20:04 Goşgular | |
Annaberdi AGABAÝEW / GOŞGULAR
Goşgular
▶ Aý topragynyñ daşynda 1976-njy ýylyñ 22-nji awgustynda "Luna-24" awtomatik stansiýadan bölünen apparat iki metr çuñlukdan alynan Aý topragyny Ýere getirdi. - Aýyñ topragynyñ ysy nähili? - Aýyñ topragynda ysy ýok däriñ, Ysy ýok tüssäniñ, ýanan obanyñ, Bir ajap burky bar ol ajap Şaryñ! - Aýyñ topragynyñ reñki nähili? - Aýyñ topragynda reñki ýok ganyñ, Reñki ýok kül bolup saralan süñkleñ, Bir ajap reñki bar ol ajap Şaryñ! - Yzgarlymy, gury Aýyñ topragy? - Aýyñ topragynyñ köp däl yzgary, Ol topraga şindi dammandyr gözýaş, Dökülipdir diñe ynsanyñ deri. - Beýle bolsa, şol toprak, şol der bilen Dökünläliñ bizem bu goja Ýeri! 1976. ◆ ◆ ◆ ▶ Ene toprak Ene toprak! Ene toprak! Pikir etdim, alyp senden Bir gysymjyk ele, toprak! Her düwüriñ saçyp nurun, Bir saz etdi gulagyma, Şol owazda babalarmyñ Gyp-gyrmyzy ganyn gördüm, Kowçum-kowçum obalarmyñ Ýere beren ýanyn gördüm, Ýetimleriñ, ýesirleriñ Kekre ýaly nanyn gördüm. Talabanlañ öküz goşup, Ýere döken derin gördüm. Çöplemede tüñçe goýup, Ojak üflän ýerin gördüm, Pikir içre şol gysymy Gysanymda kükregime, Şu ýañ-şygyr bygyr-bygyr Gaýnap geldi kükregime! 1960 ◆ ◆ ◆ Dünýä ýüzi saña haýran topragym! Şirwanyñ döşünde saýran topragym, Riştesinden ýüpek kiriş örülip, Şiresi baldaga ýaýran topragym, Gujagyna goja tutlar gömülip, Nur bilen beslendi görküñ-görmegiñ Mele suwa batdy kümüş dyrnagyñ, Alañlañ üstünden uçdy çarlagyñ, Dostluk gudratyndan ýaýnan topragym, Her tomus beýnisi gaýnan topragym! Göreşden, zähmetden çekdiñ minneti, Aşym saña külli Maşryk milleti, Pyragynyñ arzuw eýlän jenneti, Şahyrlaryñ çyksa her ýan topragym, Bagra basar çölüñ, derýañ, topragym! 1979 ◆ ◆ ◆ ▶ Şükür bagşyñ wesýeti Ýeke günlük çyksañ dogduk mekandan, Tudanañ kişdesin kisä alyp çyk. Üç günlük galmaly bolsañ, şo ýanda, Ek-de öz miwäñi, Onuñ suwun tut. Üç bahara, bäşe... ýetip aýralyk, Aýlar-günler tutsa kalby synaga, Gözden salma, Ýeriñ ýumşat, timar ber, Ýat topragy böwsüp çykan çybyga. Ýol ýapylyp, Ýyl yzyna ýyl geçip, Saçlañ agaranda, Tut gojalanda, Sen şol tudy çap-da, oñat timarlap, Çuññur ury gazyp, gömüp goý onda. Bil bükülip, ysgyn gitse dyzyñdan, - Aç sen hazynañy - uryñy agtar. "Biziñki däl, Babagammaryñ eli!" - Diý-de, Ýasan şondan bir ajap dutar. Perdeleriñ pil süñkünden haşamlap, Barmaklarñy oýnat ýüpek kirişde sen. Şonda alys sährañ anbary kükär Bir mahalky dyrnak ýaljak kişdeden. Gudrat döräp, Goşa kirşiñ ganaty Diýaryña getir seni alypjyk. ...Ýeke günlük çyksañ dogduk mekandan, Tudanañ kişdesin kisä salyp çyk! 1978 ◆ ◆ ◆ ▶ Kitap Bogmakçy bolanda ýezitler halky, Elinden çöregnem alanok ilki, Golundan ýaragnam alanok ilki, Syrtmagam salanok onuñ boýnuna, Dürre-de çalanok onuñ biline, - Ýezitleñ gadymdan öwrenen däbi: Her kimiñ töründe duran kitaby Ýüregin sogran dek sogrup alýar-da, Aýak çekilensoñ, gijäñ ýarynda, Obanyñ, şäheriñ belent ýerinde Olaryñ üstünden nebit guýýar-da, Sahaplary otlap, kükürdin çyzýar... Şeýdip, halka ölüm permanyn ýazýar!.. Symryg guşa meñzäp şonda kitaplar, Towlanyp, çürüşip, kül bolýar ilki, Soñam ýene ganat baglap zer baplar, Asmana göterýär kitaphon halky! ...Otda eremeýän, suwda akmaýan, Tupanda ýitmeýän, laýda çökmeýän, Dartanda süýnmeýän, Çapsañ synmaýan, Hiç bir äpet ataşlarda ýanmaýan, - Hem akyl, hem Duýgy, hem baky Lezzet, Eý, Kitap, Eý, Gudrat, Eý, Aly Hezret!!. 1977 ◆ ◆ ◆ ▶ Ýitirilmedik zat Ýiten adamlar, Ýiten adamlar... Bir mahal söý bilen göwne degilip, Giden adamlar, Nirde siz, hany siz? Hany, nädýäñiz öñki tanyşsyz?! Çala sykylyklap, çola köçeden Barýan bolsañyz, Pyssy-pyjurlygy neşejik bilip, Gurýan bolsañyz, Baý siz "zorsuñyz", baý siz "şatsyñyz", Aý, mahlasy şol öñküje zatsyñyz, Şol pekgeje, şol goñkuja zatsyñyz... Giden adamlar, Isle, giñ boluñ, Isle, dar boluñ, Adamlar meni ýitirmez ýaly, Sizem bar boluñ! 1965 ◆ ◆ ◆ - Size gaty gynanmagam, begenmegem bolanok... (Doktor halky zabun halk. Eglişigi bilenok) Ýüregñize dynç beriñ, tolgunara haly ýok, Ýaşamak isleseñiz, şundan başga ýoly ýok! Begenmän, gynanman, ýatmaly ýyllar... Ýazlar, gyşlar, güýzler... Gyzlar, ogullar, Bilbiller, Ter güller, Parlak ýyldyzlar, Asuda asmanlar, Gohly gündizler, Perwana, Gurbaga, Hatda garynja - Hiç bir zat goýmaly däl meni ünjä. Hiç bir zat göwnümi göge göterip, Ýüregime ganat baglamaly däl, Hiç bir zat başymy gussa batyryp, Hiç bir zat kalbymy daglamaly däl, Hiç bir zada gülmeli, aglamaly däl... - Londonda bir günde togsan üç çaga Ajyndan ölüpmiş... - Meniñ işim däl! - Maýadarlar nany derýa döküpmiş... - Dökse dökübersin, meniñ aşym däl! - Tel-Awiwiñ "gyrgylarnyñ" astynda Eneler dat edýär... - Etse, goýar-da!.. - Ýapon işçileri çykypdyr ýene "Bahar marşyna"! - Ne işim bar o ýerde! - Buşluk! Goñşyñ ekiz ogly bolupdyr! - Çagadyr-da güni gelse dogar-da! - Bize gelýän süýtçi daýza ölüpdir... - Ajaldyr-da, golaý gelse, alar-da! Şatlykmy, guwançmy, gazapmy, ezýet, "Soñky habarlarmy", žurnalmy, gazet, - Aýyrdym olaryñ baryn bir ýana, Kast edip bolarmy heý, şirin jana! Ine, doktor, aýdanñyzy bitirdim, Begenmän, gynanman bir gün oturdym. Asyl hiç dermana bolmadym men zar, Ýöne indi sizden bir haýyşym bar: Haýwanat bagyna eltiñ-de göni, Maýmynlañ içinde oturdyñ meni! 1973 ◆ ◆ ◆ Men diýen ýigitleñ namysy köýüp, Başlary ulaşsa gama-dumana, Sebäpkäriñ biri menmikäm diýip Gidýän gümana... Ine bir goç ýigit garyldy çaña, - Özüne erk etmänmişin hamana, "Neçün hemaýatym ýetmändir oña?" - Gidýän gümana... Belli sapalakçy welin ýene-de Ýyrşaryp ýör gelen bolup amana. "Neçün başaramok ony kül edip?" - Gidýän gümana... Alada-şatlygy öz gara başyñ Gaty az zat bu döwüre-zamana. Biljek bolsañ kimdigiñi, gardaşym, Pisint et-de şu pikire, şu mana, Her pursat her zady azar edinip, Git sen herne öz-özüñden gümana... 1979 ◆ ◆ ◆ Käte-käte bolýan gabahat işi Saklabilmän, öz-özüme gargaýan, Sarp etmänim duýup elde bar güýji, Men şo pursat, Men şo pursat Azajykdan garraýan, Käte-käte kelpeñsirýän ýaşlara Öz ýanymdan köp agraslyk sargaýan, "Ýetmeýänim" duýup gyzmaç başlara, Men şo pursat, Men şo pursat Azajykdan garraýan. Käte-käte binamysyñ ýanynda Namysly notany tutup arlaýan, Bilip onuñ pidullygyn aslynda, Men şo pursat, Men şo pursat Azajykdan garraýan. Käte-käte bitýän pisiñ alnynda Hem dostuma ýetjek bolýan - dargaýan, Alawlaýan ataş syzyp ganymda, Men şo pursat, Men şo pursat Azajykdan garraýan. Käte bolsa bu zatlaryñ baryna Janym ýanyp, golaýyndan barmaýan, Öz ýüregmiñ baş bermeýän badyna Men şo pursat, Men şo pursat Azajykdan garraýan. 1978 ◆ ◆ ◆ Üçüñ, ýediñ berlip, geçmänkä kyrkyñ, Mazaryña örer ýandakdyr syrkyn. Şonda käbir gerçekleñ ýanýoldaşy Görkezer-de, ýygnar bahym gözýaşy, Käsiniñki - ýyllap goýmaz hork-horkun. Seniñ goýjak ýa goýmajak hasratyñ Ozal - ýasawyña, kysmyña görä, Ömür süren günleñ sanyna däl-de, - Dünýede ýöreden kesbiñe görä, Galyberse, öñden aýdylşy ýaly, Yzyñda galdyran nesliñe görä, Bularyñ barysam - dogrusy, seniñ Şu günki zannyña, Aslyña görä!.. 1977 ◆ ◆ ◆ Ynsan aglap inýär, dünýä inende, Gideninde, Gidýär agladyp köpi, Bu ne beýle: gelmek, gitmek - Ikisem - Kalbyñ gyýýan sesli, agyly gapy?! Megerem, şondandyr diri ýürekleñ Hemişe şatlygy küýseýänligi, Kinaýaly, Teýeneli gepe däl, Bal ýaly sözlere suwsaýanlygy! Ýöne bir ömüre az zat berlipdir: Sanly gyş, Sanly güýz, Sanlyja bahar... Şonuñ üçin gyssan-da, Hiç bolman-da, Bir adamy şatlandyr sen Şu säher! 1975 ◆ ◆ ◆ ▶ Ýas ýerinde sere gelen setirler Bu dünýäniñ çöpi bilen kesegem, Mal ýatakda ýatan sary tezegem, Hozanagam, teneçirem, siñegem Batgadaky jojuklaryñ temegem Ajaýyp!.. Ajaýyp zat - gojalaryñ hasasam, Hatda ýoñdur dümewleriñ yzasam, Ajaýyp zat - säwligiñ hem ýalñyşyñ Ýüregiñde goýup gidýän jezasam. Ajaýyp zat - begenmek hem gynanmak, Ahmyr etmek, Arzuw etmek, Gönenmek. Tanamagam, tanalmagam geñsi zat, Yzyn üzmän dem almagam geñsi zat. Ajaýyp zat - syzmak ýeriñ howasyn, Horazlaryñ, harazlaryñ owazyn, Aýyñ nurun, ýyldyzlaryñ suduryn, Ýazyñ ýelin hem güýzleriñ hödürin... Bir - erbet zat - ol hem bilmän gezmeklik Başyñ dikkä bu zatlaryñ gadyryn. 1978 ◆ ◆ ◆ ▶ Posalar Göwnüme bolmasa, soñky döwürde Artypdyr dünýäde posalañ sany, Erkeklerem ogşaşyp ýör bir-birin. - Aýallaram ogşaşyp ýör bir-birin, - Arzanladyp ýörler öýdýän posany! ...Awtobus gelenok. Gar seññer-seññer, Adam bary duralgada gagşap dur, Märekäñ içinde welin bir zaññar Şapbyldadyp söwer ýaryn ogşap dur. ...Hanha, bir gyz "Žiguliniñ" içinden Tanşyny gördi-de... (Häý, diýmäýin diýsäni!) Leblerine basyp barmajygyny, Trotuara oklap geçdi posany... Öýe geldim. Açdym telewizory, - Şaplaşyp dur dodak dodak üstüne, Haýasyzlar meñ törümde ogşaşýar, - Tokly simi sogrup zyñdym dessine! Ýene köçä çykdym. Ine bir goçy Bagryna basyp dur ýogyn bir gelin. Agyzy süýt ysly ýetginjeklerem Bir-biriniñ egnine atypdyr elni. Hyrçym dişläp, girjek boldum içeri, Goñşym duşdy - şu gün kurortdan gelen, Sen-men ýok, ýylgyryp ýaýdy-da golun, Sordy alkymymdan teşnelik bilen... Kinolañ köpüsem posadan doly, Piwoçyñ gapysam posadan doly. Dostum hata salyp posa ýollapdyr... Walla, duýgularmyz arzanlan ýaly!.. 1978 | |
|
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |