09:23 Gowur turuzan ukrainaly "ýapon gözeli" | |
GOWUR TURUZAN UKRAINALY "ÝAPON GÖZELI"
Publisistika
"Ýaponlyk munuñ niresinde?" Gözellik bäsleşigi paýtagt Tokioda geçirildi (Miss Japan 2024) Ukrainada dünýä inen we bäş ýaşyndan soñ Ýaponiýanyñ Nagoýa şäherinde önüp-ösen 26 ýaşly modelýera Karolina Şiino "ýapon gözeli" adyna mynasyp boldy. Şiino Ýaponiýada soñundan raýatlyga alynyp, "gözellik melikesi" saýlanan ilkinji zenan boldy. Emma Şiinonyñ ýeñişi ýurtda "ýapon bolmagyñ nämäni añladýandygy" hakdaky giñişleýin jedeliñem üstüne ot guýdy. Käbirleri 26 ýaşly modelýeranyñ ýeñişine "zamananyñ ruhy" diýip baha berse, beýlekileri Şiinonyñ ýapon gözeliniñ bolmalysy ýaly däldigini öñe sürdi. Begenç gözýaşlaryna gark bolup gözellik täjini dakan Şiino-da çekişmeler barada: "Hemişe milletçi barýerler boldy we ýapon ýaly hasaplanmak kyn boldy". Şiinonyñ ýeñişi Ariana Miýamotonyñ 2015-nji ýylda bäsleşikde üstün çykyp, ýurduñ ilkinji metis melikesi bolmagyndan on ýyl soñ bolup geçdi. Ýapon enäniñ we garaýagyz amerikan atanyñ nikasyndan doglan Miýamotonyñ ýeñişi şol döwürde-de şular ýaly çekişmeleri döredipdi. Ariana Miýamoto Karolina Şiinonyñ ene-atasynyñ haýsam bolsa biriniñ ýapon dälligi, bu gezek çekişmeleriñ süññüni düzen mesele boldy. Sosial mediýa ulanyjylaryñ biri bu barada paýlaşan pikirinde: "Ýapon gözeli hökmünde saýlanan bu zenan ýüz göterim ukrainaly. Owadanlygyna söz ýok, emma bu "ýapon gözeli". Ýaponlyk munuñ niresinde?" diýdi. Başga biri "Ýarym ýapon bolsa, gep-gürrüñ bolmazdy. Emma etniki taýdan alanda ýüzünde ýaponlykdan nam-nyşan ýok, hatda Ýaponiýada-da dogulmandyr" diýdi. Sosial mediýada paýlaşylan başga bir teswirde "Ýewropala çalym edýän biriniñ Ýaponiýanyñ iñ gözel zenanlygyna saýlanmagy ýapon halkyna tebigy taýdan ýalñyş signal berýär" diýildi. Başga bir ulanyjy "Eger Russiýada dünýä inen bolsa, hiçem üstün çykmazdy. Hiç hili mümkinçiligi bolmazdy. Syýasy mazmunly karardygy görnüp dur. Ýaponiýa üçin gynançly gün" diýip ýazdy. Gözellik bäsleşiginiñ guramaçysy Ai Wada BBC-ä beren interwýusynda emin agzalarynyñ Şiinony uly ynam bilen saýlap alandyklaryny aýdyp, "Juda görmegeý gyz, arassa ýapon dilinde gürleýär we ýazýar. Ol bizden has ýapon" diýdi. Karolina Şiino geçen Instagram hasabyndan paýlaşan pikirinde ýapon raýatlygyna kabul edilendigini aýdyp, "ýapon ýaly görünmän bilerin, emma añym ýapon. Çünki bu ýerde önüp-ösdüm" diýdi. Şiino baş baýraga mynasyp bolmagyñ özi üçin elýetmez arzuw bolandygyny aýdýar. # BBC, Tokyo Weekender Çarşenbe, 24.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |