19:09 Goşgular | |
SOWAL
Goşgular
Bir görsem-ä, gürsüldäpjik, Allanäme urup dursuň. Käwagt sygman gursaga, Käte ynjy berip dursuň. Gyzgyn bolsa ýanyp barýaň, Sowuk bolsa doňup barýaň, Bir seretsem eräp-akyp, Çar tarapa eňip barýaň. Indi menem seni aýap, Ýaşap görjek, gerek, näme... Bilýän barmy, aýdyň dostlar, Ýürek näme, ýürek näme?! [b]• ÇAGALYK DOSTUMA[/i] (Dädem Ata bagyşlayaryn) Ýygşyryp goýupdym, öňümden çykan, Kiçijik kitaby aýama gysdym. Ony maňa sowgat eden günlerňi, Hem seni ýatladym çagalyk dostum. Atamyň idedýän gür baglarynyň, Kölegesinde kän oýnardym böküp. Çaga wagtym doglan günüm gutlardyň, Käşir iýip duran towşanjyk çekip. "Dädemiň ullakan maşyny ba" diýp, Joralarmyň arasynda öwnerdim. Saçakdaky süýjä elim uzatman, "Bismilla " diýmegem senden öwrendim. "Wadyr-a, badyr-a" diýip dilime, Öýküneňde ýylgyrardyň çalaja. Sona gelnejemiň öýkelerini, Iki bolup ýazardyk biz bileje. Soraglarmyň jogabyny düşnükli düşündirdiň, şonuň üçin gerekdiň. Her dürlüje kitap berip, kalbymda, Edebýata bolan söýgi döretdiň. Düýnler geçip gitdi, eglenmez bugnem, Iň gowy zatlary getirsin ertir. Däde, sowgat beren pursatlaň üçin, Alla senden razy bolsun müňde bir. Ogulbäbek ORAZBERDIÝEWA. | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Jüleýbib sahaba / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |