14:32 Gazagystan gülleýär | |
GAZAGYSTAN GÜLLEÝÄR
Bulut çöken Alatawyñ teýiniñ Dereleri, baýyrlary ㅡ ne gözel! Şaglap akýan daşly bulak boýunyñ Görnüşleri, almalary ㅡ ne gözel! Almatanyñ şeýle gözel dagy bar, Giñ şäheri dagyndan-da gözelräk: Köçesinde deregi bar, bagy bar, Medeniýeti bagyndan-da gözelräk. Akademiýa. Uniwersitet. Opera... Satpaý, Muhtar, Sabit deýin goçaklar... Dünýä meşhur bu gün Jambylyñ nesli ㅡ Abaý ylma ündän bolsa bir çaklar. Karaganda. Balhaş ㅡ senagat öýi, Gazagystan magdanlara baý ülke. Ýylky, goýun sansyz ㅡ sährasy oýy, Galla ㅡ Garagumdan az däldir, belkä. Bir ýany Hytaýdyr, bir ýany Sibir, Garabogazköle çenli bir ýany. Gazak gardaşymdyr, ganym-janym bir, Meniñkä çalm edýär tulpary, dony. Goja akyn tamdyrasyn çalanda, Geçmişden zeýrenen tary iñleýär... Küleş sahna doly owaz salanda, Gazak sungatyny jahan diñleýär. Ylym sili joşup tolkun uranda, Ägirt senagatda polat gaýnaýar. Gazak ýigdi burawyny buranda, Gazak gyzy Pragada oýnaýar. Siziñ beýik ýeñişiñiz biziñki, Bizem siziñ sesiñize ses goşýas, Güllesin ülkämiz ㅡ hemmämiziñki, Garagumyñ kanalyna baş goşýas. Pagtadan, baglardan dolar giñ çöller, Öwşün atar ülkämiziñ bezegi. Şondan soñra turmaz tozanly ýeller, Gülli garşylarys gardaş gazagy. Baýramyñyz gutly bolsun, dost-ýarlar, Toýuñyza, şatlygñyza mydam şat! Gazak ülkesini gaýduwsyz ärler, Her ýyl, her günsaýyn edýärler abat! Berdi KERBABAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |