08:09 Geñ ýeri şu: Ysraýyl henizem maksadyna ýetip bilmedi | |
GEÑ ÝERI ŞU: YSRAÝYL HENIZEM MAKSADYNA ÝETIP BILMEDI
Publisistika
Palestinalylar Ysraýylyñ Gaza sektory bombalananda wepat bolan ildeşini Deýr el-Balahdaky hassahanada iñ soñky ýoluna ugratdy / Fotosurat: AP Ysraýyl heniz maksadyna ýetip bilmedi. Ysraýylyñ Gaza sektoryndaky rehim-şepagatsyz urşuny dowam etdirmäge tutaryk berýän esasy argument hem şu. Emma geñ ýeri, "hamasçy" hereketiñ, ony goldaýanlaryñ, ona duýgudaşlyk bildirýänleriñ we bu bu pikire gol ýapýan taraplaryñam manysyna, taraplaryna we funksiýalaryna doly düşünmezden bu argumente aldanmagydyr. Belki-de, bu hereketiñ (we onuñ bilen birlikdäkileriñ) bilmeýän zady - bu pikiri oñlanda özlerine göterip biljeklerinden has köp ýüki ýükleýändikleridir. Olar özlerine ysraýyl goşunyny ýeñme ýa-da derbi-dagyn etme missiýasyny berýärler. Bu ýagdaýa ýykgynçylykly uruş baglanyşygynda däl-de, arzuw-umytlar, duýgular we syýasy propoganda taýdan düşünse bolýar. Çünki muny iş ýüzünde başarmak - "Hamasyñ" bu maksada ýetmegini ýa-da gyýtaklaýyn-da bolsa başarmagyny üpjün etjek güýç deñagramlylygyny, halkara we arap görkezijilerini talap edýär. Bu ýagdaý bolsa çak edip boljak geljekde ugurlaryñ bileleşmegi prinsipi bilenem, häzirki bolşy bilenem şonsuz mümkin däl zat. Şeýle-de bular ýaly prinsip (has dogrusy umyt) "Hamas" hereketiniñ ysraýyl goşunynyñ Gazä gönükdiren hüjümini yza tesdirmändigi - ýer bilen ýegsan etmeginiñ, ýaşaýjylaryny öý-öwzaryndan jyda düşürmeginiñ öñüni alyp bilmändigi, dowam edýän betbagtçylygy haýsydyr bir derejede gowşadyp bilmändigi hakykatyny örtýär ýa-da peseldýär. Ýokardakylaryñ barsyndan has täsini "Hamas" we onuñ goldawçylarynyñ "hamasçy" urşujylaryñ bombalamaga we çaknyşyga dowam etmeklerini Gazadaky palestinalylaryñ başdan geçirýän betbagtçylygynyñ we Gaza sektorynyñ ýaşal bolmaz ýaly ýere öwrülmegi bilen deñ görmegidir. Hamana "Hamasyñ", "Fetihiñ" ýa-da haýsydyr bir fraksiýanyñ dowamy palestin halkynyñ ömründen we ýurtlarynda ýaşamagyndan has möhüm ýaly. Hiç biri nyzamly goşunyñ halkyñ goranyşyny ýok edip bilmejegi belli zat. Bu kanuny goranyş şu ýa-da başga görnüşde ol ýa-da başga bir fraksiýanyñ baýdagy astynda dowam eder durar. Emma Ysraýylyñ Gazada edeni görlüp-eşdilmedik zat - bu gezek Gazadaky palestinalylaryñ durmuşyny zol dowzaha öwrüp, ýaşamak üçin gerekli zerurlyklardan mahrum sebitde ýaşamagyñ manysyny ýitirmegini üpjün edip, dolulygyna olardan halas bolmagy göz öñüne tutýar. Olary çäklendirmeleri we şertleru bilen Gaza sektorynda 2007-nji ýyldan bäri, ýagny 17 ýyllap görüp gelen zatlaryny aşan uly açyk türmede ýaşadyp, olardan dynjak bolýar. Olary Gaza sektoryndan daşlaşdyrmak ýa-da kowmak we sanlaryny mümkin boldugyca azaltmak üçin yzygiderli tagalla edýär. Ysraýylyñ Gazäni ýaşap bolmaz ýaly ýere öwrüp, palestinalylaryñ wagt-ýer manysyny ýitirmegine sebäp hökmünde, olary ser-sepillik we masgaralanma bilen doly durmuşa sezewar etmek arkaly bu maksadyna ýetmekde kän menzili geçendigini aýdaýyn. Indi daşardan ýardam edilmese ýaşamak mümkin däl we ýaşap bolmaz ýaly derejä gelindi, ediljek ýardamlaram bilnişi ýalu Ysraýyldyr ABŞ-nyñ şertlerine we razylygyna bagly. Ysraýylyñ Gazada edeni görlüp-eşdilmedik zat - bu gezek Gazadaky palestinalylaryñ durmuşyny zol dowzaha öwrüp, olardan doly dynmagy göz öñüne tutýar. Beýleki tarapda goranyş erk-eradasyna we goranyşçylaryñ mertligine uly baha berýänem bolsak, bu we beýlekisi, güýç deñagramlylygy we halkara gatnaşyklar şertleri tarapyndan dolandyrylýar. Goranyş şertlerine seredilende bolsa, ysraýyl goşunynyñ Gazadan çekilmegi, palestinalylaryñ öýlerine we ýurtlaryna dolanmagynyñ ýola goýulmagy, girewne alynanlaryñ çalşygy ylalaşygynyñ baglaşylmagy, täzeden gurluşyk we elbetde hökümetiñ "Hamasa" gaýdyp berilmegi ýa-da ýolbaşçylaryna zyýan ýetirilmezligi-de dahyllylykda 7-nji oktýabrda başlan uruşdan öñki ýagdaýa gaýdyp gelinmeginiñ teklipleri orta atylyp bilner. Bu şertleriñ köpüsiniñ "Aksa tupany" operasiýasyndan öñem bardygy belli. Şeýle-de Ysraýylyñ Gazäni ýakyp-ýykmakdan doýandygyny ýa-da iki million palestinalynyñ durmuşyny ser-sepil edendigi bilen çäklenip, indi başga hiç zat etmejegini bilip Gazadan çykandygyny ýa-da her garyş ýerinden yza çekilmäge mejbur bolandygyny göz öñüne getireliñ. Şeýle bolandygyny hyýalymyzda janlandyraýanymyzda-da, bu şertlere seredilende 7-nji oktýabrdan öñki hakykatyñ indi hiç bir ýagdaýda ýokdugyny görkezýär. Ortada Gaza sektoryny taşlap gaýdan 200 müñe golaý palestinaly, köpüsi öýlerini, iş ýerlerini, gün-güzeran çeşmelerini, mülklerini, hatda ýakynu-daşgyn garyndaşlaryny ýitiren iki million palestinaly bar. Üstesine 7-nji oktýabrdan öñki Gaza sektory hemmetaraplaýyn ýok edildi. Köçeler, mekdepler, hassahanalar, infrastruktura, döwlet we hususy edaralary bilen mülk ýerleri, elektrik we suw geçirijileri ýok boldy. Bular diñe duýgy, şygar, ýagşy niýet bilen düzedip boljak zatlar däl. Bütin bu zatlary hasam ýaramazlaşdyrýanam dünýäde we arap dünýäsinde global, arap we palestinaly kepilliklerdir üýtgeşmeler bolmazdan Gaza sektory bilen gyzyklanmak pikiri ýa-da meýli bolan hiç kimsänin ýoklugydyr. Iñ howplusy bolsa, ysraýyl goşuny Gazadan çykaýanda-da, Ysraýylyñ Günbatar Şeriada Gaza hakykatyna meñzeş tragediýany döretmäge synanyşmagydyr. Ýagny mesele, Günbatar Şerianyñ Gazadan bölünmeginiñ añyrsyna geçip, ady näme bolsa şo bolsun, palestinalylaryñ dolandyrýan palestin hökümeti ömrüni formal taýdan gorap durka, Ysraýylyñ okkupirlenen ýerlerde (1967) palestinalylaryñ üstündäki gegemoniýasyny dowam etdirmegine çenli uzaýar. Gazada täze Nekbeden soñ hödürlenip biljek aýdyñ geljek ýok we halkara, arap, palestin wersiýalarynda-da munuñ tersini görkezýän hiç zat ýok. Aýratynam Ysraýylda derýadan deñize çenli sebitde Ysraýylyñ raýaty bolan 48-li palestinalylar bilen birlikde ähli palestinalylara boýun egdirme boýunça konsensiýa bardygy göz öñüne tutulanda. Bärdäki ironiýa ysraýyl sag ganatynyñ ysraýyl merkezini we çep ganatyny Palestinany Azat-ediş guramasyny (PAEG) Palestinanyñ çäklerine getirmekde (1993-nji ýylyñ Oslo şertnamalary) we Ysraýyly Günbatar Şeriadyr Gaza sektorynda palestin döwletiniñ gurulma howpy bilen garşyma-garşy goýmakda aýyplamagydyr. Muña derek ysraýyl merkezi we sag ganatynyñam ekstremistik milletparaz we dindar sag ganaty "Hamas" hereketiniñ ösmegini añsatlaşdyrmakda, soñabaka PAEG-na alternatiwa döretmek we palestinalylaryñ agzyny alartmak bahanasy bilen Gazadaky "Hamas" agalygyna garşy gowşak çemeleşmekde aýyplamagydyr. 7-nji oktýabrdan we Gazadaky Nekbeden soñ Ysraýylyñ kartasynyñ çepinde galaýanlarynda-da, palestinalylaryñ indi ysraýyl konsessiýasynda ýerleri ýok. Palestinalylaryñ global wyždanda jebir çeken statusyna göterilmeginden we Ysraýylyñ halkara arenasynda abraýynyñ gaçmagyndan başga munyñ öwezini doljak hiç zat hem ýok. Geljekdäki üýtgeşmelere seredilende bolsa, palestinalylar üçin amatly halkara we arap şertleri bar. Emma Ysraýylyñ heniz maksadyna ýetmedigini hötjetlik bilen bilgeşleýin ýa-da bilmezden öñe sürýänleriñ barlygy juda geñ. Jöhitleriñ maksady Gazäni ýok etmek, ol ýerdäki ýaşaýşyñ köküni guratmak, derýadan deñize çenli aralykda palestinalylaryñ gözüniñ oduny almak we mümkin boldugyndan köpüsini Gazadan çykaryp kowmak däl-de, nämemiş eýse? Majid KAÝALI, Palestinaly žurnalist-ýazyjy. Ýekşenbe, 09.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |