa girdi. 1905-nji ýylyň rewolýusion wakalaryndan Gaýgysyz hem çetde durmady. Ol öz dosty Nohur obasyndan gelen Muhammetguly Atabaýew bilen seminariýanyň içinde dörän legal däl rewolýusion kružoklara gatnaşýardy. Onuň bu hereketleri berk göz astyna alyndy. Haçanda seminariýa tamamlananda, attestatynda onuň şeýle bir ynamdar däldigi hem ýazyldy. 1896-njy hem-de 1902-nji ýyllar aralygynda Daşkentdiň mugallymlary taýýarlaýan seminariýasyny bary-ýogy bir türkmen oglany tamamlapdy. 1908-nji ýylda bolsa bu seminariýany üç sany türkmen oglany tamamlady. Olar Muhammetguly Atabaýew, Gaýgysyz Atabaýew hem-de asly Saragtdan bolan Berdiýew familiýaly oglandy. Emma bu türkmen oglanlary seminariýany üstünlikli tamamlasalar-da, olara birbada Zakaspi oblastynda iş tapylaýmady. Oblastyň garamatyny göterýän adamlar bu ýaş ýigitleri rus - ýerli mekdeplerinde ýa-da bolmasa, haýsydyr bir işlerde ulanmaklyga meýil bildirmediler. Has takygy, olary işe ýerleşdirmek hakda Türküstan ülkesiniň halk magaryfynyň inspektory Kerenskiý bilen Zakaspi oblastynyň naçalnigi general Ýewreýinowyň arasynda hat üýşmelegi emele geldi. General Ýewreýinow öz hatlarynda sowadyny çykan ýerli milletden bolan adamlary mugallymçyllyk işine çekmekden howartyrlanýardygy hakda 1908-nji ýylyň 19-njy awgustynda Kerenskiniň adyna iberen hatynda şeýle ýazýar: “Siziň alyjenabynyzyň ýerli milletden bolan ýaş ýigitleri uçilişelere ulanmak, eger-de ýer ýok ýagdaýynda bolsa olar üçin täze mekdep açmak hakdaky hatyňyza şu aşakdakylary habar berýärin. Soňky teklibiňiz hakda; üç sany mekdep hem-de sekiz sany rus-ýerli mekdep häzir türkmen ilatyny kanagatlandyrýar. Eger-de, täze mekdep açmaklyga serişde bolaýanlygynda hem ýaňkylary işe ýerleşdirmek şerti bilen täze mekdep açmaklyk hakda belli bir zat aýdyp biljek däl. Indi bolsa Siziň seminariýaçylary ýerli mekdeplerde işe ýerleşdirmek teklibiňiz hakda: bilşimiz ýaly, Russiýada häzir döwlet gurluşyna göz-görtele zyýan berýän gürrüňleriň öýjügi bolan ýerleriň gör näçesi bar. Gynansak-da, başda şol ýerleri gowy niýet üçin özimiziň açandygymyzy aýtmalydyrys. Şu zatlary nazara alanyňda öz elimiz bilen şo zeýilli ýerleri açmaklyga göwünjeň bolmaklyk ätiýajy elden bermek diýen ýaly bir zatdyr...”. Soňra general Ýewreýinow seminariýany tamamlan ýaş ýigitleriň her hili hokga çykarmalardanam gaýtmajakdyklaryny, şonuň üçinem öz meýillerine garşylykly adamlary taýýarlamagyň hiç bir jähtden zerurlyk ýokdygy hakda halk magaryf inspektoryna aç-açan ýaňzydýar. Gaýgysyz diňe 1909-njy ýylyň ýanwarynda Marydaky rus-ýerli mekdebine işe ýerleşmek başartdy. 1911-nji ýylyň 18-nji awgustynda uçilişeler inspektorynyň Durun pristawyna iberen 3435-nji nomerli hatynda Togtamyş uçilişesiniň müdiri Gaýgysyz Atabaýewiň Bäherdene, Efendiýewiň deregine işe iberilýänligi aýdylýar. Emma Halk magaryf ministriniň ýerli milletden bolanlaryň uçilişäniň müdiri wezipesinde işlemäge haklary ýok diýen gizlin görkezmesine laýyklykda, ol 1912-nji ýylda işden çykarylýar. Ol näçe gynansa-da, mugallymçylygy taşlamaly boldy. Eýran bankynyň Merwde ýerleşýän bölümine işe giren Gaýgysyz bu ýerde 1917-nji ýyla çenli işlemeli boldy. *** 1917-nji ýyl, Ak patyşa agdaryldy. Emma ýagdaý öňküden üýtgäberenokdy. Gaýgysyz bolup geçýän wakalaryň ýöne bir synçysy däldi-de, ol wakalara özüçe baha bermäge çalyşýardy. Onuň ýaşaýan şäheri Maryda bolsa işçiler sekiz sagatlyk iş gününiň girizilmegini gazandylar. Mary bankynyň gullukçysy G.Atabaýew şol günleriň birinde öz işi bilen Aşgabada gidip geldi. Hemmeler Daşkentdäki iş taşlaýyş hakda gürrüň edýärdi. Aşgabatda bolsa Zakaspi oblastynyň türkmen komiteti döredildi. Podpolkownik Nikolaý Nikolaýewiç han Ýomutskiý özüniň şol komitetiň başlygy diýip ykrar etdi. “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýilendi. Han Ýomutiskiý bilen polkownik Magtymguly hanyň arasynda jedel gidýärdi. Podpolkownik han Ýomutiskiýniň ady agdarylşykdan soň, türkmen köpçüliginiň arasynda gaty ýörgünlidi. Onuň täsiri barha artýardy. Muňa gahary gelen Magtymguly han hem dek ýatanokdy. Olaryň jedeli ulalyp, ýiti göreşe ýazdy. Bu iki han biri-biriniň garşysyna her hili tärleri ulanýardylar. Maryda Han Ýomutskiniň saýlaw geçirişinden halk nägile boldy. Mundan peýdalanan adamlar Han Ýomutiskiniň oblastdan çykyp gitmegini talap edip Aşgabada ýygnandylar. Oblast Sowetiniň tabşyrygy bilen oblastyň komissary Dorrer ýygnan halkyň öňünde iki hanyň hem wezipelerinden aýrylýandygyny aýtmalydy. Emma Dorrer Han Ýomutiskiýniň wezipesinden gidýändigi hakda aýtdy-da, Magtymguly han hakda kelam agyz zat diýmedi. Belki-de, bu öňünden taýýarlanan bolara çemelidi. Ýygnanan halk dargamak bilen boldy. Bu zatlara syn edip oturan Gaýgysyz Atabaýew “agyzlaryny alart-da, häkimlik sür” diýen sözden ugur alýan dorrerleriň halky bagtly edip bilmejekdigine göz ýetirýärdi. ...1917-nji ýylda Oktýabr rewolýusiýasy amala aşdy. Gaýgysyz indi rewolýusiýanyň işine büs-bütinleýin berildi. Ol birbada iki wezipäni alyp barýardy. Azyk komitetiniň başlyklygyna saýladylar, şeýle hem ol uýezd ispolkomynyň başlygydy. Atabýew işçiler we soldatlar deputatlarynyň Mary Sowetiniň iň bir aktiw göreşijileriniň biridi. 1918-nji ýylyň oktýabry ak gwardiýaçylardyr iňlis interwentleriniň hüjümi has-da güýçlendi. Ol şol döwürde öz ýoldaşlary bilen Daşkentdedi. On dokuzynjy ýylyň ýanwarynda kontrrewulision wakalaryň ilkinji günlerinde ol ak gwardiýaçylaryň öýjügine düşdi. Diňe üçinji gün diýilende oňa bu bandadan gaçmak başartdy. Wagt ýary gijedi. Ol özüni Gyzyl Goşunyň bölümine zordan atypdy. Ol Daşkentde döredilen partiýa družinasyna iberildi. Družina şäherdäki tertip-düzgüni berkitmelidi, şäheriň eteginde basmaçylara garşy göreşýän Atlyk frontyna ýardam etmelidi. Gaýgysyz şol ýerdenem Zakaspi frontuna iberildi. Ol indi frontuň syýasy bölüminiň jogapkär işgäridi. Merw ak gwardiýaçylardan we iňlis interwentlerinden arassalanandan soň, Gaýgysyz Atabýew Mary uýezd rewkomynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Ol bu ýerde bäş aýlap işledi. Şol ýylyň ahyrlarynda Zakaspi oblastynyň rewkomynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanan Gaýgysyzyň gerdenine indi has agyr, has jogapkärli işler ýüklendi. 1920-nji ýylyň oktýabry. Ony Daşkende işe çagyrdylar. Türküstan Sowetleriniň 9-njy gurultaýynda Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna saýladylar. Bu belent wezipede ol iki ýyllap işledi. 1922-nji ýylyň oktýabry. Ony Moskwa işe çagyryldy. Gaýgysyz Atabaýew Milletleriň işleri baradaky halk komissarlygyň kollegiýasynyň çlenligine bellediler. 1923-nji ýylyň 12-nji iýuny. Ony Moskwadan Buhara işe iberýärler. Çünki Buharada ýagdaý çylşyrymlydy. Ol indi Buhara Halk Sowet Respublikasynyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasarydy. *** 1924-nji ýylyň alabaharydy, Daşkent şäheri. Bu ýerde ykdysadyýet dogrusynda maslahata ýygnanylypdy. Buhara Halk Sowet Respubliksaynyň Nazirlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gaýgysyz Atabaýew hem şu maslahatdady. Ol Buharada geçen ýylyň iýunyndan bäri işleýärdi. Ondan öň ol Türküstan ASSR-niň Ýer işleri halk komissary.1920-nji ýylyň sentýabryndan bolsa Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy, şol bir wagtyň özünde hem Fergana frontynyň Rewolýusion Harby Sowetiniň başlygy bolup işläpdi. Maslahatda möhüm gürrüňler edilýärdi. Hatda ol gürrüňleriň soňy gyzgyn jedele çenli baryp ýetýärdi. Her bir mesele dogrusynda düýpli gürrüň edilýärdi. Maslahata gatnaşyjylaryň hiç birinde-de heniz täze bolşewistik döwleti dolandyrmakda tejribe ýokdy. Gürrüň Buhara respublikasynyň kooperasiýasyna syrykdy. Atabaýew gürrüňe goşuldy. Ol gürrüňi aýlap oturmady: -Men özümiziň ýerli ilaty kooperasiýa işine çekişimiz hakda aýtmakçy. Buharada bu işiň gowşakdygyny nazara alyp, ony döwlet söwdasynyň işi bilen ugrukdyrýas. Düşnikli bolar ýaly, häzir respublikanyň içki ykdysady ýagdaýyna gysgaça häsiýetnama bereýin. Buhara öz ykdysadyýeti boýunça birnäçe raýona bölünýär. Aýdaly, Gündogar Buharada - esasan galla hem-de maldarçylyk bilen meşgul bolunýan bolsa, Garşyda maldarçylyk, Kerkide halyçylyk bilen meşgul bolunýar. Bu ýerde köp mukdarda garaköli bagana-da alynýar. Şeýle köp mukdarda alynýan önümler bilen bütin respublikany doly üpjün etmäge mümkinçiligimiz bar. Emma obalarda söwdanyň gaty gowşak guralanlygy sebäpli önümleriň üpjün edilişi ýaramaz. Çünki Buhara şäheri özüniň ýerleşişi boýunça esasy ýoldan çetde. Şu sebäpli hem ol önüm öndürýän raýonlary öz töweregine ykjam ýygnap bilenok. Şundan çen tutsaň, ol söwda merkezi bolup bilenok. Biz şonuň üçinem uly merkezlerdäki kooperasiýa bil baglamak bilen, gyşlaklarda bolsa esasan paýlanyş kooperasiýasyna daýanýarys. Eger-de bu bize azda-kände şeýle alyp barmak başartsa, onda kooperasiýa işini gowy ýola goýdugymyz hasaplaýarys. Husysan-da, döwlet söwdasynyň kömegi bolmasa, kooperasiýa özüne tabşyrylan ýumuşy bitirip bilmez. Şu sebäbe görä, Buharada kooperasiýa işini ýola goýmaklyk alyjylar bilen önüm öndürýänleriň arasyndaky berk hyzmatdaşlyga, has anyk aýdylanda, döwlet söwdasy bilen hyzmatdaşlyga bil baglamaly. Başlylyk ediji ondan: -Siziň kooperasiýaňyza meýletin kabul edilýärmi? – diýip sorady. -Hawa. -Näçeräk çleňiz bar? -On bäş müň. Başlyklyk ediji närazy äheňde gürledi. -Meň pikirimçe, ýoldaş Atabaýew ýalňyşýar. Bu hakda ozal siziň bilen Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy ýoldaş Muhitdinow gürleşen bolmaly. Her niçigem bolsa, biz öz pikirimizi bir ugra gönükdirmeli: medeni güýçleriň azlyk edýänligi sebäpli, Buharadaky hem-de Horezmdäki esasy ýaçeýkalary differensirläp bolanok. Has takygy, aşaky ýaçeýkalardan ugur almaly. Gürrüňe Orta Aziýa ykdysadyýet sowetiniň başlygynyň orunbasary Kilçewiskiý goşuldy. -Önümleriň haýsy bazara niýetlenip çykarylyşy hakda gürrüň gidende, Orta Aziýa merkezi meselesi aýratyn ähmiýete eýedir. Eger-de dünýä bazary hakda gürrüň gidýän bolsa, onda onuň bahalaryny ýa-da bolmasa, standartlygyny dikeltmek üçin aýratyn bir gurama ýa-da organ zerurlygy ýok. Eger-de önümi Russiýa bazarlaryna çykarylsa, onda şeýle gurama gerek bolar. Eger-de önümi Orta Aziýanyň öz içine ýaýratmak gerek bolsa, onda ýaňky aýdylýan merkeziň zerurlygy ýüze çykýar. Türküstan barada aýdanymyzda bolsa, ol mesele çözüldi hasap. Fergana Soýuzynyň döredilmegi bilen Çimkentiň arasynda şertnama baglaşylar. Olar-a çimkentlilere galla öndürip bererler, beýlekilerem öz gezeklerinde miwe önümlerini öndürerler. -Mende bir teklip bar – diýip, Ykdysadyýet sowetiniň başlygy Mejlauk aýtdy. -Meniň aňlaýşyma görä, häzir Orta Aziýa merkeziniň zerurlygy ýok. Şonuň üçinem kooperatiwi ugrukdyrmak meselesine ýolbaşçylyk etmekligi Orta Aziýa Ykdysadyýet sowetine tabşyrmaly. Atabýew ýerinden turdy. Ol: -Mende-de teklip bar – diýdi. -Men kooperasiýanyň käbir ugurlary boýunça ýörite görnüşlerini döretmeli diýmekçi bolýan. Aýdaly, üzümdarçylyk, ýüpekçilik.... Çünki bu ugurlardan hiç bir hili öňe gidişlik duýlanok. Men başga-da çarwaçylyk raýonlarynda-da kooperasiýanyň döredilmeginiň tarapdary. Mejlaugyň we Atabaýewiň orta atan teklipleri biragyzdan goldanyldy.... 1924-nji ýyl. Orta Aziýada milli döwlet bölünişigi geçirildi. Türkmen halky öz mähriban ogluny işçi-daýhan hökümetiniň baştutanlygyna saýlady. Şu wezipede hem ol tä ömrüniň ahyryna çenli ak ýürek bilen halkyna birkemsiz hyzmat etdi. *** 1925-nji ýylyň 8-nji mart güni Poltoraskiý şäherindäki Okuwçylar öýüniň töweregi toý mähellesini ýadyňa salýardy. Bu ýerde ýene-de sanlyja wagtdan daýhan we işçi aýallaryň I uçreditel gurultaýy açylmalydy. Delegatlaryň köpüsi şäher diýlen zady ilkinji gezek görüşleridi. Gün ýakyp ýandyryp barýardy. Daýhan aýallar gurultaýa howlugyp barýardylar. Olaryň köpüsiniň arkalarynda çagalary bardy. Aýallar öň hatara geçip oturýardylar. Gurultaýy Ene Kulyýewa açdy. Gurultaýy çagyrmak hakda inisiatiwa bilen çykyş eden Nadýa Kleýmana söz berilýär. Preziduma saýlananlaryň arasynda Sähetmyradow, Mejlauk, Atabaýew, Kulyýew,Wellekow, Amanekow, Lýubimowa, Nýurina, Kulyýewa, Kleýman, Şister, Lewina dagy bilen bilelikde Garja Agajanowa, Garajaýewa, Üzümgül, Zeýnep Astankulowa, Zinatap Jorabaýewa, Dursun Çary we beýlekiler hem otyrdylar. Gurultaýa gatnaşyjylary TK (b) P MK-nyň sekretary H.Sähetmyradow gutlaýar. Soňra TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew tribunada peýda bolýar. -Sowet hökümetiniň duşmanlary gaty köp. Olar aýratynam aýal-gyzlaryň ýagdaýy hakynda gaty kän çykyş edýärler. Aýal-gyzlaryň azatlyga çykarylmagy molladyr işanlaryň, baýlaryň gonjuna gor guýdy- diýip, ol söze başlady. -Türkmen aýaly geçmişde deň hukuksyzdy. Adam hasabynda görülmedi. Erksiz-ygtyýarsyzdy,laldy. Atasy öz gyzyny zat üçin burny maňkalyja oglana ýa-da bolmasa, ýetmiş ýaşly garra satyp goýberýärdi. Asyrlarboýy türkmen gyzynyň gözýaşy sil bolup akdy. Emma onuň gözýaşy hiç kimiň ýüregini awatmady. Indi döwür başga, indi döwür siziňki, gadyrly aýallar! Gaýgysyz Atabaýewiň sözleri şowhunly el çarpyşmalaryň arasynda ýitip gitdi. *** 1927-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Moskwada SSSR MIK-niň Prezidiumynyň mejlisinde TSSR HKS-nyň başlygy G.Atabaýewiň hasabaty diňlenilýärdi. Mejlis başlamazyndan öň Gaýgysyz Atabaýewi Mihail Iwanowiç Kalinin kabul etdi. Mihail Iwanowiç Türkmenistana gelip gidenine şol gün göni iki ýyl bolupdy. Iki ýylyň içinde respublikada bitirilen işler az däldi. Ol Gaýgysyz Atabaýewden köne tanyşlary sorady. Gyzylarbatly işçiler, maryly daýhanlary ýatlady. Mihail Iwanowiç Kalinini respublikada halky sowatly etmek ugrundaky alnyp barylýan işler gyzyklandyrdy. Gaýgysyz Atabaýew oňa öz işleri hakda aýtdy: -Mihail Iwanowiç, işler hiç neneň däl. Ýöne aňsadam däl. Mugallym kadrlary ýetmezçilik edýär. Umumy başlangyç bilime geçmek üçin alty müňe ýakyn mugallym gerek. Soňra ol Türkmenistanyň iki okrugynda ýer-suw reformasynyň amala aşyrlandygy hakda-da, pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyryşlary hakda-da, şeýle hem türkmen topragynda baslygyp ýatan ummasyz baýlyklaryň ýatandygy hakda-da aýtdy. Akademik Fersmanyň Garagum çölünde kükürt ýatagynyň üçtüni açandygyny, onuň zapasynyň bolsa on milliýonlarça puta barabardygyny habar berdi. Mihail Iwanowiç Kalinin Atabaýewiň gürrüňini üns berip diňledi. Sowal üstüne sowal berdi. -Täsin, gaty täsin. Göräýmäge, tozap ýatan çöl weli, emma onuň aşagynda ummasyz baýlyk ýatyr. Ol halkyň baýlygy. Näme diýseňizläň, ýoldaş Atabaýew, mejlisden soň, Siziň haýal etmän uly alymlar bilen gürrüňdeş bolmagyňyz gerek. Ol baýlyklary halkyň eşretine işletmek üçin haýal etmän işe girişmeli. -Men hem şeýle pikirde, Mihail Iwanowiç! Eýýäm alymlaryň birnäçesi bilen duşuşdym. Olaryň hemmesi-de bize kömek bermäge göwünjeň razy bolýarlar. -Gaty gowy. Türkmen topragyna ýene-de bir gezek tagzym edýärin! Dolanyp baraňyzdan soň, bütin türkmen halkyna meniň bolşewistik salamymy gowşurmagy unutmaň! Ol Atabaýewiň elini berk gysdy. Mihail Iwanowiç öz garşysynda duran adamyň gözlerinde öz halkynyň, partiýasynyň işi üçin egsilmez ylhamyň, uly gujur-gaýratyň, beýik yhlasyň arassa nusgalaryny gördi. Ony birdemde okady. Ol şeýle adamlar barka, Sowet döwletiniň hiç bir kynçylyga boýun bolmajakdygy hakdaky duýgyny başdan geçirdi. Şondan bir aý geçenden soň Moskwadan dolanyp gelen Atabaýew öz halkyna şeýle habar berer: -Men Moskwada SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetine doklad üçin gitdim. Berlen pursatdan peýdalanyp, SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň býujet komissiýasynyň işine gatnaşdym. Mejlisiň işi döwründe men Türkmenistan respublikasyna degişli meseleleriň ençemesini merkezi guramalaryň dykgatyna ýetirdim. Meselem, hojalyk we söwda edaralarynyň ählisiniň Horasandan Poltoraska geçirmeklik hakdaky teklibime garaldy. Men bu teklibimi Zähmet we Goranmak Sowetiniň öňünde goýupdym. Şeýle hem meniň SSSR Rewwoensowetiň öňünde goýan milli goşun bölümlerini territorial prinsipde düzmek hakdaky meseläm hem garaldy. Şeýle edilende türkmen ýigitleriniň köp bölegini Gyzyl Goşuna çagyrmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem ol ählumumy harby gullugy geçirmek, gulluga täze çagyrylanlaryň maşgalalaryny kömek üçin ýörite serişde goýbermek işlerimizi ýeňleder. Galyberse-de, ýaş ýigitleriň Gyzyl Goşuna köp çekilmegi ýurdy sowetleşdirmek işini ep-esli çaltlandyrar. Biziň bu teklibimizem Rewwoensowet tarapyndan oňlanyldy. Ylymlar akademiýasy bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýmak maksady bilen Leningradda boldum. Ol ýerde men akademik Bartold bilen Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň geçmiş taryhyny ýazmak hakda, professor Samoýlowiç hem-de beýleki alymlar bilen türkmen ýazuwynyň hem-de edibiýatynyň taryhyna degişli işleri ýazmak hakda, akademik Fersman bilen bolsa Türkmenistanyň fiziki-geografiki taryhyna degişli meseleler dogrusynda oçerkler tapgyryny ýazmak hakda gepleşik geçirdim. Ylymlar akademiýasy Garaguma ekspedisiýa gurap, bar bolan kaklaryň geografik kartasyny düzmekligi öz üstüne aldy. Başga-da birnäçe mesele orta atyldy. Emma olar entek anyk çözülenok. Şonuň üçin hem olar hakda aýtmaklygyň zerurlygy ýok... *** Öz halkynyň uçursyz uly hormatyna eýe bolan Gaýgysyz Atabaýew nirede bolsa-da ilki bilen halka ymtylýardy. Olaryň agyran-ynjan ýerlerini diňläp görýärdi. Ol diňleniş ýöne bir ýolbaşçy adamyň iliň gözi üçin edäýen bir edähedi däldi-de, eýsem şol ynjan göwnüň seýiklenmegi üçin günibirin alada edýärdi. Bütintürkmenistan Sowetleriniň II gurultaýynda-da şeýle boldy. Ol gurultaý başlanmazdan öň respublikanyň her ýerinden-her ýerinden gelen adamlar bilen çaý başynda söhbetdeş boldy. Ilki onuň özi gürledi. Ýer-suw reformasynyň Kerkidir Çärjew, Daşhowuz okruglarynda-da geçiriljekdigi barada aýtdy. Soň bolsa “Kimiň name aýtjak zady bolsa, çekinmän aýdybersin!” diýdi. -Ýoldaş Gaýgysyz, şu suw meselesi bizi halys ynjalykdan gaçyrdy. Bäherdeniň ýeriniň köp böleginiň käriz bilen suwarylýandygyny özüňem biýänsiň- diýip, ilki söze başlan ýaşuly ýerinden gobsundy. Sözüni dowam etdi. -Emma weli, indi telim ýyldan bäri öňki suwly kärizleriň köpüsi gurap galdy. Ýekeje nemem suw ýok. -Näme sebäpden? – diýip, Atabaýew sowal berdi. -Sebäbi, ýoldaş Gaýgysyz, öz bilşiňiz ýaly, ozal kärizleriň ählisi baýlara degişlidi. Şeýle bolansoň olar öz kärizlerini arassaladardylar. Munuň üçin olarda güýjem bardy, ýeterlik serişde hem. Indi o kärizler garyp-gasaryň eline geçdi. Muň üçin hökümetden köp razy. Ýöne o kärizleri arassalar ýaly garyp-gasarda güýç, serişde ýok. -Ýaşuly, Bäherdendäki ýagdaýdan meniň habarym bar. Onuň üçin hökümet tarapyndan ýeterlik serişde goýberildi. Serişde-de serişde welin, ýöne onam ulanmagy başarmaly. Bar günä “Ol eşekde ýüküm ýok,ýykylsa habarym ýok” edip, gözüni ýumýanlarda. Biz o tetelli adamlaryň bahym çaňyny kakarys. Ýaňy “garyp-gasar” diýdiňiz. Indi garyp-gasar ýok. Arkasynda dag ýaly bolup duran hökümetli daýhan bar. Siziň ýerleriňiz hemişe gül öwsüp durar ýaly, bizde serişde-de bar, ýeterlik güýjem. -Sag bol, ýoldaş Gaýgysyz, ömrüň uzak bolsun! Ýaşulynyň sesi sandyrady. Dogrudanam ol biçak tolgunýardy. Gürrüňe kyrk ýaşlaryndaky bir adam goşuldy. Ol özüniň Rahymdurdy Gylyç ogludygyny, Dänewden gelendigini aýtdy. -Ine, ýetiririnip bilmeýän daýhana kömek bermeli, karz pul bermeli diýýärler. Gowy zat. Emma biz-ä onuň hözirini göremzok. -O näme üçin? -Menem “näme üçin?” diýip soramakçy. Näme üçiniň sebäbi, karz-kowal bermeli guramanyň başynda daýhanyň ýagdaýy piňine-de däl adamlar otyr. Karz-kowaly barly adamlara berýä, dükanly adamlara berýä. -A onsoň siz ýerli guramalara ýüz tutmadyňyzmy? -Tutduk. Tutaňda näme! Gaýtam, “karzyňy soň nädip üzjek! Ýyrtyk donuňy beräýjekmi?” diýip ýaňsylap goýberýärler. Atabaýewiň gaşlary çytyldy. Öňünde ýatan kagyza bellik etdi. sowukganlylygyny saklady. Gyzybermedi. Ol gürrüňdeşiniň gözlerine seretdi. Elleri gabarçak-gabarçak bu adamyň çynydy. Halys janyna degensoň, onuň sözleri ýürekden çykypdy. Atabaýewiň ýakyn wagtda özüniň Lebap boýunça komandirowka gitmelidigi ýadyna düşdi. Bu zeýilli gürrüňiň aňyrsynda uly zatlar ýatyr. Daýhanyň täze durmuşa bolan ynamy gaýtadan berkitmeli. Eýsem-de bolsa, beýle waka bir ýerde bolup geçenliginde onuň öňüni şo gün alsa bordy. Emma şeýle wakalar soňky döwürde onuň gulagyna ýygy-ýygydan ilýärdi. -Şeýle diýseňizläň. Ýyrtyk donla karz bermek islänoklar-da. Ony görüberýäs. Daýhanlar bilen gürrüň ep-esli wagta çekdi. Garrygaladan Täçmyrat Oraz ogly, Esengulydan Mämmet we başga-da birnäçe adam öz obalarynyň ýagdaýy bilen Atabaýewi tanyşdyrdylar. *** 1925-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Maryda ýer-suw reformasynyň geçrilişine bagyşlanan uly ýygnak geçirildi. Ýygnagy TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew geçirdi. Gaýgysyzdan başga-da Aşgabatdan bir topar adam gelipdi. TSSR içeri işler halk komissary Bäşim Gulbeşerow, magaryf halk kommisary Bäşim Pereňliýew, “Goşçular” soýuzynyň başlygy Saparja Amanekow, suw hojalygy uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary Hajy Atabaýew we başgalar bardy. Şol ýygnakdan soň, okrugyň ähli ýerinde ýer-suw paýlanyşygy başlandy. Şäheriň etegindäki obalaryň birinden 5-10 sany adam Gaýgysyzyň ýanyna arza-şikaýata geldiler. Olaryň hemmesi öňünden dilleşen ýaly bir zady gaýtalaýardylar. Olar ýer-suw paýlanşygynyň uçastok komissiýasynyň başlygy Kulişan Hümmedowy ýamanlaýardylar. Onuň özlerine ýer-suwdan ýetdik paýlaryny bermeýändigini aýdýardylar. Gaýgysyz daýhan sypat eşigini geýen adamlara ynanman durup bilmedi. “Hümmedow, belki-de, ýaşlyk edýän bolaýmasyn?” diýip, öz içinden pikir öwürdi. Atabaýew onuň agasy Garagöz işana-da gaty beletdi. Garagöz işan graždanlyk urşy ýyllarynda Maryda ak gwardiýaçylar tarapyndan atylyp öldürilpdi. Ol daýhanlara ýer-suwdan ýetdik paýlaryny bermek üçin görkezme kagyzy bada-bat taýýarlatdy. Elleri kagyzly ol adamlar gele-gelmäşe heşelle kakyp başladylar. Emma Hümmedow olara ýeriň berilmejegini aýtdy. Olar ýene-de Mara, Gaýgysyzyň ýanyna at saldylar. “Kulyýew seniň buýrugyňy ýerine ýetirenok” diýipdirler. Gahary gelen Atabaýew ikinji gezek hat iberdi. Ikinji gezek hem buýruk ýerine ýetirilmedi. Komissiýanyň başlygy ol adamlaryň aldaw ýoly bilen iş görýändiklerini paş etmek üçin Atabaýewiň ýanyna ýola düşdi. Atabaýewiň işläp oturan jaýynyň agzynda ýaňky dawakeşler hümer bolup durdy. Olaryň ýaşulysy ýaş oglanyň öňüne böwet boldy. Ony Atabaýewiň ýanyna salmajak bolup, höre-köşe etmäge durdy. -Sen şu işe goşulma. Biz seni ömrüň ötinçä hor bolmaz ýaly edeli. Bir horjun çerwonis pul bereli -diýip, baý ýalbarmaga başlady. Ýaş ýigit: -Men özümi pula satamok-diýdi-de, onuň döşünden itip, kabinete girip gitdi. Kabinetde Atabaýewiň ýeke özidi. Ol Hümmedowy görüp, ýerinden turdy. Onuň gaty gaharynyň gelendigini gözlerinden bada-bat aňmak bolýardy. -Sen näme meniň buýrugymy ýerine ýetirenok? Ýaş ýigit özüni dogumly alyp bardy. -Ýoldaş Atabaýew, biz seniň öz beren görkezmeleriň boýunça işleýäris- diýdi. -Ýaňkylar ýersiz-suwsyz adamlar däl. Olar öz ýaşaýan obalarynda ýetdik paýlaryny alan adamlar. Böri obasynda bolsa 10-15 ýyldan bäri kärendesine ekdirýärler. Gaýgysyz knopkasyny basdy. Gapydan Hajy Atabaýew girdi. Ol bolan wakany oňa düşindirdi hem-de anygyna ýetmegi Haja tabşyrdy. Tabşyryk alan Hajy Atabaýew ara uzak wagt salman, işiň anygyna ýetdi. Hümmedowyň dogry hereket edendigi hakda Gaýgysyz Atabaýewe habar berdi. Şonda Gaýgysyz ýaş ýigidiň elini berk gysdy-da: -Köp sag bol! – diýdi. Hemişe hakykatdan ugur al. Şeýtseň hiç haçan ýalňyşmarsyň- diýip, ýigidiň egnine kakdy. *** Türkmenistan özbaşdak respublika diýlip yglan edilenden soň, Jüneýit han eden etmişlerine ökünýändigini, özüniň günäsini geçilmegini haýyş edip, hökümete ýüz tutdy. Eger-de ol mundan beýläk talaňçylykly işlerini bes edip, täze durmuşy goldasa, onuň günäsiniň geçiljekdigi hakda hökümet karara geldi. Emma Jüneýit “şertim şahyma” etdi. Onuň jögüsiräp, özüne garaşyk edilmegini sorap ýüz tutmagy diňe wagt utmak üçin ekeni. Ol öz töweregine aldanan adamlary ýygnamagyny dowam etdirip, gabahatçylykly işlerini dowam edýärdi. Jüneýidiň ýakyn adamlarynyň dildüwşik gurap, ony ýok etjek boluşlary hakda Gaýgysyz Atabaýew eşidipdi. Hanyň janyny goraýan adama Amannyýaz diýýärler. Ol Jüneýdiň köp sanly talaňçylykly işlerine gatnaşan adamdy. Isfendiýara garşy ýöriş edilende-de, Gyzyl Goşunyň zarbyna çydaman ýeriň asty bilen gaçylanda-da ol han agasynyň iň golaý adamydy. Jüneýdiň janyna kast etjek bolnuşy hakda welin, Amannyýazyň özi gyzyl esgerlere gürrüň beripdi. 1927-nji ýylyň tomus aýlarydy. Ol Gyzyl Goşunyň Jüneýdi yzarlap, ony amana getirýän döwrüdi. Amannyýaz gyzyl esgerlere şeýleräk gürrüň beripdi: “Biz 1925-nji ýylda Jüneýdiň baştutanlygynda on sekiz adam bolup Owganystana gitdik. Owganystanly beg hany gadyrly garşy aldy. Iňlisler bolsa bizi maşynlara mündirip, Sowet häkimýetine garşy göreşmegiň ýollaryny maslahat berip, onda-da gepleşik geçirmäge äkidýärdiler. Hanyň zalymlygy ýetdik derejesine ýetdi. Ol ýönekeý halky gyrýardy, talaýardy. Nökerlerini bolsa, itçe-de görenokdy. Ol Sowet hökümetine günäsiniň ötülmegini sorap ýüz tutsa-da, barybir öz garamagyndaky nökerlerini boşadyp goýberibermedi. Olary çopan hökmünde saklaýardy. Şondan soň biz handan we onuň ýakyn adamlaryndan dynmagyň maslahatyna geldik. Biz altmyş adamdyk. Bellenen wagta ýarym sagat galypdy. Eger-de Hoja Bala atly näkes dönük bolmadyk bolsa, belki, siz häzir bu ýerlerik gelip, Jüneýidi yzarlamasaňyzam yzarlamazdyňyz. Hawa,onsoň men Jüneýidiň ogly Emir bilen gümür-ýamyr edişen bolup, ony güýmäp otyrdym. Çünki goýun sürülerini sürüp getiren ýoldaşlarymyň ýygnanmagy üçin wagt utmalydy. Garaňky gatlaşypdy. Birdenem Hoja Bala hanyň ogly Eşiniň ýanyna geldi-de, onuň gulagyna bir zatlar diýişdirip otyranyna gözüm kaklyşdy. Olar derrew Jüneýdiň bolýan öýüne girdiler. Ýüregim eýmenç bir zady syzdy. Adamlar öýden hasanaklaşyp çykyp başlady. Men zordan ylgap, ýoldaşlarymyň ýanyna ýetdim. Olar eýýäm atyşyp oturan ekenler. Şondan altmyş adamdan ýigrimi sekizisi öldi. Galany hem boýun egdi. Men hem ýene-de bäş sany adam ata münüp gaçdyk. Şol wakadan soň, han öz nökerleri bilen galtamançylyga gidende-de olara ok ynanmandyr. Diňe gyzyl esgerlere garşy söweşe gidilende ok paýlaýan ekeni. Jüneýit geçen ýylam Owganystana gidip gelipdir. Ýöne bu gezek ony öňkileri ýaly gujak gerip garşy almandyrlar. Beg ony kabulam etmändir, gürleşmändirem. Han şeýdibem it masgarasy bolup, şo günüň ertesi yzyna dolanypdyr diýýärler. Ol indi owganlara “olaram indi käpir bolupdyr” diýip sögýämişin. Häzirem ol iňlislere iberen adamlaryna garaşýar diýýärler”... Hökümet başlygy Gaýgysyz Atabaýew Jüneýit hanyň ömrüniň iň soňky günleriniň ýetip gelendigini oňat bilýärdi. Onuň garşysyna iberilen 84-nji atly polkuň 8-nji türkmen otrýadynyň söweşijileriniň her bir edermenligi hakda ol habarlydy. Ine-de ol ýap-ýaňyja gowşan swodkany gözden geçirýär: “1927-nji ýyl. Şaltaý batyryň şaýkasyna garşy söweşe girdik. Söweş 21 sagat 10 minuda çenli dowam etdi. Sekiz sany nökerini ýitiren Şaltaý batyryň şaýkasy tümlükden peýdalanyp, günorta günbatara tarap yza çekildi. Otrýad gijäni söweş bolan ýerde geçirdi. 15-nji awgustda otrýad 45 atly hem-de iki sany pulemýot bilen ýola düşdi... Jüneýdiň şaýkasy 250-300 atly töweregi. Olar bäşinji oba Sowetiniň töwerekleride ýer edinipdiler. Jüneýit özüniň Yylanly şäherini basyp aljakdygy hakdaky habary ýaýradýar. Polk komandiri Dmitriýew”. Jüneýit han bäşinji noýabr güni Ataguýy diýlen ýerde söweşe girmäge mejbur boldy. Altmyş sany gyzyl esger hanyň nökerleriniň üstüne ýyldyrym bolup eňdiler. Han şol söweşde 26 sany nökerini ýitirdi. Galanlary bolsa Ajyguýa tarap çekildi. Hanyň ýanynda bary-ýogy 30-40 nökeri galypdy. Onuň yzyny dowam etdirjek wepaly kömekçisi Anna Bala-da şol söweşde wepat boldy. Noýabryň sekizi bilen ýigrimi aralygy hanyň nökerleriniň ellisi özleri meýletin gelip, ýaraglaryny tabşyrdylar. Şeýdibem Türkmenistanda iň uly basmaçy şaýkasy derbi-dagyn edildi. *** Biz şu ýazygymyzda Gaýgysyz Atabaýewe degişli arhiwde saklanyp galan materiýallaryň birnäçesi hakda gürrüň etmekçi. Şol dokumentleri bolşy-bolşy ýaly okyjylara hödürlemekçi. Ine-de, şol dokumentleriň biri. Ol 1928-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna degişli: “Moskwa, Türkmenistanyň hemişelik wekilhnasyna, Atabaýewe. Daşhowuzyň, ilkinji nobatda hem Guşgynyň kazarmalary üçin zerur medeni durmuş hajatlarynyň goýberilmegini çaltlandyrmak üçin Woroşilow bilen gürleşmegiňizi haýyş edýärin. Paskutskiý, TSSR HKS-nyň başlygynyň orunbasary.1928-nji ýylyň 5-nji ýanwary”. “Aşgabat, MIK Aýtakowa, HKS Paskutskä Ýakyn günleriň içinde Woroşilowyň ýanynda bolup, meseläni gozgaryn. Atabaýew”. Bu telegrammalary okap, hökümet baştutanynyň ömrüniň bir pursatynyň şaýady bolýarsyň. Oýlanyp otursaň, bu oýnam setirleriň aňyrsynda, gör, nähili uly-uly aladalar ýatyr. Hökümet baştutanynyň uly aladalarynyň biri hem suwdy. Respublikada suw ýetmezçilik edýärdi. Emma muňa garamazdan, türkmen daýhanlary ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrynda gaýratlylyk görkezýärdiler. Bosaga-Kerki kanalynyň ulanylmaga berilmegi diňe bir şol etrabyň daýhanlarynyň durmuşynda däl, eýsem-de bolsa respublikanyň durmuşynda şöhratly waka boldy. Ol täze-täze suw desgalarynyň iň bir kyn şertlerde-de çekip boljagyny görkezdi. Gaýgysyz Atabaýew Ärsary kanalyna uly ähmiýet berýärdi. Emma onuň proýekt işleri örän haýal alnyp barylýardy. Has takygy, onuň proýekti ýedi ýyla çekdirilipdi. Proýekt ilki Orta Aziýa suw edarasynyň garamagyna hödürlenilipdi. Emma bu ýerde oňa birnäçr düzediş girizmeli edilipdi. Şondan soňam her ýyl bir bahana tapyldy. Proýekt taýýar edildi diýlensoňam, ony tehniki sowete hödürlemeli diýildi. Bu ýerde-de proýekte on iki sany düzediş girizmek karar edildi. Muňa-da bir ýyl gerek bolupdy. Boldum edilenden soň ol ýene-de ýokary tehniki sowetiň garamagyna hödürlenildi. Sowet proýekte ýene-de iki sany düzediş girizmegi teklip etdi. Garaz, ýene-de bir ýyl garaşmalydy. Orta Aziýa suw hojalygy uprawleniýesiniň işgärleriniň bu işe çemeleşmeleri Gaýgysyz Atabaýewiň gaharyny getirýärdi, çünki olaryň hersi öz proýektini geçirjek bolup dyrjaşýardylar. Munuň üçin olar Bosaga-Kerki kanalyndaky soň ýüze çykan kemçilikleri tutaryk edinýärdiler. Garaz, eýdilip-beýdilip tutumly iş bökdelýärdi. Olar öňki kanalyň gurluşygyna garanyňda, indi tehniki şertleriň hem oňaýlydygyny görmezlige salýardylar. Täze kanalyň bir syýasy ähmiýeti hem bardy: kanalyň gelmegi bilen öňki aýry-aýry tire-taýpalara degişli ýaplar gömülip galjakdy. Şonuň bilen birlikde, tire-taýpa oňşuksyzlygy hem aradan ýitip gitjekdi. Täze kanal daýhanlary bir ýere ýygnap, bir kanaldan suw içmäge ýardam etjekdi. Aýratynam Gaýgysyz Atabaýewe inžener Sewastýanowyň bu babatdaky garaýşy düşnüksizdi. Ol jykyr bilen nowany kämilleşdirmegiň tarapdarydy, tire-taýpa ýaplaryndan ulanybermeli diýýärdi. Bu pikiriň okruglarda sowetleşdiriş işlerini bökdemekden başga hiç hili peýdasy ýokdy. Bolup-da biljek däldi. Sewastýanow şeýle hem kanalyň ummasyz gymmata düşjekdigini bahanalaýardy. Ol “täze kanal çekilenden soň, köne ýaplary gömmek üçin serişdäni kimden almaly?” diýen ýaly sowaly orta atýardy. Esasy meseleden weli gaça durýardy. Respublika üçin bolsa täze çekiljek kanal örän zerurdy. Bu wezipäni Gaýgysyz Atabaýew öz üstüne aldy. Indi bu meseläni ýekeje günem yza çekmäge hiç kimiňem haky ýok! Ol öz kabinetinde şeýle pikirlere gümra bolup oturyşyna sagadyna seretdi. Sagadyň dili on birden işleýärdi. “Wagt birçene baraýan oguşýan” diýdi-de, ol ýerinden turmak bilen boldy. Şol wagt hökümet başlygynyň telefony jyňňyrdady. Ol usullyk bilen trubkany göterdi. -Atabaýew diňleýär! Ol aňyrdan til kakýanyň kimdigini sesinden bada-bat tanady. GPU-nyň naçalnigi Gorbunow jaň edýärdi. Ol özüni şu wagt Atabaýewiň kabul etmegini sorady. Atabaýew “Garaşýan” diýdi-de, trubkany goýdy. Sähel salymda harby geýimde, orta boýly daýanykly adam gapydan harbylarça salam berip girdi. Atabaýew ýer görkezenden soň, ol oturdy-da, ýagdaýy aýtmaga başlady. -Konstantin Sergeýewiç, şu gün maňa habar berlişine görä, Merw okrugynda ýagdaýlar barha çylşyrymlaşýar. Synpy ýatlar baş galdyrýarlar. -Nirede? -Suhtuda. Gorbunow aýylganç wakany gürrüň bermäge durdy. 1929-njy ýylyň awgustynyň ahyrlarydy. Birinji Suhty obasyndan Ata Garrybaý bilen Semennigiň tohumçylyk hojalygynyň gullukçysy Lewin synpy ýatlar tarapyndan haýynlyk bilen öldürildi. Olaryň öldürilen ýeri Ýelliwir bilen Gyzyljar guýularynyň aralygydy. Olar şol ýerde jaýlanypdy. Komissiýanyň beýleki çlenleri oba şurasynyň başlygy Aga Japar, Atajan Çamy hemem komissiýanyň ýol beledi Nurly Emir dagy Ýeroýulanduz diýen ýerden banda tarapyndan yzlaryna tarap goýberilipdi. Olar sag-aman oba dolanyp geldiler. Şaýka komissiýa degişli iki aty, iki tüpeňi, ýigrimi bäşe golaý oky özleri bilen äkitdiler. Şeýle hem olar saragtly Metyr Hojaberdä degişli 2545 sany garaköli goýny sürüsi bilen Owganystana geçiripdirler. Banda Durdy baý Köpek bilen Annaguly baştutanlyk edýärdi. Durdy baý birinji Suhty obasyndandy. Ol öňem çopanlaryň janyna kast edenligi üçin Owganystana gaçyp gidipdi. Gaçaklyk bilen gün görýärdi. Annaguly bolsa hakyky kellekeser diýilýänlerdendi. Hojaguly handan tälim alan galtamandy. Özem Owganystanyň Gülrap diýen ýerinde ýaşaýardy. Banda dokuz adamdan ybaratdy. “Olaryň galan ýedisi weli belli däl” –diýip, Gorbunow aýtdy. -Belli etmeli, jenýatkärleriň hemmesini aýan etmeli. Olardan kimler ele salnypdyr? -Şu wagt on üç adam tutulypdyr. Derňew işlerini alyp barylýar. -Gaty gowy. Men Ata Garrybaýy tanaýardym. Dogumlydy. Merwde ýer suw paýlap beremizde, ýanyma gelipdi. Onuň baýlary ýigrenýändigini gürrüňindenem aňypdym. -Ol Konstantin Sergeýewiç, çekirtgä göreşmek boýunça hem upolnomoçennyý eken. -Göreş pidasyz bolmaýar gadyrdan ýoldaş Gorbunow! Ata Garrybaý ýaly gerçekleriň atlaryny ebedileşdirmegimiz gerek-diýip, Gaýgysyz Atabýew ýerinden turup, sesini çykarman, iki-baka gezim etdi. -Biziň ertiriň özünde Merwe gitmegimiz gerek-diýip, ol Gorbunowa nazaryny aýlady. Baýlar diňe bir Ata Garrybaýy däl, eýsem-de bolsa, Oraz Alynam, oba şuranyň sekretary Ata Garajanam ýek ýigrenýärdiler. Çekirtgä garşy göreşilen döwri diýen etmändikleri üçin Ata Garrybaý synpy ýatlaryň ýedisiniň işini suda berdirdi. Olaryň altysyna bir ýyldan-bir ýyldan iş kesildi. Gylyç Beşer baýa bolsa 6 aý iş kesilipdi. Baý nätjegini bilmän, iki ýana çarp urýardy. Haçanda Ata Garrybaýyň hemem ýene birnäçe adamyň gumda gizlenen dowar sürüleriniň gözlegine gidendikleri hakdaky habary eşidende, baýyň gany ýüzüne urdy. “Haý seniň...” diýdi-de, hyrçyny dişledi. Şol gije it ýatyp, il uklandan soň, has takygy, awgystyň 10-y, Gylyç Beşeriň öýüne onuň hemşerileriniň birnäçesi ýygnandy. Ata Garrybaý bilen Oraz Alyny gumda , Ata Garaja bilen Sylap Garrybaýy hem obada öldürmek üçin bir çukura tüýkürildi. Munuň üçin olar üç müň manat ýygnadylar. Ýygnalan pul Ýazmyrat Köpege berildi. Olam öz gezeginde bu puly komissiýany ýok etmek üçin Durdy baý bilen Gümmezli diýen ýerde gürleşip, şoňa bermelidi. Mazaly bir çukura tüýkürilenden soň, Ýazmyrat Köpek atly guma gitmelidi. Kele han bolsa Daşköprä çenli atly bilen gitmelidi. Şo ýerdenem ikisi tyşyp, niredesiň Gümmezli diýip at saldylar. Durdy baý, kellekeser Annaguly hemem beýleki banditler Gümmezlide olara garaşýardylar. Gümmezli Daşköprüden 60-70 kilometr demirgazyk gündogarda ýerleşýärdi. Şol gün aýyň on sekizidi. Komissiýa bolsa şol gün üç-üçden ikä bölünip, işe girişipdi. Bir topar Gümmezliden bäş kilometrlikde ýerleşýän guýa tarap ugrady. Onda Aga Japar bilen Oraz Aly bardy. ... Japan baý Durdy baýa gözi düşenden hamsygjak ýaly etdi. -Baý, ejizleme. Aryňyzy ýerine salarys. Ol haram guly enesinden dogmadyk ýaly ederis. Baý ekezlendi: -Hudaý işiňi oň etsin-dä! Banda dokuz adamdan ybaratdy. Eginlerinde iňlis ýaraglary bardy. Käbiriniň kellesi gyzyl mata bilen daňylgydy. Şol günüň ertesi, on dokuzynjy awgustda, ir sagat sekizde banda komissýanyň üstüni güpbasdy etdi. Güýç deň däldi. Atyşyk başlandy. Duşmanyň güji agdykdy. Ol guduzlan ite dönüpdi. Elleri yzlaryna daňylgy aktiwistler mertlik görkezipdiler. Owganystana geçilen ýerde Atadyr Lewini duşmanlar birehimlik bilen atdylar. Bu ahwalaty eşiden oba adamlary aýaga galdylar. Gylyç Beşerem, şol gije onuň öýünde gizlin maslahat edenlerem, Japan baýam haýal edilmän ýygnalypdy. Gaýgysyz Atabaýew bu wakanyň gidişine hut özi gözegçilik edýärdi. Ol sosializmiň işi üçin wepat bolan edermen gerçekleriň ýadygärligini hormatlamagy ündeýärdi. Soňky ýyllarda bolsa Ata Garrybaýyň agasy Sylap bilen ol kän gezek söhbetdeş bolupdy. Onuň ady otuzynjy ýyllarda bütin respublikamyzda ýörgünlidi. Ol ilkinji stahanowçylaryň hem biridi. *** 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabry Moskwa SSSR Ylymlar akademiýsynyň ýanyndaky Türkmenistan komissiýasynyň mejlisi boldy. Onda Türkmenistany dürli ugurlar boýunça öwrenmek barada gürüň gitdi. Mejlisiň işine akademikler Samoýlowiç, Fersman, professorlar Bartold, Pawlowskiý, Filippçenko, Raýewskiý bilen birlikde TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew hem gatnaşdy. Ilki bilen akademik Samoýlowiç çykyş etdi: -Şu günki gürrüňimiz Atabaýwiň biziň öňümizde goýan meseleleri hakda bolar. Geçen gezekki mejlisde Türkmen medeniýetiň biziň etmeli işlerimiziň bäşýyllyk planyna iberen jogabyna garapdyk. Ol mejlisiň protokolynyň kopiýasy Atabaýew tarapyndan ýaýradylypdyr. Ýaňy Atabaýew goýberilýän serişdäniň möçberi hakda biziň hemmämize habar berdi. Häzir bolsa, respublikada köne medeni ýadygärlikleri dikeltmek ugrynda alnyp barlan iş hakda maddy medeniýet akademiýasyndan Ýakubowskiý çykyş eder. -Biziň işgärlerimiz tarapyndan indi iki ýyldan bäri Köneürgençde iş alnyp barylýar. Işiň möçberi gaty uly, şeýle hem örän çylşyrymly. Merwde-de dikeldiş işlerini dowam etdirmeklik göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, Maşady-Misseriýanda-da gazuw işleriniň alnyp barylmagy gaty zerur. Bu iş Köneürgenji öwrenmek bilen baglanşyklydyr-diýip, Ýakubowskiý aýtdy. Atabaýew söze goşulýar: -Biz bu mesele dogrusynda giňişleýin gürrüň edipdik. Şonuň üçinem gürrüňi uzadyp oturman, maddy medeniýet akademiýasynyň bu meseläni tizara gowy öwrenip, edilmeli işler hakda Türkmen medeniýeti ýa-da Türkmenistan hökümeti bilen ylalaşmagyny soramaly. Köneürgenje bäş müň, Merw üçin 1500, Maşady-Misseriýany üçinem 1500 manat pul goýberiler. Akademik Somoýlowiç: -Bu işler üçin ozal Türkmen medeniýetiniň hem-de Türkmenistan hökümetiniň düzen smetasynda üç müň manat goýberilen ekeni. Ýene-de goşmaça bäş müň goýberiljek-dä? - diýip sorady. -Änewden daşgary ýene-de on müň manat pul goýberilýär. Akademik Somoýlowiç bu meseläniň çözülendigi hakda aýtdy. Indiki mesele respublikanyň fiziki-geografiki ýagdaýyny öwrenmek hakdady. Samoýlowiç bu mesele dogrusynda Şerbakowyň çykyş edýändigini mälim etdi. Şerbakow bilen akademik Fersman Türkmenistana ilkinji ýola 1925-nji ýylda gelipdiler.Olar başda Garagumy aýlanyp, onuň astynda ummasyz baýlygyň ýatandygyna, ilkinji nobatda hem geografik kartasynyň zerurdygyna göz ýetirdiler. Şu maksat bilenem olar ikinji gezek ekspedisiýa guradylar. Otrýad Jebelden tä Hywa çenli aralyk ýoly geçdi. Emma olar basmaçylaryň çölde hereket edýändikleri sebäpli, yzlaryna dolanyp bilmändiler. -Häzir bizde Garaguma gitjek ekspedisiýanyň ähli etjek işleriniň plany taýýar. Ol ekspedisiýa tä Kelif Uzboýuna çenli ýol geçip, ol ýerleri gowy öwrenerler. Kelif Uzboýunyň ugruny öwrenmegimiz onuň Murgaba akandygy ýa-da akmandygy ýaly möhüm meseläni çözmegimize ýardam eder. Bu işler dogrusynda biz Ýer işleri komissarlygy bilen gepleşikler geçiripdik, emma gynansak-da, komissariýat häli bu gäne çenli bize jogap berenok-diýip, Şerbakow habar berdi. -Bu işler üçin näçeräk möçberde serişde gerek bolar?-diýip, Atabaýew ondan sorady. -Ýigrimi müň manat töweregi. Şerbakow sözüni dowam etdirdi. -Kelif Uzboýuny öwrenmek işleri örän möhüm mesele. Geljek ýyl biz demirgazyk Garagumy öwrenmegi göz öňüne tutýas. Şasenemiň galasynyň ýanynda köl bar. Bu raýonyň tutuş Garagumdan tapawutly ýerleri bar. Ine, şu dört sany ekspedisiýany gurap bilsek, biz onda Garagumyň takyk kartasyny düzüp bilers-diýip, Şerbakow sözüni tamamlady. Atabaýew ondan: -Günorta Garagum hakda hiç zat aýtmadyňyz. Ol plana girenokmy?-diýip sorady. -Ol hakda gürrüň gozgamanlygymyň sebäbi bar. Professor Dubinskiniň bu raýon hakda örän täsin işleri bar. O ýerler hakda heniz çap edilmedik işlerem ýatyr. Ol işler Wodhozda. Günorta Garagumda alnyp barylmaly işler düýbünden başgaça. Aýdaly ol ýerde ykdysady geografiýanyň maksady bilen baglanşykly işler alnyp barylsa-da bolar. -Geçen gezekki mejlisde Türkmenistanyň fizika-ykdasydy geografiýasyna degişli işleri neşir etmek hakda mesele gozgalypdy-diýip, Atabaýew sorady -Meniň pikirimçe, häzir bu meseläni orta atmak irräk. Golaý wagtda biziň taýýarlan “Türkmenistan” atly ýygyndymyz neşir edilýär. Gürrüňe Fersman goşuldy. -Birinji wezipe ekspedisiýanyň başlan işlerini soňuna çenli dowam etdirmeli. Ikinji wezipe bolsa toplanan maglumatlaryň esasynda gowja bir okuw kitaby görnüşinde iş neşir etmeli. Atabaýew: -Biz bu tebigy baýlyklarymyz hakda örän ujypsyz zat bilýäs. Şonuň üçinem bize bu işde zerur kömek bermegiňizi soraýarys. Siz ine iki ýyl mundan öň Garagumda kükürdiň uly zapasynyň üstüni açdyňyz. Biz indi ol ýerde äpet uly kärhana gurýas. Çelekende-de birgiden baýlyklaryň bardygyny açdyňyz. Munuň üçin köp sag boluň. Bizi biynjalyk edýän başga bir mesele. Suwuň türkmen topragy üçin nähili zatdygy barada size düşündirip oturjak däl. Ýöne meniň etjek haýyşym, suwy heý bolmanda Üçaja getirmegiň ýollaryny çözmek barada. Eger-de suw Üçaja, soňam demirýol liniýasyna golaý getirilen ýagdaýynda, 300 müň gektar ýeri özleşdirmäge bize mümkinçilik berer. -Biz hem şeýle pikirde- diýip, professor Gluşkow aýtdy. Soňra ol: -Suwuň ugry Üçaja tarap öwrülse amatlymy ýa-da ondan sagrak tarapa?-diýip sorady. -Elbetde, Üçaja tarap. Bu biziň üçin gaty ähmiýetli. -Bu meseläni Aşgabatda hem çözüp bolar-diýip, Fersman aýtdy. Gidrogeologiki maksat üçin goýberilen serişdeden çykylmasa ýagşy. Köpetdag üçin 53 müň töweregi, Garagum üçin 48 müň, Başsaka stansiýasy üçinem 50 müň manat smetada tassyk edilen. -Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda şor suw köller az däl. Günüň kömegi bilen şony agyz suwy hökmünde ulanmak meselesi nähili ýagdaýda?-Atabýewiň bu sowalyna Fersman jogap berdi. -Bu meseläniň üstünde işlemek üçin akademik Ioffe eýýäm işe girişdi. Belli bir iş edilen soň, bu mesele hakda siziň bilen maslahatlaşarys. Akademik Samoýlowiç indiki garaljak meseläniň respublikanyň ösümlik dünýäsini öwrenmek meseledigini aýtdy. Bu hakda professor Makuşenko çykyş etdi: -Garrygalada bölüm döretmek hakda ozal professor Pisarew Atabaýew bilen gepleşik geçiripdi. Ýöne iş birneme gijikdirildi. Çünki täze dörediljek bölümiň ýerini anyklamak üçin gitmeli adamarlaryň biri Popow Hytaýdan gelýärkä, ýolda aýagyny döwdürip, Almaatanyň keselhanasynda ýatyr. Häzir Garrygalada biziň wekilimiz Kobelew bölümiň haýsy ýerde gurnalsa gowy boljakdygy hakda gyzyklanyp ýör. Geçen ýyl şol ýerde kauçugy ösdürip ýetişdirmek işini ýaýbaňlandyrmak hakda käbir synanyşyk etdik. Bu ösümligiň ösmegi üçin o ýeriň amatly gyşy bar. Şeýle hem probkowoý dub hakda-da iş alnyp baryldy. Garrygaladaky tejribe stansiýasy bu işi öz üstüne alýar. Onsoňam Parhaý jülgesi onuň üçin amatly ýer. Biz başga peýdaly ösümlikleriň ösdürilmegi hakda-da alada edýäs. Gury subtropik ösümlikleriň daýanç punkty hökmünde türkmen bölümini döretmek pikirimiz hem ýok däl. Ýöne Aşgabatda Botanika bagyny döretmek hakdaky gürrüňe känbir hä beresimiz gelenok. Çünki Aşgabadyň gyşy sowuk bolýar. Käbir subtropiki ösümlikler ilkinji gyşda heläk bolar. Eger-de şol bag Garrygalada dörediläýse, onda biz bu işiň çaltlandyrylmagyna öz goşandymyzy goşarys. Professor Fedçenko onuň soňky pikirine goşulmady. -Makuşenkonyň ýaňky adyny agzan ýerlerine men gaty belet-diýip, professor aýtdy. –Botanika bagyynyň saýlanyp alnan ýeri hakda hiç hili säwlik goýberilenok. Aşgbat bagy hakda edilen iş az däl. Ýöne daşary ýurtda ýerleşýän Botaniki baglar bilen aragatnaşygy ýola goýmak gerek. -Institutyň Repetekdäki hem-de Garrygaladaky işlerine diňe guwanmaly. Geljekde-de iş şeýle terzde alnyp barylmagy üçin institutyň ýanynda alymlar soweti döredilse gowy bolardy-diýip, Şerbakow aýtdy. Professor Gluşkow: -Gaty dogry pikir. Repetekde başga işler bilen bir hatarda goýlan ýagdaý bilen gyzyklanylaýsa-da kem bolmazdy-diýdi. Bu meselede-de gürrüň bir ýere jemlendi diýen äheňde akademik Samoýlowiç ýerinden turdy. –Repetek stansiýasy hakdaky mesele aýdyňlaşaýdy öýdýän. Botaniki bag hakda aýdylanda bolsa, bu meseläni çözmegi Türkmen medeniýetiniň özüne goýalyň. Soňra ol tokaý hojalygy meselesine garaýandygyny mälim etdi. Mejlis uzaga çekdi. Garalýan meseleler köpdi. Her haýsysynyň üstünde bolsa uzak wagtlap gürrüň edilýärdi. *** Türkmenistanyň durmuşynda uly-uly özgerilişikler bolup geçýärdi. Oba hojalygyndaky üstünlikler Gaýgysyz Atabaýewi guwandyrýardy. Ol bu hakda Moskwada bolan halatlary hökümet ýolbaşçylaryna uly höwes bilen gürrüň berýärdi, uly ýygnaklarda çykyş edýärdi. Şeýle hem ol respublikanyň hajatlary üçin prinsipial gürrüňler edýärdi. Respublikada böwrek sanatorisini açmakda, onuň işini oňyn ýola goýmakda G. Atabaýewiň uly hyzmaty bardy. Şu çaka çenli böwrek keseliniň bejerilýän ýeri diýlip Müsür hasaplanylýardy. Sowet medisinasy bu keseli bejermekde Müsüriň howa şertine kybapdaş ýeriň gözlegine çykdy. Türkmenistanyň howa şertleri Müsüriňki bilen gaty golaýdy. Şonuň üçinem 1928-29-njy ýyllar aralygynda ýörite komissiýa döredilip, Türkmenistana iberilipdi. Komissiýanyň ýolbaşçysy professor Aleksandrowdy. Ol Sowet Soýuzynda iň bir belli klimatalogdy. Bu ugurdan dünýä belli alymdy. Komissiýa bir topar wagtlap iş geçirip, Türkmenistanda böwrek sanatoriýasyny açyp boljakdygyna doly güwänama geçdi. Sanatoriý üçin amatly ýer diýlip hem Baýramaly hasaplanyldy. Howasynyň ýylylygy boýunça-da, guraklygy boýunça-da, howanyň ortaça akymy boýunça-da, Gün şöhlesiniň radiasiýasynyň bollugy boýunça-da bu ýer tapawutlanýardy. Burjuaz gazetleri Baýramalyda böwrek sanatoriýasyny açmak hakdaky habara göwnüýetmezçilik bilen baha berdi. Professor Aleksandrowyň Baýramalyda açyljak böwrek sanatorisiniň artykmaç taraplaryny görkezip ýazan makalasyna Londonyň gazetleri kes-kelläm garşy çykdylar. Professoryň ozal bu gazetlerde makalasy çap edilýardi. Daşary ýurtlularyň bu reaksiýasy düşnüklidi: Çünki Baýramalyda sanatoriý açylaýsa, onda o ýerik Ýewropa ýurtlaryndanam öz kesellerini bejertmek üçin gitjekler az bolmaz. Şonuň bilen birlikde daşary ýurt walýutasynyň hem az geçirilmejekdigi bellidi. Ýöne böwrek sanatorisini açmak üçin ummasyz serişde gerekdi. Has takygy, 250 adamlyk sanatoriý üçin 1600 müň manat goýberilmelidi. Respublikanyň býujetiniň tassyk bolanlygy üçin bu puly şu wagt geçirip boljak däldi. Şu mesele bilen Gaýgysyz Atabaýew haýal etmän Moskwa ýüz tutmalydy. Halk Komissarlar Sowetiniň rezerwindäki pulunuň hasabyna, heý bolmanda, 300 müň manat, kommunal bankyň hasabyna hem 500 müň manat pul goýberilmegini gazanmalydy. Býujet komissiýasynyň plenumynyň teklip etmegi bilen hem ýene-de 10 million manat almaga mümkinçilik bardy. Eger-de şu iş bir ýüzli ediläýse, ýakyn 4-5 aýyň içinde ähli gurallary oturdyp, sanatorini 1930-njy ýylyň maýynda ilkinji möwsümiň açylyşyna gabatlap taýýar etmäge mümkinçilik bardy. *** Respublikada sosializm gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýardy. Öňde duran uly-uly kynçylyklar ýeňilip geçilýärdi. Gaýgysyz Atabaýew päsgelçilikleri ýeňip geçmekdki esasy böwediň býurokratiýaçylykdygyny hemişe ündeýärdi. Onuň sowet edaralaryndan köki-damary bilen ýok edilmegi üçin barlyşyksyz göreşýärdi. Näme üçin barlyşykly bolmaly?! Býurokrat adamlaryň işe zyýandan başga jinnek ýalam berýän peýdasy ýok. Ol Ärsary kanalynyň proýektini ýatlady. Aýdaly, Orta Aziýa suw hojalygy uprawleniýesinde irregasiýa meselesini çözjek bolsaň, näçe basgançak geçmeli. Ilki proýektini şol uprawleniýä hödürlemeli, olam tehniki sowete hödürleýär. Soňam uprawleniýäniň tanyşmagy üçin oňa hödürlemeli, olam alýar-da, ýa-da uly bir iş bitirýändirin öýdýä-de, goýberilen serişdäniň gylla ýarysyny kesip goýberýär. Soňam Moskwa, Gosplanyň suw hojalygy seksiýasy. O ýerde-de meselä garalandan soň, Gosplanyň prezidiumy ony ýüzugra tassyklap goýberýär. Prezidiumyň mejlisine Gleb Maksimiliýanowiç Križižanowskiýniň özi gatnaşsa, işiň oňdy biläý. Çünki ol her bir meseläni jikme-jik öwrenýärdi. Atabaýew bu adam bilen Gosplanyň prezidiumynyň mejlislerinde köp gezek duşuşypdy. Onuň işi bilşine, respuplikalaryň her haýsynyň ýagdaýyna beletligine, meseläni adalatly çözüşine kän sapar syn edipdi. Beýik Leniniň ýakyn egindeşinden özüne kän gezek sapak alypdy. -Gör, nähili paýhasly adam! Şu gezek Moskwa baramda, hökman onuň ýanyna gitmeli. Birtopar zatlar hakda maslahatlaşmaly, birentek bolmaýan zatlaryň gürrüňini etmeli-diýip, Gaýgysyz Atabaýew aýtdy. –Eýsem-de bolsa, Hajynyň aýdýan zatlarynyň jany ýok däl ähbetin! Arada ol suw hojalygy uprawleniýäsiniň naçalnigi Hajy Atabaýew bilen bir sagatlap gürrüň etdi. –Özi ýaşam bolsa, entek bu ugurdan tejribesi azam bolsa, gaty sowatly ýigit. Hakyt agasy Muhammetgula çalym edp dur. Inisiatiwli, öz işine aňry başy bilen düşünýär. Geljekde uly ýolbaşçy bolup ýetişer. Ine, gürrüňçiligiň arasynda Hajy Halk Komissarlar Sowetniň başlygynyň öňünde bir meseläni goýdy: Merkezde kabul edilen kararlaryň birinde suw salgydynyň hasabyna miraplary hem ýerli býujetiň hasabyna hak tölemeli diýlipdi. Emma hakykatyna seredilende, miraplaryň iş ýagdaýlary her okrugda başga-başgady. Meselem, Aşgabat şäherinde ol ýylda dört-bäş günden köp işlänokdy, Merw okrugynda iki hepdeläp işleýän bolsa, diňe Amyderýanyň ýakasyndaky okruglarda üç aýa çenli işleýärdi. Şonuň üçinem olara bütin ýylboýy doly hak tölemegiň zerurlygy barmykan? Mirap suw desgasynyň remontyna gözegçilik edýärdi. Iş gutarandan soňam ol öz daýhançylyk kärini edýär. Sakçy gatla garawullyk edýärdi. Suw paýlaýan bolsa sagatçy, Ýöne ilat kimiň sagady bar bolsa, şoňa sagatçylyk et diýýärdi. Mirabam, sakçam, sagatçam hersi öz işi bilen gümra. Haçan suw tutulanda gerek bolaýmasa diýäýmeseň, başga wagt olar bu işlerdeen boşdular. Respublikada suwuň ýetmezçilik etmegi ösüşi bökdeýärdi. Amyderýany jylawlap, teşne ýatan çöli, boz ýatan meýdanlary suwdan gandyryp bolsady! Onuň geçjek ugurlaryyny kesgitlemek hakda onda-munda gürrüň edilse-de, entek çynlakaý bir proýektiň gürrüňini ederden daş. Ýöne bir raýona, iki raýona hyzmat edip biläýjek suw desgalaryny çekmeseň, ýagdaý barha ýaramazlaşýar. “Taýak gelýänçä, ýumruk” diýlenini etmeli. Bu ugurdan köp iş etse boljak. Emma munda-da birgiden kynçylyklar bar. Ýüzugra düzedäýmeli zatlaram birentek basgançaklardan geçirmeli. Olaryňam hersi bir hokga çykarýar, hersi öz gepini gögertjek. Hemmesem daýhanyň gerdenine düşýär. Haşaryň bir özem ony maýyrjag-a! Näçe adam güýjüni alyp, näçe wagt sarp etmeli. Indi maşynlaryň güýjüne daýanmagyň wagty ýetdi. Daşary ýurtlarda şeýle maşynlar çykarylýar. Bu hakda oňa Amerikada Forduň zawodynda bolup gelen Hajy Atabaýewem gürrüň beripdi. Bu meseläni Moskwada hökümetiň öňünde goýmaly. Köpräk tehnika aljak bolmaly. Munuň üçin býujete 500000 manat töweregi goşdurmaly. Olardan öwrenmek üçin daşary ýurda spesialist ibermeli. Öňde heniz çözülmeli uly-uly meseleler bardy. Respublika sosializm gurýardy. Gaýgysyz Atabaýew bolsa şol göreşiň öňbaşçysydy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |