14:29 Göýdükleriñ ejesi / hekaýa | |
GÖÝDÜKLERIŇ EJESI
Hekaýalar
Bu aýylganç waka, şol eýmenç aýal ýaňy-ýakynda dynç alyş kenarlarynyň birinde baý adamlaryň söýgüleýän, ýaş, näzik, owadan, hemmeleriň söýgüsinden hem hormatyndan peýdalanýan meşhur parižli zenany görenimde ýadyma düşdi. Bu waka juda öň bolupdy geçipdi, ýöne şunuň ýaly zatlar hiç ýadyňdan çykmagyç bolýar. Kiçijik prowonsial şäherçede ýaşaýan dostlarymyň biri meni myhmançylyga çagyrdy. Ol göwnümden turmak isläp, meni şäherçäniň iň bir gelim-gidimli ýerlerine, galalara, fabriklere, harabalyklara aýlamaga başlady. Ol ýadygärlikleri, metjitleri, oýulyp nagyşlanan gapylary, örän beýik hem täsin şekilli agaçlary — keramatly Andreniň dubuny hem-de Rokbuazyň tis agajyny görkezdi. Ol ýerdäki gözel ýerleri uly tolgunma bilen aýlanyp bolanymyzdan soň, ýoldaşym başga göreniňe degýän ýeriň ýokdugyny habar berdi. Men ýeňillik bilen dem aldym. Diýmek, indi daragtlaryň kölegesinde biraz dynç alsagam bolar. Ol möhüm bir zady habar berýän ýaly: — Wi, ýogsa-da! Bizde ýene-de maňlaýygaralaryň ejesi hem bar ahyry. Ony saňa hökman görkezmeli. (ony sen hökman görmeli) — Kim?! Maňlaýygaralaryň ejesi-i?! — diýip, haýran galyp soradym. — Ol —aýylganç aýal, hakyky melgun, her ýyl maýyp, betnyşan çagalary, gepiň tümmek ýeri, maňlaýygaralary ýörite dogurýar hem-de olary her tüýsli geň zatlary (tomaşa) görkezýän masgarabazlara satýar. Şonuň ýaly ýaramaz işler bilen meşgullanýan adamlar häli-şindi täze nägehany döretmedimika diýip, ýanyna gelip gidýärler. Eger şol nejis zat olaryň diýýäni bolsa ejesine muzdyny töläp satyn alýarlar. Onda şunuň ýaly çagalaryň on birisi bar. Ol juda baý. Men bu zatlary gyzykdyrmak üçin özümden toslaýandyryn, üstüne goşup aýdýandyryn öýdüp pikir edýänsiň. Ýo-ok, dostum, gürrüň berýän bu wakam hakykat, özem çyn hakykat. Ýör, şol aýaly öz gözüň bilen gör. Soň onuň nädip bu maňlaýygara çagalary öndürmek bilen meşgullanyp başlandygyny aýdyp bererin. Ol meni şäheriň etegine alyp bardy. Ol aýal ýedi ýoluň üstünde kiçijik, arassaja öýjagazda ýaşaýar eken. Ähli zat göze gelimlidi, tertiplidi. Howlynyň içi her dürli güllerden doludy. Olardan şeýle hoşboý yslar burk urýardy. Bu ýerde işinden aýrylan notarius (kepillendiriji) ýaşaýandyr diýip pikir edip boljakdy. Hyzmatkär aýal bizi oba jaýlaryna mahsus kiçijik myhman otagyna alyp bardy. Gürrüňi edilýän eýmenç aýal hem biziň ýanymyza geldi. Siz oňa kyrk ýaş dagy bererdiňiz. Ol aýal etli-ganly daýaw, ýüzünde adam ruhy ýok, ýöne ajaýyp kamatly, göreniň gözüni özünde egleýän hakyky daýhan aýalynyň hilinden, ýarymaýal-ýarymhaýwan mysalaly eken. Töweregindäkileriň özüni ýazgarýandygyndan habarly bolansoň, öýüne gelýän adamlary nähilidir bir ýigrenç bilen, äsgermezlik bilen kabul edýän eken. Ol içinden geçip barýan gözlerini süzüp: — Size näme gerek? –diýip sorady. Ýoldaşym: — Siziň soňky dogran çagaňyz adaty çagalara meňzeşmiş. Doganlaryna asla meňzanokmyş diýip eşitdik. Şonuň anygyna ýetäýeli diýip geldik. Bu dogrudanam şeýlemi?- diýip dikanlap sorady. Ol bize hyrsyz nazaryny dikip: — Wah! Ýok, jenap, ýo-okk! Ol beýleki çagalarymdan erbet bolmasa gowy däl bolaýmasa. Meniňki ugruna däl, hiç ugruna däl. Hemmesi birmeňzeş, jenap. Bu gezegem edil öňküler ýaly. Bu bir betbagtçylyk! Nämüçin Taňry bu dünýede hiç kimi ýok naçara beýle ýowuz daraýarka?!- diýip, şermendelik etdi. Ol eýmenç ýabany haýwanyňka meňzeş gözlerini ýerden galdyrman, çalt-çalt gürleýärdi. Ol ýognas sesini inçeltjek bolup jan edýärdi. Inçejik ses bilen aýdylýan zaryn sözler möjek uwlan ýaly çyksa, emelsiz hereketler üçin ýaradylan ýaly äpet, tagaşyksyz göwreden çyksa, has-da ýakymsyz eşidilýärdi. — Biz siziň çagajygyňyzy göräýjekdik-dä- diýip, dostum haýyş etdi. Göwnüme bolmasa ol aýal gyzaran ýaly boldy. Mümkin men ýalňyşandyryn. Ol biraz wagt dymyp oturyp, gaty ses bilen: — Siz ony näme etjek? – diýip, kellesini galdyrdy-da, otlukly nazaryny bize dikdi. — Näme sebäpden ony bize görkezmek isläňzok? Siziň görkezýän adamlaryňyz hem bar ahyryn. Meniň kim hakynda aýdýanlygyma düşünen bolsaňyz gerek – diýip, ýoldaşym hem ýeňilerli (yza teserli) däldi. Ol aýal uludan dem aldy-da, dälilik kaddyna ýetip: — Siz asyl şonuň üçin geldiňizmi? Şeýlemi?! Göwnüme degmek üçinmi? Hä? Barybir meniň çagalarymyň haýwan ýalylygy üçinmi? Näme diýseňem bolar diýýäňizmi? Şeýlemi? Siz ony görmersiňiz, ýok, ýok, görmersiňiz. Ýok boluň! Gum boluň! Näme meniň ýüregime düşýärsiňiz?! - diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, nadaralyk baryny etdi. Soňam elini bykynyna goýup, bize hüjüm etdi. Göýa bu wagşyýana sese gaýtargy hökmünde goňşy otagdan iňňildä meňzeş, has dogrusy, mawlama – kemakyl adamyň naýynjar sesi eşidildi. Meniň inim jümşüldäp gitdi. Biz yza çekildik. Ýoldaşym: — Habardar bol, aýjyn (il arasynda ony «Aýjyn» diýip atlandyrýardylar), haçanam bolsa bir wagt bu zatlaryň hasaby soralar- diýip, gapydan çykyp barýarka gygyrdy. Tüýsi üýtgän aýjyn bolsa ýumruklaryny düwüp: — Gum boluň! Näme üçin men jogap okamalyşym?! Ýok boluň, deýýuslar! – diýip, ala-saňňyldy bolup durdy. Ol bizi tüýt-müýt etmäge häzirdi. Biz bütinleý sussupes halda şol ýerden garamyzy saýlamaga gyssandyk. Howludan çykyp barýarkak: — Hawa, gardaş, gördüňmi? Oňa näme diýersiň? – diýip, ýoldaşym soragly nazaryny maňa dikdi. — O başynagideniň taryhyny gürrüň bersene- diýip, bilesigelijiligimi gizlejegem bolmadym. Gaýdyşyn iki tarapy ýeňiljek şemala asuda deňiz ýaly käwagt tolkun atyp ýatan oruma taýýar galla meýdany ýaýylyp gidýän giň ýol bilen haýaljak ýöräp ugradyk. Ýoldaşym geregini artdyrman, şol aýjyn hakdaky gürrüňe başlady: — Ol gyz birwagtlar fermada hyzmatkär eken. Ol diýseň işeňňir, ykjam, akýürekli hyzmat edipdir. Daşyndan göräýmäge allanäme maşgalamyş. Ömründe erkek adama gabagyny galdyrana-da meňzänokmyş. Şol mysapyrja gyzdan şunuň ýaly haýasyzlyk, ynsapsyzlyk çykar diýip, otursa-tursa hiç kimiň kellesine gelmändir. Ol hem beýnisi bekemedik, kellesi şemally ýaşlaryň goýberýän ýalňyşyny gaýtalapdyr. O waka orakdan soň, saman bedeleriniň arasynda, Aýsyz asmanyň astynda, bag başy gymyldamaýan, dymyk, tüp-yssy howada, bedenleri Güne ýanan oglan-gyzlaryň der döküp işleýän gijeleriniň birinde bolup geçipdir. Şol gürrüňi edilýän gijeden köp wagt geçmänkä, ol özüniň hamyladygyny bilipdir. Ol indi il gözünden utanyp, gorkup, jebir baryny çekipdir. Öz masgaraçylygyny her edip, hesip edip, gizlemek isläpdir. Ol ýasyja tagta bilen tanapdan garnyny gysyp durar ýaly (korset (korzaž) gysby ýasanypdyr. Ösüp barýan çaga gysbyň aşagynda näçe gabarsa, olam korsetini (korzažyny) şonça dartypdyr. Ol hemişe ýylgyryp, işine yhlasly ýapyşyp, hiç hili syr bildirmän, gysyp-gowrup barýan ejire çydap, gam-gussalara mertlerçe döz gelipdir. Ol garnyny berk guşap, içindäki neresse çagany maýyp, göýdük edipdir. Ondan aýylganç bir edrenjini döredipdir. Ýaz günleriniň birinde aýy-güni dolup, kelle süňki ýemşerip, süp-süýri bolan, iki sany ullakan gözi maňlaýynda gezip ýören, elleri, aýaklary göwresine dartylyp, üzüm çybygy ýaly egrem-bugram bolup ýatan, barmaklary bolsa möýüň ayaklaryna meňzäp duran, göwresi edil hoz ýaly kiçijik, tos-togalak zady (lokga eti) dogrupdyr. Oňa dogurmaga kömek eden otagçy aýallar onuň göwresinden çykan zady görüp, zyr-zöwran bolşup, dumly-duşa dargapdyrlar. «Ol jyn-arwah dogrupdyr» diýip, myş-myş bary ýaýrapdyr. Şondan bärem ony «Aýjyn» diýip atlandyrýarlar. Ony obadanam kowupdyrlar. Ol ondan-mundan berilýän az-owlak sadaka bilen (ähtimal il gözünden ýaşyryn aýagyny gyşygam basandyr. Ol diýseň owadan gyz bolupdyr. Erkekleriň köpüsi bolsa dowzahdan gorkup baranok ahyry) güzeranyny dolapdyr. Ol döreden musallatyny ekläp-saklapdyr, emma oňa bolan ýigrenji gün-günden artypdyr. Eger ruhany onuň etjek bolan pussy-pujurlygyny öňünden bilip, kazyýetde gorkuzmadyk bolsa ol messepsiz günäsiz çagany bogup, heläklemegem ahmaldy. Günleriň birinde her hili üýtgeşik zatlary görkezýän adamlar onuň ýaşaýan ýerinden geçip barýarkalar şol betnyşan hakynda eşidipdirler. Göwünlerine ýarasa, öz ýanlaryna almak üçin ony görmek isläpdirler. «Haryt» olara ýarapdyr. Haýal etmän ejesine bäş ýüz franky sanap beripdirler. Ilkibaşda ol utanypdyr, gorkunç çagasyny görkezmäge razy bolmandyr. Emma onuň üçin pul töläp aljak bolýandyklaryna göz ýetireninden soň, çagasynyň betnyşanlygy bilen has-da magtanyp, daýhan höçjetligi bilen bahasyny galdyryp, bir su üstünde dawalaşypdyr. Özüni aldatmazlyk üçin olar bilen ýazmaça şertnama baglaşypdyr. Ondan daşaram, olar hamala, ony işe alýan ýaly, ýylda dört ýüz frank tölemäge boýun bolupdyrlar. Munuň ýaly garaşylmadyk şowlulykdan melgunyň başy aýlanypdyr. Ol indi peýdakeşler ýaly özüniň eklenç çeşmesini döretmek üçin täze –täze betnyşanlary dünýä indermegiň kül-külüne düşüpdir. Ine, şeýdibem ol köpelip başlapdyr. Oňat öndürijiligem gazanypdyr. Ol neresse çagalara entek göwresindekä duçar edýän basyşynyň hasabyna her hili şekil bermäge-de ökdeläpdir diýýäler. Ol uzynly-gysgaly her hilisini dogrupdyr. Biri leňňeje, beýlekisi hažžyga meňzeşmiş. Käbirleri bolsa edilýän süteme çydaman, entek göwresindekä heläk bolupdyr. Ol muňa diýseň gynanypdyr. Bu eden-etdilige kazyýet gatyşmak isläpdir, emma hiç hili subutnama tapylmandyr. Şeýdibem, hökümet ol zandyýamanyň işine goşulyp bilmän, ony öz gününe goýmaly bolupdyr. Häzirlikçe onda on bir sany maňlaýygara görgüsiýaman bar. Olar ejesine ýylda ortaça baş-alty müň frank girdeji getirýärler. Diňeje biri, ýaňy bize görkezmek islemedigi «işe ýerleşmedik». Ýöne olam uzak işsiz ýatmaz. Indi hemme masgarabazlar bu Aýjyny tanaýarlar. Olar: «Täzeräk, üýtgeşijek zat ýokmuka» diýip, häli-şindi ondan habar tutýarlar. Ol zandyýaman aýal «harydy» jedelleşeniňe degýän bolsa uruşmakdanam gaýtmaýarmyş. Ýoldaşym dymdy. Ol aýjyna bolan ýigrenjim ýüregimde hasam möwjeýärdi. Öýüne baranymda şol nejisi bogup heläklemedigime (öldürmedigime) ökündim. Men: — Çagalaryň kakasy kim? – diýip, içimdäki pikiri daşyma çykardym. — Belli däl. Birmi ýa köpmi, olam belli däl. Garaz, maňlaýygaralaryň «kakalary» utanypmy nämemi il gözünden gizlenýärler. Olar Aýjyn bilen peýdany paýlaşýan bolmaklary-da, mümkin – diýip, ýoldaşym uludan demini aldy. Ýaňy-ýakynda häzirki zaman dynç alyş kenarlarynyň birinde owadan, eýjejik, näz-kereşmeli, töweregindäki erkekleriň söýgüsinden hem hormatyndan peýdalanýan zenany göremde, bir wagtky eşiden şo-ol wakam oýuma-da gelenokdy. Ýerli şypahanada lukman bolup işleýän ýoldaşym bilen kenaryň ýakasyny syryp barýardyk. Orta ýaşly eneke üç sany çagany çägede oýnadyp, güýmäp oturdy. Iki sany pişek gapdallarynda ýaýrap ýatyrdy. Golaýyna baranymda olaryň üçüsiniňem maýypdygyny, küýkiligini, aşa eýmendirijidigini görüp, juda nebsim agyrdy. — Bular — ýaňyja öňümizden çykan syrdam zenanyň çagalary – diýip, lukman dostum çagalara seredip durşuna aýtdy. Ol zenana hem-de bigüna çagalaryna bolan gynanjym süňňüme ýaýrady. Men: — Wah, görgüli ene! Onuň nädip ýüzi gülsün?! – diýip ah çekdim. — Gynanma şoňa, gadyrdanym. Tersine, neresse çagajyklara nebsiňiz agyrsyn. Ine, bütin ömrüne syrdam görkezmek üçin gysylan biliň netijesi şular. Bu maňlaýygaralar korsetiň netijesi. Ol şeýtmek bilen öz janyny-da, çagalarynyň janyny-da howp astyna goýýandygyny bilýärem, emma onuň üçin asla tapawudy ýok. Oňa diňe owadanja, görnüklije görnüp, töweregindäkilere özüni söýdürse bolýar – diýip, dostum närazylygyny bildirdi. Men şo-ol öňki aýaly – adaty bolmadyk çagalaryny satan aýjyny ýatladym. 12-nji iýun, 1883-nji ýyl. Fransuz dilinden terjime eden: Merjen PÜRJÄÝEWA. 2013-nji ýyl, garalama nusgasy. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||