09:51 Geçirdiñ Halyfy Bagdat tagtyna... | |
GEÇIRDIŇ HALYFY BAGDAT TAGTYNA...
Taryhy makalalar
• Abbasy halyflarynyň türkmen serkerdeleri hakynda söhbet Bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň şanly geçmişiniň möhüm döwürleriniň biri musulman ymmatynyň taryhy bilen baglanyşykly. Oguz han Türkmeniň taňryçylyk we ýekehudaýlylyk ynançlaryna eýeren türkmenler Yslamyň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Hezreti Muhammet Aleýhyssalam tarapyndan esaslandyrylan we «halyfat» diýlip atlandyrylan ägirt uly musulman döwletiniň 1293 ýyllyk taryhynyň (630-1923) 1110 ýyly (813-1923) türkmen taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Yslamyýetiň şunça ýyllyk taryhynda, birä Muhammet Pygamberiň kowumdaşlary (630-1517), birem Oguz han Türkmeniň nesilleri bolan osmanly türkmenler bütin dünýäniň musulmanlaryna halyflyk etdiler (1517-1923). Bu hakykat türkmen taryhynyň hem, Yslam taryhynyň hem buýsançly wakasydyr. VII asyryň ortalarynda Yslam siwilizasiýasynyň ýüze çykmagy, adamzat taryhynyň ösüşine aýgytly täsir eden möhüm waka boldy. Muhammet Pygamberiň Mekgede başlan öwüt-nesihatlary täze bir diniň ýüze çykmagynyň esasyny goýman, eýsem ol dünýä taryhynda täze bir eýýamyň hem başyny başlady. Eýýäm, birnäçe ýyl geçenden soň kemala gelen ilkinji musulman jemagaty, Muhammet Pygamberiň baştutanlygynda Arabystan ýarym adasynda özüni täze bir syýasy hem-de ruhy güýç hökmünde tanadyp başlady. Muhammet Pygamberiň başlan mukaddes işleriniňiň üstünligi köp babatda, onuň özünden öňki Haka sygynan Pygamberleriň yzyny dowam etdirmegi bilen bagly boldy. Muhammet Pygamberiň hyzmatlary bilen kemala gelen täze jemgyýetiň häsiýetli aýratynlygy, onuň Arabystanyň butparaz taýpalaryna, soňra bolsa dünýäniň ençeme halklaryna ýeke-täk Hudaýa bolan mukaddes ynanja esaslanýan ösen medeniýeti, aň-bilimi, ýokary depginli kämil ykdysady ösüşleri getirenligi bilen baglanyşyklydyr. Yslam hereketi ýüze çykyp, birnäçe wagt geçenden soň, Medinede ilkinji musulman döwleti kemala gelýär. Bu döwletde adamlaryň gelip çykyşyna, emläk ýagdaýyna, milletine, diline, ýüz keşbine garamazdan, Beýik Allanyň öňündäki deňligi yglan edilýär. Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş kanunlary bilen bir hatarda, yslamyň öňe süren ruhy taýdan kämillik we päkize ahlaklylyk ýaly ýörelgeleriniň, ynsan synasynyň arassalygy baradaky talaplarynyň hem uly ähmiýeti boldy. Musulman dünýäsiniň taryhynyň 700 ýylyny öz içine alýan IX-XII, şeýle hem XIV-XVI asyrlary yslam taryhynda şöhratly döwür hasap edilýär. Çünki bu döwürde musulman ymmaty, türkmen halkynyň hyzmaty bilen ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň hem-de öndüriji güýçleriň ösüş derejesi boýunça Ýer togalagynyň beýleki sebitlerinden öňe geçdi we şol döwürde dünýäniň ähli ugurlar boýunça ösüşini kesgitledi. Yslam taryhynyň ýokarda görkezilen döwürleri, türkmen taryhynyň hem şöhratly asyrlary bolup durýar. Sebäbi başky döwürlerde Yslam dünýäsiniň ykbaly oguzlaryň-türkmenleriň, soňra bolsa halkymyzyň şöhratly hanedanlary bolan gaznaly, seljukly hem-de osmanly soltanlarynyň gerdenine düşdi. Öňden hem Oguz hanyň taňryçylyk-ýekehudaýlylyk dünýägaraýyşlaryna eýeren türkmenler yslam dininiň rowaçlanmagynda, onuň dünýäniň iň täsirli hem-de kuwwatly din hökmünde orta çykmagynda uly hyzmatlary görkezipdirler. Türkmenler yslam dinini IX asyrdan güýçlenip ugran içki oňşuksyzlyklardan, mezhepler arasyndaky dawalardan, musulman dünýäsiniň içinden dörän dine garşy hereketlerden, döwlete garşy guralan köpsanly topalaňlardan halas etdiler, haçparazlaryň Gündogara garşy amala aşyran ençeme hüjümleriniň öňüni aldylar, şeýdibem Yslam dünýäsini jahanyň durmuş-ykdysady we syýasy taýdan iň kuwwatly güýjüne öwürdiler. Musulman dünýäsinde türkmenleriň at-abraýy aýratyn hem IX asyrdan başlap artyp ugrapdy. Sebäbi yslam dünýäsini edara edýän abbasy halyflarynyň gowuşgunsyzlygy zerarly, ägirt uly musulman döwleti gowşap ugraýar, onuň aýry-aýry ýerleri bölünip, garaşsyz döwletler ýüze çykyp başlaýar. Araplar tarapyndan esaslandyrylan musulman döwletiniň taryhynda birnäçe döwürler boldy. Şolaryň biri-de, Muhammet Pygamberiň agasy Abbasyň nesilleri tarapyndan dolandyrylan we 500 ýyllap dowam eden abbasy halyflarynyň höküm süren (750-1258) asyrlarydyr. Abbasylar VIII asyryň ortalarynda Türkmenistanyň ýerinde bolup geçen uly jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň netijesinde häkimýet başyna gelipdiler. 747-nji ýylda Merwde araplaryň omeýýalar neslinden (661-750) bolan halyflaryna garşy başlan hereketiň netijesinde, 750-nji ýylda täze nesilşalyk – abbasylar häkimýet başyna geldi. Şonuň üçin hem, «Abbasy halyflarynyň göbegi Merwde kesilendir» diýlip, arap ýurtlarynda ir döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän gürrüňler taryhy hakykatdyr. Arap hökümdarlary Merkezi Aziýany eýeleýän döwürlerinde Tarhan Nizek, Suly han ýaly oguz serkerdeleriniň ýiti garşylygyna sezewar bolupdyrlar. Türkmenler araplaryň çozuşlaryna garşy jogap ýörişlerini hem geçirýärdiler. Arap taryhçylarynyň şaýatlyk etmegine görä, 764-nji ýylda türkmen serkerdesi As Tarhan al-Huwarizmi (Horezmli) Hazar deňziniň günbataryndan halyflygyň Kawkazdaky mülklerine ýöriş geçiripdir we Häzirbegjany, Ermenistany alyp, Gürjüstanyň paýtagty Tbilisini eýeläpdir. Halyf al-Mansur (754-775) türkmenleriň garşysyna uly ýygyn iberipdir. Emma halyf goşunlary derbi-dagyn edilipdir we Bagdada tarap yza çekilipdir. Basylyp alnan ýerlerde birnäçe wagt bolanlaryndan soň, As Tarhanyň baştutanlygyndaky goşunlar yzyna dolanypdyrlar. Harun ar-Reşidiň (787-810) dolandyran ýyllary abbasylar halyflygynyň iň kuwwatly döwri hasaplanýar. Ol örän başarjaň syýasatçy, edermen serkerde, meşhur döwlet işgäri bolupdyr. Şonuň üçin hem Harun ar-Reşidiň ady Orta asyrlaryň tanymal şahsyýetleriniň hatarynda tutulýar. Gündogar halklarynyň edebiýatynda, halk döredijiliginde onuň ady ymykly orun alypdyr. Harun ar-Reşit ýaş wagtlary, kakasy al-Mätiniň (775-786) goşunlaryna serkerdelik edip, oguzlara-türkmenlere hem-de wizantiýalylara garşy alnyp barlan uly uruşlara gatnaşypdyr. Horasanda, Horezmde, Sogdakda, Balhda, Gurda, Seýistanda, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ýaşaýan türkmenlere garşy uruşlarda beýleki arap hökümdarlary ýaly, Harun ar-Reşit hem olaryň gözsüz batyrlygy, mertligi, söweşjeňligi we ugurtapyjylygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Şonuň uçin hem bu ülkeler halyflygyň düzümine gutarnykly goşulandan soň, ol türkmen ýigitlerini goşun we köşk gullugyna göwünjeňlik bilen alypdyr. Ýöne, türkmen ýigitlerinde ýokary derejedäki söweş endikleri bilen bir hatarda, olaryň örän dyzmaç hem-de boýunegmezek häsiýetleri-de bardy. Halyflar uruşlarda ýesir düşen türkmenleri hem goşunçylyga alýardylar, olara ýokary harby wezipeleri ynanýardylar. Olaryň has başarjaňlaryny gowy ylym-bilim berip, raýat wezipelerinde hem giňden ulanýardylar. Türkmenlerden düzülen goşunlar halyflaryň häkimiýetini we olaryň şahsy howpsuzlygyny gözsüz batyrlyk bilen goraýardylar. Bagdatly halyflar türkmen nökerlerini şäher durmuşyna imrindirmezlik maksady bilen, olaryň dogup-döräp kemala gelen dogabitdi hüý-häsiýetleriniň üýtgemezligi üçin, olary öz milletinden bolan gyzlara öýlendirýärdiler. Şeýdip olary halyflygyň düzümine girýän Gündogaryň beýleki halklaryndan üzňelikde saklamaga çalyşýardylar. Şonuň üçin hem halyflar oguz sähralaryndan türkmen gyzlaryny topar-topar edip getirip, öz türkmen nökerlerini öýlendirýärdiler. Şol türkmen nökerlerinden we olaryň nesillerinden soňra meşhur serkerdeler, welaýat emirleri, wezir-wekiller, ilçiler, şahyrlar, alymlar hatda özbaşdak döwlet döredip bilen güýçli hökümdarlar hem ösüp ýetişipdir. Elbetde, türkmen ýigitleri halyflygyň paýtagty Bagdada gelip, düýbünden täze bir durmuşa öwrenişmeli bolýardylar. Bu ýerde oguz sähralarynda höküm sürýän däp-dessurlar, edim-gylymlar, kanunlar, edep kadalary ýokdy. Aldawçylyk, ikiýüzlülik, talaňçylyk, dönüklik etmek, hazyna ogurlygy ýaly ýaramaz gylyklary bilmeýän, türkmen sährasynyň päkize ruhly edermen ýigitlerine, birbada köşk durmuşyna öwrenişmek juda kyn düşýärdi. Kähalatlarda, olar halyf köşgüniň syýasy oýunlaryna, begzadalaryň hile-pirimlerine, türkmen üçin kabul edip bolmajak edep we ahlak kadalaryna garşy durmalam bolýardylar. Şonuň üçin hem türkmen serkerdeleriniň arasynda halyflaryň, olaryň arap-pars wezir-wekilleriniň syýasy oýunlarynyň, hile-pirimleriniň pidasy bolanlary-da bar. Halyflar türkmen nökerleridir serkerdelerini ýerli halklar bolan araplardan we parslardan üzňelikde ýaşadýardylar. Al-Ýakubiniň (IX a.) ýazmagyna görä, IX asyrda türkmenler döwletiň paýtagty Bagdat şäheriniň «al-Harbiýa» («Harbylar») mähellesinde ýaşaýardylar. Türkmen harbylarynyň ýaşaýan mähelleleri halyflygyň Samarra, Kirkuk we Mosul şäherlerinde-de bolupdyr. Bagdatda türkmen täjirleri hem ýaşaýar eken. Olar esasan şäheriň «al-Balhiýa» mähellesinde mesgen tutupdyrlar. Harun ar-Reşidiň döwründen başlap halyflar, şeýle hem Bagdat köşgüniň abraýly begzadalary asylly türkmen gyzlaryna-da öýlenip ugrapdyrlar. Sebäbi türkmen gözellerinden bolan ogullar gelşikli, akylly we gözsüz batyr esgerler, serkerdeler we hökümdarlar bolup ýetişýärdiler. Şonuň üçin hem abbasylar neslinden bolan halyflaryň ençemesi türkmeniň asylzada gyzlaryndan bolan hökümdarlardyr. Harun ar-Reşidiň Zübeýda atly arap aýalyndan başga-da, Marajal atly horasanly aýaly hem bar eken. Marajal Hanym bir döwürde Merwi abbasy halyflygynyň paýtagtyna öwren Abdylla al-Mamunyň ejesidir. Halyfyň beýleki ogly Muhammet al-Aminden tapawutlylykda, Mamun edenli hem-de akylly ýigit bolup ýetişipdir. Emma Harun ar-Reşit, Zübeýda Soltanyň täsiri bilen, köşk adamlarynyň nägileligine garamazdan, Amini mirasdüşer, Mamuny bolsa ikinji mirasdüşer düşer diýip yglan edipdir. Ýöne, Harun ar-Reşit, hamana Aminiň ýagdaýyny öňünden duýan ýaly, Mamuna-da giň hukuklary wesýet edipdir. Wesýet boýunça, Mamun halyflygyň iň möhüm welaýaty, merkezi Merw şaheri bolan Horasanyň hem-de Reýiň emiri dýlip yglan edilipdir. Halyf hökmünde Aminiň, dogany Mamunyň içki işlerine gatyşmaga hukugy bolmandyr. Kakalarynyň wesýeti bilen halyfyň ogullary razylaşypdyrlar we bu barada mukaddes Käbede ähtnama galdyrypdyrlar. Emma halyf bolandan soň, Amin (810-813) ähdinden dänipdir we ogly Musany mirasdüşer diýip yglan edip, Mamunyň tagta bolan hukugyny bolsa kesipdir. Amin tebigaty boýunça keýpi-sapany, aw etmegi, hebeşi gyzlarynyň aýdymdyr tanslaryna tomaşa etmegi söýýän, ukypsyz hökümdar bolupdyr. Mamun Horasanyň merkezi Merw şäherini hem-de özüne degişli beýleki ýerlerde häkimýetini berkidipdir we doganynyň hüjümlerine taýýarlyk görüp ugrapdyr. Üç ýyllap alnyp barlan uruşlaryň netijesinde, Mamun häkimýeti Aminiň elinden almagy, gowşap ugran döwleti ýaňadandan berkitmegi başarypdyr. Şeýlelijkde, Mamunyň (813-833) ýigrimi ýyl dowam eden hökümdarlygynyň başky sekiz ýylynda (813-821), Merw ägirt uly abbasy halyflygynyň paýtagtyna öwrülipdir. Dogany bilen, şeýle hem Wizantiýa bilen alnyp barlan söweşlerde Mamun halyflygyň araplardan we parslardan düzülen goşunlarynyň söweş ukyplarynyň gowşandygyna göz ýetiripdir. Araplar eýýäm söweşmek islemeýärdiler, sebäbi olaryň agramly bölegi şäherlerde bolelin durmuşda, zynat içinde ýaşaýardylar. Ýönekeý arap esgerleri hem emläk edinmegiň küýünde bolup, goşunda gulluk etmek islemeýärdiler. Halyflygyň uly milletleriniň biri bolan parslar hem edil şeýle ýagdaýdadylar. Şol sebäpden hem Mamun goşuny we köşk goragçylaryny döwletiň gyrak-çetlerinde ýaşaýan, söweşjeň türkmen ýigitlerinden düzmekligi karar edýär. Bu möhüm wezipe halyfyň inisi, tagtyň mirasdüşeri, döwletiň baş serkerdesi, türkmen gyzyndan doglan al-Mutasime tabşyrylypdyr. Amin bilen Mamunyň häkimýet ugrundaky göreşlerinden abbasylaryň garşydaşlary peýdalanypdyrlar. Bu döwürler abbasy halyflarynyň şaýylar, karmatlar, haryjylar ýaly içki garşydaşlary bardy. Abbasy halyflygyny aýratyn hem IX asyryň başlarynda ýüze çykan «gyzyl hürremileriň hereketi» diýlip atlandyrylan, yslam dinine garşy akym heläk edýärdi. Gyzyl hürremiler, olaryň häzirbegjanly alban milletinden bolan serdary Babek emlägiň we we aýal-gyzlaryň ortalyk bolmagy hakyndaky ahlaksyz garaýyşlara eýerýärdiler. Babegiň esaslandyran bu hereketi, ir döwürlerde ýaşap geçen pygamberler hasap edilen Man bilen Mazdagyň döreden maniheýçilik-mazdakçylyk hereketleri bilen baglanyşyklydyr. Gyzyl hürremileriň hereketi bu akymlaryň täze döwürde ýüze çykan görnüşidi. Gyzyl hürremileriň hereketi halyflyga uly howp salýardy. Eger-de haýdan-haý çäresi görülmese, Eýranyň, Yragyň we bütin Kawkaz ülkesiniň abbasy halyflygynyň düzüminden çykmagy, halyflygyň Merkezi we Günorta Aziýa bilen arasyny bölmegi mümkindi. Olaryň garşysyna Mamun hem , onuň inisi al-Mutasim (833-843) hem, yzygider ýörişleri geçiripdir. Emma Babege halyfyň goşunlaryny ençeme ýola ýeňmek başardypdyr. Al-Mutasimiň Dolanaý Beg, Meňli Çör, Beýik Buga, Aşnas at-Türki, Afşin at-Türki, Hammad at-Türki, Ahmet at-Türki, Abu as-Caç atly meşhur türkmen serkerdeleri bolupdyr. Ahyrsoňy, halyf al-Mutasimiň şöhratly türkmen serkerdeleri Beýik Buga, Aşnas at-Türki, Afşin at-Türki, Abu as-Caç dagy Babegiň goşunlaryny derbi-dagyn edip, onuň Häzirbegjandaky galalaryny eýeläpdirler we onuň özünem ýesir alypdyrlar. Abbasy nesilşalygynyň onunjy wekili al-Mütewekgiliň (847-861) döwründe Bagdat köşgündäki türkmen serkerdeleriniň täsiri has hem güýçlenipdir. Mütewekgiliň gowşaklygy sebäpli halyflygyň dürli ýerlerinde döwlete garşy çykýslar dowam edýärdi. Häzirbegjanda turan topalaňa al-Buweýs baştutanlyk edipdir. Halyfyň dikmesi Muhammet ibn Hatam topalaňy basyp ýatyrmagyň hötdesinden gelip bilmändir. Şonuň üçin hem halyf Häzirbegjana edenli türkmen serkerdesi Tegin Buga aş-Şerabyny iberipdir. Tegin Buga topalaňçylaryň esasy güýçlerini gabap, onuň ýolbaşçylaryny ýesir alypdyr. Döwlet üçin aýratyn hem Ermenistanda we Gürjüstanda turan topalaňlar howply bolupdyr. Sebäbi olary Wizantiýa goldaýardy. Şonuň üçin hem halyf Mütewekgil, serkerde Tegin Bugany Ermenistana iberipdir. Ol gozgalaňy basyp ýatyrypdyr, Ermenistanda tertip-düzgüni ýola goýup, Gürjüstanyň paýtagty Tbililisini eýeläpdir. 857-nji ýylda Mütewekgil Tegin Bugany Wizantiýanyň garşysyna-da ugradypdyr. Sebäbi grekler halyf goşunlarynyň Ermenistandaky we Gürjüstandaky topalaňlary basyp ýatyrýanlygyndan peýdalanyp, halyfyň Yrakdaky we Siriýadaky mülklerine çozupdyr. Netijede, türkmen serkerdeleriniň iki ýylyň dowamynda alyp baran uruşlarynyň netijesinde, grek goşunlary basyp alan ähli ýerlerinden kowlup çykarylypdyr. Türkmen serkerdelerini we nökerlerini ulanmak bilen halyflar köp syýasy hem-de harby meseleleri cözýärdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen halyflar, kem-kemden özleriniň türkmen harbylarynyň täsirine düşüp, olarsyz bir mesele-de çözüp bilmändirler, olaryň islendik talaplaryny berjaý etmäge mejbur bolýardylar. Üstesine-de, tagtyň mirasdüşerleri bolan şazadalaryň hem ählisi, ýaşlygyndan atabegler hökmünde, türkmen harbylary tarapyndan terbiýelenilýärdi. Türkmenler olaryň iň başarjaňlaryny tagta getirýärdiler, dolandyryşdan başy çykmaýan, ýurtda bulaşyklyga ýol berýän halyflary, haýal etmän agdarýardylar. Şundan soň döwletde halyflary tagta çykarmaklyk türkmen serkerdeleriniň eline geçdi. Şonuň üçin hem 861-946-njy ýyllar aralygynda höküm süren 12 halyfyň ählisi türkmenler tarapyndan bellenilipdir. Halyf Mütewekgil hem şeýle hökümdarlardan bolup çykdy. Ukypsyzlygy üçin 861-nji ýylda ony agdaryp, ýerine ogly al-Muntasiri (861-862) belleýärler. Türkmen begzadasy al-Fath ibn Hakan onuň baş weziri bolupdyr. Al-Muntasirden soň agasy al-Mustaýin (862-867) halyf bolýar. Onuň dolandyran ýyllarynda belli türkmen serkerdeleri Atamyş han, Wasif al-Ahwaz baş weziriň, Kiçi Buga bolsa baş serkerdäniň wezipesini eýeläpdirler. Halyf al-Mutazyň (867-870) dolandyran ýyllarynda Musa ibn Beýik Buga görnükli serkerdeleriň biridi. Mutazyň döwründe Hemedanda halyfa garşy uly topalaň turýar. Emma Musa ibn Beýik Buga gozgalaňy basyp ýatyrypdyr. Musa beg 869-njy ýylda Kazwinde turan topalaňy hem basyp ýatyrýar. Abbasy halyflarynyň häkimýetine howp salýan dini-syýasy güýçleriň biri-de, haryjylaryň hereketidi. Şonuň üçin hem halyf al-Muhtadi (870-871) türkmen serkerdeleri Musa ibn Beýik Bugany, Baý Gabak hany we Muflih hany haryjylaryň garşysyna iberýär. Emma bu serkerdeler örän özdiýenli adamlar bolupdyrlar. Halyf al-Muhtadi boýun egmeýänlgi üçin, hile-pirim ýoly bilen Baý Gabagy öldürdipdir. Emma hökümdaryň bu hereketi türkmen esgerleriniň gahar-gazabyny döredipdir. Olar halyfyň dogany al-Mutamidi (871-892) häkimýete getiripdirler, hilegär halyf bolsa, öz guran duzagyna düşüpdir. Türkmen serkerdeleri 15 ýyllap (870-885) dowam eden «zinjileriň» ägirt uly topalaňyny hem basyp ýatyrypdyrlar. Zinjileriň asly Gündogar Afrikadan getirilen hebeşi gullar bolup, olar örän kän eken. Türkmenleri goşun gullugyna alyşlary ýaly, halyflar daýhançylyk etmek islemeýän araplaryň ýerine, şeýle hem köşk hyzmatkärleri hökmünde ulanmak üçin, Afrikadan müňlerçe hebeşi gullary sürüp getirýärdiler. Soňa baka gullaryň sany artyp, olar döwletiň içki howpsuzlygyna-da uly zeper ýetirip başlaýarlar. Olar döwlete garşy uly gozgalaňlary turzup, asuda oturan ilaty talap, sütem edip, ençeme şäherlerdir obalary ýakyp-ýandyrypdyr. Zinjilere garşy uruşlarda Muflih serkerde wepat bolupdyr. Emma onuň goşunlary, pitneçileriň uly toparyny derbi-dagyn edipdir. Pitneçilere garşy uruşlarda Baýyk Beg, Muflih hanyň ogly Abdyrahman ibn Muflih, Musa ibn Beýik Buga, Yshak ibn Gannaç, Ywraým ibn Sima, Muhammet Akguş, Ahmet Ýarjyk ýaly türkmen serkerdeleri aýratyn tapawutlanypdyrlar. Wasit, Ahwaz, Al-Meniýa, Al-Mansuriýa ýaly, Eýran bilen Yragyň uly şäherleri yzyna gaýtarylyp alnanda, olja alnan 15 müňden gowrak musulman aýallary, garrylar, oglan-uşaklar zinjileriň zulmundan azat edilipdir. Bu döwürde halyf al-Mutadit (892-902) hökümdarlyk edýärdi. Ol şu döwürleriň iň edenli hökümdarlarynyň biri hasaplanylýar. Belli gündogarşynas alymy A. Alyzadanyň ýazyşy ýaly, «owadanlygy bilen üýtgeşik şöhrata eýe bolan türk[men] gözeli Çiçek» al-Mutaditiň aýaly bolupdyr. Halyf al-Muktafy (902-908) türkmen gyzy Çiçekden bolan hökümdardyr. Al-Muktafi aradan çykandan soň, onuň ýerine al-Mutaditiň beýleki bir türkmen aýaly Garypdan bolan 13 ýaşly ogly al-Muktadir (908-920) halyf diýlip yglan edilýär. Bu ýyllar halyflygyň goşunlaryna Beg Jem, Tuguç beg, Gur Tegin, Salyr Marzban ýaly gaýratly türkmenler serkerdelik edýärdiler. Gürrüňi edilýän döwürde türkmen serkerdeleri birňäçe özbaşdak döwletleri hem gurupdyrlar. Olaryň iki sanysy Müsürde gurlupdyr. Ol döwletler abbasylar köşgüniň başarjaň türkmen serkerdesi Dolanaý Begiň (arap çeşmelerinde «Tulun») ogly Ahmet ibn Tulun tarapyndan Müsürde gurlan Tulunylar (868-905) hem-de Muhammet ibn Tugujyň esaslandyran Ihçidiler (935-969) döwletleridir. Tulunylar döwletiniň ikinji soltany Humarawaýh halyf al-Mutamit (871-892) bilen gowy gatnaşyklaryň edipdir. Humaraweýhiň gyzy Katrunneda Hanym halyf al-Mutamidiň aýalydyr. Abbasy halyflygynyň döwründe türkmen serkerdeleri Häzirbegjanyň hem-de Ermenistanyň ýerlerini öz içine alan iki sany özbaşdak döwletleri gurmagy hem başarypdyrlar. Olar Sajylaryň (889-941) we Salyrlaryň (931-981) döwletleridir. Sajylaryň döwletiniň ady, halyfyň köşgünde uly wezipeleri eýelän meşhur türkmen serkerdesi Abu as-Saçyň («saç», «saçly» manylarynda) ady bilen baglanyşyklydyr. Bu döwletiň ady, arap ýoýulmasynda «as-Sajy» görnüşinde duş gelýär. As-Saç Babegiň gozgalaňynyň gidýän döwründe, halyf tarapyndan Häzirbegjana iberilipdir we beýleki türkmen serkerdeleri bilen birlikde, gozgalaňyň basylyp ýatyrylmagynda, Babegiň ele salynmagynda uly hyzmat görkezipdir. Ol dürli ýyllarda Kufanyň (Yrakda), Halabyň (Siriýada), Ahwazyň (Eýranda) emiri bolupdyr. 875-nji ýylda as-Saç aradan çykandan soň, halyf onuň ogly Öwez Muhammedi (çeşmede – Awýaz Muhammet) Häzirbegjanyň, Jebeliň (Yragyň demirgazygy) we Ermenistanyň emiri edip belläpdir. 888-nji ýylda onuň inisi Ýusup häkimýet başyna gelýär. Bir ýyl geçenden soň, Ýusup as-Saç özbaşdaklygyny yglan edipdir. Dürli ýyllarda döwletiň paýtagty Häzirbegjanyň Maraga, Ardebil we Genje şäherleri bolupdyr. X asyryň 30-njy ýyllarynda Häzirbegjan bilen goňşuçylykda, Hazar deňziniň günortasynda ýerleşýän Deýlemistan güýçlenip, bu ýerde Salyrlaryň döwleti ýüze çykýar. Döwletiň ady emir Salyr Marzban ibn Muhammediň ady bilen baglanyşyklydyr. Salyr Marzban Deýlemistanyň Şamiran galasynyň emiri eken. Onuň ogly Muhammet bolsa, bu ülkäniň Tarim galasyna häkimlik edipdir. Ol Salyrlar nesilşalygynyň tarim şahasyny esaslandyrypdyr we bu döwlet 1065-nji ýyla çenli, onuň ýerleri seljuklar tarapyndan eýelenilýänçä ýaşamagyny dowam etdiripdir. Salyr Marzban edenli hökümdar eken. Ol 941-nji ýylda Häzirbegjana ýöriş geçirip, bu ýerdäki as-Sajylaryň türkmen döwletinde häkimýeti bikanun eýelän gul Deýsam ibn Ywraýymy ýeňipdir we Häzirbegjany Salyrlaryň döwletiniň düzümine goşupdyr. 981-nji ýylda halyfyň goldamagynda, araplar Salyrlaryň türkmen döwletiniň Häzirbegjandaky, Deýlemistandaky we Ermenistandaky ýerlerini eýeläpdirler. Türkmenleriň Müsürdäki Ihçidiler döwletiniň döwründe, abbasy halyflygynda parslaryň Büweýhiler neberesiniň häkimýeti güýçlenipdir. Halyf al-Mustakfi (945-946) döwletiň syýasy durmuşynda türkmen serkerdeleriniň täsirini peseltmek maksady bilen, Büweýhiler neberesinden bolan üç dogany öz tarapyna çekýär we olara baş weziriň wezipesini ynanýar. Emma hojaýynyna biwepalyk eden büweýhiler, bir ýyl geçip-geçmänkä, al-Mustakfini tagtdan agdaryp, ýerine onuň doganoglan inisi al-Mutini (946-974) getiripdirler. Şundan soň türkmen serkerdeleriniň täsiri belli bir derejede peselipdir. Emma 961-nji ýylda Gaznaly türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy bilen abbasy halyflygynda türkmenleriň abraýy birneme güýçlenipdir. Bu işlerde samany serkerdesi, soňra gaznaly hökümdary Söbük Teginiň (977-997) hyzmatlary has-da uly bolupdyr. Ol bir döwürde halyflygyň paýtagty Bagdatda gulluk edipdir. 972-nji ýylda wizantiýalylar abbasylaryň Anadolydaky Diýarbekir we Nisibin şäherlerini eýeläpdirler. Bu waka Bagdatda uly howsala döredipdir. Şäher ilaty topar tutup halyfyň köşguniň öňüne üýşüp, hökümdardan wizantiýalylara garşy gazawat edilmegini talap edýärler. Halyf weziri ibn Bakiýany Söbük Teginiň üstüne iberip, oňa «rumlylara garşy gazawada serkerdelik edip ber diýip ýalbarypdyr». Al-Muti gowşak hökümdar bolupdyr. Şonuň üçin hem Söbük Teginiň hemaýaty bilen, 974-nji ýylda häkimýete onuň ogly at-Taýi (974-992) getirilipdir.Taryhy çeşmelerde aýdylyşy ýaly, «at-Taýi halyflyga göterilende 43 ýaşyndady. Onuň tagta çykmagy bilen baglanyşykly dabarada Söbük Tegin aýratyn işeňňirlik görkezdi. Täze halyf oňä her hili engamlary hem-de «Nasr ed-Döwle» («Döwleti dikeldiji») derejesini berdi». At-Taýiniň ejesi hem Hazar atly, Edep lakamly oguz sähralaryndan getirilen ýesir türkmen gyzy bolupdyr. 992-nji ýylda büweýhiler at-Taýini aýryp, ýerine al-Kadyry (992-1031) belläpdirler. Emma öňki halyf gaznaly türkmen hökümdarynyň bellän adamsy bolansoň, ony ýok etmäge büweýhileriň bogny ysmandyr we at-Taýi garrap aradan çykýança, täze halyfyň köşgünde ýaşapdyr. Taže halyfyň ejesi Temenni Hanym hem türkmen gyzy bolupdyr. Al-Kadyr sowatly, hudaýhon we ynsanperwer hökümdar eken. Büweýhiler tarapyndan goýlan iň soňky abbasy halyfy el-Kaýym (1031-1075) al-Kadyryň ermeni aýalyndan bolan ogludyr. Onuň döwründe büweýhileriň täsiri gowşapdyr. Sebäbi bu kowumdan bolan wezirler, begzadalar, emirler özara oňuşmandyrlar. Halyflygyň içinde emele gelen ýagdaýdan türkmen serkerdeleri peýdalanypdyrlar. Olaryň baştutany Arslan beg al-Basasiri orta çykypdyr, buweýhileri hem-de halyfy gysaja salypdyr. Hatda ol el-Kaýyma «ýurtda tertip-düzgüni ýola goýup bilmeseň, abbasy nesliniň häkimýetini ýatyraryn» diýip duýdurypdyr. Ýöne, el-Kaýymyň bagtyna, şol döwürler Reýde seljuk türkmenleriniň soltany Togrul beg oturýardy. Halyf Togrul bege kömek sorap ýüz tutupdyr. 1055-nji ýylda Togrul beg Bagdada gelipdir. Al-Basasiri bolsa, Müsüre gitmäge mejbur bolýar. 1059-njy ýylyň fewral aýynda Arslan beg, Togrul begiň Bagdatda ýoklugundan peýdalanyp, paýtagta dolanyp gelipdir. Bu barada taryhy çeşmelerde «Arslan beg ilata garaşyk etdi, kanun esasynda esgerlere we döwlet gullukçylaryna adalatly hak töledi, ähli dini akymlara deň göz bilen garady. Ol abbasy halyfynyň ejesine aýratyn öý berip, oňa iki sany hyzmatkar belledi» diýlip aýdylýar. Emma şol ýylyň dekabr aýynda Togrul beg Bagdada dolanyp gelýär, Arslan beg bolsa şäherden çykyp gidýär. Yslam dünýäsiniň taryhynda seljukly nesliniň peýda bolmagy bilen, abbasylaryň köne garşydaşlary bolan şaýylar, karmatlar, haryjylar, yslama garşy gidýän dürli toparlanyşyklar taryhy sahnadan gutarnykly düşýärler. Seljuklaryň döwründe halyflaryň musulman dünýasindäki abraýy täzeden beýgelipdir, sebäbi seljuk hökümdarlary olara uly hormat goýýardylar. Öňki türkmen serkerdelerinden hem-de büweýhilerden tapawutlylykda, seljukly soltanlary olaryň içki işlerine gatyşmandyrlar. Türkmenleriň seljukly nesli peýda bolandan soň hem, abbasylaryň serkerdeleri türkmenler bolupdyr. Bir tapawudy, olar «at-Türki» ady bilen tanalan bolsa, indi «türkmen» sözi giňden ulanylyp başlapdyr. Seljuklaryň döwründe türkmen-abbasy garyndaşlyk gatnaşyklary has-da pugtalanypdyr. Bu döwürde-de käbir halyflaryň aýallary ýa-da ejeleri türkmen gyzlarydy. Halyf el-Kaýym Çagry begiň gyzy Arslanjan Hatyna, soltan Togrul beg bolsa, el-Kaýymyň gyzyna öýlenipdir. El-Kaýym aradan çykandan soň, tagta onuň agtygy al-Muktadi (1075-1094) çykypdyr. Halyf al-Muktadi Mälik şanyň (1072-1092) giýewisidi. Halyf al-Muktafiniň (1136-1160) aýaly bolsa, Yrakdaky seljuk türkmenleriniň soltany Masudyň (1133-1152) aýal doganydy. 1180-1225-nji ýyllarda halyflyk eden an-Nasyryň ejesi hem Zumrat atly türkmen gyzy bolupdyr. Abbasy halyflaryna beýik türkmen hökümdary Soltan Sanjar (1118-1157) hem uly hormat goýýar eken. Soltan Sanjaryň inileriniň biri, yrakly seljuk soltany Masut halyf al-Mustarşit (1118-1135) bilen oňuşman, onuň bilen urşupdyr we halyfy ýesir alypdyr. Parasatly hökümdar Soltan Sanjar Masutdan haýal etmän halyfy boşatmagyny we jemagat öňünde ondan ötünç soramagyny talap edipdir. Masut agasynyň talabyna boýun bolupdyr. An-Nasyryň agtygy, halyf al-Mustansiriň (1226-1242) ejesem türkmendir. Ol örän batyr hem-de edenli hökümdar bolupdyr. Mongol basybalyjylary Yraga girende, al-Mustansir türkmen serkerdeleri tarapyndan başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edilýän goşunlaryny çekinmän, olaryň öňünden çykarypdyr we birinji söweşde gäwürleri ýeňlişe sezewar edýär. 1242-nji ýylda halyflykda häkimýet başyna abbasylaryň iň soňky – 37-nji halyfy al-Mustasim (1242-1258) gelýär. Al-Mustasim ynsanperwer, hudaýhon, ýöne ýumşak hem-de gowşak hasýetli hökümdar bolupdyr. Aýbeg al-Halaby, Müjehit ed-Din Aýbeg, Aýbeg Dawidar Kiçi, Seýfeddin Gylyç, Gara Suňkar, ibn Gurt ýaly edenli türkmen serkerdeleriniň bolandygyna garamazdan, halyf ikirjiňlenipdir, haýal-ýagallyga ýol beripdir, Hulagu hanyň baştutanlygynda 1258-nji ýylda Bagdadyň etegine süýşüp gelen mongol basybalyjylary bilen ylalaşmagyň ýollaryny gözläpdir. Gurrandazy Husameddin hökümdaryna, eger-de «türkmenlerden we kürtlerden 100 müňlük goşun ýygnasa, gäwürleri ýeňjekdigini aýdypdyr». Emma al-Mustasim mongollara garşylyk görkezmäge ýürek etmändir. Basybalyjylaryň ýalan wadasyna ynanyp, Hulagu hanyň öňünden çykan halyf, haýynlyk bilen öldürulipdir. Onuň türkmen serkerdeleridir esgerleriniň hem ählisi basybalyjylar bilen alnyp barlan uruşlarda şehit bolupdyrlar, emma bir türkmenem ýowuz duşmanyň öňünde müzzerilmändir, jahany oda berip gelýän gäwürlere garşy iň soňky demlerine çenli gaýduwsyz söweşipdirler… Hawa, şöhratly geçmişimiziň şanly sahypalaryndan belli bolşy ýaly, türkmen halky musulman dünýäsiniň taryhynda uly işleri bitirip, Oguz han Türkmeniň nesilleriniň abraýyna abraý, şöhratyna şöhrat goşupdyrlar. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |