19:59 Gorkut atanyñ gubury niredekä?!. | |
GORKUT ATANYŇ GUBURY NIREDEKÄ?!
Taryhy makalalar
Gadymyýetde Syrderýanyň aşak akymlarynda ýaşan oguzlar özlerinden soň bize baý edebi miras galdyryp gidipdirler. «Gorkut Ata» eposy bolsa şol mirasyň naýbaşysy hasaplanylýar. Baryp-ha geçen asyrlarda türkmen bu eposy hakda gyzyklanan daşary ýurtly adamlar, syýahatçylar az bolmandyr. Olar öz ýazgylarynda bu miras hakda azda-kände ýatlap geçipdirler. Reşidetdin, Abulgazy öz kitaplarynda Gorkut ata bilen baglanşykly gyzykly maglumatlardyr rowaýatlary getirýärler. Birnäçe işlerde Gorkut ata patyşa Salyr Gazanyň weziri eken diýen maglumatlar bar. Ol oguz ilinde iň bir abraýly, juda sylanýan adam bolan. Onuň pähimpaýhasyna eýerilipdir. Giden bir uly ile kethudalyk edipdir. Diňe bir oguz ili däl, eýsem-de bolsa, türki halkalryň ençemesi bu dana kişä uly sarpa goýupdyrlar. Gazaklaryň, garagalpaklaryň, özbekleriň, azerbaýjanlaryň, hatda nogaýlaryň arasyndada häli - bu güne çenli Gorkut ata bilen bagly rowaýatlaryň ýörgünli bolmagy hut şonuň üçindir. Türkşynas P.A.Falaýew 1914-nji ýylda Gorkut atly Nogaý obasynda bolandygyny ýazýar. Eýsem-de bolsa, biziň söhbetimiz Gorkut atanyň gubury hakda. Bu keramatly gojanyň guburyny öz gözleri bilen görendikleri hakda dürli döwürlerde dürli adamlar maglumat galdyrypdyrlar. Olardan W.Welýaminow-Zernowy (1851-1865 ýý), baş ştabyň ofiseri L.Meýeri (1865 ý), arheolog P.Lehri (1867 ý), Daşkentli etnograf A.Diwaýewi (1896-1898 ýý), höwesjeň arheologlar I.Aneçkowy (1897 ý), I.Kastanýeni (1906 ý) we beýlekileri agzamak bolar. A.Diwaýew bolsa 1848-nji ýylda gadymy gubury - keramatly ýeri surata düşüren eken. A.Aniçkow bolsa öz ýazgysynda guburyň ýanynda sazak agajynyň ösüp oturandygyny, onuň üstüniň daňylgy matalardan doludygyny ýazýar. Çünki bu ýer keramatly ýer hasaplanypdyr. Dertlerinden saplanmak üçin bu ýere gelýän adamlaryň yzy üzülmeýär ekeni. Diwaýewiň ýazmagyna görä, dertli adamlar bu ýere ýatymlyk gelip, gözleri ýaşly doga okaýan ekenler. Aýratynam bu ýere il içinde ýörgünli «al kakan« nähoşlar köp getirlipdir. Syýahatçylaryň ählisi gyzylordanyň töweregindäki gadymy guburyň adatdan daşary uzyndygyny we uludygyny ýazypdyrlar. W.Welýaminow-Zernow bolsa il içinde eşiden gürrüňlerine esaslanyp, «Gorkudyň boýy 2 sažene barabar eken» diýip ýazypdyr. XIX asyryň ahyrynda Gorkut atanyň gubury ýykyk-ýumruk ýagdaýda ekeni. «Bir diwary Syrderýa tarap ýykylypdyr« diýip ýazan A.Diwaýew derýanyň edil kenarynda ýerleşensoň suw bilen eýi ýetirilen gadymy guburyň iň soňky günleri başdan geçirýändigini habar berýär. 1906-njy ýylyň tomsunda Gorkut ata obasyna gelen arheolog Kastanýe gubury gözläp tapyp bilmändir. Hakykatynda weli Gorkut atanyň guburynyň çala sudury 1927-nji ýyla çenli saklanypdyr. Şol ýyl derýanyň kenaryny suw almagy bilen gadymdan gelýän gubur - Gorkut atanyň gubury tekizlenipdir. Gorkut atanyň mazary bilen baglanşykly ýenede bir täisn maglumatlar bar. Ol German imperatorynyň Moskwadaky we Eýrandaky ilçisi Adam Olearä degişli. Ilçi 1638-nji ýylda Derbent şäheriniň edil golaýynda uly bolmadyk bir derýajygyň boýundaky ymam Gorkudyň guburyny görendigini ýazypdyr. Onuň ýazmagy boýunça, il içindäki rowaýatlara görä, ymam Gorkut Kassan patyşanyň, ýagny Salyr Gazanyň egindeşidir. Şeýle hem musulmançylygy wagyz edijidir, Muhammet pygamberiň dostudyr. Ol «Pygamber ýogalandan soň 300 ýyl ýaşapdyr». Ýeri gelende aýtsak, Gorkut atanyň uzak ýaşandygy hakda Reşideddin hem, Abulgazy hem ýaňzydyp geçýärler. Oleariýanyň gürrüň bermegine görä, ymam Gorkudyň gubury zyýarat edilýän ýer bolup, oňa bir garry aýal tarapyndan müjewürlik edilipdir. «Hepdäniň belli bir günleri şäherden hem, ondan uzakdaky ýerlerden hem zyýarata gelnipdir. Gyzlar, aýallar köwüşlerini çykaryp gelip, gubury ogşap, ýerde oturyp doga okaýarlar. Dogadan soň, zyýaratçylar müjewüre sadaka berýärler»... diýip, ilçi ýazýar. Nemes ilçisinden soň Gorkudyň Derbentdäki guburyna türk syýahatçysy Ewliýa Çelebi (1647 ý) gelipdir. Ol özüniň «Syýahatlar« kitabynda Däde Gorkudy beýik Soltan diýip atlandyrýar. Indi bolsa türkmeniň «Gorkut ata« eposynyň öwrenilişiniň taryhyndan kelam agyz söz. Bu gadymy ýadygärlik haýsydyr bir ýol bilen Drezden kitaphanasyna düşüpdir. 1815-nji ýylda asly nemes, gündogarşynas Dis eposdan bir bölümi - Bisaryň Depegözi öldürşi hakdaky bölümini nemes diline terjime edip, ony çap etdiripdir. Şondan soň, 1857-nji ýylda Wilgelm Grimm oguz eposyndaky bu wakany öz ertekisinde ulanypdyr. Tizden soň uly nemes gündogarşynasy Teodor Neldeke «Gorkut ata« bilen gyzyklanyp başlaýar. Eposy terjime etmek, ony asyl nusgasyndaky ýaly çeperçilik bilen nemes okyjylaryna ýetiräýmegiň ýeňil-ýelpaý iş däldigine göz ýetiren Neldeke ähli materiallaryny ýygnap, 1892-nji ýylda W.W.Bartolda gowşurýar. «Gorkutata«bilen baglanşykly soňky bitirilen işler gündogarşynas alym W.W.Bartolda degişlidir. Ol irginsizlik bilen zähmet çekip «Gorkut atany« dolulygyna rus diline terjime edýär. Türkmen eposynyň dünýä ýaýramagynda W.W.Bartoldyň uly hyzmaty aýratyn bellenip geçilmelidir. Haçanda görnükli rus akademigi, dünýäde ady belli Bartold eposyň oguzlara - türkmenlere degişlidigini hiç bir gypynçsyz ýazan mahalynda, biz "ýyk" diýilse öldürýän elleri gylyçly bisowat ideologlaryň günäsi bilen 70 ýyllap şeýle gymmatly, şeýle beýik mirasymyzdan ýüz öwürmäge mejbur bolduk. Bu deňitaýy bolmadyk taryhy mirasymyzy azda-kände halka ýetirmekçi bolan tanymal adamlaryň boýunlaryndan syrtmak atylmagy günäsi geçilmesiz hatadyr. Elbetde, şeýle zabun gadagan etmeleriň döwri ötdi. Garaşsyzlyk zamanasynyň gelmegi bilen ýüzümizi täze şemal çaldy. «Gorkut ata« niçeme ýyllardan soň öz kowmuna dolanyp geldi. Bu epos bizde eýýäm ençeme gezek neşir edildi. Şu ýerde Gorkut atanyň gubury meselesindede käbir pikirleri orta atasymyz gelýär. Gadym türkmen topragynda ençeme taryhy ýadygärliklere, şahsyýetleriň guburlaryna duş gelýärsiň. Onuň her bir künji gadymyýetden habar berýär. Bu toprakda «Ata« ady bilen ýaşap geçen ençeme şahsyýetleriň guburlary bar. Gözli atanyň, Köw atanyň, Arçman atanyň, Now atanyň, Çopan atanyň, Goçgar atanyň, Dargan atanyň, Ysmamyt atanyň, Nur atanyñ… atlary türkmen topragy bilen berk baglanşyklydyr. Bularyň käbirleriniň gubury belli bolsa-da, käsiniňki näbelli. «Ata« bilen baglanşykly şeýle öwlüýäleriň beýleki türki döwletlerde ýek-tük düşüp, Türkmenistanyň tas her etrabynda diýen ýaly duşup durmagy «Gorkut ata hem hut biziň topragymyzda ýaşap geçendir« diýen pikire getirýär. Elbetde, muny içgin derňemek biziň alymlarymyzyň şu günki wezipesi. Gorkut atanyň guburynyň hem birnäçe bolan bolmagy hem mümkindir. Hoja Ýusup Hemedanyň gubury türkmen topragynda. Ýöne onuň başga ýerlerde'de ýadygärlik gümmeziniň (simwoliki mazarlarynyñ -t.b.) bardygy bize mälim. Garrygala etrabynyň Könekesir obasynda Şyh Attaryň mowzoleýi bar. Orta asyrlarda ýaşap geçen bu parasatly adamyň mawzoleýiň Eýranda-da, Samarkantda-da bardygyny okandygymyz ýadymyzda. Il arasynda «Gorkuda çukur gazma« diýen nakyl bar. Elbetde, bu ýöne ýere däl. Ilimizde Gorkut ata bilen bagly gör, niçeme rowaýat şu güne çenli dowam edýýär. Şulardan çen tutsaň, Gorkut atanyň guburynyň şu gadymy toprakda boljagy gaty ähtimal. Bu elbetde, geljekde taryhçylarymyzyň işi. Olar muny ylmy esasda öwrenerler diýen tamamyz bar. 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |