21:59

Gowşut hanyñ haty

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 436 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024
Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024
Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024
Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024
Ýalta / Goşgular - 08.09.2024
Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024
Bentler-rubagylar / Goşgular - 13.07.2024
Bir millet / Goşgular - 20.05.2024
«Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024
Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Narcissus  
1589
Aslynda uruş bolmanka Rahymguly hanyň döwründe Türkmenleriň başlan gozgalaň dowam edýärdi, esasanam saryklaryňky. Muhammet Emin geçip ilki agyr ýeňlişe sezewar edýär, ýöne ýowuz darap duransoň türkmenler birleşýär, we Eýrandanam ýalňyşmasam 500-e golaý esger kömege gelýär türkmenlere, onuňam täsiri uly, sebäbi Hywanyň günorta syýasaty sebäpli sabyr käsesi dolan Eýran bar.

0
2 Jeksparro  
405
Mädeminiň kellesini Gowşut han alanok. Onuň esgerleriniň biri kesýär. Soň Gowşut han ýaňky esgere käýinipdir...

0
3 Yusup  
50
Atajan Taganyň "Kyrk ýylda ýazylam kitap" ýatlamalar essesinde. Eýran basypalyjylar Mara gelende, şolardan olja alynan 33 top barada şeýle ýazýar:

" Türkmen taryhynda ilkinji uly söweşde ajaýyp ýeňiş nusgasy görkezilip, tekeler
22. 000 serbazdan ybarat gajar goşunlaryny ýeňeninden soň olja alnan 33 sany sary topy Gowşut hanyň buýrugy bilen Hangeçen şäherinde, Murgabyň boýunda halk
gahrymançylygynyň şaýady hökmünde hatarlap goýýarlar. Ol toplar 20-nji asyryň
kyrkynjy ýyllaryna çenli hem bar eken. Emma olaryň hemmesi bir gijede gürüm- jürüm bolýar. Olaryň ykbalyny yzarlap meniň dörüşdiren materiallarym hiç hili
Önüräk netije bermedi. Diýmek, ol iş örän gizlinlikde amala aşyrylypdyr. Meniň çak
edişime görä, gymmatbaha metaldan guýlup ýasalan ol sary toplar Russiýanyň polat erediji zawodlarynyň birine eltilip düşürlen bolmaly. Elbetde, bu ýagdaý
türkmen halkynyň taryhyny äsgermezlik, şol toplary ele salmak üçin janlaryny gurban eden il ogullarynyň ruhlaryny depelemek bolýar." (Hangeçen bazarynda bolmaly)

Öňüräk kitaphanadan alyp bir kitap okadym. Rus heýkeltaraşynyň Türkmenistana syýahaty, ýatlamalar kitaby. Türkmen diline terjime edilen ýuka kitap bolmaly. Şol kitapdan sitata edip bärik goýjak bolýan welin, şol kitaby indi tapamok, tapyp bolýar kitaphanada dur ol ýone ady ýadyma düşenok.

Şol heýkeltaraş geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistana syýahat edende Mara gelip Hangeçen bazaryndaky 33 topy synlaýar. Aşgabatda guruljak Leliniň heýkeline eredip ulansa boljakdygy barada ýazýar. Aşgabatdaky Leniniň heýkelini guran şol heýkeltaraş bolmagy hem müňkin we toplaň 1-2 sansy şoňa ulanan bolmagy müňkin diýip öz ýanymdan oýlanýan.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Şol wagta çenli Hywa, Buhara, Eýran hökümdarlary türkmenlere garşy "Agzyny alart-da, höküm sür" syýasatyny ulanyp gelipdirler. Ilkinji gezek Gowşut han şu syýasaty olaryň öz garşysyna ulanýar. Ol gaýtam özi üçin hywa türkmenleriniň bitaraplygyny üpjün edip, üstesine-de Hywa we Eýran hökümdarlarynyň ýene-de öz peýdasy üçin söweş meýdanynda çaknyşmagyny gazanýar. Kömegi üçin eýranlylara Mädeminiň kellesinden gaýry suwytly zat düşmeýär. Mahlasy, şondan soň Eýranyň öz Horasandaky ýerlerini türkmenleriň peýdasyna elden gidermegi dowam edýär, Hywada bolsa türkmenleriň gozgalaňy tä ruslar gelýänçä üzlem-saplam dowam edenligi üçin bu sebitlerden aýaklary kesilýär.

Mary-gajar jeňinden soň häzirki Mary welaýatynyň topraklary eýran täsirinden doly gutulýar. Aslynda Soltan Sanjar döwründe bu sebit seljuk türkmenleriniňki bolupdyr, emma soň sefewiler, awşarlar, gajarlar döwründe Eýranyň her dürli täsirinde bolupdyr, Eýran her haçan gowşan wagtlarynda bolsa Horezm (Hywa) we Buhara hanlyklary hem bu bereketli mekana eýemsiräpdirler.

Horasan topragy yslam medeniýetiniň beýik şahsyýetleriniň we olaryň ölmez-ýitmez eserleriniň dörän ýerleri (Ymam Agzam, Abulhaýr, Omar Haýýam, Alyşir Nowaýy... sanasaň sogaby bar). Türkleriň "horasanyň ärleri" diýýän tarykat ägirtleri (Möwlana J. Rumy ýalylar) hem asly horasanly. Şonuň üçinen taryhdaky "Beýik Horasan" barada ahmyr edýän hyýalbentler Eýranda-da, beýleki ýerlerde-de ýeterlik.

Emma biz, türkmenler, muňa taryhyň baýlygy hökmünde seredýäris. Reallyk şu: gadymky horasan ýerleri häzir üç döwlete: Eýrana, Türkmenistana we Owganystanda degişli. Togrul beg, Çagry beg, Soltan Sanjar ýaly şahsyýetler bu ýerde döwletlerini gurupdyrlar, Oraz Ýagly han, Gowşut han ýaly serdarlar ony türkmenlere gaýdyp almak üçin göreşipdirler.

Elbetde, bu göreşde esasy wezipäni halk köpçüligi, atsyz-sorsuz gahrymanlar ýerine ýetiripdirler.

0
5 Babyśgalaly57  
1599
@Ýusup, Ашгабатдакы Ленинин ядыгэрлиги 1927-нжи йылда ачылыпдыр. Ол диййэн хейкелтарашын болса 30-нжы йылларда Туркменистана гелипдир. Значить топлар уруш йыллары ёк эдилен болмалы.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]