17:34

Nirede?

NIREDE?

Durandyr ojagym, ojaryň sönmän,
Ýakmasa gowudyr ýamany önmän.
Gidiberme bormy ogluny görmän,
Dowamyň göterjek o han nirede?

Berilmedik bagt giçläp gelermi,
Çöküp barýan göwräň gözlegi ýermi.
Güzeran keşigin zene berermi,
Ojaga baş bolan soltan nirede?

Günler geçdi, ne sebäpdir eglediň,
Gerden ejiz, ýüküm agyr, derledim.
Meýdanyňda başy silkip gezmedim,
Gül-gunçaly bagy-bossan nirede?

Sowrup alyp gitdi bu däli siller,
Bag gurady, gör, nirede bilbiller.
Diňdirip bildimi agyňy iller,
Arka direg, ýakyn hossar nirede?

Hanjar çümdi, çümdi ýürek-bagyra,
Goýmady gyz galkynara, galara...
Mahal ýokmy menziliňi alara,
Gyssanyp ýörüp sen, messan nirede?

Arman bolar baldagyňdan ir tänseň,
Göribi ýeterlik, gözlerne känsiň.
Ýeteniň awlajak jereni dälsiň,
Göwnüň islän Arap Reýhan nirede?

Zeýrenme, ýetmesin her ýere dadyň,
Hamyryna ýugrulandyr perýadyň.
Aýdanyňdan kändir aýtmaly zadyň,
Kyssasy soňlanmaz dessan nirede?

Bu ýerlerden gitmelisiň iň kyny,
Alyp bilmän gelinendir bakyny.
Gözel ile ýaýar göwnündäkini,
Syry aýry däldir, pynhan nirede?

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyñ Gahrymany.
Категория: Goşgular | Просмотров: 427 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gözel Şagulyýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
...Fewral, heniz gyş / Goşgular - 06.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]