14:37 Gazagystan 13-nji iýuly Ýas güni yglan etdi | |
GAZAGYSTAN 13-nji IÝULY ÝAS GÜNI YGLAN ETDI
Taryhda şu gün
Doganlyk Gazagystanyñ Prezidenti Kasymjomart Tokaýew koronawurus keseline ýolugyp aradan çykanlaryñ hormatyna şu gün - 13-nji iýul gününi döwlet derejesinde ýas güni diýip yglan etdi. Bütin dünýäni we Gazagystany gaplap alan koronawirus ýokanjyna ýolugan näsaglaryñ dünýä boýunça 12 milliondan we aradan çykanlaryñ 500 müñden geçendigini ýatladan K.Tokaýew emele gelen ýagdaýlaryñ barha çylşyrymlaşýandygynyny göz öñüne tutup, ilatdan yglan edilen iki hepdelik karantin düzgünlerine eýermeklerini towalga etdi. Koronawirusa garşy göreşde üstünlik gazanmak üçin halkyñ ätiýaçly hereket etmelidigini nygtan Tokaýew wirusyñ ýurtda ýaýylmazlygy ugrunda berk çäklendirmeleri girizendigini we kem-kemden üstünlik gazanylýandygyny, emma karantin şertlerine gatlaklaýyn çaprazlyklar we geleñsizlikler netijesinde gynandyryjy ýagdaýlaryñ emele gelendigini aýtdy. Saglygy goraýyş ministrliginiñ öñki ýokary ýolbaşçylar düzüminiñ we welaýat häkimleriniñ sistematik ýalñyşlyklary netijesinde koronawirus tolkunynyñ artandygyna ünsi çeken K.Tokaýew 5-19-njy iýul aralygynda dowam etjek karantin günlerinde ilkinji nobatda ýagdaýlaryñ gidişini berk gözegçilik astyna almagy meýilleşdirendiklerini we ikinji tolkuna taýýarlyk işleriniñ gyzgalañly dowam edýändigini belläp geçdi. Ýagdaýyñ durnuklaşmagy üçin hemme taýýarlygyñ görlendigini we ilata öz ýaşaýan öýünde saglyk hyzmatyny etmeklik maksady bilen dört ýüz mobil toparyñ döredilendigini, toparlaryñ sanynyñ aýyñ ahyrynda 3 müñ 500-e ýetiriljekdigine ünsi çeken K.Tokaýew hassahanalardaky palatalaryñ sanyny artdyrmak üçin işleriñ alnyp barylýandygyny, netijede 70% artan palata sanynyñ 43 müñe çykarylandygyny aýratyn nygtady. Çet raýonlarda ýaşaýan ilaty-da gözden salman, 20 PCR analizor satyn alynandygyny we sekiz mobil PCR merkeziniñ hyzmata girizilmegi bilen gündelik test görkezijisiniñ 40 müñe ýetirilendigini bellän K.Tokaýew ýetmezçilik edýän derman serişdeleriniñ we lukmançylyk enjamlarynyñ alynmagy üçin 150 milliard teññe bölünip aýrylandygyny mälim etdi. Ilkinji nobatda jemgyýete aralaşan howsala howasynyñ giderilmeginiñ möhümdigini nygtan K.Tokaýew halkyñ kyn ýagdaýyndan peýdalanmaga synanyşýanlara, derman-därileriñ nyrhyny ýokarlandyrýanlara, halkyñ arasyna agzalalyk salýanlara we sosial mediýa arkaly ýalan habar ýaýradýanlara garşy berk temmi çäreleriniñ ulanyljakdygyny aýratyn nygtady. Gazak halkynyñ taryhyñ dürli döwürlerinde başyna inen kynçylyklary aşyp geçendigini buýsanç bilen bellän K.Tokaýew agzybirlik we jebislik bilen bu kyn döwrüñ synagyndan üstünlik bilen geçiljekdigine umyt bildirdi. Taýýarlan: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |