23:25 Gözel many gözel şygryñ ak aty | |
ŞYGRYÝETIÑ TÄZE TOLKUNY
Edebi tankyt
Ýaşlaryñ edebi döredijiligine syn Akyldar Ýusup Balasagunly indi müñ ýyla golaý wagt bäri hanedanlary, döwletleri, hökümdarlary hem raýatlary bagtyýar edýän kitabynda söz ussatlaryna aýratyn sarpa goýýar. Milletiñ mertebesini beýgeltjek şeýle şahyrlar Garaşsyzlyk döwründe türkmen şygryýetini ösdürmeklige uly goşant goşýarlar. Bu döwrüñ öz edebiýat meýdany, söz ummany döredi. Ummanyñ gözelligi, ýaşaýşy, hereketi tolkunlarda. Biziñ söhbetimiz öñkülerden badalga alýan, şol bir wagtyñ özünde özboluşlylyga ymtylýan iñ täze tolkun barada. Durmuş bir ýol ~ öñe baksañ, ýaşulular barýan bolsa, yza garasañ, ýaşlar gelýän bolsa, şeýle ýoldan ýöremek bagt. ▶ GÖZEL MANY GÖZEL ŞYGRYÑ AK ATY "Ýaz howlugar gujagyña ýetmäge, Saz howlugar gyjagyña ýetmäge..." - diýip, Watan hakyndaky şunça köp aýdymyñ içinde öz owazyny ýetirmäge ymtylýan, öz pikirini täsirli açmagy başarýan Mukam Muhamowyñ şygryýet meýdanynda öz ýüzi bar. Ýaş şahyryñ nämeleri göz öñünde tutýanyny bilmesek-de, biz okyjy hökmünde gyjaga ýetmäge howlugýan saz babatda pelsepewi many çykardyk: şu barlyk ýaradylanda-da saz bar, älem-jahan bir geñsi owaz bilen aýlanýar, sazandalar saz gurallaryna daýanyp, ol owazlary adama düşnükli "dile geçirýär, şol baky saz türkmen gyjagynyñ kömegi bilen halka ýaýylmaga howlugýar... Ýaş şahyryñ goşgularyny okanyñda, awtoryñ okamaga, bilimini artdyrmaga höwesiniñ uludygyny añmak kyn däl. Ol mydama gözlegde we onuñ özboluşlylyga ymtylýan goşgulary okyjylaryñ ýadynda galmaga ukyply. Onuñ döredijiliginden käbir täsirli pursatlar: Tolkunlar getirip, kenara zyñdy, Ellerim galgadyp galdym ýyllara... ("Birmahal...") Kölegäñe dönüp bile galaýyn, Öz okunda aýlanýarka entek Ýer. Söýmeseñem, bir görümsiz myhman men, Senden gitmek niýetim ýok entekler. ("Ygrar") M. B e k g i ý e w i ñ uly göwrümli, pikire baý "Köñül pelsepesi", "Hat" atly goşgulary hem ýoluñ dowamat boljagyna umyt döredýär. Ýaş şahyryñ başy ylhamdan doly, ol özüne düşünilmegini beýleki adamlardan has köpräk küýseýär. Söýgüli ýaryñ, dogan-garyndaşyñ, dostlaryñ şahyryñ illeriñkä görä başgaçarak boluşlaryna, özboluşly pikirlerine, arzuw-isleglerine düşünmegi uly bagt: "Bir bakyñ! Meniñ dünýäm nähili aladaly, gowgaly, meniñ ýollarym nirelere uzaýar, her ýagdaý bolanda-da, men ýaşamak üçin güýji senden alýaryn..." Duýmasam durmuşyñ dabarasyny, Ýerlemesem gujagynda gülleriñ. Derwüş deý syrymu gizläp içimde, Gije-gündiz golda bolsa gülberim, Sen maña düşün! Döredijiligi kämilleşdigiçe, ýaş şahyra düşünýänleriñ sany köpeler. Bu goşguda bolsa ýaş şahyryñ köñli "ilinden aýra düşüp, jäht edip ilini gözleýäne" (Magtymguly), "gaý-tupanlaryñ içinde ýeke özi galan, ugruny ýitiren ýalñyz ýelkene" (M.Ý.Lermontow) meñzeýär. Liriki gahryman nirelerde, nähili halda bolsa-da, özüne düşünilmegini, ýalñyz goýulmazlygyny isleýär. Kalpdan dömüp çykan, ýasap bolmajak duýgulara ýugrulan "Hat" atly goşguda şahyr kakasyna ýüzlenipdir. Ogul ulaldygyça, oña kakasynyñ pähimi, mähri ýetmezçilik edip başlaýar, "garaşmaga, göreşmäge, ýeñmäge sabry ýetenok", bu zemine sygmaýar: Ýetilmedik menzillerde azaşyp, Bir öýjagaz dikdim Arşyñ töründen. Soñky günler üzüp ýerden aýagym, Aýy ýassyk edip ýatyp ýörün men. "Aladalary bolsa on üçünji süññi ýaly egnine labyr atýar" (Günbatarda on üçlük san betbagtlyk getirýän san hasaplanýar, käbir jaýlarda, 13-nji gat, käbir uçarlarda 13-nji orun ýok. Belki, awtoryñ bu nädogry yrymdan habary bardyr. Her hal aladalaryñ şeýle galagoply sana deñelmegi ýerine düşüpdir), "çemeçilleñ hyýanatyndan eýmenýär" (ýaş şahyryñ döredijiliginde uly durmuşyñ çemeçiller ýaly tagmasy bar bolsa, onuñ ahlak-pelsepewi dünýäniñ bir gyrasyndan gädip ugradygy). Gahrymanyñ öz kakasy bilen barha ýaşynyñ golaýlaşýandygy şygryñ dartgynlylygyny, dramatizmini has-da artdyrypdyr. Ýaş gidenler ýaşlygyna galýarlar. G.Ezizowy hiç kim goja kişiniñ keşbinde göz öñüne getirip bilmez. A. H o j a m u h a m m e d o w a n y ñ formasy liriki oýlanma çalymdaş, käýerde belli bir galyba boýun egmeýän (belki, dünýäniñ özi ýaly syrly zenan logikasy üçindir), şeýle-de bolsa, mazmuny-manysy bile, pikirleriñ berlişi bile ýadyñda galmaga ymtylýan goşgular bar. Goşgularda ahwallar ýaş şahyryñ başdan geçiren şahsy duýgularynyñ üsti bilen açylýar. Döredijilik ýolunyñ başynda hut şeýle-de bolmaly. Ýöne şahyryñ gahrymany özüni-de, il-günü-de söýmeli. Soñabaka il-güne, dünýä bolan söýgiñ özüñe bolan söýgiñden üstün çykmaly. Belki, gelejekde şeýle-de bolar. Häzirlikçw welin gahryman obraz derejesinde işlenen bagtdan şeýle haýyş edýär: Ertir üçin birden sanaw düzeñde, Haýyş, bagt, ilki nobat başynda Adym bilen familiýamy goýaýgyn! A.Hojamuhammedowanyñ gahrymany "Işe barýan" atly goşgusynda edil şu günki özüni şeýle howsaladan halas edipdir. Gaçmawersin bu günlerden höwäsim, Nesipli ýollardan aýyrma, Allam! Goý, süýjisi bilen, ajysy bilen Atsamam, iş-öý arasynda ataýyn hallan. Zenan maşgalalara öñi bilen öz ýüregiñi açmagy, onda-da, hiç zat galdyrman açmagy talap edýän aýdymçy şahyr bolmak kyn. Aýşat Hojamuhammedowa okyjylara ýüregini açypdyr. Joşgundan, ylhamdan dömüp çykan käbir goşgulara diñe "Ajap" diýip seslenäýmek galýar. Aşyr Hanowyñ "Söýgi söhbedi" janly bir ýürek bolup urup dur. Aşyk-magşukdan bir söze garaşýar, ol söz ýigidiñ dünýäsini gowulyga tarap düñdermeli. Ine, şondan soñ ýigit ýüregini onuñ aýasyna goýýar we gyz islese, diñlesin, islese-de, gepe güýmesin, bolmasa-da: Ýa isleseñ, geljegiñi gur onda, (Ýok, bu zatlar boýun bolmaz gümana). Belli-külli takdyryñy bagla sen, Takdyryma, hyýalyma. Hamana, Ikimiziñ ýagty saçjak ertämiz, Ýazyk bolsun mañlaýlarda ap-aýdyñ. Iki bolup aýralykdan gaçarys, Gizleneris. Tapybilse tapaýsyn! Söýginiñ gözi kör bolýar diýýärler. Şonuñ üçindir, belki, M.Muhamowyn gahrymanynyñ gözünde-de söýgi äýnegi bar. Äýneklikä adam bagtly, birden şol äýnek gaçaýsa, hakyky dünýäde ýaşamak kyn. M.Muhamowda jan ýandyrma bilen birlikd ýylgyrmaga iterýän mylaýym ýumoram bar: Söýginiñ äýnegi gaçdy gözümden, Ýörär ýolum şonsuz has aýan eken. Diñe ikimiz däl, ýeriñ ýüzünde, Başga adamlaram ýaşaýan eken. Aslynda-da, şygryýetde söýgini durmuşdan aýry saýmaly, aýrylykda açmaly hem däl. Diñe jemgyýetiñ, tebigatyñ, sosial-ykdysady gatnaşyklaryñ, ähli ýaşaýşyñ örüsinde açylanda, hakyky söýgini beýan edip bolar. Ähli zatdan geçip, çöllerde ygyp ýören Mežnuna atasy pahyr "Jan, oglum, itiñem öz Watany bar" diýip zeýrenýär. Ýöne bu dessanda-da Mežnunyñ gözleginiñ diñe bir Leýli däldigi, Fuzulynyñ öz poemasynda nygtaýşy ýaly, Leýliniñ keşbinde Haky gözleýändigi üçin eseriñ syrlylygy artypdyr, ömri uzapdyr. ♣ Goşgy syrly bolmalymy? Hawa, hemme zat açyk-aýan aýdylan bolsa, okyja pikirlenmäge zat galmadyk bolsa, ol goşgynyñ täsiri uzaga çekmez. Onuñ syrlylygy adam ykbalyny umumy manyda açýanlygynda bolmaly. Bolup geçýän duýgular, hadysalar, başdangeçirmeler bir adamyñ dünýäsi bilen açylsa-da, olar her bir adama degişli we kimiñ üsti bilen açylýanlygyny bilmek okyjy üçin esasy mesele däl. Ýöne munuñ özi ýene-de tebigy suratda bolup geçmeli we zor bilen syr ýasamak okyjyny ynandyrmaz. M.Bekgiýewiñ "Birmahal, ikimiziñ dostlugymyz..." atly goşgusynda gahryman dosta bolan ynamynda aldanana meñzeş. Öñ berk bina meñzeş kalba güman inip, haraba dönüpdir, onuñ özüne hiç çäresi ýok, müñ ýamaly il gepi heläk edýär, şöhrat dilenip ýaşaýanlar dostlugyñ gadyryny bilmez...: Diýsinler däli-diwana, Ýüzüme diýsin diýenler. Ýogsa ýüregme ýapyşdy, Düýnki duzumy iýenler. Eger bu täsirli goşgynyñ ikinji bendi jemleýji bent hökmünde getirilen bolsa, kyn pursatlarda-da gahrymanyñ adama bolan ynamynyñ mizemändigini, şeýtana gol berip, alyna gitmändigini añladardy. Näçe zehinli şahyrlar ýaşap geçdiler, emma olaryñ köpüsiniñ atlary halk hakydasynda galmady. Sebäbi maýda öýke-kineden saplanyp, adamy, adamzady söýmek derejesine ýetip bilmediler. Öwrenýän goşgymyzda şeýle söýginiñ nusgasy bar: Erkim ýetmez ertirime, Keç täleýe gargyşym ýok. Sabrymyñ soñky nokadyn, Ömür-ömür goýmuşym ýok. ♣ Filosofiýa ~ ähli ylmyñ binýady. Şahyr ondan aýlanyp geçip bilmez, öñde-soñda oña ýüzlenmeli bolar. Filosofik oýlar şahyryñ döredijiliginde näçe ir ýüzüni görkezse, onuñ şonça ir ýetişdigidir, näçe köp bolsa, şonça-da eserleriñ ömrüniñ uzak boljagydyr. Ýaşlarda filosofiýanyñ, seýregrägem bolsa, görnüp başlamagy begendirýär. S. S e ý i t m ä m m e d o w y ñ ýagşa, damja meñzeş, aýdan asylan, ondan sallanyp, kalendara giren, ondanam çykyp, sagada gaçan, bir görseñ äwmezek, bir görseñ hars urup barýan... wagt hakyndaky, ýarygije ogry ýaly öýlere giren, çyra öçensoñ, gahrymana ýesir düşen, gara lybasyndan utanýan, näçe uzak bolsa-da, Aşgabadyñ köçelerinde gutarýan gije hakyndaky goşgulary şeýle oýlanmalara mysal. Asyl, bu ýerde gije obraza öwrülipdir. ♣ Walydam, Mekge-Medinäm... Eje hakdaky goşgular juda kän bolsa-da, adamda ýeke bolmaly dünýäleriñ hataryndadygy üçindir, hiç wagt ýadatmaýar. Bu temadan saýlanaýmak kyn. Şonda-da S.Seýitmämmedowyñ, M.Muhamowyñ goşgularyny okap, "Şeýdibem aýdyp boljak ekeni!" diýeniñi duýman galýarsyñ. Azerbaýjan şahyry Mürze Şafynyñ: "Men oña Gündür öýtdüm, nur salmaýar hiç haçan, Men oña güldür öýtdüm, gül gülmeýär hiç haçan" - diýip, öz döwründen öñe gidip, gyzyñ nusgawy ýa romantiki däl, hut öz real gözelligini açmaga çalşyşy ýaly, Seýranyn ejesi hem oglunyñ saçyny şemal bolup daramandyr, tersine, şemal ene bolup sypapdyr. Gün bolsa ýylatmandyr, tersine, Gün eje bolup ýyladypdyr. Munuñ özi ene mähriniñ derejesiniñ beýikligini añlatmagyń bir täsin görnüşi. Eje hakyndaky aglanyp aýdylmadyk bu owadan agynyñ soñky iki bendini bolsa okap lezzet almaly: Tutýamyka gijeleriñ ukusy, Günler indi nädip dañlaryn atyr? Menu äkidenne ökünip ýollar, Ýaraly ýylan deý towlanyp ýatyr. Ýagyş damjalary gussaly dünýäñ Hem-de meñ gussaly gözlerme gaýdýar. Birdenem ýalpyldap Gün çykdy, Eje!!! Ýylgyrdyñ öýdýän. Soñkuja jontujak setiriñ täsirini diýsene?! Şeýle doly däl setir bilen pikiri jemläp, goşgynyñ täsirliliginiñ artdyrylýan pursatlary Seýranyñ beýleki goşgularynda-da bar. ♣ Logika gaty hötjet närse. Bir görmäne, beýleki ylymlardan tapawutlylykda, şygryýet has erkin fantaziýanyñ önümi. Oña kesgitlemeler, teoremalar, aksiomalar, deñlemeler... ýat ýaly. Hakykat ýüzünde hakyky şygryýet hakykaty ylymdan-da inçe açmaly. Älemiñ, ýaşaýşyñ haýsydyr bir mantyga eýerip, täsin sazlaşykda aýlanyp durşuna meñzemeli hakyky goşgy. Gomerde, Dantede, Pyragyda... hut şeýle. Magtymguly Pyragy: "Gün hanjary gökden ýere inende, Güne garşy dogan Aýy gözel sen" - diýende, Günüñ nurundan Aýyñ şöhlelenişi baradaky ylmy hakykata daýanýar. Asla şahyryñ ylmy logika daýanmaýan ýeri ýok. Ýaş şahyrlar şeýle ylmy hem şahyrana logika berk daýansalar, goşgularyñ ynandyryjylygy artardy. Aristotele görä, her bir bitewi närsäniñ başy, ortasy hem aýagy bolmaly. Bular biri-biriniñ üstüni doldurmaly, tassyklamaly. Her bir aýdyljak pikir özünden öñ aýdylan pikiri tassyklamaly, soñky öñkini inkär etmel däl. Gün oýandy, ymyzgandy duýgular, Goja zemin meniñ bilen ýaşytka... (G.Baýhanow "Gün oýandy") Gün oýansa, älem hem oýanyp başlaýar. Ýöne nämüçindir, bu ýerde duýgular ymyzganýar, ymyzganmak sözi uklamaga taýýarlanmagy ýa-da meýmiremegi añladýar. Goşgynyñ tutuş süññi-de adamyñ oýanýan döwrüne ~ hut şahyryñ öz ýaşlygyna bagyşlanypdyr. Ýaş şahyr bu ýerde Günüñ nuruna ymsynmagy añlatmak isländir. Ýa-da, aslynda, okyjyny çagalyk döwrüne äkidip, ene-atany ýatladýan täsirli goşgynyñ bir bendindäki soñky iki setir goşgynyñ yzygiderliligi bilen bagly bolman, ýöne bir kapyýa üçin aýdylana meñzeş: Ýañyja güllän ýorunja, Üzümligiñ içindedi. Añk bolup doñup oturma, Günorta çaý içeñdedi. ("Atama") Ýaşlarda mantygy inçeden yzarlap ýazylan goşgular hem bar. S.Seýitmämmedowdan mysal: Bir nokatda ýollarymyz bölündi, Birinji nokada gaýdyp bilmedik. Bar sözi aýtdyk biz birek-birege, "Ýok" sözleri bolsa aýdyp bilmedik. Käbir sözler awtoryñ nygtamak islän pikiri bilen ylalaşmaýar. M.Bekgiýewden mysallar: "Ýekirlen ýüzlüler gözlände kemim..." diýen setirdäki "ýekirlen" sözi "ýekelenen, inkär edilen, ýazgarylan" manylarynda gelýär we okyjyda "Özüñ birini kemsiden bolsañ, elbetde, gaýtawulyny alarsyñ" diýen pikiriñ döremegi ähtimal. Garaz, şeýle pursatlarda özüñkiñ dogrudygyny düşündirmeli bolýar. Ýa-da edil şu bendiñ özünde: "Daşymda galkan deý goragym bolan: Gyşdan doglan dostlarymdan razy men" - diýen pikire garşy "O nä diñe gyşda doglanlardan razyka?" diýen sorag döräp biler. ♣ Tebigylyk, durmuş hakykatyny real açmak şygryñ ynandyryjylygyny, täsirliligini, gözelligini artdyrýar, gahrymany okyjylara ýakynlaşdyrýar. Eje-kakanyñ mähri ummasyz, ýöne çaganyñ ykbalynda ata bilen enäniñ orny bir başga. Ata-ene çaganyñ arasynda göze ilmez bir mährem ýakynlyk bar. G.Baýhanowyñ "Atama" atly goşgusynda adamyñ çagalyk döwri, mähriban ata-ene bilen gatnaşyklar hut çaganyñ dili bilen açylypdyr. ♣ Ç e p e r e d e b i ý a t y ñ ö z e n e s i h a s a p l a n ý a n h a l k d ö r e d i j i l i g i bilen ruhy ýakynlygy bolmaly. M.Muhamow ýaryndan "ara düşen aýralyk ýoluny ýalan bilen çynyñ arasy ýaly gysgaltmagyny" haýyş edende, Soltansöýün bilen Myraly hakyndaky rowaýat ýadyña düşýär. M.Bekgiýewiñ "Dünýäñ dabanynda ýyldyrym çakyp..." diýen setirinde "dabanyndan ot çykýar" diýen durnukly söz düzümi şahyrana işlenipdir. Şeýle-de, bu setiriñ döremegine antiki mifologiýadaky Ahillesiñ hem ejiz, hem toprakdan kuwwat alýan ýeri bolan dabanynyñ täsir eden bolmagam mümkin. ♣A d a t y l y k~ ş y g r y ý e t i ñ d u ş m a n y Ondan gaça durmaly. Näçe kyn-da bolsa, öz sözüñi aýtmaga çalyşmaly. Her bir okyjy şygyrdan "Bäh!" diýdiräýjek özboluşlylyga garaşýar. A.Gaýlýewa goşgy ýazmagyñ formasyny gowy ele alypdyr. Ýöne şahyry şahyrdan tapawutlandyrýan närse ~ onuñ özboluşlylygy. Özboluşlylyk edebiýatyñ taryhyna adyñy ýazmagyñ ýeke-täk ýoly. Bu zehinli gyza döredijiligiñ iñ gyzykly, dargynly, howsalaly pursady ~ öz ýoluña çykmak garaşýar. A.Hanowyñ yşk-söýgä bagyşlanan goşgusyndan bir bende özboluşly öwüşgin bermäge synanyşalyñ: "Yşk bormy, ataşda ýanmasa?" diýdiñ, Ot bile suwadym ýüregmi, läläm. "Yşk bormy, aýazda doñmasa?" diýdiñ, Sözüñe doladym ýüregmi, läläm. Ýöne ataşda ýanmak, aýazda doñmak bolaýmaly adaty bir ýagdaý. Indi şu bentdäki "ataşda" hem "aýazda" sözleriniñ ornuny çalşyp okap göreliñ. Buz ~ aýazda ýanyp duran, ot ~ ataşda doñup duran yşkyñ täsiri bir başga. Goşgulardaky p i k i r l e r i ñ m a n y g ü r ü l i g i onuñ agramyny artdyrýar. Ýöne häzirki zaman türkmen şygryýeti edebiýatdaky didaktizmden tapawutly. XX asyr türkmen şygryýeti bilen sazlaşyk saklap, duýguçyl goşgulary öñe sürüp başlady. Bu ~ döwrüñ talaby. Nusgawy edebiýatyñ akyl-paýhas ýüki ýetik goşgularyna öýkünmelerem, olardan täsirlenmelerem indi öñki derejä çykyp bilmeýär we okyjy täze bir forma garaşdy. Şygryýet muşdaklarynyñ talabyny ödedi. Esasan duýgy bilen iş salşyp başlan lirikada ykballary, howsalany, gam-gussany, şatlygy täsirli açmak zerur. A.Hanow "Gije" atly ýedi bentli ýekeje goşgusynda gözlerine çiş kakylan gijede dokuz sany ykbalyñ hersini iki setire sygdyryp okyja ýetirmegi başarypdyr: köçeden barýan, hyýaly paşmadyk biri; tirsegine agram berip, penjireden alyslara seredýän bir peri, toýa çakylyk hatyny mäjum eden, kirpikleri nemli gyz; kofe bilen ylhama hüjüm edýän şahyr; biwagt aradan çykan aýalyny ýatlap, demini sanap ýatan goja; gijäniñ gözüne çiş kakylandygy sebäpli, hyýaly çüwmedik ogry, ogluny gujagynda ezizleýän eje; aýralyga çydaman, penjireden aşak sallanýan ýigit; özüniñ bir gorkunç çözgüdinden howpurgap duran gözel... Elbetde, bu göreldä eýerip, goşgyny ykballaryñ dürli pursatlaryndan dolduryp bilerler. Ýöne gep olary nähili derejede täsirli hem owadan bermekde-de bar. ▶ GÖZEL GALYP GÖZEL MANYÑ GANATY Edebi dil umumyhalky dildir. Şahyryñ dili baý bolmaly. Sözlük düzümini düzýän kär-hünär, şiwe sözlerinden, alynma sözlerden, ylym-tehnika bilen gelýän sözlerden... giñişleýin peýdalanmaga onuñ doly haky, hatda borjy bar. Ýöne beýle erkinlikden, ähli beýleki meselelerde bolşy ýaly, diñe zerurlyk dörände, juda ýerlikli ýagdaýda peýdalanyp bolar. Başga pursatlarda beýle sözler şygryñ umumyhalky bolmagyna päsgel berýär. Aşakdaky mysallarda A.Hojamuhammedowa bilen A.Gaýlyýewanyñ goşgularda "höwesim" sözüni "höwäsim" görnüşinde almagy üçin zerurlyk ýok. • Ş a h y r a na sintaksise laýyklykda goşguda sözlem agzalarynyñ orunlary çalşylyp bilner. Şunda dyngy belgilerine ünsli çemeleşmek zerur. "Düşmen, bagta barýan hyýal atymdan" (M.Bekgiýew) diýen sözlemiñ dogrusy "Bagta barýan hyýal atymdan düşmen" bolmaly we bu ýerde otur goýmagyñ zerurlygy ýok. Başky we soñky bentlerde pikirleriñ gaýtalanmasy diñe ýerlikli ulanylan ýagdaýynda, tutuş goşgudaky pikiri çugdamlamaga ýardam edýär: Gözleriñi gözlerime garat-da, Sen bir söz diý, elewresin hyýalym... * * * ...Diýenlermiñ dogrulygna baş at-da, Sen bir söz diý, elewresin hyýalym. (A.Hanow "Söýgi söhbedi") G. B a ý h a n o w yñ "Saña garaşyp..." atly goşgusynda bir bendiñ goşgynyñ başynda we soñunda sözme-söz diýen ýaly gaýtalanmagyna zerurlyk görünmeýär. Umuman, şahyrlar hiç bir endige-de erkini doly bermezlige çalyşmaly. Meñzeş harply bogunlary däl-de, dürli söz toparlaryndan bolan sözleriñ s e s s a z l a ş y g yny k a p y ýa hökmünde ulanmak ussatlykdan nyşan: "asmany - asmaga", "bir peri ~ kirpige" (A.Hanow "Gije"); "entek Ýer ~ entekler" (M.Muhamow "Ygrar") ♣ Çe k i m li we çe k i m s iz sesleriñ sazlaşygy, Pyragynyñ "Gara daşdan gara gyly saýlan göz" diýen setirindäki ýaly, diñe tebigy suratda getirilende, şygryñ many-mazmunyny bozman, gaýta güýçlendiren ýagdaýynda peýdaly bolup biler. Ýaşlarda şeýle pursatlar bar: "Duýmasam durmuşyñ dabarasyny", "Ham-hyýallañ hasylyna garaşsam", "Setirleriñ süññün süzer barlygyñ"... (M.Bekgiýew "Köñüp pelsepesi"); "Indi ömrüñ öwrümlerne öwelip...", "Oýalygmy ogurlatdym oýlara..." (M.Muhamow "Ygrar"). "Dek" we "deý" sözleriniñ ikinjisiniñ has owazly, ýumşak ýañlanýandygy baradaky pikir G.Ezizowyñ ünsüni özüne çekipdir. Her sesiñ aýratyn täsiriniñ bardygyny bilmek üçin olary gezekleşdirip okap göräýmeli: "Dutaryñ kirşi dek inçejik ýolda..." (M.Bekgiýew "Hat"). Elbetde, bu gutarnykly netije däl. Ýerlikli ulansañ, dymyk "k" çekimsizniñ hem öz orny bar. ♣S e t ir dö w ü l m e l e ri ýerlikli ulanylanda, şygryñ many taýdan täsirliligini artdyrýar. XX asyryñ başlarynda, esasan, W.Maýakowskiniñ özboluşly joşguny bolan goşgularynda köp peýdalanylan setir döwülmeleri hyjuwyñ barha joşýandygyny, pikirleriñ has nygtalýandygyny añladýar. M.Bekgiýewiñ iki setirde berlen pikiriniñ birinji setiriniñ soñundaky ikuçlulygy añladýan "ýa" baglaýjysyny aýratyn setirde bersek, has göwnejaý bolardy: Biz bagtyñ keşbini görmedikmi ýa, iñ eziz düýşüni gördükmi Hakyñ?! ♣ P u n k t u a s i ý a ny örän ýerlikli peýdalanmaly. A.Hanow "Gije" atly goşgusynda her iki setiriñ başynda hem ahyrynda köp nokatlary ýerlikli ulanmak ýerlikli ulanmak bilen, bir ykbalyñ anyk bir pursadyny aýratynlaşdyrypdyr. A.Hojamuhammedowanyñ "Geñ zat" atly goşgusynda-da köp nokatlar duýgynyñ dürli pursatlaryny açmaga ýardam edipdir. ♣ Bogun artdyrylmasyny ýa-da kemeldilmesini diñe uly zerurlyk dörände, şygryñ mazmuny we formasy şeýle gysgaltmany talap edende, goşgynyñ erkin okalmagyna päsgel bermedik ýagdaýynda peýdalanmak bolar. Başga ýagdaýlarda bu ýagdaý goşgynyñ many-mazmun hem forma gözelligine päsgel berýär. Nädogry bogun kemmelere mysallar: "Gyrmyz pyýalasyn düýşleri bile..." (G.Baýhanow "Saña garaşyp"); "Olar gözelligiñ, görküñem ulsy..." (S.Seýitmämmedow "Hat"). A.Hojamuhammedowa bogun sanyny dogrulamagyñ hem-de "pulsy" sözüne kapyýalaşdyrmagyñ hatyrasyna orfoepiýada-da, orfografiýada-da düşmeli däl bogny düşüripdir: "A nämçüýn özüñ geliberäýeñok!.." ("Bagt"). "Näme üçin" söz düzüminde käte orfoepiýada "e" sesi düşürilip, sözler goşulyp aýdylsa-da, orfografiýada düşürilmeýär. "Üçin" sözi bolsa bütinleý ýalñyş ýazylypdyr. Setiriñ soñundaky bir söze (geliberäýeñok) şeýle köp duýgyny diñe zenan şahyrlar ýükläp bilse gerek. ♣ S ö z l ü k: Şahyrlar täze sözler ýasap, getirip, diliñ sözlük düzümini baýlaşdyrýarlar. Köp sözler dilde ornaşmaýar, käbiri bolsa şol şahyr ulanandan soñ, dile girip gidýär. "Çyn söýgüsin añla serin säm eden..." (M.Bekgiýew "Umyt") diýen setirde "sämemek sözüni bölüpdir" we dogrudanam, sözüñ köki bir bolup, onuñ many etimologiýasyny öwrenmek zerur. M.Bekgiýew käbir setirleri täzeçe düşünjeler bilen bezemek isläpdir. Mysal üçin, "badam gözýaşym" diýlende, gözýaşyñ badama deñelmegini şowly hasaplap bolmaz. G.Baýhanow "Atama" atly goşgusynda "g a r g y l y k" sözüni ýerlikli ulanypdyr we bu ösümlikden at edinip oýnaýyşlary obada ulalanlaryñ her biriniñ ýadyna düşse gerek. Edebiýaty söýüjileriñ arasynda "s e n l i" sözüniñ ulanylyşy, onuñ alynma sözdügi barada dürli pikirler bar. Garyndaş dillerde işeññir ulanylýan sözleriñ diliñ sözlük düzümine aralaşmagynda hiç-hili geñ zat ýok. Bu söz bolsa "s e n s i z" sözüniñ barlygy hökmünde türkmen dilinde, seýregrägem bolsa, öñ hem ulanylýardy. Aslynda, alynma söz diliñ sözlük düzümini baýlaşdyryjy bir çeşme. Dil olary öz kadalaryna laýyk getirýär. Ýaşlaryñ döredijiligine tematiki köpdürlülik, şeýle-de, ynsan häsiýetlerini inçeden açýan, belli bir obrazy janlandyrýan şygyrlar ýetmezçilik edýär. Adam ruhunyñ lukmanlary bolan şahyrlaryñ häsiýetleri kämilleşdirmäge gatnaşmagy, lukmanlaryñ Gippokratyñ kasamyny içip, dost-duşmany bejerişi ýaly zerurlykdyr. Elbetde, her ýaşdaky adamy tolgundyrýan meseleler toplumy hem bolýar. Ýaşlar indiki ädimleri öz wagtynda äderler, nesip bolsa. Herhal biziñ gözlegimiz, ir dogup uzak durýan ýyldyzlar. Ylham atyny ula goşan, bu ýerde syn berlip ýetişilmedik zehinli ýaşlar kän: A.Jumaýew, Laura Maksymowa, Mätgurban Mätgurbanow, Maksat Hudaýberdiýew, Sapa Hommadow, Allanur Çaryýew, Aýsapar Emelowa, A.Aşyrmädowa... Ähli ýaşlar ýol başynda. "Köp külpetli kötel ýollar" (G.Ezizow) entek öñde. Kimiñ yhlasy näçe menzile ýeter?! Ylahy gelýän zehini edinip bolmaýar. Ýöne ol zehiniñ berilmegi hem entek seniñ şahyrdygyñy añlatmaýar. Y h l a s, g ö z l e g, o k u m y ş l y k... Ine, ýaşlaryñ hupbatly hem lezzetli ýodasyny gadymdan gelýän baş ýola ulaşdyrjak häsiýetler. Uly ýoluñ dowamata ulaşmagy üçin baş zerurlyk il-günüñ, Watanyñ seni gereklemegi. Hormatly Prezidentimiz zehinleri ösdürmek, goldamak barada ummasyz köp tagallalary edýär. Beýle zamanada maksat tutan myrat tapar. Goý, ýodalar ýola ulaşsyn! Baýram AKATOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niñ uly mugallymy | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |