20:45 Gaýgysyz Atabaýew / dowamy | |
• Gaýgysyz Atabaýewiň bir iş güni
Taryhy şahslar
Atabaýew bilen bile işleşen adamlara duşup, söhbetdeş bolsaň, olar Atabaýewiň belent adamkärçiligini, adalatly ýolbaşçylygyny aýdýarlar. Şeýle hem onuň ýanyna bir mesele bilen barsaň, şol işiň belli bir wagta çenli yza çekmän, şol pursatda şänik döwen ýaly edýändigini aýratyn belleýärler. Men arhiw materiallaryny dörüp otyrkam, maşynkadan geçirilen üç tagta kagyza gabat geldim. Ol meni aýratyn gyzyklandyrdy. Ony “Atabaýwiň bir iş güni” diýiip atlandyrsa-da boljak. Ol ertiri etmeli işlerini bir gün öňünden belli edip goýýan eken. Eýsem-de bolsa, bu ýolbaşçylyk etmegiň bir nusgasymyka diýýän. Şonuň üçinem ony doly görnüşde okyjylara hödürlemegi makul bildim: (tekstden görnüşine göra gürrüňi edilýän wakalar megerem, 1932-nji ýylyň oktýabr aýyna degişli bolmaly - A.Ç.): Pagta taýýarlanyşygy hakda kimiň giňişleýin gürrüň berip biljekdigini anyklap, agşam sagat 6-7 aralygynda onuň bu hakda meniň ýanyma gelmelidigini aýtmaly. Şatunowskini şu gün sagat ikä çagyryp,umumy üpjünçilik meselesi hem-de çörek bilen üpjün edilişi dogrusynd onuň habaryny diňlemeli. Umumy gurluşygy, şeýle hem respublikanyň gurluşygyny kimiň alyp barýandygyny anyklamly. Agyr senagat halk komissarlygy, onuň upolnomoçinnysy ertir, günüň dowamynda senagat maliýe planlarynyň amal edilişi hakda hersi öz ugry boýunça maňa habar bermeli. Hersi bilen aýry-aýralykda gürleşip, olaryň tehniki işgärleriň dokladyna goşulyp biljekdigini duýdurmaly. Ýoldaş Ignaş bilen jaňlaşyp, maldarçylyk dogrusynda biziň dokladymyz boýunça ýörite maslahatyň çagyrylmaly gününi anyklamaly. Joraýew ýa-da onuň orunbasary meni 1932-nji ýylda alnyp barylýan suw desgalarynyň işleri bilen tanyşdyrmaly. “Kustpromsoýuza” kimiň ýolbaşçylyk edýänini anyklap, onuň ilatyň isleg bildirýän harytlary baradaky habaryny diňlemeli. Golaýda Moskwadan, Soýuztransdan gelen N-ka bu ugurdan işiň gidişini tanyşdyrmak üçin meniň ýanyma ýakyn wagtyň içinde gelmelidigini duýdurmaly. Taýýarlyk görer ýaly, oňa 3-4 gün wagt bermeli. Ýoldaş Kowal bilen gürleşip, ýol gurluşygynyň neneňsi ýagdaýdadygyny maňa habar berer ýaly, duşuşygyň wagtyny anyklamaly. Güýzki ekişiň planynyň üstünde kimleriň işleýändigini anyklap,bu mesele dogrusynda tanyşmak üçin duşuşygyň wagtyny bellemeli. Ýoldaş Iode, balyk kombinatynyň gurluşygynyň näçe prosent amal edilendigini bilip, şonuň bilen baglanyşykly hem Moskwa ibermek üçin telegramma taýýarlamaly. Ýoldaş Golosow (ol aşagyny gyzyl syýa bilen çyzypdyr, gapdalynda hem 28.X.32 diýip ýazypdyr.-A.Ç), Çärjew-Horezm demir ýolunyň gurluşygy hakdaky dokladnoý ýazgy bilen tanşyp, maňa habar bermeli. Şeýle hem bu mesele dogrusynda BK(b)P MK iberiljek dokladnoý hakda gürleşmeli. Joraýewe ýa-da onuň orunbasaryna, Etrek barada suw hojalygy uprawleniýesinde bar bolan materiýallary ýygnamagy teklip etmeli, bu hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Golosow (aşagyny gyzyl syýa bilen çyzypdyr, gapdalyndan Gros diýip ýazypdyr. Iki çyzyk çekipdir-A.Ç). Çärjewiň pamyk fabrigine degişli ähli materiýallary ýygnap, onda bar bolan gurallaryň işlediliş ýagdaýy dogrusynda Halk Komissarlar Sowetine hat taýýarlamaly. Çünki, bu mesele esasynda Özbegistan bilen käbir düşünüşmezlikler bar. Özbegistan özlerinde täze gurulýan pamyk fabrigyne ol gurallaryň berilmegini soraýar. Biz bolsak olary özümiziň ulanjakdyymyzy aýdarys. Munuň üçin oňaýly şertlere, baý çig bazasynyň ýeterlikdigine salgylanýarys. Ýylylyk seti bilen şu wagt kimiň iş alyp barýýandygyny anyklamaly, bu mesele hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Golosow, Türkmenistanda energetik merkeziniň bölüminiň guralmagy hakyndaky meseläni çözmek üçin degişli guramalary çagyryp ýörite maslahat geçirmeli. Ýoldaş Prawda, SNIPS bilen öňki ýetilen ylalaşyklaryň esasynda, Türkmenistanda onuň bölümini açmak dogrusynda hat taýýarlamaly. SNIPS bilen gelnen netijä görä öz gezeginde ýerli gurluşyk materiallaryň önümçiligi bilen baglanyşykly ýörite brigada ibermeli. Ýoldaş Golosow, Garabogaza degişli materiýallar bilen tanşyp, himiýa kombinatynyň gurluşygy hakynda, BK(B)P MK ýörite hat taýýarlamaly. Ýoldaş Golosowa, Türkmenistanyň territoriýasynda sement zawodyny gurmak hakda hat taýýarlamaly. (Ähli materiýallar upolnýažpromda). Ýoldaş Golosowa, Aşgbatda aýna zawodynyň gurluşygy dogrusynda hat taýýarlamaly. (Ol gyzyl syýa bilen “munuň üçin uly komissiýaa gelýär” diýip ýazypdyr-A.Ç). Ýoldaş Golosowa, Garabogaz aýlagynda ýük daşamagy Narkomwodyň öz üstüne alandygy hakda BK(B)P MK-nyň adyna ibermek üçin hat taýýarlamaly. Ýoldaş Golosowa, Türkmenistanda özbaşdak geologik bazany gurmak maksady bilen Orta Aziýa býurosyna ýörite hat taýýarlamaly. Bu mesele dogrusynda Soýuzgorrazwedka bilen ylalyşyk gazanyldy (protokoly bar). Orta Aziýa býurosy muňa razylyk berenok. Türkmenistanyň territoriýasynda geologik bazanyň zerurdygyny hatda delillendirmeli. Professor Borodin bilen baglanyşykly mesele bilen (men munuň üçin Moskwadan telegraf arkaly habar beripdim) Türkmenkultuň direktoryny çagyrmaly. Ýoldaş Krasnobaýewe, geçen ýylyň gurluşygynyň hasabyna Moskwadaky dynç alyş öýüne 100000 manadyň geçirilip boljakdygynyň mümkinçiligi hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Iode, meniň görkezmäm boýunça Garabogaza bagyşlanýan ýörite çeper albom hakda näme iş edilen bolsa habar etmeli. Mehzawodyň direktory Berdi Gylyjow bilen jaňlaşyp, olaryň öz gurnan ýagyş ýagdyryjy agregatyny haçan görkezip biljekdigi dogrusynda gürleşmeli. Ýoldaş Joraýewe, -WIME-niň bölüminiň direktoryna, haşar işlerini mehanizasiýalaşdyrylyşynyň gidişi hakda maňa habar bermeli. Ýoldaş Iode, TSSR Halk Komissarlar Soweti üçin Gatnaw ýollar halk komissarlygyndan (kimdendigini anyk görkezmeli) wagon almalydygyny tabşyrmak üçin Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna hat ibermeli. Ýoldaş Rodine, aýrylan relsleriň Türkmenistanyň territoriýasynda ulanylmagynyň mümkindigini aýtmaly. Ýoldaş Rodine, nebitiň täze şahalaryny (Nebitdag) geçirmek, şeýle hem Jebel tarapa uzaltmak hakda proýektiň üstünde işlemeli. Bu babatda näçe serişdäniň, näçe möçberde relsiň zerur boljakdygyny anyklamaly. Ýoldaş Iode, Narkomwodyň Kaspiniň kenarýakalaryny öwrenmek üçin düzen komissiýanynyň işiniň netijleri bilen meni habardar ediň. Ýoldaş Iode, Çärjew tipografiýasynyň gurluşygynyň işi hakda habardar ediň. Türkemenistanyň hemişelik wekilhanasyna hat ýazmaly. Men Moskwa baran wagtym Türkmenistanda emeli süýüm fabrigini açmak hakdaky mesele bilen baglanyşykly hat taýýarlamak hakda WOIF bilen gepleşdik. 1933-nji ýylda Moskwa barjak türkmen delegasiýasyny bu mesele bilen haýdan-haý tanyşdyrmagy hem-de onuň bir komissiýany bärik ibermelidigini tabşyrmaly. Ýoldaş Golosowa, rezin zawodynyň Türkmenistana gaýtarylyp berilmegini sorap, SSSR HKS-ne iberiljek proýektini taýýarlamaly. Ýoldaş Iode, Könederýa kanalynyň ýagdaýy biln gysgaça tanyş etmegi hem-de onuň öz täze işi hakdaky teklip bilen Öwez Atabaýewe, Daşkende telegramma ibermeli. Kommunal hojalygy halk komissarlygyna, Esengulyda gurulýan opresniteliň ýagdaýyny maňa habar bermegi teklip etmeli. Şeýle hem bu işiň çaltlandyrylmalydygyny, sebäp diýeniňde balyk kombinatynyň gurluşygyna girişmeklik hut şoňa baglydygyny duýdurmaly. Ýoldaş Iode, meniň Moskwada bolan wagtym birtopar mesele dogrusynda ýörite hatlar bilen Soýuz guramalaryna ýüz tutdum. Şolardan üpjünçilik meselesi dogrusyndaky hatlaryň kopiýasyny Moskwa gitjek türkmen delegsiýasyna bermegi hem-de bu meseleleriň indiki ykbaly bilen gyzyklanmagy hakda telegramma ibermegi unutmaly däl. Ýoldaş Iode, SANUPR-a telegramma iberip , böwrek sanatorisiniň direktorlygyna ýa-da onuň orunbasarlygyna bolar ýaly häzir bizde gowy kandidaturanyň bardygyny aýtmaly. Ýoldaş Odinokow GPU-nyň öňki jogapkär işgäri. Häzirki wagtda onuň özüniň böwregi agyryly, däri-dermana mätäç. Özem kommunist, aşa işjeň adam. Ýakyn döwrüň içinde hemem ilkinji ýyllarda gaty köp iş etmeli boljakdygyny, şonuň üçinem işjeň adamlaryň gerek boljakdygyny nazarda tutup, biz Odinokowy direktorlyga ýa-da onuň orunbasarlygyna hödürleýändigimizi,bu hakda özleriniň nähili pikirdediklerini telegraf üsti bilen bize habar bermeklerini ýazmaly. Ýoldaş Sähedowa telegramma iberip, dizel meselesiniň nähili ýagdaýda çözülýändigini habar bermegini teklip etmeli. Fatýanowa hakdaky meseläniň nähili çözülendigini Sähedowdan soramaly. Ine, gadyrly okyjy, Gaýgysyz Atabaýewiň bir iş gününe ser saldyňyz. Ownukly-irili otuz dokuz punkt. Olaryň ählijesem derwaýys. Olaryň hersi öz döwrüniň sesi, öz döwrüniň ýiti meselesi. Bu günki gün biz şol meseleleriň niçiksi ýagdaýda çözülendiginiň şaýatlary. *** Indiki gürrüňii etjek wakamyz otuzynjy ýyllaryň başlaryna degişli. Bu dokumentlerden görnüşine görä, Gaýgysyz Atabaýewiň köpgyraňly taraplarynyň ýene-de biriniň şaýady bolýarys. Gowusy geliň, şol arhiw materiýallarynyň özüne söz bereliň. Çünki olar özleri hakda hiç hili düşündirişe mätäç däl. 1931-nji ýylyň 17-nji martynda Nýu-Ýorkdan Mr.Pinkus tarapyndan iberilen hatda şeýle ýazylypdyr: “Hormatly ýoldaş Atabaýew! ...8-nji dekabrdaky, 30-njy dekabrdaky hemem 13-nji ýanwardaky hatlarymyň jogabyny almasa -da, Size ýene-de hat ýazýaryn. Birki günlükde meni Nýu-Ýorka, “Amerikasöwda”çagyryp, gwaýýulanyň tohumy barada soraşdyrdylar. Men olara bu ugurdan işleýän tanşymyň bardygyny, onuň tohum ýygnap biljekdiini habar berdim. Ýöne “Amerikasöwda”menden onuň nyrhyny soraýar. Elbetde, meniň gürrüňi edilýän tohuma nyrh kesip bilmeýändigimi özüňizem bilýänsiňiz. Haçanda Moskwada bolamda, Siz maňa munuň gymmatynyň iki müň dollardan geçjekdigini aýdypdyňyz. Eger-de şoňa razy bolsaňyz, onda men tohumy tapmagyň ugruna çykjak. Siz hem öz gezegiňizde, “Amerikasöwda” habar edip, meniň bilen gepleşik geçirýändigiňizi duýduryň. Ýorunja tohumy hakda men madam Pattisondan eşitdim, şu çaka çenli ne oňa, ne-de “Amerikasöwda” hiç hili habar edilmändir. Men Size ýazyşym ýaly, şu ýylyň tomsunda Soýuzda bolmakçy. Şonda görüşeris diýip umyt edýärin. Men degişli materiýallary iberýän, eger-de bu babatda ýörite soragyňyz bar bolsa, mümkingadar jogap berjek bolaryn. Golaýda men “Sosiýalistiçeskoýe zemledeliýa” gazetinden sizde täze garaköli trestiniň açyljakdygyny okadym. Bu ugurda hem mende degişli maglumatlar bar. Çyn ýürekdeşlik salamy bilen Pinkus”. *** “Aşgabat, Halk Komissarlar Sowetiniň Başlygy K.S.Atabaýewe. Gadyrly mister! Ýer işleri boýunça konsultant Mr.Pinkusyň haýyşy boýunça Ling-Belt kompaniýadan Beheriň ýer işlerine degişli gurallar hakda ýazan golýazmasyny Size iberýaris. Kidder, “Zweno Sen Kompaniýa”. Çikago”. *** “Aşgabat, Halk Komissarlar Sowetine, ýoldaş Iode. Mrs.Pattison bilen Mr.Pinkusň meniň adyma iberilen hatlary jogapsyz galdyrylypdyr. Iş dolandyryş uprawleniýesiniň adyndan olara hat ýazyp, bu mesele hakda “Gallaeksporta” hem-de Soýuzyň üpjünçilik halk komissrlygyna ýörite hatyň iberilendigini (onuň mazmuny bilen gysgaça tanyşdyrylsa-da bolar) aýdyň. Soýuzyň Ýer işleri halk komissarlygynda belli bir ylalaşyga gelnendigine garamazdan, Merkezde bu meselä ýeterlik üns berilmeýän bolara çemeli. Eýsem-de bolsa, öz hemişelik wekilhanamyza bu iş babatda ýörite tabşyryk berilmändi. Sebäbi Merkezi Ispolnitel Komitetiniň, soňra Sowetleriň gurultaýyna gidemde bu meseläni özüm çözerin öýdüpdim. Emma ýagdaý düýbünden başgaça boldy-da, Moskwa gidip bilmedim. Respublikada praktiki işlriniň ençemesini amala aşyrmak üçin raýonlara gitmäge mejbur boldum. Şol sebäpli hem tohum meselesi şo galyşyna galypdyr. Ýöne meniň häzir respublikanyň çet raýonlarynyň birinde komandirowkadadygymy, hatlaryňa uzak wagtlap jogap berip bilmedigime, munuň üçin olardan ötünç soraýandygymy, şeýle hem kauçuk öndürmekdäki işimize öz maslahatlary bilen hemaýat edendiklerine özümiň aşa minnetdardygymy, olaryň maslahatlaryndan hökman peýdalanjakdygymyzy olara ýazyň. Atabaýew.” *** “Nýu-Ýork Siti, Brodwey, Mister Pinkusa Siz özüňiziň 17-nji martdaky hatyňyzda biziň täze “Türkmengaraköli” trestimiz bilen hat aragatnaşygyny saklamak meýliňiziň bardygyny ýazypsyňyz. Trest açyldy, onuň prawleniýesi Aşgabat şäherinde ýerleşýär. TSSR HKS-nyň iş dolandyryjysy Iode.” *** “Hormatly missis Pattison we mister Pinkus! ...Size jogabyň gijigenliginiň sebäbi ýoldaş Atabaýewiň uzak wagtlaýyn çet raýonlaryň birinde komandirowkada bolmagy bilen baglanyşykly boldy. ...Şeýle hem sizi gyzyklandyrýan mesele, ýagny siz tarapdan ýorunja tohumynyň eksport edilmek meselesini Atabaýew oňynlygyna çözdi. Bu mesele soýuz möçberindäki söwda guramalarynyň “Gallaeksport” bilen SSSR Daşary söwda halk komissarlygynyň öňünde goýuldy. “Gallaeksportyň” iberen telegrammasynda ýorunja tohumynyň eksport edilmegine hiç hili garşylygyň ýokdugy aýdylýar. Ýoldaş Atabaýew siziň gwaýýula degişli materiýallaryňyz üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, ol mundan buýana-da siziň bu ugurdan hemaýat berjekdigiňize ynam bildirýär... Siz ýorunja tohumyny ibereniňizden soň, gwaýýulany ekmekde we ony işläp çykarmakda ulanylýan import maşynlary hakda biziň zakazymyza hem uly hemaýat edersiňiz diýip tama edýäris”. *** “Hormatly ýoldaş Atabaýew! Sentýabr aýynda Moskwada men Size söz berenimden soň, “International Sud Serwis” gwaýýulanyň görnüşlerinden we oňa degişli materiallardan köp sanlysyny iberdi. “International Sud Serwisiň” direktory madam Pattison hem Size birnäçe gezek hat ýazandygyny we degişli materýallary iberendigini, emma hiç hili jogabyň ýokdugyny maňa aýtdy. Ol öz hatlarynyň birinde gwaýýula tohumyny ekmezinden öň, oňa örän esewan bolmalydygyny, ýogsam gögerişiň bolmajakdygyny ýazan ekeni. Madam Pattison hem Size onuň gizlin syrlaryny öwretmäge razydygyny aýdýar. Men Moskwada bolamda, Siz onuň tohumyny edinmek üçin birnäçe müň dollar harç etjekdigiňizi, hemem bu babatda “International Sud Service” hemaýat berjekdigiňiz barada aýdypdyňyz. Sizi gyzyklandyrýan dürli tema degişli materiýallaryň köp sanlysyny banderol edip iberipdim. Şeýle hem firma tarapyndan tohum arassalaýjy we gaýry maşynlara degişli kataloglary hem alarsyňyz. Bu sizi ähtimal gyzyklandyrar. ...Men SSSR-e ýene-de barmagyň mümkinçiligi bolar diýip umyt edýärin, ine, şonda Siziň bilen Moskwada, (gaty uzakda ýerleşýän Aşgabada bararyn diýib-ä aýdyp biljek däl) duşuşaryn, gürleşerin. Çuň ýürekdeşlik salamy bilen, Sizi hormatlaýan O.A.Pinkus”. *** 1932-nji ýylyň 2-nji fewral güni Gaýgysyz Atabaýew haýsy işler bilen meşgullandyka? Ol ine, şol gün ol dürli adamlara dürli tabşyryklar beripdir. Diňe bir günde otuzdan gowrak şo tabşyryklaryň käbiri bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek: Ýoldaş Golosowa, Çärjew-Horezm demirýoly bilen baglanyşykly hat bilen tanyşyp, bu mesele hakda BK(b)P MK iberiljek hatyň esasy düzgünleri hakda maňa habar beriň. Ýoldaş Isaakýansa, Upolnarkomtýažpromyň garamagynda durýan promysellere hyzmat etmek üçin niýetlenen transport hakdaky meseleleri gözden geçiriň. Türkmenkino, haşar işleri bilen baglanyşykly çeper albomy çykarmak üçin berlen tabşyrygyň nähili çözüýändigini anyklamaly. Ýoldaş Prawda, Esenguly suw desgasynyň gurnalyşynyň ýagdaýyny maňa habar bermeli. Energobýuro, 32-nji ýylda Türkmenistana iberilen dizeller üçin satyn alynmaly generator meselesiniň nähili ýagdaýdadygyny meni habardar etmeli. Ýer işleri halk komissarlygy. Bagçylygy, üzümdarçylygy ösdürmegiň çäreleri hakdaky meselä garamaly. Ony ýörite mesele hökmünde Halk Komissarlar Sowetiniň garamagyna hödürlemeli. Golosowa, ýoldaş Belýaýewiň Moskwada türkmen temalaryndan ýazan kwarteti şu çaka çenli ýerine ýetirilmändir. Gürleşmeli, ýerine ýetirmeli. Halyçylygy ösdürmegiň meseleleri hakda komissiýa döretmeli. Ýoldaş Atabaýewiň başlyklygynda komissiýa döredip, gaýry çlenlerini onuň bilen maslahatlaşmaly. Moskwada kommunistik uniwersitetiň studentlary Nepesow bilen Orazow ýoldaşlaryň öz stipendiýalarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakdaky arzalary ilen baglanyşykly sprawkany Baruliçewden almaly. Meni habardar etmeli. Daşkentdäki Türkmenistanyň wekili Öwezgeldi Atabaýewe ýük maşynynyň otsepkasy üçin käýinç yglan etmeli. Traktorlary remont etmek boýunça ekiş üçlüginiň soňky kararynyň gutarnykly proýektini Kasparow bilen Kriniskiden talap etmeli... *** Gaýgysyz Atabaýew türkmen edebiýatynyň hem uly üns berýärdi. Aýratynam edebiýatçylaryň işlerine hemaýat berýärdi. Birnäçe ýyllap Türkmenistanda ýaşan görnükli rus uzyjysy Wladimir Koziniň G.Atabaýewe ýazan hatyna ser salyp otyrn. Wladimir Koziniň G.Atabaýewe ine, şeýle diýip ýüzlenýär.. “Hormatly Konstantin Sergeýewiç! Men size şu hatyň ýany bilen Türkmenistan hakynda gürrüň berýän “Garagumyň gülleri” atly kitabymy hem iberýärin. Men Türkmenistanda 1929-njy hemem 30-njy ýyllar aralygynda ýaşadym. Bu güneşli hem özboluşly ülke özüniň reňk öwüşginleri, täzeligi, ýatda galyjylygy bilen meni özüne bendi etdi. “Garagumyň gülleri” Türkmenistan hakynda meniň ikinji kitabym. Eger-de meniň döredijilik işim bilen tanyş bolmakçy bolsaňyz, onda men size 1930-njy ýylda çap edilen “Lebabyň güneşi” atly birinji kitabymy hem iberip bilern. Siz öz ülkäňize gaty belet adam. Meniň kitabyma siziň her bir belligiňizi uly minnetdarlyk bilen kabul ederdim. Meniň adresim, Moskwa şäheri, Glebowskaýa köçesiniň 5-nji jaýy. Wladimir Romanowiç Kozin”. Bu haty Kozin 1932-nji ýylyň 24-nji awgustynda ýazyp iberipdir. Onuň hatyna Gaýgysyz Atabaýew okapdyr hem Koziniň döredijiligi bilen gyzyklanypdyr. Onuň türkmen durmuşyndan täze-täze eserler döretmegine hemaýat edipdir. Bu hakda Gaýgysyz Atabaýewiň görkezme haty arhiwde saklanyp galypdyr.Ol, ine, şeýle ýazypdyr: “Ýoldaş Koziniň kitabyny okadym. Onuň uly çeper eserdigigini belleýärin, bu hakda oňa habar ediň. Men Moskwadakam Koziniň türkmen durmuşyndan eser döretmekligini dowam etdirmekligi üçin gürrüňdeş bolmagy ýoldaş Sähedowa tabşyrdym. Onuň ýoldaş Kozin bilen duşuşmaga wagt belleşendigi maňa mälim. Ýoldaş Koziniň türkmen durmuşynyň derwaýys meseleleri hakdaky eserleriniň gymmatynyň uludygyny belleýärin.” 1930-njy ýyld Türkmenistan hökümeti rus ýazyjylaryny çagyrdy. Bu ilkinji brigadanyň hatarynda Nikolaý Tihonow, Wsewolod Iwanow, Leonid Leonow, Petr Pawlenko, Grigoriý Sannikow, Wladimir Lugowskoý bardy. Rus ýazyjylary Türkmenistanyň köp ýerlerinde boldular. Rus ýazyjylarynyň gelen uçurlary güneşli ülkämizde kolhozlar ýaňy gurlup başlanypdy. Synpy ýatlar bolsa dek ýatanokdylar. Täze mekdepleri otlaýardylar. Aktiwistleriň janyna kast edýärdiler. Nikolaý Tihonowyň aýdyşy ýaly, bu zatlara garmazdan, “rus ýazyjylary işde uly-uly guramaçylygyň nusgalaryny gördüler. Adamlar ilkinji sosialistik hojalygynyň işine jany-tenleri bilen girişipdiler”. Nikolaý Tihonowyň özi güneşli ülkämiz hakda köp sanly goşgy ýazdy. Sumbar jülgesinden bolan Nury milisioner hakda ajaýyp eser döretdi. Ol baryp ýigrimi altynjy ýylda ilkinji gezek Türkmenistana geldi. Onuň “ Garagum çölündäki duralga” atly goşgusy 1927-nji ýylyň 25-nji martynda ilkinji gezek “Türkmenskaýa iskra” gazetinda çap edildi. Onuň sowet edebiýatynyň altyn fonduna giren “Birýuza posýology” atly hekaýasy hem ilkinji gezek şol gazetde ýigrimi ýedinji ýylyň iýulynda çap edilipdi. Soňra bu hekaýa “Birýuza polkownigi” ady bilen ýazyjynyň soňky ýyllarda neşir edilen kitaplaryna girdi. Şahyr Nikolaý Tihonow respublikamyza eden syýahatlary dogrusynda öz ýatlamalarynda, ine, şeýle ýazgy galdyrdy: “Köpetdagyň tämiz howasy, onuň ap-ak gaýalarynyň görki, gaba telpekli adamlar, ýolugra duşuşyklar, pyýada azaşmalar, garaz her hili durmuş wakalary hekaýa üçin taýýar sýujetlerdi. Diňe olary ýerli-ýerinde goýaýmalydy. Baran ýerlerimiň tebigaty-da kagyza geçirmegimi soraýan ýalydy”. Hawa, Nikolaý Tihonow köne Marynyň harabaçylyklarynyň arasynda bolýar. Onuň arkasyndaky goşhaltasy diýäýmeseň, ýanynda uly bir ýüki ýokdy. Ýigriminji ýyllar türkmen durmuşy bilen rus ýazyjylary hasam gyzyklanyp ugradylar. Bu babatda Gaýgysyz Atabaýewiň uly tagallasy bardy. Atabaýew bilen bolan duşuşyklary hakynda rus ýazyjylary soňam öwran-öwran ýatlapdylar. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň ýanyna respublikanyň ähli künjeginden öz arz-şikaýatlaryny, hal-ahwalatlaryny aýtmaga gelipdirler. Hut Atabaýewiň özüniň gatnaşmagynda özüne hemaýat edilendigi hakda häli-häzirem onuň eden ýagşylygyny mukadesslik bilen ýatlap gürrüň berýän adamlara telim gezek sataşypdym. Bu gezekki duşuşyk arhiwde bolup geçdi. Şol ýürek ýatlamalarynyň birnäçesini okyjylara-da hödürlense kem bolmazdy: 7.III.1933 ý. Ýaňyguýy oba Sowetine degişli Atabaýew adyndaky kolhozynyň başlygynyň arzasyna Krasnowodsk raýispolkomyna ibermeli hemem kolhozyň çeken zyýanynyň möçberini anyklamagy tabşyrmaly. Maldarlara mart aýynda berilýän galla önümleriniň normasyndan daşary kömek bermelidiginiň zerurdygy hakda hökümetiň öňünde mesele goýmaly. Basmaçylaryň çozuşyndan horluk çeken hojalyklara ilkinji nobatda kömek etmeli. 9.VI.33 ý. Baýram Geldiýewiň arzasyny Baýramaly raýonynda ekiş geçirmek boýunça ýoldaş Atamyşewe ibermek bilen, ondan bu arzany düýpli barlamagy haýyş etmeli. Onuň öz kakasyndan haçan ara üzendigini, zat babatda gatnaşyklaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak gaty möhüm. Eger-de hakykatdanam 10-12 ýyldan bäri olaryň arasynda zat babatda gatnaşyk ýok bolsa, onda onuň kulaga garyndaşlyk babatda dahyllygyna esaslanyp, kolhozdan çykarylmagy ýeterlik däldir. Şeýle hem onuň kolhozda näderejede işleýşini, zähmetsöýerligini, kolhozyň işine jany-teni bilen berlendigini anyklamak gaty möhüm. Sary Agalykowyň arzasyny Daşhowuz okrug ispolkomynyň başlygyna iberip, oňa şulary ýatlatmaly: Agalykowyň ýigrimi dördünji ýylda bandit şaýkasyna goşulandygyna hakykatdanam ökünýändigi çyn bolsa, 8-9 ýyl mundan owal bandit şaýkasyna gatnaşandygy üçin ony kolhozdan çykarasy iş ýok... Atabaýewiň tabşyrygy esasynda onuň kömekçisi her günde halk komissariýatlyklaryň ýolbaşçylary bilen, dürli edaralar bilen gepleşmeli bolýardy. Ine-de olaryň käbiri: “1932-nji ýylyň 3-nji sentýabry. Telefonda Maliýe halk komissarlygy bilen gürleşmeli. Kerki okrugkomynyň sekretary Döwlet Mämmedowyň habar bermegine görä, olar häzire çenli hökümet tarapyndan goýberilen 600000 manat puly almandyrlar. Iýun, iýul hem-de awgust aýlarynda 350000 manatlyk aýlyk berilmändir. Mekdep jaýlaryny remont etmäge niýetlenen serişde henize çenli goýberilmändir. Ýoldaş Atabaýew şu günüň özünde siziň bu mesele hakda gyzyklanyp, gyssagly çäreler görmegiňizi, ibermeli puly geçirmegiňizi tabşyrdy. 1933-nji ýylyň 14-nji oktýabry. Işçi-daýhan ispeksiýasy halk komissarlygyna, ýoldaş Batyr Ataýewe. Graždan Kuzbakirowyň arzasyny size ibermek bilen meseläni ýerinde barlamak üçin işçi-daýhan inspeksiýasynyň bir inspektoryny (senagat ugry boýunça) hökmany suratda komandirowka ibermek gerek. Jebeldäki bidüzgünçilikleri-hojalyksylygyň, eden-etdiligiň, işçileriň aladasyny etmezligiň, aýraynam duz promysellerindäki yzygider iş bilen üpjün edilmezligiň faktlaryny anyklamaly. Sowrujylygyň hemem uprawlýaýuşiý tarapyndan edilýän eden-etdiligi, çenaýatçylygyň soňuna çykmak üçin Jebeldäki ýagdaýy biziň jikme-jik bilmegimiz hökmanydyr. Şonuň üçinem işçi-daýhan inspeksiýasyndan adamyň işi çynlakaý we doly barlamagy üçin gözýetiminiň gaty giň bolmlydygyny ýatladýarys. Barlagyň netijesini maňa habar berersiňiz. Bu hat 1933-nji ýylyň 22-nji martynda Çärjew şäherinden ýazylypdyr. Gaýgysyz Atabaýew ony TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Çary Wellekowyň adyna iberipdir. Bu haty okap, şol wagtky respublikamyzyň oba hojalygyndaky ýagdaýa doly göz ýetirýärsiň. Nirede bolsa-da diňe halkyň aladasy bilen ýaşaýan Gaýgysyz Atabaýew Çary Wellekowa şeýle sözler bilen ýüzlenýär: “...Indiki işlerimiň tertibi hakda gürleşmekçi: Saýat raýony bilen heniz oňly tanyşyp-tanyşmakam, Aşgabada yzyňa gaýtmaly diýip telegramma aldym. Bu meniň ähli planlarymy pozýar. Şu ýylyň ekiş kompaniýasy Çärjew topar raýonlarynda aýratyn ýagdaýda geçer. Baýramaly, Ýolöten ýaly agyr raýonlara garamazdan, bu ýyl Murgabam yza galmaz. Baýramalynyň ep-esli ýeri şorlapdyr, sebäp diýeniňde Murgap suw howdanam, suwuň bisarpa tutulmagam muňa sebäp bolupdyr. Şonuň üçinem şol ýerlerde-de topragyň şorlamagyna garşy alnyp barylýan göreş Çärjew raýonlarynyňkydan pes bolmaly däl. Elbetde, şeýle ýagdaý Daşhowuz okrugynda-da dowam edýär. Emma Çärjewe garanyňda, Daşhowuzda hemem Murgapda ýagdaýlar hiç neneň däl. Daşhowuzda ilatyň çörek bilen üpjün edilişi gowy, uly kynçylyk ýok, daýhanyň keýpi erbet däl, gowy ýolbaşçylyk edilse, okrugy aýaga galdyrsa bolar. ...Elbetde, meni-Merkezi Komitetiň Çärjew topar raýonlaryna berkidilen wekili hökmünde diňe bu zatlar hem däl, eýsem-de bolsa, pagta tabşyrmaklygyň umumy ýagdaýy hem biynjalyk edýär. Çärjew topar raýonlarynyň aýratyn ýagdaýyny göz öňünde tutyp, men raýonyň ähli hojalyklarynyň ýagdaýy bilen-suw desglaary bilenem,ekişi bilenem, traktor parky bilenem, mallary bilenem, kolhozçylaryň ýagdaýlary bilenem... jikme-jik tanyş bolýan. Munuň üçin maňa her raýonda azyndan iki-üç gün gerek bolýar. Her gezek şeýle tanyşlykdan soň, işleriň gidişi ara alyp maslahatlaşyp, birtopar meseläni ýerinde çözmeli bolýar. Farap hem-de Saýat raýonlarynyň hojalyklary tanşylandon soň, Garabekewül we Darganata raýonlarynda hem bolmaly diýen netijä geldim. Entek Çärjew hem-de Dänew rýonlarynyň ýagdaýlary bilen tanyşamok. Çünki o ýerde, Dänewde Wolynskiý, Çärjewde hem Ýunusow bar. Olaryň känbir başdan sowmalyga ýol bermejegi belli. Käbir maglumata görä, Dänewde sürüm işleriniň ýagdaýy ýaramaz. Sürüm işleri Farap raýonynda hem öwerlik däl. Sürümiň ýaramaz hilli geçirilmegi, ekişiň öz wagtynda geçirilmegine şübhe döretmänem duranok. Umanskiniň Faraba gyssagly gaýtmagy gerek. Biziň hasabymyza görä, Çärjewiň hemme raýonlarynda birinji aprelden ekişe başlamaga mümkinçilik bar. Şeýlelikde, birinji aprelden ekişiň iň aýgytly döwri-dartgynly ekiş döwri başlanýar. Ol bir aýlap dowam eder. Meniň özümiň bütin ekişiň dowamynda raýonda galyp, şol ýerde bolmagymy zerur hasaplaýaryn. Galyberse-de, şol döwürde Tolpuga, Batyr Ataýew hem-de Ungalbaýew Halk Komissarlar Sowetiniň işine ýolbaşçylyk ederler. Eger-de meseläni dogry hasaplasaň, maňa bu hakda telegraf arkaly habar ber. Ýoldaşlyk salamy bilen, Atabaýew. Çärjew şäheri.” • “Gudrat bilen dörän...” “Ýoldaş Atabaýewi gyssagly Daşkende ugradyň. Ugran wagty (hakynda) habar ediň. Atabaýew kommunistik musulmanlary birleşdiriji merkez hökmünde derwaýys gerek.” Türküstan frontunyň komandýuşisi we Türkkomissiýanyň çleni M.W. Frunzäniň 1920-nji ýylyň martynda Zakaspä ugradan telegrammasyndan. *** “...Atabaýew –türkmen obasynda önüp-ösen, biçak amatsyz ýagdaýlarda öz kalbynda sagdyn kommunistik dünýýägaraýşyny gudrat bilen emele getiren adam...” RK(b)P Merkezi komitetine, BMIK-na, RSFSR HKS-a Türküstan Komissiýasynyň başlygy W.W.Kuýbyşewiň 1920-nji ýylyň 30-nji iýulynda iberen hatyndan. *** “... Türküstan ASSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna ýoldaş Atabaýewi bellemeli diýen karara gelindi. Ol türkmen, örän durnukly, gujurly işgär, ol häzir Sowet apparatynyň ýagdaýy bilen tanyş däl hem bolsa, ýakyn wagtda özüni görkezjekdigi gümansyzdyr.” BMIK-nyň, RSFSR HKS-niň, RK(b)P MK-nyň we W.I. Leniniň adyna Türkomissiýanyň hem-de RK(b)P MK-nyň Türkbýurosynyň 1920- nji ýylyň 15-nji oktýabrynda iberen hatyndan. *** “Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy ýoldaş Atabaýewe, azyk halk komissary ýoldaş Malýutine. Ýoldaş Badaýew Siziň ülkäňize aýlanyp, ýap-ýaňy gaýdyp geldi, ol ýerli ýoldaşlaryň özüni nähili oňat garşylandygy we Moskwanyň hem-de Piteriň işçileriniň işine nähili mähirli garandygy dogrusynda maňa az-kem gürrüň berdi. Meniň adymdan ýerli ýoldaşlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirmekligiňizi hem-de paýtagtyň işçilerine gelejekde-de ýetişibildiginden we hemme çäreler arkaly kömek berip durmagy baradaky haýyşymyzy gowşurmagyňyzy örän haýyş edýärin. Ýagdaý agyr. Hemme çäreler arkaly kömek gerek. Siziň mümkin bolan zatlary etjekdigiňize ynanýaryn we kommunistik salam iberýärin. W.Ulýanow (Lenin). (Bu telegrammany W.I. Lenin Daşkende 1921-nji ýylyň 27-nji iýuny iberipdir). G.Atabaýew 1-nji awgustda W.I. Lenine bu barada şeýle habar iberýär: “Türküstan Sowet Respublikasynyň Halk Komissarlar Soweti gallany marşrut poýezdler bilen ugratmak üçin ähli çäreleri gördi we bu çäreler gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär. 31-nji iýulda Samarkand oblasty 24 wagondan ybarat marşrut poýezdini ugratdy, 2-nji awgustda Semireçýeden bir marşrut gelýär. Mundan beýläk marşrutlar mümkin boldugyça güýçli depgin bilen hem-de ähli güýçleri we serişdeleri tijemek bilen ugradylar. Netijede Türküstan Sowet Respublikasynyň Halk Komissarlar Soweti Federasiýanyň açlyga garşy göreşinde oňa kömek bermek üçin özüniň ähli tagallalary edýändigini ýene-de bir gezek tassyklamagy zerur diýip hasap edýär. *** “Bir müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylda bolsa, göwne gelmez üýtgeşiklik emele geldi. Türkmenistanyň iň uly işgärleri, hakyky kommunistleri: diňe türkmen ýigitleri däl-de, ruslardan hem birnäçesi “Türkmen azatlygy” guramasynyň çleni bolup çykdy. Her bir kommunistiň şeýle töhmet bilen aýyplanmagyna Atabaýewiň garşy çykmagy, gopgun turuzmagy, hatda Moskwa-da ýazmagy peýda netije bermedi. Onuň öz tanaýan sap ýigitlerinden, dost-ýarlaryndan bu gün göreni ertä galmady. Diňe bir onuň öz deň-duşlary däl, hatda Sowet döwründe ýetişen ýaşlar-da biriniň yzyndan ikinjisi gitdi. Oba adamlaryny, kolhozçylary bolsa toplap sürdüler. Şolaryň hemmesine-de “halk duşmany” at berildi. Hemişeler halk duşmany setanda-seýranda bir bolardy. Oňa “dönük” at bererdiler. Häzir bolsa her gijede, her şäherden, her obadan onlap-ýüzläp “halk duşmany” tapyldy. Öňünde “duşman” çykmadyk maşgala galan bolara çemeli däldi. Basybaljylaryň öz baknalaryny kül-peýýekun gyran çaglary az däldi. Emma öz halkyna şeýle ganly penje uran hökümdary taryh entek bilmeýärdi. Sowet döwründe şeýle ýagdaýy hiç bir akyl öz-özüne sygdyryp bilmeýärdi. Sowet döwründe halky öz gujagyna alan bagt guşy häzir kimiňdir kapasasyna düşüpdi. Partiýanyň ustawy bozulyp, sowet kanuny aýak astynda basgylanýardy. Şonuň üçinem Atabaýew özüniň Moskwa çagyrylmagyny dynuwsyz talap edýärdi... ...Gaýgysyz Atabaýew hakyky internasionalistdi. Öz halkyny söýmekligi başga halklary söýmek bilen, milli bähbitleri internasional bähbitler bilen utgaşdyrýardy. Kadrlar seçilip alnanda we başga meselelerde adamlaryň nirelidigini we haýsy taýpadandygyna garaman, nähili adamdygyna, ukybyna we moral syýasy-keşbine garaýardy. Ol hiç ýere çykman, hiç kimi kabul etmän, kabinetinde oturn býurokrat däldi. Halkyň içine köp çykardy. Halkdan öwrenerdi, halka öwrederdi. Halk hakynda, zähmetkeş adamlar hakynda alada onuň işinde mydama birnji orunda durýardy. Ol özüne ýüz tutan adamlara biderek wada bermezdi. Wada berse, wadasynda tapylardy. Şonuň üçin adamlar oňa ynanýardy we hormat goýýardy...” Gadyrly okyjylaar, biziň getiren bu jümlelerimiz akademik Şamyrat Täşliýewe degişli. • Hatlar Gaýgysyz Atabaýewiň dürli ýyllarda dürli adamlara ýazan hatlarynda her bir meselä örän eserdeňlik bilen garandygyna göz ýetirýärsiň. Aýratynam ol özüne kömek sorap ýüz tutan adamlar hakda aýratyn alada edipdir. Muňa göz ýetirmek üçin aşakdaky hatlary okamak hem ýeterlik bolsa gerek: Şäher isplokomynyň başlyy ýoldaş Dwinowa Sagat ussasy Brutuň haýyşyny hökman kanagatlandyrmaly diýip hasaplaýaryn. Çünki ol Poltoraskide köp wagtdan bäri (38 ýyl) işläp gelýär. Galyberse-de, şu töwerekde ýaşaýan türkmen ilaty ony gaty arassa adam hökmünde gowy tanaýar. Şonuň üçinem oňa azar bermäň. TSSR HKS-niň başlygy Atabaýew. 15.XII-25 ý. *** Saglygy saklaýyş halk komissarlygyna! Annagül Ýomutskaýanyň özüni işe ýerleşdirmek barada sorap ýazan arzasyny Size ibermek bilen, onuň türkmen aýallaryndan medisina işgäridigi üçin oňa Poltoraskide öz garamagyňyzdaky edaralaryň birinden, praktiki işini alyp barmagy üçin işe ýerleşdirmegiňiz gerek. Şu haty alanyňyzdan soň, Ýomutskaýany çagyryp, onuň işi hakda gürrüňdeş bolmagyňyzy haýyş edýärin. TSSR HKS-niň başlygy Atabaýew. *** Ýer işleri halk komissarlygyna, ýoldaş Koriçewe! Tejen raýonynda bolýan buluçlaryň ýagdaýynyň gaty ýaramazdygyny nazara alyp, olara ýer paýlanyp berilýançä çörek bilen üpjün etmek maksady bilen 1927-nji ýylyň 26-njy fewralynda Merkezi Komitet bar bolan 37 hojalyk üçin 100 put un goýbermegi karar etdi. Ýerine ýetirilenden soň, bu hakda habar beriň. TSSR HKS-nyň başlygy Atabaýew. 27.II.27 ý. *** Şahadatnama 21.VII-27 ý. Şu dokumenti görkeziji ýoldaş Hajy Atabaýew Murgap basseýninde ýüze çykýan suw meselelerini çözmäge TSSR HKS-niň doly ygtyýarly wekilidir. Ýoldaş H.Atabaýewe ýerli ispolkomlaryň Murgap basseýninde suw mselesi bilen baglanyşykly hereketlerini togtatmaga doly hukuk berildi. Ýoldaş Hajy Atabaýewiň Murgap basseýnindäki meseleler hakdaky görkezmeleri ýerli guramalar üçin hökmandyr. HKS-niň başlygy Atabaýew. *** Moskwa, Kreml, BMIK, Kadrlar bölümine, ýoldaş Gulbeşerowa. Gadyrly garşylanaryn öýme, eger geläýseňem MK saňa iş tapyp berer diýip pikir edýärin. Ýoldaşlyk salamy bilen, Atabaýew.” *** “Hormatly Gaýgysyz! Seniň Moskwada bolan döwrüňde şu meseleler bilen gyzyklanmagyňy hem-de olaryň çözülmegini gazanmagyňy gaty haýyş edýärin. Elbetde, olar şeýle bir gaýragoýulmasyz dälem ýaly welin, ýöne çözülmesi zerur meseleler. (Soňra hatyň awtory zerur hasaplaýan meseleleriniň içinde şu aşakdaky meselänem agzaýar) ...Atly ýörişe bagyşlanyp ýörite saz (sýuita), çeper (poema, roman), liriki (goşgy), pýesa (drama) eserleriniň konkursyny geçirmek barada MK bilen maslahatlaşdyk. Ýöne bu işe görnükli Sowet ussatlarynyňam gatnaşmaklary zerur. Şonuň üçinem olary bir ýere üýşürip, bu ugurdan maslahatlaşyp bolmazmyka? Onsoňam konkurs yglan edilse gowy bolardy. Bu baradaky pikiriňi habar et. Kommunisik salam bilen, Tolpyga, 25.XI-35 ý.” (Tolpyga şo döwürde Gaygysyz Atabaýewiň orunbasarlarynyň biri bolup işleýän eken – A.Ç.) • Sözsoňy Gaýgysyz Atabaýewe her bir işde ilkinji bolmaklyk bagty miýesser etdi. Şeýle hem oňa tutuş bir halkyň uçursyz ynamyna girmek bagty miýesser boldy. Bu halkyň taryhynda örän seýrek gelýän zat. Beýik Lenin bilen telim sapar söhbetdeş bolan, ondan tälim alan Gaýgysyz Atabaýew ömrüniň iň soňky pursatlaryna çenli halkyň ynamyna, rewolýusiýanyň işine ikilik etmedi. Başda Mihaýil Frunzaniň hut özüniň bolşewistik goldawy bilen Daşkende uly wezipä çekilen Gaýgysyz Atabaýew muňa öz zandy päkligi, rewolýusiýanyň işine jany-teni bilen berlenligi, gaýduwsyzlygy bilen mynasyp boldy. Ol rewolýusiýanyň wepaly esgerleri W.Kuýbyşew, Rudzutak, Eliawa, Peters, Lýubimow we başga-da onlarça bolşewikler bilen egin-egne berip işlemek bilen, uly bolşewik mekdebini geçdi. Türkmen halky beýik ogluny unudanok. Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Kerbabaýew halkyň söwer ogly hakda “Gaýgysyz Atabaýew” romanyny döredip, uly iş bitirdi. Bu kitabyň esasynda türkmen kinoçylary çeper telefilm döretdiler. Ine, men şol filmiň režissýory Öwlüýäguly Kulyýew bilen gürleşip otyryn. -Biz filmi surata düşürýäkäk, Atabaýewi gören adamlar bilen kän sapar duşuşmaly bolduk. Moskwa gitmeli bolduk. Ol ýerde Atabaýewiň aýaly Ýewgeniýa Ýakowlewna, ogly Kemine bilen söhbetdeş bolduk. Olaryň ýaşaýan jaýynda ilki bilen meniň gözüme ilen zat diwarda asylgy duran ýeke-täk türkmen halysy boldy. Ýewgeniýa Ýakowlewna Gaýgysyz Serdarowiç hakda birtopar zatlary gürrüň berdi. Onuň bir waka barada beren gürrüňi şeýleräkdi: Bir ýola Atabaýew öz ýanyna aýaly Ýewgeniýa Ýakowlewnany hem alyp maşynly Gyzylarbada, soňam Garrygala tarap (heniz respuplikada basmaçylaryň ýok edilmedik döwründe bu örän howpludy) ýola düşýär. Gyzylarbada birnäçe kilometr galanda olary kyrk-elli sany atly ýaragly adam gabaýar. Nätmeli? Emma Gaýgysyz öz rahatlygyny ýitirmän, sowukganlylyk bilen: -Hany, ýigitler, ýaragyňyzy çenäp durmaň-da, arkaýynlykda gürleşeliň. Ýaraga baýrynjak bolsam mende-de ýarag bar. Hany, men ýarag çenämog-a-diýip aýdýar. Soňra ol Sowet hakimiýetiniň halk häkimiýetdigini, olaryň öz maşgalasyndan, öýlerinden jyda düşüp, beýdip ýörmeli däldiklerini düşündirýär. -Eger-de siz şumat biziň janymyza kast edäýseňiz, haý diýmän ýokarda samolýot peýda bolar. Gowusy, ýaraglaryňyzy Sowet häkimiýetine tabşyryň-da, öýli-öýüňize dargaň. Maşgalaňyza eýelik ediň. Sowet häkimiýeti siziň ýalylaryň ýalňyşyny bagyşlap biler. Çünki, siz kimdir biriniň aldawyna gidip, ýalňyşan adamlar. Muny men siziň gözüňizden, ýüzüňizden aňlaýan-diýdi. Şondan soň atlylar seslerini çykarman, birsalym durdylar. Soňam Gaýgysyz bilen hoşlaşdylar-da, gelen yzlaryna tarap atlaryna gamçy çaldylar. Hökümet başlygy atan okunyň nyşana degenine begenip, ýoluny dowam etdirýär. Soň Gaýgysyz Atabaýew şol ýalňyşan adamlaryň öz obalaryna gaýdyp barandyklary, kolhoza girendikleri hakda Ýewgeniýa Ýakowlewna gürrüň beripdir. Ýewgeniýa Ýakowlewna öz adamsynyň ömrüniň iň soňky pursatlary hakda şeýle gürrüň beripdir: Ol gije Pöwrizeden biri bilen telefonda gaharly gürleşýär, soňam ýarygije gaharyna bäs gelmän, Moskwa jaň edýär. Şol gije-de ol Moskwa uçýar. Moskwada ony iň soňky gezek gören Ýewgeniýa Ýakowlewnanyň on ýedi ýaşly gyz jigisi bolupdyr. Ol Gaýgysyzyň Moskwa gelenini eşidip “Metropol” myhmanhanasyna barýar. Gaýgysyz keýpsiz halda eken. Aradan kän wagt geçmänem gapydan iki sany adam girýär. Olar Gaýgysyz bilen içki jaýa girýärler. Gyz köp wagtlap garaşýar. Emma içki jaýdan çykan adam bolmandyr. Ol “Bulara näme bolduka?” diýip, ýuwaşlyk bilen gapyny açýar. Emma onuň gözi hiç kime kaklyşmaýar. Olar başga bir gapydan Gaýgysyz Atabaýewi äkidipdirler. Hatda oňa hoşlaşmaga-da maý bermändirler. Hakykat, adalat gözläp baran Atabaýewiň şo gidişi-gidiş boldy. Ol soň aradan uzak wagt ötürip, öz iliniň arasyna geldi. Ol indi müdimilik gelipdi. Bu gün oňa minnetdar halk her gün onuň daşdan ýasalan heýkeliniň ýanyna baryp, tagzym edýär. Özünde sagdyn kommunistik dünýägaraýşyny jemlän Gaýgysyz öz bähbidini il bähbidinden öňe sürmändi. Galp şöhrata kowalaşmandy, wezipesine baýrynyp, döwlete hyýanat etmändi, gözboýagçylyga ýol bermändi. Adamlary äsgermän men-menlik etmändi. Ýek ýigrendigi bolsa çinowniklik iş stilidi, býurokratizimdi. Ine, şeýle häsiýetleri üçin oňa halk tüýs ýürekden hormat goýýardy. Ol öz halkyny, respublikasyny, ýokary ylymly, ýokary medeniýetli, öňde baryjy oba hojalykly, senagatly ülkä öwürmegiň arzuwy bilen ýaşaýardy. Ol bu babatda diňe leninçilik hakykatdan ugur alýardy. GaýgysyzAtabaýewiň ýene-de bir aýratyn bellemeli taraplarynyň biri hakda gürrüň edesim gelýär. Men, ine, onun ýigrimi ýedinji ýylyň ýigrimi dokuzynjy oktýabrynda ýazan terjimehaly bilen tanşyp otyryn. Maşynkadan geçirilen iki tagta kagyzda onuň durmuş ýoly aýdyň görünýär. Kagyzyň ýüzünde Atabaýewiň öz belliklerini okaýaryn. Ol terjimehalyň ahyrynda gyzyl galam bilen goşmaça şeýle sözleri ýazypdyr: “Partiýa hataryna 1918-nji oktýabrynda girip, 1919-njy ýylyň fewralyna çenli çepçi sosial-rewolýusionerleriň partiýasynyň hatarynda boldum. 1919-njy ýylyň fewralynda ÇSR-iň bolşewiklere goşulmagy netijesinde ÇSR-däki partiýa stažynyň saklanmagy bilen bolşewikler partiýasyna geçdim.” Terjimehaly okap, onuň öz durmuş ýolundaky hiç bir zady gizlemändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Gaýgysyz Atabaýewiň ömür ýoluny öwrenmekde uly hyzmatlar bitiren TSSR YA-nyň akademigi Şamyrat Täşliýew onuň ömür ýolunyň bir pursaty hakda şeýle gürrüň berýär: -Türküstan Kompartiýasynyň Merkezi Komietiniň jogapkär sekretary N.Törekulow, TASSR MIK-niň başlygy A.Rahymbaýew, Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy G.Atabaýew 1922-nji ýylyň güýzünde Samarkant oblastyna RK(b)P MK-nyň Orta Aziýa býurosynyň basmaçylyga garşy göreş baradaky upolnomoçennylary bolup gelenlerinde basmaçylar bandasynyň ele düşen baştutany Bahram kurbaşy barada perwaýýsyzlyga ýol berdiler, onuň sözüne ynanyp, ony tussag etmediler. Hilegär Bahram kurbaşy respublikaň ýolbaşçylarynyň ýalňyşyndan peýdalanyp gaçyp gitdi Sowet häkimiýetine garşy göreşmegini dowam etdirdi. Şu ýalňyşlyga ýol berenler berk temmi aldylar. –RK(b)P MK-nyň Guramaçylyk býurosynyň 1922-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran karary bilen A.Rahymbaýewe, N.Törekulowa we G.S.Atabaýewe berk käýinç berildi, olar wezipelerinden boşadylyp, Moskwa, RK(b)P MK-nyň ygtyýaryna çagyryldy. RK(b)P MK, W.I. Lenin olara rehimli, aýawly garady, olary ýolbaşçy işden çetleşdirmän, merkezi sowet edaralarynda jogapkär wezipelere belledi. RK(b) MK-nyň Syýasy Býurosynyň 1922-nji ýylyň 16-njy noýabrynda W.I. Leniniň baştutanlygynda geçen mejlisinde A.Rahymbaýew we G.S.Atabaýew RSFSR-iň Milletleriň işleri baradaky halk komissarlygynyň kollegiýasynyň sostawyna girizildi. N.Törekulow bolsa SSSR halklarynyň Merkezi neşirýatynyň prawleniýesiniň başlyklygyna tassyklandy. Munuň özi kadrlar hakynda, olary terbiýelemek, öz ýalňyşlarynyň üstünde okatmak barada leninçilik adalady-diýip ol aýtdy. Türkmen halky 1987-nji ýylda öz söwer oglunyň 100 ýaşynyň toýuny toýlady. Bir asyr! Bu az möhlet däl. Gaýgysyz Atabaýew bir asyrdan bäri öz halkynyň aňynda, ýüreginde ýaşamagyny dowam etdirýär. 1984-1987. (Allaýar Çüriýew. “Ýüregiň emri bilen”, Aşgabat, “Türkmenistan” neşirýaty, 1989) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |