ADALATDANDYR
Kim birini gowy görmek, sylamak,
Söýmek iň bir beýik sahawatdandyr.
Baryşmak-gelişmek, bolmak duz-emek,
Çyn ýagşy görülýän alamatdandyr.
Adam bar adamyň göwün aýnasy,
Agras, dana sözler seriň ýaýlasy,
Adam bar, “men” bolup, gökde gaýmasy-
Üstüne mündügi şemalatdandyr.
Kim biriniň ýagşy bolsa hulkdaşy,
Şol dälmidir ygtybarly bagt başy.
Haýsy kim biriniň parlap galkmasy,
Il içre çynlakaý mahabatdandyr.
Kim söz açýar döwür-wagt barasynda,
Kim biri söz diýýär bagt barasynda,
Haýsy kim tanalsa halk arasynda,
Jemagatdandyr ol, jemagatdandyr.
Bilýärin türkmeniň gowşamaz bady,
Berk polatdan onuň başky binýady,
Arkadagly ýurduň abyraýy –ady
Hem dünýä dolmagy adalatdandyr.
■ Ata-baba ýurdum meniň
Owal başdan halal asly-
Ata-baba ýurdum meniň.
Täze ýola gadam basdy,
Ata-baba ýurdum meniň.
Ýadama,
Ýaltanma,
Arma,
Ýürekleriň kakyp tarna,
Geçirip ýör reforma,
Ata-baba ýurdum meniň.
Dünýä belli şöhrat-şany,
Galkyndyrdy jiger-jany,
Täzeleýä zamanany,
Ata-baba ýurdum meniň.
Aňy, kalby, ýüzi- dünýä,
Söz sözlese – sözi dünýä,
Utandyrmaz bizi dünýä,
Ata-baba ýurdum meniň.
Gadym mirasy guwanjy,
Il-halky boldy daýanjy,
Güýçlendi yhlas, ynanjy,
Ata-baba ýurdum menň.
Günler geler hatar-hatar,
Ýene set müň ýyllar öter,
Her ýylda bir maksat tutar,
Ata-baba ýurdum meniň.
Ýol görkezýän sözleri bar,
dag, derýa, çöl-düzleri bar,
Watan, miras... ezberi bar,
Ata-baba ýurdum meniň.
■ Gülsähranyň aşygy men
Görüň meni, tanaň meni,
Gülsähranyň aşygy men.
Kalbymyň tüýs parlak Güni-
Gülsähranyň aşygy men.
Ýer bilen asman arasy,
Şonuň bilen gül parady.
Ir-säher guşlar namasy-
Gülsähranyň aşygy men.
Aňymda pugta ýer eden,
Yşkyma yşkyn bir eden,
Göwnümiň buzun ereden,
Gülsähranyň aşygy men.
Permany-hana barabar,
Özi müň sana barabar,
Bahasy- jana barabar,
Gülsähranyň aşygy men.
Kaddy-kamaty bar ajap,
Köňli bar ýumşak gül-çeçek,
Görk-görmegi gujak-gujak,
Gülsähranyň aşygy men.
Bir mahal söýlüp-saýlanan,
Tarypy saýrap söýlenen,
Ogşasam başym aýlanar,-
Balsähranyň aşygy men.
■ 30 ýaşda öýlenen ýigidiň içgepletmesi
„Söýýän!“ diýen ýeke sözüň
Gulagyma ilse ýarym,
Diýerdim men: dagsyz ýerde
Ullakan bir dag ýasaryn.
Bagsyz ýerde bag döredip,
Jeýhun bolup akaryn men.
Ýeri-gögi elendirip,
Hasratyňy çekerin men.
Gerek – diýseň, ýyldyzlardan
Getirjegim däl gümana.
Bar zat, bar zat şol bir söze
Baglanan ýaly, hamana.
Ählisine güýjüm ýetjek,
Perhedy men şu zamanyň.
... ine, bir gün „Söýýän- diýdiň-
Söýýänime ynanaýyň!“
Ynha, indi dagsyz ýerde
Dag döretjek goç ýigitde
Näme galdy? Ýüreginde
Ynam galdy petde-petde!
Dagsyz ýerde dag döredip,
Jeýhun bolup akmadym men.
Hesretiňi çeke-çeke,
Elip kaddym dikledim men.
Ýyldyzyma baka-baka,
Ýere düşdüm nije günde!
...Ýyldyz ýerne, ynha, indi,
Sönüp barýan gujagyňda.
■ Ezizim
Kyn eken yşkyň kadasy,
Özge dodaklar adaty,
Aşygyň ilki dadasy-
Lebleriň baldan, ezizim!
Dünýe durdugyça durjak,
Sen şeýle bir gözel gurjak.
Goraglap gezmeli her çak
Bimähir ýelden, ezizim!
Tüýs mermer beden gurnawyň,
Şapak –al öwsüp durmagyň,
Ne bela görküň-görmegiň,
Kamatyň gülden, ezizim!
Düýşde, huşda, ähli wagtda,
sen mynasyp öwgi-waspa.
Sypdyr ýaly dälsiň asla,
Bir düşseň, elden, ezizim!
Ýaş gidip, barha gojala,
Öwrüldim ýanýan ojara.
Sen meni, gir-de gujaga,
Kem görme guldan,ezizim!
Ýyldyz süýner, öçer gider,
Ýaşlyk durmaz, gaçar gider,
Ýene aýlar geçer gider,
Paý gider ýyldan, ezizim!
■ Gülşeninden razy bolup...
Bulak-çeşmä meňzän bolup, akan bolma sen ýalandan,
Akanyňy göreýin men tüýs bulagyň özi bolup.
Humaryna telesledip, bakan bolma sen ýalandan,
Men humaryň, duşsaň eger, pasyllaryň ýazy bolup.
Ýalyn bol, ýöne ýalyn dek ýalap-ýalap geçme meni,
Ýalyn ýaly süýner gider, gowy görer uçganyny,
Her hal, ýene ganymatdyr yşk odunyň öçmegeni,
Gowsy, ýürek töründe ýat, ojar oduň közi bolup.
Gelenime begenseň sen, hem gynansaň gidenime,
Peri-peýker haýran galyp, kaýyl bolar edebiňe.
Ýagşyň çägä siňşi kimin, gel, siňip git bedenime,
Ýer ýüzüniň gyzlarynyň barçasynyň näzi bolup.
Wagtal-wagtal ýelek bolýan seniň yşky şemalyňdan,
Men bir sada biçäreýem, gün görýärin halalymdan,
Ganatlanyp ýörün Aýym, seniň apbak jemalyňdan,
Owkadyma goşulypsyň Jebeliň ak duzy bolup.
Ýyldyzyň armany näme, ýagty saçyp öçse gitse?
Ýaz ýeliniň ne armany, gunçaň agzyn açsa gitse?
Ne armany Ah. Mämmediň bu dünýeden geçse gitse,
Bilbil kibi uçsa gitse, gülşeninden razy bolup!?
■ Baglanyşyk
Bu dünýäniň gurluşy
Asman bilen ýerdendir.
Ylhamy bu dünýäniň
Ganat bilen perdendir.
Dünýäň duýgy, paýhasy
Ýürek bilen serdendir.
Bu dünýäniň manysy
Adam atly merdemdir.
Bu dünýäniň bezegi
Söýgi atly zerdendir!
■ Alkyş goşgusy
Ylahym, bereket ýagsyn ülkäme,
Gulak gansyn bugdaý ygşyldysyndan.
Taňrynyň goldawy duýulyp dursun,
Mukaddes topraga ýagşyň sesinden.
Ak pagtam ak bagty kimin ilimiň,
ýorgan-düşek, eşik bolsun daýhana.
Gözbaşy diňmesin nebitiň, gazyň,
Ýurdum Erem bolup çümsün reýhana.
Beladan-beterden gorasyn Alla,
Azan biahlaga duçar etmegeý.
Ak sähradan-gezip ýören ýerinden,
Hydyr ata hergiz gaçyp gitmegeý.
Heý-de, dogan ilin söýmeýän barmy?!
Arkadag bar halkyň arkasyn tutan.
Wadasyzam saňa wepadardyrys,
Alkyşa çolanyp ýaşaber, Watan!
■ Dostlarym, ynha meniň...
Menzilleri geçirdim hiç bir alga alynman,
Azaşyp kän köwlendim, dogry ýola salynman,
Gezdim ýördüm bialaç, hyzmatlarym bilinmän,
Bagtym geldi, ýaşap ýörün, indi özgä ýalynman,
Günbe-günden beýgelip, belentlere galynýar,
Dostlarym, ynha meniň şeýleräk döwletim bar!
Oglanlyga ýetişdim, enem-atam çyragym,
Ak ýürekli adamlaň hyzmatyna ýaranym,
Adalata gol berdim, kökün kesdim karamyň,
Dünýä gördi, gör, meniň öz başymy çaranym,
Hiç bir zatdan kemim ýok, ýakyn boldy yragym,
Dostlarym, ynha meniň şeýleräk döwletim bar!
Hawa, şeýle döwlet men,tüýs bir sada halk mende,
Tükenmeýär baýlygym, yranmajak mülk mende,
Halala ýol açyldy, baýnamaýar galp mende,
Janym sag hem keýpim kök, ruhy tämiz harp mende,
Baştutan bar-Arkadag, şeýle beýik kalp mende,
Dostlarym, ynha meniň şeýleräk döwletim bar!
Ýollarym bar ýagtyly, ertirlere uzap dur,
Täsin, geňsi çyralar köçeleri bezäp dur,
Çüwdürimler tolkuny dik asmany gezäp dur,
Halalhonlar der döküp, goş-golamyn düzäp dur,
Çyn bedewler “Ýaryşa goýber!” diýip, dyzap dur,
Dostlarym, ynha meniň şeýleräk döwletim bar!
Nebit, pagta, gaz, bugdaý- bular hakyt baýlygym,
Jeýhun bilen Hazarda bekre, takgaz... balygym,
Milli ýaşyl Baýdagym—baky döwlet şalygym,
Begenjine dil açyp, özgerip dur dagmy, gum,
Ahmet aýdar, şeýle ýurt meniň ähli baýlygym,
Dostlarym, ynha meniň şeýleräk döwletim bar!
■ Ene toprak hakynda aýdym
Ynha, şu topragyň ogly men, ogly,
Bu—ata-babalaň gadymy ýurdy.
Gör, ol nije müň ýyl nobatma-nobat
Türkmen balalarny dünýä getirdi.
Ynha, şu topragyň ogly men, ogly,
Dowamyň biri men, şunda doguldym.
Nesip etdi, şu toipragyň üstünde
Çagalyk ýyllarmy sowdum-sowurdym.
Ynha, şu topragyň ogly men, ogly,
Gaýgysyz ulaldym, ösdüm gaýgysyz,
Şu ene topragyň bergidary men,
Heniz üzüp bilmän ýörün algysyn.
Ynha, şu topragyň ogly men, ogly,
Şudur meni geýindiren, iýdiren.
Eýsem, kiçi-girim zat bolýan däldir,
Adamzada ENE TOPRAK diýdiren.
Ynha, şu topragyň ogly men, ogly,
Üsti-asty doly dürli baýlykdan.
Şu toprak bolsa bes: türkmeniň kowmy
Aýra düşmez, ýitip gitmez BARLYKDAN!
Hawa, şükür, dünýä gelelim bäri,
görýänim gowulyk, işlerim şowly.
Bedew bady bilen ertire barýan
Ynha, şu topragyň ogly men, ogly!
■ Aý dogdy...
Aý dogdy, Aýgülüm ýadyma düşdi,
Sebäp owadandy, hut Aý ýalakdy.
Ak ýüzünden başlap, biline çenli,
Ne gözel aklary bölek-bölekdi.
Ýene bir agy bar aklardan aýry,
Ol-da onuň ak daň kimin ýüregi.
Sebäp sözlerinde ýalan ýok, galp ýok,
Hem-de örän halal iýýän çöregi.
Men Aýy ýalbaryp saklajak boldum,
Ol welin, yzyna dolanmaýardy.
...Aý batdy, gör, nirä ýitip gitdi ol,
Aýgüljanym welin, kalbymda galdy.
■ Başaýlanma
Daglara seretdim günlerde bir gün,
Olar hyýalyma ganat bekledi.
Ýele münüp, daga çykdym messana.
“Ýene beýgelmäge pursat bu halat”-
Diýen pikir bilen bakdym asmana.
Burnumda köwlendi asmanyň ýeli,
Özümi ýeke-täk Günmükäm diýdim.
Unutdym dünýäni, sährany, çöli,
“Hudaýyň kölgesi menmikäm?” diýdim.
Diýdim: “Indi men kim! Iller kimmişin?”
Garaz, belli-külli aýlandy başym.
Ynha-da, men indi ýitirip ugrum,
Dagyň depesinde gadalyp durun!
■ Akmaýa gelin
Men saňa bir şygyr bereýin sowgat,
Göwnümiň bagşysy akmaýa gelin.
Ger, yşky dertleriň bar bolsa owrat,
Gelinleň ýagşysy akmaýa gelin!
He gözel billeriň, gyl bile meňzeş,
Dodaklaň ne şeker-bal bile meňzeş,
Heý, jahanda barmy seň bile deňdeş?-
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
Gözleriňde ýyldyz – parlaklaryň bar,
Gaz boýun, ak kösük barmaklaryň bar,
Nowjuwan kalbyňda çarlaklaryň bar,
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
Göwsüňde almalaň “tutsam!” diýdirer,
Jenneti gujaklar “Ýatsam!” diýdirer,
Gözden sähel sypsaň, “Tapsam!” diýdirer,
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
Bu tüýs juwanlygyň bahar pillesi,
Waspyňy ýetirip, diller gürledi,
Ýüzleň gülgünine güller gülledi,
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
Saňa aşyk men-Ahmet däl, bilginiň,
Ol bir çak soňlady ýaşlyk ýelginin,
Ýöne hyýalynda ýörün salgyňyň,
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
El bilen çekilen suratyň ylla,
Serwi dek kamatly-syratyň ylla,
Sen, deňiz düýbünden tapylan tylla,
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
Edebiň kyrk gyza, ýüz gelne deger,
Alçak,
Açyk göwün,
Nurana,
Tereň,
Bilbil sen, tawus sen, gumry sen, senem...
Gelinleň ýagşysy Akmaýa gelin!
■ Ýaşlyk ýatlamasy
Men örän gojaldym, sözüň dogrusy,
Ýadymdan çykypdyr ýalan sözli ýar.
Ýöne gözlem ony ýene görse bes,
Ýene meniň köne derdim gozgaýar.
Ýene-de şol öňki yşky ahwalat,
Göreçlem ýaňadan ýanýar ýalyn dek.
Bir görseň geň, birde geň däl bu halat,
Jana gelýär bir tanyş ýüz gelin dek.
Onsoň, gaýta beter hasam kösenýän,
Onuň gyz döwrüne gidýär hyýalym.
Ýok, men däl, ýuwudyp lebzini ol gyz,
Heniz göterip ýör yşkyň webalyn.
Şonda-da, şonda hem, batrybir, görsem,
Gadym yhlasyma tapmaýan dowa.
Bu – meň kim birine, eger söz bersem,
Durup bilýänime güwädir güwä.
Ýanymdaky ýar hem hiç kimden kem däl,
Hem ol meni asla derde dözmeýär,
Ýöne welin, göwnüm ynjydan ýary
Görsem, näm üçindir, derdim gozgaýar?
■ Mirasa sarpa goýmak...
Mirasa sarpa goýmak: nedir munuň manysy?
Şaý-sepi gyz-gelinleň, hem ol türkmen halysy!
Mirasa sarpa goýmak: bu nämeden alamat?
Dowamat ol hem ýene danalardan kelamat!
Mirasa sarpa goýmak-Oguzhan hem Gorkutdyr,
Şolaň hikmet çeşmesi biziň üçin sarkytdyr.
Mirasa sarpa goýmak: ol nämäniň suraty?
Almagöz bedewdir ol- Göroglynyň Gyraty!
Mirasa sarpa goýmak, babalaň hem mamalaň
Öwüt-ündew sözleri, dessanlardyr namalar!
Mirasa sarpa goýmak- däbimdir-dessurymdyr,
Edep-ekram, ahlagym, owaz hem ses nurumdyr!
Mirasa sarpa goýmak- şu güne ypymdyr,
Ynam hem hyjuw berýän bir beýik taryhymdyr!
Mirasa sarpa goýmak – ak sähranyň jemaly,
Eda bilen öwüsýän ýumşak säher şemaly!
Mirasa sarpa goýmak ullakan bir mekdepdir,
Her wakasy terbiýe, her wakasy Eptekdir!
Mirasa sarpa goýmak—Watany söýmek-söýmek,
Watan jandan ileri hem süýji gaýmak-gaýmak!
■ Seniň tarypyň...
Eý, şirin, gel bäri, diňle, tarypyň şundak bolar:
Sen ýer Aýy, hatda gije jemalyň Gün dek bolar.
Gözlerimiň şuglasy-ýagtysy sensiň anyk,
Görmesem şuglamy men, bu ýürek tüm dek bolar.
Rehim-şepagat, merhemet, bilmedim senden haçan?
At salyp gelse ajal, höwesim kül dek bolar.
Men garyp, men bir geda, dilegim sen-sen meniň,
Ger, kabul, mähriň seniň derdime em dek bolar.
Ýuka ýürek, merhemetli, hem ýene alçak göwün,
Garaňky dünýäme ol sönmeýän şem dek bolar.
Yşky hak pynhan erur, şeýle syr pynhan Şirin,
Hem onuň Perhady kim? Perhady – men dek bolar!
■ DIÝ-DÄ
Ne beýle kösäp ýörsüň “Bar şeýle çenim” diý-dä!
“Mende bir dert bar welin, ol anyk senim” diý-dä!
Seniň kaddy-kamatyňdan gorkaram men kä mahal,
Halas et: “Kalbymda adyň bir ýeke seniň” diý-dä!
Mätäçligim ýok meniň, ähli zadym ýerbe-ýer,
Ne baý men, nede garyp, “Sen bagta kemim” diý-dä!
Bitama däl men ömürden, sen ki ýaşap ýördügiň,
Ýüdegim, umyt-çyragym, sönmeýän şemim” diý-dä!
Ses däl-de selem birle, ummany tutupsyň sen,
“Senden özge şeýle hossar meniň bir kemim” diý-dä!
Yşky halda bolmaýar hile-mekirlik, galp-ýalan,
Emel hak, yşkym hakykat, bilip goý, çynym” diý-dä!
Sähranyň sähra gyzy Gülsähra bolup söýle:
“Men seniň Aýyň bolsam, sen meniň Günüm” diý-dä!
Iň bolmanda Ahmedi hyýalda ýaşat, unutma:
“Yşk birle, seniň birle iň soňky demim” diý-dä!
3. 05. 2017.
Ne sende galar, ne mende
Ýaşlygyň böwrek gyjygy
Ne mende galar, ne sende.
Ömrüň sil-derýa hyjuwy
Ne mende galar, ne sende.
Çille mesi – gaýnap çoguş,
Misli ýaz ýagmyry- ýagyş.
Bu gözellik – çeper nagyş,
Ne mende galar, ne sende.
Gördük ýagşyny, ýamany,
Gördük ýüwrügi, çamany,
Ýyllaryň bägül çemeni
Ne mende galar, ne sende.
Oý-hyýal, göwün hem ser – sap,
Hem asman arassa, ýer-sap,
Ýürek iki, beden bir zat-
Ne mende galar, ne sende.
Belli zat ömrüň batdygy,
Yşkdan dünýäň abatlygy,
Göwnüň bujagaz şatlygy,
Ne mende galar, ne sende.
Garrylygy salma ýada,
Ejizlikden gelme dada,
Muhabbet bir meýli bada-
Ne mende galar, ne sende.
Kim diýipdir: “Aýyp bolar?!”
Segsende-de söýüp bolar.
Parhy näme, çyny ýalan-
Ne mende galar, ne sende.
Ykbal ýumok, dogry çözle,
Öz-özüňe jebri dözme,
Hiç zat, bilgin, yşkdan özge-
Ne mende galar, ne sende.
Bagty baryň ne gaýgysy,
Aşygyň birdir aýgydy.
Ahmet Mämmediň söügüsi-
Ne mende galar, ne sende!
■ Mermer ymaratlar, mermer binalar
Arkadagyň ak köňli dek binalar
Agaryp görünýär örän alysdan.
Asmandan seretseň set müň gaýaly,
Ol görnüşi hiç bir zada çalyşman!
Başga-başga başlarynyň jygasy,
Ýatladyp dur ak possunly gunduzy.
Sanap tükederden gümmezi kändir,
Göýäki diýersiň gijäň ýyldyzy.
Bular häki ymarat däl, bina däl,
Biri-birisinden gözel heýgöre.
Depesinde Aý-ýyldyzly baýdagy,
Hem-de çolanypdyr ap-ak mermere.
Diňe Aşgabada görk-görmek bermän,
Bezeýär türkmeniň ähli ýerlerin.
Daşoguzda,
Ahal,
Lebap,
Balkanda...
Diräp durlar gök asmana serlerin.
Mirasa söýgi hem özgerýän Watan
Beýanyny tapýar bu binalarda.
Hem türkmeniň bina gurýan Ogluna
Taryp hem alkyş bar dil-senalaarda.
Köpeliň,
Görüniň,
Gözelleşiň has,
Sebäp size halk yhlasyn kemmedi:
Şunuň ýaly bolmak size permandyr,
Sizi gören gördügidir jenneti!
■ Rubagylar, bentler
Meniň yşkym seniň yşkyň biledir,
Seniň yşkyň göwün köşküm biledir.
Ol yşk bize ogul berdi, gyz berdi,
Indi yşkyň kowum-pyştym biledir.
***
Daň atsa, ir säher telwas mendedir,
Gün dogsa-ýagtylyk, telwas mendedir,
Agşam. Gije. Az-kem ýüregim gysýar,
Aý dogsa, ýene-de telwas mendedir.
***
Haladym ömrümde ençe gülleri,
Bagra basdym telim gunça gülleri.
Olar seni görüp sülleräýdiler,
Sen haýranda goýduň şonça gülleri!
***
Jübüt seýle barsaň, hoş eken sähra,
Ýeke çyksaň welin, gyş eken sähra.
Gözlerime örän ýakyn ýaly ol,
Ýüregime welin daş eken sähra.
***
Kim birini gaýgy-gussa gabady,
Kim biriniň gowy geçýär halaty,
Görüň-ä, gelerlik bilbilistana,
Garganyň-da bar ekeni ganaty.
***
Elbetde, özara salam ýagşydyr,
Söhbetde ýerlikli kelam ýagşydyr.
Saman asty suw goýberýän ülpetden,
Gorkuly-da bolsa, ýylan ýagşydyr.
***
Aşyk-magşuk—ikisi-de däli ýar,
Şirin-şeker, nogul-nabat ýaly ýar,
Yşk- ahlak dowamy, hut şol sebäpden
Onuň synag atly ýowuz ýoly bar.
***
Tamdyra bar, emma bagşy bolmak kyn,
Il-halkyň kalbynyň nagşy bolmak kyn.
Dünýäde gowynyň ýoly çarkandak,
Ýaman bolmak aňsat, ýagşy bolmak kyn.
***
Görmesiz zat görse göz batyl bolar- diýdiler,
Kowalasaň gorkagy batyr bolar-diýdiler.
Hakmy ýa nähakmy bu, her niçik bar maňzyýa,
Many-mazmuny onuň ýaşaýşa laýyk meňzeýä.
***
Edep, däp hem dessur, terbiýe, ahlak—
ýürekde bulary apalap saklap,
öz keýpine görä ýaşasa millet,
hiç haçan, hiç kimden çekmezdi minnet.
***
Aşyk bolmak hem şahsyýet birligi
Üýtgeşik bir ahwal eken-hal eken,
Ara salym düşse görüşmänine,
Ýene küýsemezlik mümkin däl eken.
***
Keminämiz ýagşa “Ýagşy!- diýipdir,
Ýazgarypdyr söz sözlände ýamany.
Ýüwrük atyň hyrydary hemmeler,
Eýsem näme? Kim halaýar çamany?
***
Çyn sözüň diý, asla ýalan sözleme,
Göwün sandygyňy doly aç-da git!
Adam bolsaň ähli galplaň daşyndan
säginme-de, ok kimin süýn-geç-de git!
***
Ýetmiş ýyllap halka hyzmat etdi ol,
Şan-şöhrat gazandy, çykdy belende.
Indi onda ne arka, ne hemaýat,
Diňe hasasyna söýenýär bende.
***
Gün dogandan Gün batýança,
Gün batandan daň atýança
Pöwhelenip, öwünmäge hakym bar:
“Ýiti gyzyl tiz solýandyr!” nakyl bar.
***
Düşmese nebsiň gapanna,
Kanagat etse tapanna,
Hem bilse her zadyň çakyn,
Halk kalbyna urar kökün.
***
Bu bimessep dünýä, bu pany dünýä,
Ýa-ha lal açypdyr, bolupdyr güň ýa,
Hiç zadyň alnyndan bolmadyk bir kim,
Iliň ynamyny at edip münýä.
***
“Degse bäş, degmese ýigrim bäşine”—
Şeýdip ýaşa, pana keýp et, wäşile!
Şol geçýän günleriň birinde seni
Sezewar ederler nälet daşyna.
***
Züljelalym, dilegdar men, dilegim:
Dynnym paý bermegin erbet gylykdan.
“Men-men” tetelliden nusga aldyrma,
Nusgalansam besdir çopan-çolukdan.
***
Şol bir söz, şol bir saz, şol bir ses zol-zol
Gaýtalanyp dursa düşýär ýürege.
Diňe bir zat irizmeýär, sebäbi,
Aşa zerurlyk bar nana-çörege!
***
Maňa bolan söýgüň seniň,
jana rahat-serginlikdir,
Saňa bolan söýgüm meniň,
Hepdelik, aýlyk, ýyllyk däl,
Her günlükdir!
***
Ruhum belent, özüm welin beýik däl,
Söz sözlesem, sözläp bilýän aýyklap.
Öýken, bagyr, böwrek müň para, her hal,
Gezip ýörün öz-özümi seýikläp.
***
Tötändenmi döräp şeýle bir pikir,
Meni gysyp-gowrup, örtäp synady:
Adam dogabitdi gögele bolsa,
Azar ýamanyny görýär synasy!
***
Ýaşagyn köp zady seljerip, parhlap,
Düýnüňe öýkünip gezmegin wahlap.
Öz kelläň özüňe etsin hyzmaty,
Özgäň hasabyna gazanma şöhrat!
***
Agyzdan çykan zat gep bolýar, ogul,
Bir gep bar beýlekä çep bolýar, ogul,
Il-ulsuňdan asla hiç zat ýaşyrma,
Haramda gizlin zat köp bolýar, ogul!
***
Beýik zat nämedir” ol –Gökdür, oglum,
Keremli zat näme? Ol –otdur, oglum,
Halk ýerdäki nusgasydyr Allanyň,
Halkyň aňy ýaly aň ýokdur, oglum!
***
Sorasalar “Ýürek diýýäň, näm-ä ol?”
Aýtgyn: “Duýgy täji, yhlasnam-a, ol!”
Hak ugry nesihat berdi keç ykbal:
Aç ýüregňi, ýöne welin ägä bol!
***
Manyly söz iň bir beýik kelamat,
Ýagşa ýorgun, görseň gara alamat.
Sežde et topragyň sahabatyna,
Tebigaty söýmek – ömre delalat.
***
Gara “Gara!” diýjek bolsaň, howlukma,
Hem aga “Ak!” diýjek bolsaň howlukma,
“Ak” ýa “Gara” diýip ejir çekýän köp,
Halal bolup ýaşamak kyn gowlukda.
***
Bilip bolsa, çuň manyly nakyl bar,
Alyp bolsa, müňläp-müňläp akyl bar.
Mertebede, sylag-hormat, gadyrda
Daýhan bilen bir hatarda akyldar.
***
Sözüň dogry bolsun –ümi galmasyn,
Gözüň dogry görsün – kemi galmasyn.
Kaddy-kamatda-da dos-dogry bolgun,
Goý, göwün baýdagyň gökde galgasyn!
***
“Çig süýt emen” diýýäs, ýalňyşsa bir kim,
Ýalňyşyň köp bolsa gaçýandyr görküň.
Wah, ýöne enede çig süýt bolmaýar,
Ata tarapynam ýatlasyn her kim.
***
Herki zada möwrit berlen kadada,
Wagty aýan bolsa, mazmun –wadada!
Oňyn baha bermek gadymdan adat,
Nämedir bir çenin bilmez zada-da!
***
Eý, ganatly asman, keremli asman,
Müň bir syrly, bagly-eremli asman,
Galgadym, sen taýa öwrüp didämi,
Heýkel ýaly bolup ýatyryn sarsman.
***
Eý, zenan, gel senden ybrat alaly:
Bar bolsa dünýäniň ilen-çalany,
Aýrylyp bilmezler biri-birinden,
Sen, är, ogul hem gyz—ynha, bolany!
***
Nebis diýlen zada giripdir köp zat,
Gomalmak, öwünmek “özhilli”gepläp,
Gara nebsiň ýene biri “bagtyňy”
ile-mazamlamak, keýpiňi kökläp.
***
Haramdan gaç, inkär etgin karamy,
Kaýyl bol dünýäniň hüşürne, bala.
Ynanylsa haýsydyr bir wezipe,
Döwran sürmek diýip düşünme, bala!
***
Adamlary käşgä saýlap bolsady,
Eläp, bugdaý elän ýaly elekde.
Ýok, bolanok. Şol sebäpli ýagdaýlar
Bulam-bujar bolýar çarhypelekde.
***
Geçmeýän zada-da gerek mahabat,
Asyl zatlaň öz içinde hasabat.
Berseň ak der döküp gazananjaňdan,
Diňe şeýdýän bolsaň, sende sahabat.
***
Gelmesiz bir ýere gelmeseň bolýä,
Ýerliksiz, bisebäp gülmeseň bolýä,
Biçak jomart bolmak saňa hökman däl,
Çakdan aşa husyt bolmasaň, bolýa!
***
Oýunçylar oýnasa, deň oýun gursa ýagşy,
Karam tutup oýnamak –bir päli terse ýagşy.
Düzüwmi ýa düzüw däl, reňklimi, reňksiz,
Jemagat öz durmuşyn bolşunda görse ýagşy.
***
Akyly ret edýäs, edýäs nakyly inkär,
Bir öýüň däp-dessury aňa ornaşan-berkän.
Ýogsam aýbymyz bukup, ryswa bolup ýörmezdik,
Aýňaldyrmaz ol bizi, ahyr agladar, örtär.
***
“Binamysa günde baýram, günde toý”-bu türkmeniň nakyly,
Döränden soň o nakyl boldy dünýäň akyly.
Wah, ýöne söz manysyn bilmeýän bihepbeleň
Aňlamagyň ýerine gaýta tutýar kakyny.
***
Ogulmy-gyz—agtyklam, çyn göwün ganatymdyr,
Olaň täsin sözleri joşgunly halatymdyr,
“Ah” diýip ýazsam eger, ol meniň gussam degil,
Ol – meniň adym hemem yşky ahwalatymdyr.
***
Birisi agrasdyr, birisi şohdur,
Ýa biri biemel, ýa biri otdur.
Adama berilýän Alla tarapyn
Akyl-paýhasyň hem deň paýy ýokdur.
***
Dogruçyl bolmagyň bereýin salgyn,
Ile il bolmagyň tälimin algyn,
Göwher monjuklara ýugur beýniňi,
Halk bilen bir ursun urgusyn kalbyň.
***
Görüplik, bahyllyk, allar bolmasa,
Mekirler hem akly çallar bolmasa,
Ýaşanyň gowy zat şeýle bir ýerde,
Karamçyl hem bihalallar bolmasa.
***
Görüň adam ganyn sorýan garany,
Ol derhal ýürege salýar ýarany.
Gara gara edip goýaýdy agy,
Ak garaldyp bilmän otyr garany.
***
Ykrar edilmeli bir kada bardyr,
Çyn-sap arassalyk tyllada bardyr.
Gutarnykly kämil adam bolmaýar,
Kämillik bir diňe Allada bardyr.
***
Ýagşy bilen ýaman edabatlydyr,
Mydam bir-birine hasabatlydyr,
Ikisem”Gör!” diýip görkezer özün,
Emma ýel bile Gün adalatlydyr.
***
Şükür, indi ähli meýhana bagly!
Indi göwün açmak reýhana bagly.
Indi her kim gowy bilýä borjuny,
Milletiň doklugy daýhana bagly!
***
Iç gysdyrmaz, çyksaň meýdan şeýledir,
Görseň, gözüň oýnar-heýjan şeýledir.
Päli bozuklaryň, galp-ýalançylaň
Ýalňyz halypasy—şeýtan şeýledir.
***
Eý, sen, tebigatyň geň-taň balasy,
Gül-çemenleň iň bir gözel lälesi,
Seni şeýle-hala görmegeý eden,
Seni söýen ýigdiň ahy-nalasy!
***
Adalatda ýer galmaýar aldawa,
Muňa daýanç halkyň sözi bolýandyr.
Görünmegin halka iki ýüz bile,
Türkmeniň ýalňyz bir ýüzi bolýandyr.
***
Gadym keçe telpek geýen türkmen men,
Häzirem şol döwre golaý meňzeşlik.
Ýapyşyp dur geýen täze donuma
Ýaranjaňlyk, öwünjeňlik, ýeňleslik.
Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular