02:53 "Gorkut ata" eposynda edep-terbiýe meseleleri | |
«GORKUT ATA» EPOSYNDA EDEP-TERBIÝE MESELELERI
Pedagogika we edep-terbiýe
«Gorkut ata» eposy türkmen halkynyň iň gadymy medeni ýadygärlikleriniň biri bolmak bilen, ol türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhyny, dilini, durmuşyny giňden beýan edýär. Bu, esasan hem, jemgyýetdäki adamlaryň−ata bilen ogluň, aga bilen ininiň, maşgala agzalarynyň, dost-ýarlaryň, aýry-aýry bölekler bolup hereket edýän adamlaryň aragatnaşyklarynda has hem aýdyň ýüze çykýar. Eposyň ähli şahalarynda edep-ekram meselesi aýratyn nygtalýar. Köpçülikde özüňi alyp barmak, sypaýyçylygy saklamak, köp geplemezlik, myhmanparazlygyň edeplerini berjaý etmek, myhman bilen edepli görüşmek, ony garşy almak ýa-da ugratmak, gerek ýerinde ýaşululara sala salmak, olaryň aýdanlaryny ýerine ýetirmek ýaly däpleriň berjaý edilýändigine eposyň dürli şahalarynda köp duş gelinýär. Hut şu meseleleri eposy ylmy taýdan öwrenip başlan ilkinji türkmen alymlary akademik B.Garryýew, professor M.Kösäýew, özbek alymy E.S.Namazow, rus alymy A.Ýu.Ýakubowskiý dagy öz işlerinde ýörite nygtadylar. «Kitabi dädem Korkut» kak istoçnik dlýa izuçeniýa etiketa oguzow» diýen işinde, E.S.Namazow: «S polnym osnowaniýem w etot pereçen možno wklýuçit i kulturu obşşeniýa, etiketnyýe normy, naşedşiýe w şirokoýe otraženiýe» diýip, aýratyn belleýär. «Derse han ogly Bugaç han boýy» hem-de «Bekil ogly Ymranyň boýuny beýan eder» şahalarynda-da maşgalada bir-biriňe düşünişmek, gepi-sözi diňlemek, hormat goýmak ýaly häsiýetleriň mysallary köpdür: «Baýandyr hanyň ýigitleri Derse hany garşyladylar. Ony göterip gara otaga ýerleşdirip, aşagyna gara keçe düşäp, gara goýnuň ýahnasyny öňüne goýup: - Baýandyr handan buýruk şeýledir, hanym! - diýip aýdýarlar. Perzendiniň bolmanlygy üçin şeýle edilenine gahar edip, ol öýüne gelýär. Hatda aýalyna hem gahar edýär. Ýöne ýoldaşy näme diýse-de aýaly gaharlanmaýar. Ony diňleýär, köşeşdirýär, gaharyny ýatyrýar, sabyrly bolup edebini saklaýar. Şeýle hem ol sypaýyçylykly, mylakatly we kanagatlanarly jogap berýär. Şeýle ýagdaý «Bekil ogly Ymranyň boýuny beýan eder» şahasynda ýene-de ýatlanylýar: «Gazan begiň, gepi Bekile ýaramady. Ol ýaman gördi. Ýöne Bekil aýalynyň nesihatyny aldy. Soňra ol aýalynyň maslahaty bilen daglara awa-şikara çykdy». Aslynda Bekiliň ýaşulularyň ýanynda, ýagny Gorkut atanyň hem-de Baýandyr hanyň ýanynda hormaty uly. Ol edepli, edermen we mert ýigit. Ine, oguz iline garawul bolup, serhedi goramaly bolanda hiç kim göwnemeýär. Baýandyr han: − Sen ne diýr sen -diýip Bekile ýüzlenende, ol sesini çykarman razy bolýar, galkýar, ýeri öpýär. Şeýle hereketler bilen ol islendik ýumşy bitirmäge taýýardygyny mälim edýär. Eposda hormatly, abraýly, sylanýan gahrymanlaryň biri-de Salyr Gazandyr. Eserde oňa ýüzlenilende hem agam Gazan, Gazan beg, begim Gazan diýip aýdýarlar. Diňe bir çopan ýa hyzmatkär däl, oňa Birek, Ýegenek, Oraz goja, Bükdüz aman, Alparslan ýaly begler, hanlar hem şeýle hormat bilen ýüzlenýärler. Duşmanlar Salyr Gazany guýudan çykarmaga-da mejbur bolýarlar. Sebäbi onuň il arasyndaky abraýy ýokary. Ol söze-de baý. Onuň sözi-de ötgür. Şonuň üçin sözünde güýç bar. Hemme kişi onuň sözüni diňleýär. Gazan beg hemme kişä kömege ýetişýär. Ol ähli adamlara pendu-nesihat berýär. Salyr Gazanda edepliligiň ýokary nusgasy jemlenilipdir. «Salyr Gazan we Itemjek» rowaýatynda şeýle pursat suratlandyrylýar: ... Emma Salyr Gazan gyzy ýykmaýardy. Munuň sebäbini gyz soranda, Gazan: - Sen bir ýaş gyz, onda-da şa gyzy. Eger men seni ýykyp, üstüňe hem özüm ýykylsam, naýynsaplyk bolar-diýip jogap berýär. Şujagaz waka hem onuň beýik adamkärçiliginden habar berýär. Eposda akylly-başly we edep-ekramly bolmak, ýagşy häsiýetler her bir çaga ýaşlykdan berlipdir, aňyna guýlupdyr. «Baýbüre beg ogly Bamsy Birek boýy» şahasyndaky duş gelýän nusga üns bereliň: «Baýbüräniň ogly bäş ýaşyna girdi, bäş ýaşyndan on ýaşyna girdi, on ýaşyndan on bäş ýaşyna girdi. Bir syratly edepli ýigit bolup ýetişdi» diýip ýörite nygtalýar. Şu mysalyň özi hem ýaş çaganyň edebine neneňsi üns berlendiginiň şaýadydyr. Eserdäki gahrymanlaryň söz aýdyşlaryny aýratyn bellemek gerek. Eposdaky «Baýbüre beg ogly Bamsy Birek boýy» şahasynda Bezirgen ýigitlerine, Birege ýüzlenip aýdan: − Gara başym saňa gurban bolsun- diýen jümle üns bermäge mynasypdyr. Bu söz düzüminiň «Gorkut ata» eposyndan has irki jemgyýetçilik durmuşyndaky adamlaryň dünýägaraýyşlary netijesinde dörän hem bolsa, bu eseriň dörän döwründe we ondaky gahrymanlaryň uly adama, ata-enä, ýaşululara aşa hormat goýmak, şeýle sypaýy, mylaýym söz gatyp gürrüňdeşiňi özüňden razy etmek, oňa sarpa goýmak, onuň göwnüni götermek üçin ulanylýar. Bu söz arkaly Salyr Gazan çopana, Bezirgen ýigitlerine, Oruz hem kakasyna - Gazana we kyrk ýigitlerine ýüzlenýär. Eposda Baýbüräniň ogly Bamsynyň obrazynda hem edepliligiň we adamkärçiligiň iň oňat sypatlaryny görmek bolýar. Ol edebini saklap, bezirgenlere adyny hem aýtmaýar. Öýüne gelende, atasyna bezirgenler bilen bolan ahwalaty hem aýtmaýar ýa-da awa gidende, gyzlaryň gyzyl çadyryny görüp, ol nätanyş ýere barmakdan saklanýar, edeplenýär. Aslynda Bamsynyň obrazynda edepli hereketler köp. Eseriň bir ýerinde şeýle diýilýär: «Gysyrja ýeňňe aýtdy: - Beg ýigidim, bu otag Baýbijan begiň gyzy Banu Çiçegiňikdir» - diýdi. Bu habara Biregiň gany gaýnady, edep bile ýap-ýap yza döndi.» Eýsem, bu edepliligiň nyşany dälmidir?!. Eposda öz asyllylygy, medeniýeti, akyly, edebi bilen tapawutlanýan obrazlaryň biri-de Hantöreliniň obrazydyr. Ululara hormat goýmak, aýdylan zady wagtynda ýerine ýetirmek, beren sözünde tapylmak Hantöreliniň esasy häsiýetleridir. Hantöreli kakasyndan eşiden sözüni hökman ýerine ýetirmeli diýip hasap edýär. − Bolmasa meniň üçin namys bolar -diýip düşünýär. «Ýigit, nireden geler sen?» -diýip, han soranda, Hantöreli ýerinden turýar, edepliligiň nusgasyny görkezýär. Hantöreli pälwansypat, daýaw, güýçli bolsa-da öwünjeň däl. Ol buga bilen söweşende hem: «Akyl adamzada berlendir, munuň öňünden sowlaýyn, näme hünärim bolsa, arkasyndan görkezeýin - diýip, pähimli hereket etmegi hem aňlylygyň nyşanydyr. Hantöreliniň hemişe nykaply gezip ýörşi hem edepliligiň bir nusgasydyr. Eposda Gorkut ata iň edepli, salyhatly, halk maslahatçysy, sala salynýan, çykgynsyz ýagdaýlardan çykalga tapyp bilýän, hemişe ýagşyny ündeýän, il ýaşulusynyň obrazydyr. Aýratyn bellemeli zat ol hemme ýerde: Maňgyşlakda, Ürgençde, Balkanda, Maryda, Alys illerde, Samarkantda, Türküstanda pir hökmünde, ýagny ýaşuly, nesihatçy, wesýet edýän il ýaşulusy hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin hemme ýerde Gorkut atanyň sözi ýörgünli. Hut şonuň üçin onuň sözi ula-da, kiçä-de, erkege-aýala-da, dosta, hatda duşmana-da täsir edýär. Eposda Gorkut ata dürli hili ýüzlenilýär: däde Gorkut, soltan, ata, pir. Bu-da onuň sarpasynyň näderejededigini açyk-aýdyň görezýändir. Eposda biýedeplik edenlere gyjalat berilýär. Ikinji gezek gaýtalamazlygy üçin ýüzüne aýdylýar, utandyrylýar. Eserde haýsy hem bolsa bir işe başlamazdan ýa-da bir ýere ugramazdan öň ýaşululardan, ata-eneden rugsat soramak, gerek ýerinde olara sala salmak, ýagşy-ýamany seljerip, gepini anyklap, soň işiňi bitirmek ýaly däplere hem uly üns berlipdir. «Owşan goja ogly Segregiň boýuny beýan eder» şahasynda Segrek doganyny boşatmaga gitjek bolanda ýaşululardan, soňra bolsa enesinden maslahat soraýar. Segregiň obrazy aýratyn üns bererlikdir. Onuň ata-enesine bolan hormaty ýokary. Ol gadymy ata-babalarmyzyň däp-dessurlaryna eýerip, ýaşululara, dana gojalara hormat we sarpa goýýar. Eposda ol dogany Egrek ukudan turandan soň, tanamazlykdan onuň bilen söweşjek bolýar. Ýöne, görse onuň elinde Dädem Gorkudyň sazy bar. Ine, şol Däde Gorkudyň sazynyň hormatyna oňa degmeýär. Eserde türkmen atyna bolan garaýyş hakda aýratyn ýatlamak gerek. Oňa edil adam ýaly hormat-sarpa goýulýar. «Birek atyň iki gözüni öpdi - diýen jümle hem muňa mysal bolup biler. Bu eposda terbiýeçilik ähmiýetli edep-ekramy ündeýän türkmen halk nakyllaryna hem aýratyn üns berilýär. Olar häli-şindi örän ýerlikli we jaýdar ulanylýar. «Ene haky-taňry haky», «At aýagy kölük, ozan dili çuň bolar», «Eýegili ulalar, gapyrgaly beýgeler», «At gulagy sak bolar» ýaly nakyllaryň manysy diýseň uludyr. Umuman, «Gorkut ata» eposynda gadymy türkmenleriň gündelik durmuşy, edep-ekramy däp-dessury, ýaşaýyş durmuşlary, maşgala aragatnaşyklary giňden beýan edilýär. Şonuň üçin bu eser gadymy türkmenleriň etnografiýasyny ylmy taýdan öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat eder. Seýitnur MÄMMETNUROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |