12:45 Gözel Sumbarym | |
GÖZEL SUMBARYM
Goşgular
Bilýäňmi, nämäni ýürekde besläp, Gelipmen ýanyňa, gözel Sumbarym, Küýsedim men seni, onsoň höwesläp, Geldim kenaryňa, gözel Sumbarym. Çagalyk ýyllarym gözläp geldim men, Çyn söýen lälämi yzlap geldim men, Dürli künjeklerde ýazlap geldim men, Aşyk men naryňa gözel Sumbarym. Ýaş kalbymda ýitmez yzy goýupdyň, Suwa düşüp, balygyňdan doýupdym, Ilkinji yşkymy sende duýupdym, Gulak goý, zaryma gözel Sumbarym. Durup kenaryňda saňa esedýän, Gözel görnüş gamly göwnüm mes edýäň, Siliň gelse göýä arlap ses edýäň, Haýran bu zoryňa, gözel Sumbarym. Yhlasly bagbanlar gök ekin eker, Tomsuna suw tutup maňlaý der döker, Injiri men diýer: «Bal bilen şeker», Guwanýan baryňa gözel Sumbarym. Suwuňdan mallardyr ekinler ganýar, Asyl, giden jülge saňa daýanýar, Illi diýr, şanyňa aýdym ýaňlanýar, Şelpe sen taryma gözel Sumbarym. | |
|
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||