17:07 Göreşler we jeza çäreleri | |
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER
Taryhy makalalar
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn! GÖREŞLER WE JEZA ÇÄRELERI Jüneýt hanyň at-owazasynyň ýaýran ýerlerinde basýbaljylara garşy göreşi asla togtamaýardy, tersine, kem-kem giňelýärdi. Onuň esasy sebäbi Bolşewikleriň eden-etdilikleridi. Mysal üçin 1923-nji ýylyň oktiýaberinde Horezm halk respublikasy, sosýalist respublika diýilip yglan edildi. Şonuň bilen birlikde, haýdan-haý öňki kazy sudlary ýatyrylyp, Sowet-Şurewi sudlary girizildi, wakf ýa-da metjit-medrese ýerleri millileşdirilip, baý-garyp göz öňünde tutulman, ilata bir gyradeň salgyt salyndy. Olaryň üstsine ýerli partiýa, Sowet-Şura organlary ilata gurbanlyk etmegi, öwülýa zyýarata gitmegi, aýallara bürenjek atynmagy, ýaşmak ýaşynmagy gadagan edip başladylar. Gepiň gysgasy, hakykatdan daş düşen partiýa, Sowet ýolbaşçylary asyrlaryň dowamynda ilatyň aňyna siňen, onuň durmuş ýörelgesine öwrülen kada-kanunlary, däp-dessurlary ýok edip, zorluk bilen sosýalystik gatnaşyklara ýol açamakçy boldýardylar. Ýöne “oglan howluksa-da, tudana wagtynda bişýär” diýilişi ýaly, ilat beýle çürt-kesik öwrülişiklere entek taýýar däldi. Asla taýýar bolmaly hem däldi. Sebäbi olar halkyň adatdaky däp-dessury ahyry. Beýle eden-etdiliklerden aýratynam ilatyň toýuna-ýasyna ýarap ýören ýerli işan-mollalar gaty nägilediler. Onsaňam Horezm ozaldan musulman dinine çynlakaý ynanýan ýurt. Mysal üçin, 1920-nji ýylyň başynda Hywa hanlygynda 3 müň metjidiň, 977 medresäniň, 282 dini medresäniň bolandygyny ýatlasak, onda il arasynda din hadymlarynyň nähiliräk täsiriniň bolandygy öz-özünden düşnüklidir. Baýlar, urug-tire serdarlary hem olar bilen ugurdaşdy. Şunlukda, ilatyň öňüne gelýän bu ägirt uly güýjüň garşysyna gidip rowaçlyk gazanmak, elbetde, örän çetindi. 1924-nji ýylyň ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde Horezm respublikasynyň gündogar raýonlarynda oturan özbek ilaty aýaga galýar. Şol bir wagtyň özünde olar Jüneýt hanyň ýanyna özleriniň wekillerini iberip, ondan gozgalaňy goldamagyny sorapdyrlar. Hut şol wagtyň özünde başga bir delegatsiýany bolsa Hywa iberip, Horezm Sowet sosýalystik respublikasynyň hökümtinden Sowet mekdeplerini ýatyrmak, ozalky dini mekdepleri, medreseleri dikeltmek, komunistleri respublikadan çykaryp kowmak barada ýörite ultimatum berdiler. Elbette, “üstünlikden” başy aýlanan Horezm SSSR-niň hökümti gozgalaňçylaryň talaplaryny berjaý etmedi. Jüneýt han bolsa diňe bir kömek bermek däl, eýsem gozgalaňyň umumy ýolbaşçylygynam öz üstüne aldy. özem ol döwre çenli han ýene-de mazaly güýç toplapdy. Onuň nökrleriniň arasynda Zakaspi (soňraky Türkmenistan) Türkmenlerem, hatda owganly Türkmenleriňem onlarçasy bardy. Hanyň goşunyna dürli ýerlerden ýarag, ok-däri ýükli kerwenleriň ençemesi eýýam gelipdi. Mysal üçin, Horezmiň özbek ilatynyň wekilleri hanyňkyda bolanlarynda, olar Tejenden 27 düýeden ybarat uly kerweniň gelenini görüpdirler. Getirilen ýaraglaryň arasynda bäş_atarlar, on_bir atarlar we beýleki ýaraglar bolupdyr. Jüneýdi şol wagt iň aktiw goldanlaryň biri hem Garagalpagystandaky Türkmenler, ýagny Dörtgül Türkmenleri bolýar. “Kelte menara” dan hem beýleki Türkmen obalaryndan Jüneýt hana kömege gelen köp sanly Türkmen atlylaryna “Ata” taýpasynyň baştutany “Agajan işan” ýolbaşçylyk edýärdi. 1924-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda umumy sany 6-7 müňe ýetýän gozgalaňçylar Hywany gabaýarlar. Ýanynda müňlerçe atlysy bolsa-da Jüneýt han bada-bat söweşe giribermän, ozaly bilen Hywa halkyna, Hywanyň kethudalaryna hat üsti bilen ýüzlenmegi makul bilýär. Yne, şol ýüzlenme: “Eý Taňrym, bizi-Hywalylary öz penaňda aman sakla! legzan edip, dargap, ýok bolup gitmekden halas et! Men siz-Hywanyň 96 aksakgalyna, ähli kethudalaryna, edermen merdana ýigitlerine, uly-kiçi doganlarmyzyň hemmesine ýüzlenýärin. Men Gurbanmämmet serdar, Jüneýt han diýen ady alanymdan bäri hiç bir muslmana degmedim. Hiç kime sütem etmedim. Müňlerçe muslmanyň bolşewikden nalaýandygyny, ýagny olaryň bolşewiklerden gorkup, beýik Allanyň öňündäki mukaddes borjy-bäş wagt namazyny berjaý edip bilmeýändigini, öz ata-baba dowam edip gelen däp-dessurlarmyzy ýerne ýetirmekden çekinýändiklerini bilýärin. Men Muhammet pygmberiň “herki zat öz aslyna dolansa ýagşy” diýen pähiminden ugur alyp, kim öz pälinden gaýtsa, men olara hiç mahal degmenem, degdirmenem. Kimde-kim dine uýsa, Taňrynyň haky üçin halkyň däp-dessuryny berjaý etse, Allatagala onuň günäsini geçer. Beýle adamlaryň janyna, malyna elgaramagy hemelere gadagan edýärin. Ine, näçe ýyldyr, biz Muhammet pygamberiň dininiň goragyna çykyp, ilimizi, taşlap, gum içinde selpäp ýörüs. Bolşewikleri biz duşman hasaplaýarys. Eger-de kim nalaçlykda, ýagny zorluk zerarly il ýüzüne men bolşewik diýmäge mejbur bolup, hakykatda bolsa musulmanlykda galan bolsa, biz beýle adamlaryň günäsini geçýäris. Ýöne welin kimde kim musulmanlary azdyrjak bolup, dine garşy, eýsem biziň hut özümize garşy wagyz-nesihat ýaýratsa, elbette, biz olary goldamaýarys. Meniň şu haty ýazmak bilen maksadym, siziň her biriňizi täzeçe özbaşdak pikirlenmäge çagyrmakdyr, men siziň duşmana garşy göreşde birleşmegiňizi talap edýärin. Bu rehimsiz zalymlaryň- bolşewikleriň wagyzlary netijesinde Hywada hojalyk we beýleki işlerden ilatyň eli sowady. Zorluk bilen ilatdan partiýa döredilendigini, şerigata gulluk edýän adamlaryň kowalanyp, olaryň perzentleriniň esgerlige äkidilýändigini, üstesine-de olary saklamak üçin eliňizden mallaryňyzy we emläkleriňizi alynýandygyny siziň özüňizem bilýänsiňiz. Biz bu zatlary siziň bähbidiňiz üçin aýdýarys. Eger-de siz ýene-de bolşewikleriň gepine gitseňiz, olaryň aldawuyna düşseňiz, onda dinden çykyp hudaý bizar bolup ölüp-ýitip gidersiňiz. Päli azan hudaýsyzlaryň ilatyň şahsy emlägine el urýandygy, metjit-medreseleri ýumurýandygy, muslmanlary gan agladýandygy mydama eşidilip dur. Alla ýol berse, biz ýakyn wagtlarda görüşeris...”. Hywa galasyny goraýjylara bu ýüzlenmäniň nähili täsir edendigi barasynda häzirlikçe anyk maglumat ýok. Emma ondan garaşylan netijäniň çykmandygy welin bellidir. Galanyň içinde 100 sany Gyzyl esger, 700-den gowurak eli ýaragly goragçy bar eken. Olaryň elinde 10 sany pulemýot bardy. Tiz wagtyň içinde Hywanyň goragçylaryna Daşhowuzdan 80 adamly Türkmen, Özbek meýletinçiler topary, Hoja iliden 130 adamly Gyzyl esgere kömege geldi. aldym-berdimli söweşler başlandy. Hywany goraýjylara kömek üçin iberilen 82-nji Türküstan atly polky hem ýetip gelenmiş. Bu polk ozal Ferganada we Buharada «basmaçylary» basyp ýatyrmaga gatnaşypdy. Polk 22-nji ýanwarda Çärjewe gelip, durman Hywa tarap geçip gidýär. 28-nji ýanwarda Jüneýt han polkuň golaý gelenini bilip, atlylary bilen galany taşlap ýene-de Garaguma siňýär. 29-njy ýanwarda polk “Hezar as”da gozgalaňçylaryň, Agajan işan tarapyndan baştutanlyk edilýän topary bilen garpyşýar. 18 sagada çeken söweşden soň gozgalaňçylar guma çekilýärler. Polk “Hanki”ni, “Bäş arygy” olardan alyp, 4-nji fewralda Hywa girýär. Gozgalaňçylardan 214 adam tussag edilip zyndana taşlanypdyr. Jüneýt han 82-nji polkuň esasan özüne garşy iberilendigini, onuň hökmany suratda yzyna düşüp gelýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol Hywadan çykanda, polkuň bada-bat yzyndan ýetmezligi üçin “Ýylanlyda” Anna balamyň baştutanlygynda 500 atlyny, Tagtada hem Ahmat begiň 800 atlysyny goýup, özi bolsa 1500-2000 atlysy bilen “Balykly” guýusyna çekilipdir. 27-nji fewralda Balykly guýuň ýanynda polk, Jüneýt hanyň esasy güýçleri bilen söweşe girýär. Front liniýasy 10 km-e dagy uzalyp gidenmiş. 8 sagada çeken agyr söweşlerden soň Jüneýt han “Jyryşly” guýusyna çekilýär. 3-nji martda bu ýerde-de agyr söweşler bolup, han ýene-de yza çekilmeli bolupdyr. 8-nji aprelde Jüneýt han, güýjüniň halys azdygyna garamazdan (onuň ýanynda 100-120 atlysy galypdyr) Ygde guýusynyň oýunda yzyndan ýeten polk bilen ýene bir gezek garpyşýar. Söweşde ýigitleriniň 30-syny ýitirip, galan atlylary bilen Garagumyň jümmüşine siňip gidýär. ”Basmaçylyk” hereketini zorluk bilen basyp ýatyrmakda görkezen “edermenlikleri” üçin 82-nji Türküstan atly polkuny, SSSR merkezi yjraiýe komiteti 3-nji gezek gyzylbaýdak bilen syýlaglaýar. Polkuň komandirlerinden we esgerinden 26-sy SSSR-iň gyzylbaýdak ordeni, 7-si Horezm respublikasynyň gyzylbaýdak ordeni bilen syýlaglanýar. Ýaş Türkmen döwleti bütin ülkede parahatçylygy üpjin etmek we täze düzgüni ornaşdyrmak üçin ilkinji nobatda grajdanlyk urşunyň soňuna çykmalydy. Bu iki topar [aklar bilen gyzyllar] ýurtda öz toparyny döredip, öz bähbitlerini araýardy. Türkmenistanyň ilkinji gurujy gurultaýynda Garagumdaky gozgalaňy basyp ýatyrmagy baş plan edip goýdy we şol esasda operasiýa başlanmagyny kararlaşdyrdy OPERASIÝA NÄHILI PLANLAŞDYRYLDY? Türkmenistan “GPU”-synyň edarasynda gozgalaňçylara garşy “ÇK-ist”leriň geçirmeli oprasiýasyýalarynyň ençmesiniň üstünde kelle döwendirler. Ýöne Jüneýt hana garşy gönükdirilen hilelerini welin aýratyn yhlaslylyk bilen taýýarlapdyrlar. Birinji nobatda Jüneýt hanyň arkasynda duran ýakyn adamlarynyň arasyna tow düşürmlidi, olar dürli tire-taýpanyň weklileridi. ÇK-istler olaryň arasyndaky agzalalykdan peýdalanyp, serdary hem-de onuň iki ogluny öldürmekçidiler. ÇK-istler her hili hileli göçümlerden soň, Jüneýt hanyň toparyna uly bolmadyk “söweşjiler” toparlaryny ornaşdyrdylar. Olaryň birine Gökdepe obasyndan bolan Amanly Begençow ýolbaşçylyk edýärdi. Ol bu towerklerde belli baýdy. Amanly Begnçowyň öňünde şeýle wezipe goýlupdy: Ol özüni Sowet-Şurewi hökümetini ýigrenen adam hökmünde görkzip, Jüneýt hanyň ynamyna girmelidi, soňra ony özüni sag goly hasaplaýan, toparyň täsirli komandirleriniň biri Durdy baýa garşy goýmalydy. Begnçow, Durdy baýyň hem-de başga bir urugyň serdary, Handurdy hanyň gozgalaňçylaryň baştutany bolmagy niýet edinýändiklerinden peýdalanyp, olaryň şöheratparazlyk duýgularyndan peýdalanyp, olary Jüneýt han hem-de onuň garyndaşlary bilen haklaşmaga yrmagy başardy. Durdy baý we Handurdy han gara niýetlerini amala aşyrmaga öz ynanýan dört ýigdini hem bu işe çekdiler, Jüneýt hany we onuň ýakynlaryny öldürmeli gününi we sagadyny belli etdiler, agşam namazyndan soň hereket etmelidi. Dildüwşige gatnaşanlaryň birisi bu barada öz doganyna aýdýar. Ol bolsa Jüneýt hana wepaly eken, egelenmän dildüşikçileriň niýeti paş edilýär. Özleriniň paş edilendiklerini bilip, Durdy baý we Handurdy han dagy gaçýar. Olaryň yzyndan yberilen kowgy atyşyga giririp, boş dolanyp gelýär. Ýöne Begençow juda mekir we seresaply hereket edeni sebäpli, Jüneýt hanyň ynamyndan gaçmandyr, öňküsi ýaly gulluk etmegini dowam etdiripdir, ol aýdylyşy ýaly, «suwdan gury çykypdyr». Soňra Amanly baý Eýrana gaçyp gidipdir. Sebäbi ÇK-istler bu işde öz elleriniň bardygyny gizljek bolup, ony ýok etmek kararyna gelipdirler. Begençow bolsa syr baryny bilýän eken. 1924-nji ýylyň ýanwarynda Hywa Sowet-Şura Sosýalystik Respublikasynyň köp etraplarynda bolşewik düzgüne garşy gozgalaňlar tutaşypdyr. Gozgalaňçylaryň giň goldawyndan peýdalanan Jüneýt han Daşhowuzy, Piteň, Gürlen, Gazawad ýaly ýerleri basyp alypdyr, Hywany we Täze Ürgenji gabapdyr. Hywa hanynyň üstünlikleri bolşewikleriň arasynda aljyraňňylyk döredipdir. Jüneýt hanyň atlylaryna garşy Ferganadan getirilen goşunlaryň toparlary, howlukmaçlyk bilen düzülen meýletin toparlar söweşe girýärler. Gozgalaňy ýatyrmaga Türküstan frontynyň beýleki söweşjeň bölümleri hem söweşe sürülýär, olary howadan Türküstan frontynyň uçary goldapdyr. Güýçler düýpgöter deň däldi. Gozgalaňçylar graždanlyk urşuň mekdebini geçen, W.Y.Çapaýowyň egindeşleri Kutýakow, G.Markowiç, A.Luçenskiý ýaly professiýonal harby serkerdeleri herekete girizen harby maşynynyň astynda galdylar. Bolşewikler, şeýlelikde Gyzyl goşunyň tiz hereket edýän bölümlerini, harby tälim öwrenmedik, ýaramaz ýaraglar bilen ýaraglanan, harby düzgün- nyzamy pes guramaçylykly, ýöne parahat ilatyň aglaba köpçüliginiň goldawyndan peýdalanýan gozgalaňçylaryň garşysyna, berk jeza çäresini ulandylar, gozgalaň rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. Jüneýt han ýeňlişe sezewar boldy, ol öz toparyny saklamak üçin olary Garagumda gizlenmäge mejbur boldy. Jezaberiji goşun öňunden çykan obany ýer bilen ýegsan edipdir. Ýomutlar bu tragediýany hem-de gyzyl goşun esegrleriniň ýetip gelýändigini eşidip, her kim duran-duran ýerinden öý-öwzaryny, ähli zadyny mal-garasyny taşlap, kim ýabyly, kim düýeli, kim öküzli, kimem pyýada, oglan-uşaklaryny alyp, söm-saýak bolup ugrapdyrlar, olar ýol-ýodasyz, suwsuz ýerden müňlerçe çakyrym/agaç ýol aşyp, Hazar deňziniň kenarlaryna, Türkmensähranyň kümüş_depä we beýleki Türkmen obalaryna siňipdirler. Türkmenleriň erkinlik ugrundaky hereketiniň garşysyna bu gezekki urlan zarba ykdysadyýeti we oba hojalyk düzgünini tozdurupdyr. Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň dikeldilmgi 1927-nji ýylyň başlarynda zordan ýola goýulýar. Diňe bir hojalyk weýrançylygy däl, nahak dökülen ganlara näme diýjek? Garaguma gany siňen müňlerçe ýigitleriň ahy, olaryň yýzynda galanlaryň nalasy halkyň ýürgine dag basdy. Emma synpy göreşi/baýlary ýok etmek/ heme zatdan ileri tutan bolşewikler şonça betbagtçylyga-da bolaýmaly zat hökmünde düşündiler. Ol bolsa soňra has uly pydalara, ägirt moral-ahlak sarsgynlara alyp bardy. Häkimiýetleriň yzarlaýandygyna garamazdan, Jüneýt han belli bir wagta çenli, Türkmenistanda ýerli ilatyň giň gatlaklynyň diňe bir ýaşryn däl, eýsem aç-açan goldawyndan hem peýdalanýar. “GPU” organlary ony halkyň arasyndaky daýanjyndan mahrum etmek üçin üç sany operatiw topar döretmek bilen, giň gerimli oprasiýalary geçirmäge girişýär. Şol toparlara harbylar, ÇK-istler bilen birlikde “hakyna tutulan jansyzlar” hem girýärdi, olar obama-oba aýlanyp, “basmçylaryň” toparlaryna ýardam berýän ýaranlaryň sanawyny düzýärdiler. Adamlary şeýle usul bilen awlap, işanlary, ahunlary, tire-taýpa serdarlaryny, ýöneki daýhanlary, çopanlary-jemi 130 adamy tussag etdirýärler. Türkmenistanyň komunistik partiýasynyň merkezi komitetiniň sekretary Halmyrat Sähtmyradowyň baştutanlygyndaky hökümt syýasy komissiýasynyň karary bilen 48 adam suda berilýär, 56 adam sudsuz we derňewsiz atylýar, 25 adamy bolsa “ýöňkelýän güna tutaryklarynyň ýeterlik däldigi sebäpli boşadýarlar.[1] 1924-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda urlan urgulardan soň “basmaçylyk” hereketi aýňalmajak ýalydy, emma örän tiz wagtyň içinde “basmaçylyk” hereketi ýene-de aýaga galmaga güýç tapdy. Ýöne ol indi göreş taktikasyny üýtgetdi: partizanlar bir ýere toplanman aýratyn toparlara bölünişip hereket edip başladylar. 1924-1925-nji ýyllarda Türkmenistanda şeýle toparlaryň 50-ä golaýy bolup, olaryň diňe eline ýarag alyp, ata münüp çykan söweşijileriň umumy sany, doly maglumatlara göra, 2000-denem geçýärdi. Ýaragly toparlardan Daşhowuzda Şaltaý batyryň, Ahmet begiň, Ýerbentde Berdimyradyň, Maryda Durdy baýyň, Kerim hanyň (buluçlaryň topary), Tejende Hojaguly hanyň, Kerkide Jora Emiriň, Gylyç Mergeniň, Gazanjykda Arazgylyç mollanyň toparlary has iri toparlardy. Hereketiň baş seranjamjysy, ruhlandyryjysy, adatça bolşy ýaly Jüneýt handy. Ol öz atlylary bilen Orta guýuda mekan tutupdy. “Basmaçylar” bilen bir hatarda galtamanlaram peýda bolupdyr. “Basmaçylaryň” düýp maksady Sowet häkimiýetini ýykyp, “kapyrlary” ýurtdan kowmak bolsa, galtamanlar ýol kesmek, il talamakdy. Onsoňam basmaçylar Gum içinde bolup, wagtal-wagtal medeni zonadaky obalaryň üstüne dökülen bolsalar, galtamanlar gös-göni medeni zonada ýaşap, ilaty talaýardylar. Mysal üçin, Ýylanlyda Anna balaň galtaman topary obalaryň üstünden musallat bolup indi. Bu bolsa partizanlaryň asylly göreşine we onuň abraýyna şikest ýetirýärdi, bolşewikleriň hüjümine bahana berýärdi. Halk ondan gorkýardy. Onsoňam Anna bala öran uly mülkdardy hem söwdagärdi. 40 müň manat berip kärndesine/ejare alansoň, ol Daşhowuz we onuň töweregindäki ähli bazarlarynyň eýesidi. “Yzmykşir”de Gulamaly han özüne gala saldyryp, töweregine onlarça atly toplapdy, ýol urup, kerwen talaýardy. Ol öz obadaşlaryna ekdirip, orduryp, 100 hektara golaý ýeriň hasylynam alýardy. 1924-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Jüneýt han “Horezm Halk Respublikasyna” garşy baş göterip, Daşhowuz, Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly ýerleri eýelýär, emma gyzyl goşun olary ýene-de Guma tarap yza serpikdirýär. Şol ýylyň awgustynda Jüneýt han oturan ýerinden “Peşge” guýa tarap çekilip, bu ýerde bolşewiklere garşy harby merkez döredýär. 1925-nji ýylyň iýunynda/june Gulamly han Sowet organlary tarapyndan duýdansyzlykda öldürilýär. Gulamlynyň ölümi galtaman toparlarynyň serdarlaryna özbuluşly bir duýduryş bolýar. Olaryň birnäçesi, şol sanda Anna bala-da, şu wakadan soň öz atlylary bilen baryp Jüneýt hana goşulýar. Jüneýt hanyň mekan tutan ýeriniň-Orta guýy, Balişem, Çyryşly guýularyň ýene-de mähellesi artýar. Oňa Daşhowuz etraplaryndaky özbek “basmaçylaram” gelip guşulýar. Onda-da Han açyk söweşe girmekden saklanýar. Ol amatly pursat gelýänça, Sowet hökümeti bilen ylalaşyp ýaşamaga mejbur bolýar. 1925-nji ýylyň fewralynda Jüneýt han Aşgabada “Bütin_Türkmen Sowetleri”-niň 1-nji Gurujy Gurltaýyna öz wekilini-Abdulrahman ahun Gurban Seýidogluny yberýär. Wekil, hanyň gurultaýa ýollan hatyny mejlisde okap berýär. Şol hatynda Jüneýt han “basmaçylara” töwekgelçilik edilmegini, indi olary yzarlaman, belli bir ýerde mekan tutmaga rugsat berilmgini soraýar, gurultaýyň kabul eden kararyny hormatlap doly berjaý etjekdigini ynandyrýar[2] Gurultaý, Hanyň haýyşyny kanahatlandyrýar, ýöne beýle ylalaşyk uzaga çekmeýär. Bu gezek ýagdaýyň ýitileşmegine, ähtimal, daşarky wakalar täsirini ýetiren bolmaly.Demirgazyk Eýranyň Horasan we Astrabat welaýatlarynda, Etrek-Gürgen etraplarynda ýaşaýan Türkmenler şanyň zulmuna garşy baş göterýärler. 1924-nji ýylyň maýynda Türkmensähraly Türkmenler garaşsyz Türkmen respublikasyny döredip, Osman ahuny onuň prezidentligine saýlapdylar. Eýran şasy Yrza dergazap bolup, Türkmenlere garşy jeza beriji goşun iberýär. Emma Nepes serdaryň 2000 atlysy, Allaýar hanyň 500 atlysy, Göki serdaryňam 500 atlysy birleşip hökümet goşunyny kül-peýkun edýärler. Yrza han indi ähli güýjüni toplap, Germanýadan 25 sany Ýunkerz uçar satyn alyp, Alman lýotçiklerini/pilot/ hakyna tutýar. 5000 adamly jeza beriji ekespedisiýanam dişine çenli ýaraglandyryp, 1925-nji ýylyň ýazynda ”kakabaş Türkmenleri amana getirmek üçin” ýola salýar. Ýokardan pilotlar Türkmen obalaryny öwrän-öwrän bombalasalar, aşakdan yzgytsyz gyzylbaşlar öňünden çykany gylyçdan geçirdiler. Türkmenlere bolsa hiç ýerden kömek bolmady. Şonda-da olar mertlerçe söweşip, 1925-nji ýylyň güýzüne çenli garaşsyzlygyny saklamagy başarýarlar. Ýüregini bire baglap, Türkmeniň erkanalygy diýip ata çykanlar üçin, elbetde, munuň täsiri boldy. Gana gark edilendigine garamazdan, dagyň aňyrsyndaky arkadaşlaryň özbaşdak Türkmen döwletini gurup, ony bir ýarym ýyla gulaý saklap bilmegi basmaçylyk hereketiniň täzeden göterilmgine getirdi. Basmaçylar ylaýta-da Mary etraplarynda häkimiýetiň ynjalygyny gaçyrdy. Bu ýerdäky basmaçy toparlarynyň serdarlary Berdimyrat, Hydyr ärsary, Hangeldi, Annageldi sary, tiz-tizden Jüneýt hanyň ýanyna gatnap başladylar. Syýasy ýagdaýyň üýtgemgi bilen Jüneýt han has arkaýynlaşdy. Onuň atlylary diňe bir Gum içinde däl, eýsem respublikanyň ähli raýonlarynda gypynçsyz aýlanyşyp ýördüler. Ylatyň belli bir bölegi partizanlara açykdan-açyk ýardam edýärdi. Mysal üçin, 1925–1927-nji ýyllarda çarwalar hana öz mallarynyň kyrkdan birini zekat berdiler. Hywa-Ahal-Gürgen aralygynda gatnaýan kerwenler bolsa harydynyň ýa-da malynyň bäşden birini paç tölediler. Häkimiýetiň jezalandyrmagyna garamazdan, halk Jüneýt hana ýakyndan kömek berýärdi. Garagumyň uzak öri meýdanlarynda, obalarda we şäherlerde, çarwa-çopanlaryň we daýhanlaryň arasynda hanyň adamlary köp bolupdyr, onuň çaparlary-habarçylary Aşgabat, Tejen, Mary, Bäherden, Sarahs ýaly şäherlere we etrap merkezlerine aralaşypdyrlar, daýhanlaryň, şäherlileriň illerini gözgçilik etmek bilen bilipdirler, häkimiýetleriň planlaryny we niýetlerini osmakladyp/haýdan-haý bilmäge çalyşypdyrlar, harby bölümlerini ondan-oňa gonup- göçmgine degişli maglumatlary ele salypdyrlar. Jüneýt hanyň ynamdar adamlarynyň arasynda diňe bir Türkmenler däl, eýsem, komunist düzgünine garşy rus milletinden hem adamlar bolupdyr. “aragatnaşykçylar” hana Aşgabatdan, Daşhowuzdan, Hywadan, gozgalaň-çylaryň hereketine duýgudaşlyk bildirýän adamlaryň, esasan beýleki şäherlerinden we etraplaryndan maglumatlar getiripdirler. Bu hereketiň köpçülikleýin goldanylandygyny, Jüneýt hanyň toparynyň, Gyzyl goşunyň atly bölümleriniň zorlukly hüjümlerinden söweş edip, az sanly ýigitler bilen sypmagy başaryp, Gumda ondan-oňa geçip ýörmegi şaýatlyk edýär. Jüneýt han olaryň hüjümini saklap, 1926-nji ýylda söweşler edip, Türkmensähranyň giňliklerinde ýaýylyp ýatan Eýran Ýomudystanynyň çöllerine çekilýär, şol ýerden hem serhediň iki tarapynda-da ýaşaýan Türkmenlerden adam güýjüni we ýarag kömegini alýar. ---------------------------------------- [1] R.Esenow: «Jüneyt han makalasy... şol ýerde. [2] Gaýgysyz Atabaýew we Nedirbaý Aýtakowyň baştutanlygynda geçirlen bu ilkinji gurultaýda haçan-da Jüneýt hanyň haty okalanda delegatlaryň aýaga galyp el çarpandygy aýdylýar. Arne GOLI Taryh ylymlarynyň kandidaty | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||