20:04 Ene | |
ENE
Goşgular
Mariýa Aleksandrowna Ulýanowa bagyşlanýar Lenin! Lenin! Bagyşladyñmy sen dünýä bu ady, Dünýäñ derdi, seniñ derdiñmi ene, Garalan asmanyñ melhemi diýip, Böldüñ-le, Bagryñdan berdiñmi, ene! Azabyny-azaryny millionlañ, Görüp, köýüp, çydap bilen dälsiñ sen. Mähirsiñ sen, Yhlassyñ sen, ynsapsyñ, Ykbal üçin dörän dury pälsiñ sen. Lenin ýaly ogly dünýä indermek, Bu dünýäni guran bilen deñ dälmi?! Gamaşyk howany ala-ýaz eden, Şol oguldan, Buýruk alan jeñ dälmi?! Doldy ogluñ ýüreklere nur bolup, Çykdy ogluñ azatlygyñ goragna. Ýaýnap, ýaýrap gerindiler bu güller, Mähri bilen, Dem berdi ol topragna. Gudrat görkezmegi inip bu dünýä, Arzuw etmedigi ýokdur gelenleñ. Ýeñil däldir, Şonuñ üçin hasaby, Barmakdadyr hötde gelip bilenleñ. Diýmek, Belentligi gorapsyñ, ene! Gudratlar gudratly güzerden inýä. Adyñy añyna ýazandyr asyr, Lenini sen berdiñ intizar dünýä! Lenin! Lenin! By beýik enäniñ dünýä höwesi, Şol höwesiñ miras goýan öwezi, Asmanyñ, zeminiñ belendi-pesi, Ähli ýer ýüzüniñ ýañlanýan sesi! Gözel ŞAGULYÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 18.06.1982 ý. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |