09:40 "Gorkut ata" eposynyñ ýaşlary hünäre ugrukdyrmakdaky ähmiýeti | |
«GORKUT ATA» EPOSYNYŇ ÝAŞLARY HÜNÄRE UGRUKDYRMAKDAKY ÄHMIÝETI
Pedagogika we edep-terbiýe
Hünär we oňa kämilleşmek döwrüň talabydyr. Hünäri öwrenmäge bolan zerurlyk hemme döwürde, has-da Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ösýän döwründe artýar. Biziň hormatly Prezidentimiz Täze bilim syýasatyny kabul edende, çagany okatmak, edepli, Watansöýüji, geljekki ýurt eýeleri edip ýetişdirmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde belledi. Hünärlere ugrukdyrýan mugallymyň esasy wezipesi çagany ýürekden söýmegi, onuň diline düşünmegi başarmakdyr. Her bir çaganyň psihiki aýratynlygyna düşünmelidir. Täze bilim syýasaty mugallymdan, onda-da ýaş mugallymdan täzeçe işlemegi talap edýär. Beýle diýildigi alan bilimleriň durmuşda, praktikada ýerlikli ulanyp bilmegi başarmakdyr. Täze metodlar bilen berk ýaraglanyp, okatmagyň metodikasyna ünsi güýçlendirmelidiris. Bu talaplardan ugur alyp ýaş mugallymlar, alymlar hünärlerine kämilleşmäge ýardam berýän usullary yzygiderli gözleýärler, tapýarlar, praktikada ulanýarlar. Ýokary bilimli mugallym mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýynda bolsun, sapaklarda, leksiýalarda okuwçynyň, talybyň ünsüni özüne çekmegi başarmalydyr. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda baý ruhy mirasymyzdan, şol sanda «Gorkut ata» eposyndan peýdalanmak laýykdyr. Şeýlelikde, watansöýer, göreşjeň batyrlary taýýarlap ýetişdirmekde «Gorkut ata» eposynyň belli bir bahasy ýokdur. Ol epos gadymdan türkmen halkynyň arasynda giňden ýaýran eserleriň biridir. Onuň on iki boýy bolup, her bir boýuň aýry sýužeti, manysy, aýry gahrymany bolsa-da, hemmesi hem birme-bir beýan edilmän, oguzlaryň içki, daşky ýagdaýlary, birmeňzeş döwür, birmeňzeş däp-adat görnüşindedir. Bu eser ýaşlarda bolýan iň oňat häsiýetiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şular ýaly eserleriň ýaşlara edermenlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk, töwekgellik, harby tälim hünäri ýaly asylly häsiýeti bermekde uly rol oýnanlygy şübhesiz. Köp boýlarda ýaş ýigitleriň namysjaňlygy, batyrlygy we ynanjaňlygy taryp edilýär. Öýlenjek ýigitler özüniň aljak gelniniň çakgan, edermen, durnukly, sagdyn we uruş hünärlerini bilýän, gerek bolanda, ýarag işletmegi hem başarýan batyr bolmagyny talap edýärler. Gyzlar hem öz nobatynda dürli meseleleri çözmäge gatnaşypdyrlar. Olar her bir meselede akylly, parasatly we edermen edip görkezilipdir. Bu eseriň düýp mazmunynda ol döwrüň awçylyk, öküz uruşdyrmak, aşyk oýnamak, bagşy aýtdyrmak ýaly däp-dessurlary bilen ýaşlary hünäre ugrukdyrmak amala aşyrylýar. Oguz tireleriniň şol wagtdaky esasy kesbi-käri çarwaçylyk bolupdyr. Şolardan çopançylyk kärine sarpa goýlupdyr. Bu eserde çopanlara esasy orun berilipdir. Olar sada, daýaw, örän güýçli sypatda berlipdir. Mysal üçin, Salyr Gazanyň öýi talananda, duşmanyň alty ýüz atlysy onuň goýun sürüsiniň üstüne at goýýar. Garaja çopan özüniň Gabangüýji, Demirgüýji diýen inilerini ýanyna alyp, äpet sapany bilen duşmanyň garşysyna söweş edýär. Ine, şeýle gaýduwsyzlyk bilen göreşýän mert çopandan duşman gaçýar. Kitapda baş ideýa gahrymançylykdyr. Ol Watana, il-güne söýgi, ýoldaşa wepalylyk, mertlik, uruş hünärini türgen bilmek ýaly durmuşyň talap edýän ýagdaýlary örän ýiti goýlupdyr. Hatda, oglan ýigit ýetip, bir gahrymançylyk görkezmese, oňa at hem dakmaýarlar. Meýlislere gatnaşyp, gürrüňe goşulýan ýigitden haýsy-da bolsa bir ugurdan göz görkezmeklik talap edilýär. Mysal üçin, «Owşan goja ogly Segregiň hekaýasynda» şeýle bir waka gürrüň berilýär. Ýagny, bir gün hanyň öýüne oguz begleri ýygnandylar. Egrek olaryň üstlerinden basyp, töre geçmek isledi. Oguz ilinde Tersuzamyş diýen bir ýigit bardy. Ol Egrege ýüzlenip: − Haw, Owşan goja ogly, bu oturan begleriň her biri şu oturdygy ýeri gylyjy bile, çöregi bile alypdyr. Ýeri, sen baş kesdiňmi, gan dökdüňmi, aç doýurdyňmy ýa ýalaňajy donadyňmy? Ol aýdar: − Haw, Tersuzamyş, baş kesip, gan dökmek hünärmidir? −Hawa hünär, ýogsa näme?». Tersuzamyşyň bu sözleri Egrege kär etmedi. Ol turdy, Gazan begden ýygyn diledi. Gazan beg ýygyn berdi. Şundan soň, Egrek Gazan begden goşun alyp, döwrüne mynasyp şöhrat gazanmak üçin duşmanyň üstüne atlanýar. Ondan başga-da «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy» diýen hekaýasynda hem gahrymançylyk görkezmekde hünäriň gerek ekendigi beýan edilýär. Meselem: daş-töwerek duşman, Gazan ogluna tälim berip ýörkä, tötänden bularyň üstüne duşman leşgeri dökülýär. Söweşde Gazan begiň örän güýçlüligi we gaýduwsyzlygy görkezilýär. Munda aýallaryň hem gahrymançylygy suratlandyrylýar. Aýratyn hem şeýle nesihatlaryň üsti bilen: «Gyz eneden görelde almasa öwüt almaz»; «Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz»; «Ogul atasynyň iki gözüniň biridir»; «Ogul döwletli çyksa, ojagyň közüdir»; «Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýeg». Şu ýerden görnüşi ýaly çaga ýaşlykdan hünär we edep-ekram öwretmek, her bir ata-enäniň borjudyr. Eseriň «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy» diýen hekaýasynda şeýle diýilýär, ýagny: − «Eý beg babam, düýeçe ulalypsyň, emma köşekçe akylyň ýok, depeçe ulalypsyň, emma daryça beýniň ýok. Hünäri ogul atadan öwrenermi ýa-da ata oguldan öwrenermi? Haçan sen meni duşman serhedine alyp bardyň, haçan gylyç çalyp, baş kesdiň? Men senden näme gördüm, näme öwreneýin?». Munuň esasy mazmunyndan−çaga ýaşlykdan hünär öwretmek wezipesi gelip çykýar. «Gorkut ata» eposynyň çuň manyda beýan edilýän boýlarynda üns köp meseleleri çözmeklige gönükdirilýär. Häzirki döwürde onuň uly gollanma bolup hyzmat edip, onda beýan edilýän wakalaryň giň manysyny ýaşlara öwretmek we olaryň aňynda şöhlelendirmek, her bir ynsanyň we medeni-ylym taýdan ýaraglanan adamyň mukaddes borjudyr. Setdar SAPAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |