15:54 Goja barýar... | |
GOJA BARÝAR...
Goşgular
Goja barýar... Sowal belgisine dönüpdir göwre, Ömri şol sowalyñ nagt jogaby. Hasasyny tarkyldadyp sanaýar, Ömründe edilen günä-sogaby. Goja barýar... Bir gazma dutara dönüpdir göwre, Ömür mukamyny çalýae hesretli. Dünýäñ ejirini alyp gider ol, Nesillere goýup gider eşretni. Goja barýar... Gaýyga dönüpdir egbarlan göwre, Assa ýüzüp barýar heññam deñzinden. Ýaşlygyn ýatladyp, Kalbyn otladyp, Goç ýigitler ozup geçýär deñinden. Goja barýar... Göwresi dönüpdir egri gylyja, Köñlünde söweşýär gojalyk bilen. Hasabyny düzläp tutuş asyra Bagtly dälmidir gojalyp bilen?! Goja barýar... Sakgaly ak torba, päklik nyşany, Dünýäniñ synyndan aslyşyp çala. Barýar gojamyzyñ beýle ýanyndan Enäniñ synyndan aslyşan çaga. Goja barýar... Eger kesesinden synlasañ ony, Özi tutan ýaly adam asylyn. Göwresi dönüpdir dişli oraga, Orup barýar berlen ömrüñ hasylyn. * * * Ylham näme? Ýagyşdyr! Tutan damjañ özüñki. Damja bilen ýazyşdyr, Nobat soñra sözüñki. Ylham näme? Tüweleý! Gider gözüñi gapyp. Bar zat ýürege golaý, Bilseñ bir many tapyp. * * * Ýa göwnüme, Ýa çyndan, Gowy zat azalyp barýar, Etmişliniñ ýüzi gyzman, Durlanyp, agaryp barýar... Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |