GUŞ
Guşy tutup gaýtdylar,
Ekdi bolar öýtdüler:
— Indi şu öý seniňki,
Al, dänejik çokaý-da!
— Ýok, bu siziň öýüňiz,
Meniň öýüm tokaýda!
***TOTYGUŞUŇ TEKLIBI***
"R" harpyny aýdyp bilmän,
Horlanýnňyz bardyr, bilýän!
Isleseňiz, ap-aňsatja
Öwredeýin size "R"-i,
Isleýäňiz gerek, ýeri?!
Käýäp ýa-da iki goýup,
Hiç wagt ýüregňize düşmen.
Sebäbi, mugallym däl-de,
Bir şadyýan toty guş men!
***GARAGOL OWLAK***
Garagollyk edýärsiň,
Gabamasak agyla.
Boşatmarys barybir,
Mäläp, nalasaň-nala!
Käte jaýyň üstüne,
Kä haýata çykjak sen.
Eger günüňe goýsak,
Bir obany ýykjak sen!
***IKI ITIŇ GÜRRÜŇI***
Gabat gelşip iki it
Şeýleräk gürrüň etdi:
Biri guýrukly, biri
Gulak-guýruksyz itdi:
— Aýtsana, gulagyňy
Näme üçin kesdiler?!
— Garpyşmaly bolamda,
Möjekler ýolar diýip!
— Aýtsana guýrugyňy
Näme üçin kesdiler?!
— Ýersiz-ýere bulaýlap,
Ýaranjaň bolar diýip!
***TÄSIN PIŞIK***
Örän-örän üýtgeşik,
Murtlary syh-syh pişik,
Goňşy öýde ýaşaýar:
Bedreläp suw daşaýar,
Pol ýuwýar, ýuwýar eşik.
Halanok görse, deşik,
Bilýär syçan çykjagyn,
Ogurlap zat çekjegin.
Bir bölejik et iltäp,
Derrew gapan guraýar.
Şeýdip ogry-jümrüden
Öýlerini goraýar,
Örän-örän üýtgeşik,
Murtlary syh-syh pişik.
***AÝDYŞYK***
— Agam ogly nirä gitdi?!
— Çopan bolup örä gitdi!
— Haçan geler?!
— Ýaz geler!
Güýz geler!
Çopançylyk eýgertmese,
Ýüzün sallap tiz geler!
Çagalar edebiýaty