11:26 Gazagystanda koronadan saplananlaryñ sany 30 müñden geçdi | |
GAZAGYSTANDA KORONADAN SAPLANANLARYÑ SANY OTUZ MÜÑDEN GEÇDI
Medisina
Gazagystanyñ Saglygy goraýyş ministrligi koronawirusa ýolugyp, soñra sagalanlaryñ sanynyñ 31.815-e ýetendigini mälim etdi. Ministrlik tarapyndan mälim edilen maglumatlara salgylansañ, şu ýylyñ 9-njy iýulynda ýurtda 1.726 täze görnüşli koronawirus wakasy hasaba alynypdyr, ýurtda jemi hasaba alnan waka 54.747, aradan çykanlaryñ sany bolsa 264. ■ Gazak hökümeti Hytaý metbugatynyñ habarlaryny ýalanlaýar Ministrlik aýratynam Hytaýdaky käbir metbugat serişdelerinde Gazagystanda koronawirusdan has howply pnewmoniýa wakalarynyñ artýandygy barada çykan habarlaryñ ýalandygyny aýtdy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) Kesel kodlary boýunça klassifikasiýasyna görä, "ICD-10" pnewmoniýa kesgitlemesiniñ "CVI" kliniki ýa-da epidemologik taýdan ýiti täsirlenýän öýkenleriñ buzly kristal simptomy kesgitlemesi goýlanda, onu-da laboratoriýa tassyklamadyk bolsa, bu klassifikasiýa degişli edilendigini aýdýan ministrlik Gazagystanyñ hem edil beýleki dünýä ýurtlary ýaly koronawirus infeksiýasynyñ insidensiýasyny we prewalansyny (mediko-statistiki görkezijileri) stabilizasiýalaşdyrmak maksady bilen bular ýaly görnüşdäki pnewmoniýa wakalaryna ýakyndan gözegçilik edýändigini we hasaba alýandygyny aýtdy. ■ Statistiki maglumatlar koronawirus wakasyny gazak welaýatlaryna görä, şeýleräk görnüşde berýär: Nur-Sultan: 6357 Almaty: 6895 Çimkent: 3769 Akmola welaýaty: 1581 Aktöbe welaýaty: 1988 Almaty welaýaty: 2939 Atrau welaýaty: 7150 Gündogar Gazagystan welaýaty: 2547 Jambyl welaýaty: 1971 Günbatar Gazagystan welaýaty: 3699 Garaganda welaýaty: 5790 Kostanaý welaýaty: 1435 Gyzylorda welaýaty: 1578 Mañgyşlak (Mangıstau) welaýaty: 1794 Pawlodar welaýaty: 1616 Demirgazyk Gazagystan welaýaty: 1532 Türküstan welaýaty: 2106. Şu ýylyñ 16-njy martyndan 15-nji apreline çenli yglan edilen we ikinji gezek uzaldylan adatdan daşary ýagdaý 11-nji maýda ýatyrylypdy. Gazak hökümeti kabul eden kararlary bilen 5-19-njy iýul aralygynda güýçlendirilen karantin yglan etdi. Taýýarlan: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |