09:46 Gaza genosidiniñ beren mümkinçilikleri | |
GAZA GENOSIDINIÑ BEREN MÜMKINÇILIKLERI
Publisistika
ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäherindäki "Azatlyk" heýkeliniñ öñünde miting geçiren "Parahatçylyk üçin jöhitleriñ sesi" toparynyñ mitinginden bir pursat / Fotosurat: AFP Gazada bütin dünýäniñ gözüniñ alnynda bolup geçýän gandöküşikli genosid dünýä jemgyýetçiligine ýaka tutduryşy ýaly, ýer ýüzünde adalatyñ berkarar edilmegi üçinem amatly mümkinçilikleri berýär. Bularyñ birem "güýçliñki hemişe dogrudyr" diýen pikiriñ doly çüýrükdiginiñ äşgär bolmagydyr. Braziliýadan Indoneziýa, Irlandiýadan Ýaponiýa çenli aralykda birnäçe ýurtda köçelere dökülen millionlarça adam hakyñ we adalatyñ tarapynda durup, bolgusyz "güýçliñki hemişe dogrudyr" pikirini zibile zyñdy we onuñ ýerine "kimiñki dogry bolsa, şol güýçlidir" prinsipini geçirdi. Şonuñ üçinem uruşyñ başlan badyna Ysraýyla hemmetaraplaýyn goldaw beren ABŞ ýaly birnäçe ýurt bolşuny üýtgetmäge ýa-da ýumşatmaga mejbur boldy. Gazanyñ ýüze çykaran başga bir hakykaty bolsa, "CNN", "BBC", "Fox", "Le Monde", "Der Spiegel" ýaly Günbataryñ öñdebaryjy metbugat organlarynyñ aýdyşylyşyñ tersine hakykatlaryñ däl-de, jöhit pulunyñ hyzmatyndadygyny äşgär etmegidir. Bular uruşyñ başyndan bäri "Ysraýylyñ özüni goramak hukugyndan" dem urup, on müñlerçe ýönekeý raýatyñ, gözmonjugy ýaly müñlerçe çaganyñ öldürilmegine goldaw berdi. Bu mediýa organlary öz jemgyýetçilikleriniñ pikirlerini-de ekrana we gazet sahypalaryna çykarman, gaýtam gönüden-göni genoside şärikdeşlik etdi. Sosial mediýa olaryñ ikiýüzliligini doly paş etdi. Mundan soñ hiç kimem "BBC", "CNN" ýa-da "Der Spiegel" ýaly metbugat organynyñ berýän habaryna ýa orta atan pikirine ynanyp barmaz, ynanaýanda-da ätiýaçly çemeleşip, habar berilen wakanyñ düýbüni başga çeşmelerden öwrenip, deñeşdirip görmek mätäçligini duýar. Günbatar mediýasy Gaza konfliktinde abraý taýdanam, ygtybarlylyk taýdanam düýpli ýara aldy. Şol bir wagtyñ özünde, emele gelen ýagdaý Gazadaky genosid palestin dawasyny bütin dünýäniñ iñ wawwaly meselesine öwürdi. Indi palestin konflikti Latyn Amerikadan Afrika, Taýlandiýadan Ýaponiýa çenli tutuş ýer ýüzünde ýüz millionlarça öýde gürrüñi edilýän we jedelleşilýän iñ esasy tema boldy. Şeýle hem Gaza genosidi Ysraýylyñ we onuñ arkasyndaky ýewreý kapitalynyñ dünýä üçin nähili howpludygyny ýüze çykardy. Gazada uruş başlan badyna BMG-nyñ baş sekretaryndan başlap "Golliwudyñ" aktýorlaryna, adybelli futbolçylardan ýazyjy-şahyrlara, alymlara çenli hakykatlary agzan kim bolsa, barsy ýewreý kapitaly tarapyndan gorkuzylmaga synanyşyldy, haýbat atyldy, hatda käbirleri işden kowuldy, at-abraýdan düşürildi. Dünýä jemgyýetçiligi indi arkasyna jüp urlan Ysraýylyñ we ýewreý kapitalynyñ gaññasyny başyndan aýlap urmalyfygyny duýdy. Ýewreý güýjüniñ biloñurgasy döwülmese, dünýä üçünji jahan urşy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Bu bolsa, ýadro ýaraglaryñ ýeten häzirki weýran edijilikli güýji göz öñüne tutulanda, planetamyzyñ soñy diýmekdir. Bütin dünýä Gazadaky genoside we weýrançylyga ünsüni dikdi, millionlarca öýde Gazadan başga zadyñ gürrüñi edilenok. Netijede Palestinada "iki döwletli çözgüt" üçin iñ amatly şert döredi. Dünýä jemgyýetçiliginiñ esasy ünsi konfliktiñ düýpli çözgüdine berilmeli. Şeýdilen ýagdaýynda ýetmiş bäş ýyllyk gangrenalaşan mesele ymykly çözülip, dünýäniñ asuda ýerleriniñ birine öwrüler. Gaza genosidi bilen Günbataryñ ikiýüzliligi, gözboýagçylygy, ýalançy kezzaplygy ýene bir gezek äşgär boldy. Amerikan, nemes, iñlis döwlet işgärleri we syýasatçylary Russiýanyñ Ukrainada ilatly punktlary bombalamasyny ýazgaran bolýardy we muny uruş jenaýaty hasaplaýardy, häzir mundan on esse beterini edýän Ysraýyly welin gol-ganat gerip gorajak bolýarlar. Bulam, Günbataryñ demokratiýa we adam hukuklary barada öñe sürýän prinsipleriniñ şertine we ýurduna görä üýtgeýändigini görkezýär. Elbetde, günbatarly liderleriñ özlerine peýda berjek ýerde demokratiýany we adam hukuklaryny galkan edip ulanýandyklary, dünýäniñ gözüniñ içine seredip ýalan sözleýändigi öñdenem bilinmeýän zat däl. Geçmişde munuñ onlarça mysalyny başdan geçirdik. Edil "Saddam Hüseýinde köpçülikleýin gyryş ýaraglary bar" diýip, ýalandan şerraýlaýyşlary ýaly. Şoñ üçinem Günbatar frontunda täzelik ýok. Biziñ bilýän hemişeki Günbatarymyz-da!.. Emma adam kämahal ýaramaz mysallary ýatdan çykaryp, geljege umyt bilen garasy gelýär. Gazanyñ äşgär eden ýene bir ýakymsyz hakykaty bolsa, yslam dünýäsiniñ dagynyklygy we bialaçlygy. Elli iki ýurtdan we bäş awtonom oblastdan ybarat yslam dünýäsi, hususanam arap dünýäsi şeýle bir dagynyk, şeýle bir bialaç welin, guk ýanynda bolup geçýän gyrgynçylyga demini çykaryp bilenok. Munuñ üçin uly güýçlerden goldawa we yşarata garaşýar. Yslam geografiýasy howpsuz we asuda ýaşasy gelýän bolsa, haýdan-haý bu dagynyklygyñ soñuna çykmaly, tebigy gorlaryny we pullaryny döwlet ýolbaşçylarynyñ, emirleriniñ we patyşalarynyñ bol-telki durmuşlaryny dowam etdirmegi üçin däl-de, halklarynyñ eşreti, ösmegi we kämilleşmegi üçin sarp etmeli. Ýogsam bolmasa, Yrakda, Owganystanda, Palestinada bolup geçýän tragediýalar beýleki musulman ýurtlaryñam başyna gelip biler. Jemläp aýdanymyzda, Gazada bolup geçen gandöküşlik we gyrgynçylyk dünýäniñ gyş ukusyndan oýanyp, ýer ýüzünde hak-hukugyñ we adalatyñ dikeldilmegi üçin amatly şert döretdi. Gazanyñ döreden mümkinçilikleri yrýa edilmeli däl. Ýogsam bolmasa, munuñ berjek zyýany dünýä üçin juda çökder bolar. Nämedir onuñ çökderligi diýýän bolsañyz, onam aýdaýyn: Çökderligi - Günbatar üçin öñküsinden has uly ikinji "11-nji sentýabr" terakty, dünýä üçin täze jahan urşy, yslam geografiýasy üçin täze okkupasiýalar we tragediýalar diýmekdir. Şonuñ üçinem hemmeler, ilkinji nobatda Ysraýyl bilen Günbatar bolup geçýän bu tragediýadan gerekli sapagyny almaly. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Sişenbe, 05.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |