15:37 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Gözel Şagulyýewa | |
GÖZEL ŞAGULYÝEWA
Şygryýet melekleri
Gözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe obasynda dünýä inýär. 1957-nji ýylda Sakarçäge etrabyndaky 1-nji orta mekdebi, 1973-nji ýylda bolsa, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh we dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. Şahyryň ilkinji şygyrlary 1969-njy ýylda gazet-žurnallarda çykyp ugraýar. Gözel Şagulyýewa 1972-nji ýyldan 1982-nji ýyla çenli Mary welaýat gazetinde işleýär. 1982-nji ýyldan bäri «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet çekip gelýär. «Elbukjam», «Uzaklarda nazarym», «Söýgi mukamy», «Bu ýyllar», «Men Garagumly», «Я из Каракума» (rus dilinde), «Türkmeniň ogly», «Ak gülleriň – ak ýolum», «Belentligiň asman-zemin arasy», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr» ýaly şygyrlar kitaplary neşir edildi. Ýazyjy Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ençeme gezek ýeňijisidir. 2003-nji ýylda Gözel Şagulyýewa «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at berilýär. 2013-nji ýylda bolsa ýazyjy Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi bolýar. Şeýle-de, ýazyjy «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» medallaryna, «Galkynyş», «Watana bolan beýik söýgüsi üçin», «III derejeli Altyn asyr» ordenleri ýaly döwlet sylaglaryna mynasyp bolýar. Çeşme: ylymly.com • MEN ŞU MAHAL DOGLAN ÝALY Ýadawdym-la ýaňylaram, Süýek-süňňüm owlan ýaly. Yzalydy ýaralarym, Ýürek-bagry gowran ýaly. Gelýän demi alýadym kyn, Bokurdagym boglan ýaly. Ejiz jana ejem ýakyn, Etmändir ol oglan ýaly. Ýeldir-ýagmyrna aldyrman, Köz tüssesin sowran ýaly. Bu neneňsi, niçik ahwal, Dert-azarlar sowlan ýaly. Galmazlyga-da kaýyldym, Giň dünýeden kowlan ýaly. Galdym, bardym, tiz aýňaldym, Men şu mahal doglan ýaly. • G.Şagulyýewanyñ özbek diline terjime edilen goşgularyndan: • ЁШЛИК Бир фасл бу – кенгликлари бепоён, Тошқин дарё каби оқиб борадир. Бир фасл бу – камалакдай нурафшон, Хушбўй иси жонга ёқиб борадир. Баҳорида сози, ёзида булбул, Ойнинг қучоғида, осмонда кўнгил, Ғайрат,ҳавас қайнар жонида буткул, Кўзларида чақмоқ чақиб борадир. Олам баҳорини ёшликдан олар, Ёшликдадир тар япроқли ниҳоллар, Тиниқ осмон кўрки дилни ёритар, Кўксига юлдузин тақиб борадир. Шод-хуррам кунларнинг жилоси унда, Яшнар алвон гуллар либоси унда, Кўпмас, сал нарсага шод бўлиб дилдан Қайғу-ғам эшигин ёпиб борадир. Унга шу кун бир ён, умр бир ёнда, Ўйламас ўтишин, саноқли он-да! Ғам-ташвиш нимадир, бақувват жонга, Дунёга ишқ бўлиб, боқиб борадир. Бир фасл бу, одам умрин безаги, Бир фасл бу, йўқдир қиши-кузаги, Бир фасл бу, гул ёшликнинг юраги, Жилғадай йўл очиб, чопиб борадир. Туркманчадан Қурбон Муҳаммадризо таржимаси. • G.Şagulyýewa bagyşlanan goşgulardan: • GÖZEL, SENI SÖÝER ÝALY "Ne sebäp bar dünýe barym, Beýle meni söýer ýaly?" Gözel Şagulyýewa. Sebäpler sanasam sogap, Gözel, seni söýer ýaly. Şu goşgym sowala jogap, Gözel, seni söýer ýaly. Kelamyñda keseriñ bar, Yşkdan derdi-heseriñ bar, Ne ajaýyp eseriñ bar, Gözel, seni söýer ýaly. Şygryñy diläp okanym, Paýhasda eläp okanym, Delil "däliräp" okanym, Gözel, seni söýer ýaly. Ylhamyñda zynat gördüm, Sözüñde per-ganat gördüm, Hyýalyñda ha:lat gördüm, Gözel, seni söýer ýaly. Kerwen ýaly hataryñ bar, Ýüz asyra ýeteriñ bar, Sessiz aglan setiriñ bar, Gözel, seni söýer ýaly. Bilmen kalbyñ bahar-ýazmy, Ýa gaýypdan hoş owazmy, "Dünýe barym" sözüñ azmy, Gözel, seni söýer ýaly. Zehiniñde ýokdur zelil, Joş edipdir Rebbim Jelil, Senalyda çohdur delil, Gözel, seni söýer ýaly. Didarberdi ALLABERDIÝEW. Çeşme: kitapcy.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |