10:58 Goşun | |
GOŞUN
Goşgular
Goşun gan çaýkady Owganystanda, Ilki dogry, soñ nädogry diýildi. Milletçilik, dawa-jenjel gyssanda, Goşun halkyñ garşysyna goýuldy. Goşun halka bolup goraga aldy, Düýbi çüýrän daragt kimin düzgüni. Goşun şeýdip gözden düşmeli boldy, Öñii abraýy ýok - güni gözgyny. Halkyñ ynamyny ýitirdi goşun, Harby eşiklini halamaýarlar. Ak saçly marşallar tutýarlar başyn: "Bulaşdyrdy syýasatçy haýýarlar..." ...Gulluga aldylar körpe inimi, Iki ýylda ejem bir gysym boldy. Şum habarlar düýrükdirdär iýniñi... "Diri gelermikä?" Teýahyr geldi. Görgülini urupdyrlar otluda, Çykarypdy - endam-jany gök dalak. Ýurtda bolýan bu gabahat işlere Ýönekeýje esger sebäpkär ýalak... 13.11.1989 ý. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |