15:34 Geň bolup barýar... | |
GEÑ BOLUP BARÝAR...
Goşgular
Görülmedi öňler beýle ahwalat, Geçdigiçe günler geň bolup barýar. Barlyňky bolup dur, şol öňki halat, Misgin haly barha teň bolup barýar. Bir agza birikmez hemme başlaram, Ýat bolup bilenok hemme daşlaram, Düýnki önüp-ösen emmedeşlerem, Bugün bir-birine jeň bolup barýar. Ählisi şowuna, işleri oňan, Keýpleri asmanda, kelleler doňan, Etjek işin edip, bolansoňlaram, Bir bendäň bagtyna meň bolup barýar. Geljegim diýe guwanyp ýöräni, Belli bolman galdy, nirden döräni, Sylaman ösdüren ata-enäni, Indi "jüýje-horaz" deň bolup barýar. Ynsanýetiň beýik serhetin bozup, Baýamak islegi, möwç urýa ozup, "Sagbolsun" gezip ýör gabryny gazyp, Imansyz wyždanlar leň bolup barýar. Şükür, aýdym-saza bolçulyk geldi, Daş alyp zyňaýsaň aýdymça degdi, Herkim bir notany üýtgedip indi, "Awtorlyk" aýdymlar heň bolup barýar. Gowluga gidenok hemmeleň başy, Erbetlik gurşaýar töwerek-daşy, Özün görkezip bir kelleliň boşy, Bolgusyz zat etse, ýoň bolup barýar. Her näme bolsa-da gowluga ýanaň, Şer işi ýok edip, haýyry sanaň! Entek wagty däldi ahyrzamanaň, Bolmaly wagtyndan öň bolup barýar. Ylham GURBANALYÝEW. 2021 | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||