GELMÄN BILMEDIM
Giden gider, gaýta gelip inen ýok,
Şu güni bar, ertirini bilen ýok.
Datlasa-da, ýaşamadan iren ýok,
Dadyrdy, dadyna gelmän bilmedim.
Azyndan galýandyr ylgasa käne,
Ýitse ýol tapdyrmaz, mañlaýa -- çäre.
Söýgiýniñ ýanynda buýsanjyñ näme,
Öñinde başymy egmän bilmedim.
Ýüze uýat gerek, dillerñe - jähek,
Ýasyña - märeke, toýuña - sähet.
Çagalygymyz deñ gelse-de, dört derek,
Size ganatymy germän bilmedim.
Döwletiñ ojakda, rysgalynda paý,
Bu zatlara garap bolmaz biperwaý.
Gylyk saýmasamam, geçirgil, Hudaý,
Özime degene degmän bilmedim.
Sarym gaçdy, jan galmady elenip,
"Dur" diýende duryp bolýar eglenip.
Düñle dünýe, ýamanyñy ýigrenip,
Ýagşyña ünsimi bermän bilmedim.
Bolmajaga tutsa, bolmaz uýsañam,
Galmajagyñ rysgy galmaz, guýsañam.
Ters täleýim, dammazlygyñy duýsamam,
Haraý isläp, eli sermän bilmedim.
Päsgelligi boýlan boýlar beýgelmez,
Aýandyr-la, bir çökene bil bermez.
Ýurduny başgalan balalar gelmez,
Ýangyn ýeser, men eremän bilmedim.
Nuruñ bar, ugruñ bar, özüñmi eser,
Döwrüme döneýin diýmegil "pesel".
Şygyrly älemiñ gyzygy ýeser,
Gaýdyp geldim, men döreman bilmedim.
Gözel ŞAGULYÝEWA.
Goşgular