11:07 "Gorkut ata" eposyndaky ahlak garaýyşlar | |
«GORKUT ATA» EPOSYNDAKY AHLAK GARAÝYŞLAR
Pedagogika we edep-terbiýe
Oguzlaryň-türkmenleriň gahrymançylykly «Gorkut ata» eposynda halkyň ahlak ynançlaryny, wajyp durmuş meselelerine garaýyşlaryny, adamlaryň jemgyýetdäki özara gatnaşyklaryny beýan edýän köpsanly gymmat bahaly we özboluşly pikirler saklanyp galypdyr. Eposda görnüşi ýaly, oguzlaryň taýpa soýuzynda − ilde taýpa agzalarynyň esasy, iň zerur ahlak prinsipi gahrymançylyk hasaplanypdyr. Gahrymançylyk görkezip, taýpada, ilde saýlanan urşuja sylag-hormat edilip, bitiren işine mynasyp at, dereje berlipdir. Oguz ili gahrymançylyga, batyrgaýlyga, mertlige çagalary ýaşlykdan taýýarlapdyr. Olaryň öňlerinde dürli hili emeli we tebigy kynçylyklar döredipdirler. Ol kynçylyklary çagalaryň özleri ýeňip geçmeli bolupdyrlar. Hatda, at almak ýaly wajyp meselelerde hem ýaş ýetginjekler öz gaýratlaryna, ugurtapyjylygyna we gylyç güýjüne daýanmaly bolupdyrlar. Eposda ýigitler bilen deň hatarda aýal-gyzlaryň işden oňat baş çykarandyklaryna kepil geçýän faktlar bar. Urşujy aýal-gyzlaryň obrazlaryna mysal edip, eposdaky Banu Çiçegiň, Seljanyň, Burla hatynyň atlaryny getirmek bolar. Olar eserde atarman, çaparman, zerur bolanda erkek kişiniň ornuny tutup bilýän, halk ideýaly−gahryman gyzlaryň sypatynda hereket edýärler. Gahrymançylyk bilen baglanyşykly iňňän zerur prinsipleriň biri-de WATANÇYLYKDYR. Oguzlaryň gahrymançylygy bilen watançylygyny biri-birinden aýyrmak mümkin däl. Olar biri-biriniň üstüni doldurýan prinsiplerdir. Oguzlar diňe WATANY goramaklyga, onuň güýjüni artdyrmaklyga peýda berip biljek işlere gahrymançylyk diýip düşünipdirler. Şonuň üçin hem watançylyk ideýasy we kese ýerli basybalyjylara garşy alnyp barylan göreş «Gorkut ata» eposynda aýratyn orny eýeleýär. Watançylyk duýgusy «Gorkut atada» WATAN diýen düşünjeler bilen berk baglanyşyklydyr. Bu düşünjelerde halkyň ahlagynyň komponenti bolan watançylyk duýgusyny açyp görkezýän esasy elementler jemlenýär. Oguzlar Watan diýlende, ilki bilen oguz tire-taýpasynyň ýaşan ýerlerine düşünipdirler. Halkyň rolunda bolsa oguz tire-taýpalary çykyş edýärler. Tireleriň, taýpalaryň birleşip, bir halk hökmünde hereket etmek ideýasy «Gorkut ata» eposynyň ündeýän esasy ideýalarynyň biridir. Bu ideýa watançylyk prinsipiniň aýrylmaz bölegi, sarsmaz sütünidir. Eposdan görnüşi ýaly, eserde gürrüň berilýän wakalaryň bolup geçen döwründe oguz tire-taýpalarynyň bir soýuz - ile birleşmek prosesi bolup geçipdir. Munuň özi merkezleşdirilen döwlet gurmaga tarap ädilen ilkinji ädimdir. Bu maksada ýetmek üçin ykdysady, syýasy höweslendirmeler bilen bir hatarda, ahlak höweslendirmeleriniňem bolmagy iňňän zerurdyr. Ahlak höweslendirmeleri ilki bilen gurulýan döwletiň ykdysady we syýasy esasyny sosial taýdan berkitmek üçin gerekdir. Merkezi dolandyryş sistemasy bolan döwleti gurmak, taryhy taýdan progressiw hadysadyr. Sebäbi, döwlet gurlan territoriýadaky taýpa birleşmesiniň netijesinde ykdysadyýet ösýär. Ikinji tarapdan bolsa tire-taýpa, urug agzalarynyň arasynda jemgyýetçilik gatnaşyklary aktiwleşýär. Ilki ahlak, soňra bolsa hukuk düzgünleri olaryň arasynda ornaşýar. Halkyň taryhyny öwrenmäge, medeniýeti, sungaty, ylmy ösdürmäge giň mümkinçilikler açylýar. Şu sebäplem, eposda taýpa birleşiginiň−iliniň agzybirligine, jebisligine uly üns berilýär. Eposy öwrenenimizde bu birleşmäniň entek sözüň doly manysynda döwlet formasyny almandygyna göz ýetirýäris. Oguz ili etniki taýdan «Üçok», «Bozok» diýen böleklere, geografik taýdan bolsa, «Daşoguz» we «Içoguz» atly regionlara bölünýär. Ol regionlaram has kiçi böleklere-taýpalara dargaýarlar. Her bölegiň başynda-da öz hany, serkerdesi bar. Döwlet gurluşygynyň irki döwrüne mahsus bolan harby-demokratiýa hanlaryň, serdarlaryň hereket ediş meýdanyny daraldýar. Ýöne muňa garamazdan-oguzlaryň özlerini bir halk, bir sosial umumylyk hökmünde duýup başlandyklaryna şaýatlyk edýän delillere duşmak bolýar. Eposda agzybirlik wasp edilip, oguzlaryň arasynda agzalalyk döredip biljek hadysalar ýazgarylýar. Oguzlaryň ilki bilen öz ata Watanlarynyň bähbidini başga ownuk zatlardan daşda durmalydygyny ündeýän ideýa, biz «Içoguza Daşoguz begleriniň baş galdyryp, Biregiň öldügi boýuny beýan eder» boýunda duşýarys. Bu boýda mal, baýlyk üçin agzybirlige tor salan Daşoguz begleriniň hereketi Watançylyk duýgusyna ters gelýän hereketler hökmünde görkezilýär we agzybirligi bozan guramaçylar berk jezalandyrylýar. Eserde şöhlelenýän esasy ahlak düzgünleri adalatlylyk prinsipine öz täsirini ýetiripdir. Oguzlar şol döwürde bu prinsipe aýratyn üns beripdirler. Ýokarda görkezilen Daşoguz begleriniň Içoguza garşy gozgalaňynyň düýp sebäbi hem adalatlylygyň bozulmagyndan başlanýar. Şol wagtlar oguz serdarlarynyň arasynda giň ýaýran bir däp bolupdyr. Şol däp boýunça ýylda bir gezek serdar öz öýüni oguz beglerine talamaga beripdir. Oguz begleri bu däbi berjaý etmek üçin üýşenlerinde, oguz serdary aýalynyň elinden tutup, öýünden çykar ekeni. Şondan soňra «öý talamak» ýa-da başgaça, aýdanyňda öýdäki baýlyklary paýlaşmak başlanar ekeni, /Ähtimal, oguzlaryň arasynda şeýle dessuryň bolmagy şol wagtky oguz serkerdeleriniň köp derejede halka, oguz beglerine garaşlylygyny aňladýan bolsa gerek. Soňky gezek Salyr Gazan öýüni «talamaga» berende Daşoguz beglerini çagyrmaýar. Muňa bolsa Daşoguz begleri adalatlylygyň bozuldygy diýip düşünýärler we Salyr Gazanyň garşysyna gozgalaň turuzýarlar. Oguzlaryň adalatlylyk meselesine nähili derejede üns berendiklerine güwä geçýän faktlara «Gorkut atanyň» çowdur nusgasynda-da duşýarys. Bu nusganyň «Oguzlaryň melallaşmagy» diýen şahamçasy çowdur we baýat hanlarynyň arasynda bolan dawany gürrüň berýär. Dawanyň çözgüdinden närazy bolan çowdur hanlary Akbaý we Garabaý özleriniň göwünlerine nähak deglip, «adalatsyzlyga ýol berildi» diýip düşünýärler we çowdurlary Maňgyşlaga göçürýärler. Göwnüne deglen bu taýpa günäkärleri tapyp jezalandyranlaryndan soň hem yzyna dolanmak islemeýärler. Şeýlelikde, öwrenilen materiallara daýanmak bilen, oguzlaryň- türkmenleriň ahlak-etiki garaýyşlaryna degişli aşakdaky netijeleri çykarmak bolar: - birinjiden, türkmenleriň ahlak-etiki garaýyşlary olaryň alyp baran durmuş obrazlaryna daýanýar. Şol döwrüň şertleriniň oguzlardan-türkmenlerden berk düzgünli halk bolmagyny talap edenligi sebäpli, olaryň arasynda hereket eden ahlak-etiki prinsipleri, esasan, şol şertleriň talaplaryny şöhlelendirýär; - ikinjiden, eposda ýüze çykýan ahlak-etiki garaýşlarda tire-taýpa gurluşynyň dargap başlamagynyň başlangyjy duýulýar. - üçünjiden, oguzlaryň arasynda aýal-gyzlaryň abraýynyň belent tutulmagy, olaryň erkekler bilen deň görülmegi, olaryň söweşlere, meýlislere gatnaşyklary, durmuşa çykmadyk gyzlaryň erkeklere şerap guýup bermekleri ýaly köpsanly deliller, «Gorkut ata» eposynyň öz gözbaşyny gaty gadymdan alyp gaýdanlygyna şaýatlyk edýär. - dördünjiden, ýagşylyk-ýamanlyk, haýyr-şer, adalatlylyk-adalatsyzlyk ýaly ahlak düşünjeleri hem Watançylyk, gahrymançylyk, mertlik, batyrgaýlyk ýaly ahlak kadalary bilen aýrylmaz baglanyşykda dowam edýär. Peýşembaý AÝDOGDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||