22:48 Gülgüne köýnekli gyz / gysga hekaýa | |
GÜLGÜNE KÖÝNEKLİ GYZ
Hekaýalar
"Mawy sakal" hekaýasyndan täsirlenme. Älemgoşaryň ähli reňklerini özüne bezeg edinen kebelek gülgüne köýnekli gyzyň iki örüm saçlaryna gelip gondy. Gülgüne köýnekli gyz olar bilen kowalaşdym oýnamaga başlady. Çopantelpekleriň arasynda ylgap ýören gyzjagazyň şadyýanlygy, bagyň gyrasyndaky töňňede, piline söýenip dynç alyp oturan bagban gojanyň gamgyn ýüzüni biraz ýylgyrtdy. Goja gülgüne köýnekli gyza gyzyklydan gyzykly hekaýalar okap berýärdi. Bu gün ol hekaýany okap bolansoň kitaby gyzjagaza uzadyp; —Al gyzym, ulalanyňda okap meni ýatlarsyň. —Bu kitabyň ady näme? —Dünýe kitaby. Gyzjagaz ýylgyryp kitaby aldy-da ýene oýun bilen başagaý boluberdi. *** Siziňem durmuşyňyzda gyzyl saçly oglan bolupdymy? Gözleri bir-de mele, bir-de bolsa garamtyl. Möjek bakyşly, tilki gülküli, ähli zenanlary özüne aşyk edip bilýän gyzyl saçly oglan. Ine, gülgüne köýnekli gyzyň dünýäsine şol oglan girip geldi, gyz oňa aşyk boldy. Onuň daşky görnüşi geňem bolsa, örän süýji dilli. Dünýäniň ähli süýji, owadan sözleri şol oglana bagyş edilen ýalydy. Belki gülgüne köýnekli gyz şonuň üçin aşyk bolandyr?! Gyzyl saçly oglan onuň dünýäsine girip geleli bäri ol öňküsi ýaly däl. Bar ünsi oglanda. Şonuň bilen bagtly bolmagyň arzuwynda. Gyzyl saçly oglan ony özüne şeýlebir baglady weli, heý goýaý! Söýgiň çeni-çaky däl-ä bu, söýgem däl, dälilik! Ana, şeýdip söýdi. Gyz öz dünýäsini unutdy, bar akyl-huşy oglanyň dünýäsinde. "Eý, Hudaý, ne döw çaldy maňa. Ne beýle özümi ýitirip masgara bolup ýörün" diýip pikir edýärdi öz ýanyndan. Gursagyny ýaryp gelýän duýgulara ýeňildi ýene. Ahyry oglanyň dünýäsine aralaşdy. Aralaşmasyna aralaşdy welin... Ol dünýä geň, birhili içiňi titredýän sesler, garanky asman, gara reňkli bägüller... Gyz ilki öwrenşerin öýtdi, öwrenişmäge synanyşdy. —Bu meniň dünýäm, meniň öýüm. Bu ýerde sen islän ýeriňe girip bilersiň, ýöne han-ha şol demir gapyny açaýma. —Näme üçin? Gyzyň soragy jogapsyz galdy, emma bilesigelijiligi gününe goýmady. Her gün şol gapa tarap baranyny bilmän galýardy. Barmasyna barýardam welin gorkunjyna yzyna dolanýardy. Ine, bu günem ol özünde biraz dogum tapyp gapyny açdy. Ne görsün.... *** Gülgüne köýnekli gyz öz dünýâsine dolandy. Ýöne indi ne çopantelpekler bar, ne-de kebelekler. Şu wagta çenli üns bermeýşini diýsene, indi onuň köýnegem gülgüne däl. Bagyň gyrasyndaky töňňe bolsa boş. Gyz töňňäniň üstünde iki elini ýüzüne tutup aglady. Uz-a-a-ak aglady. Birdenem gojanyň beren kitaby ýadyna düşdi. Kitapdaky hekaýalaryň hiç biriniň soňy gojanyň gürrüň berişi ýaly däl. Goja näme sebäpden hekaýalaryň soňuny üýtgetdi? *** Köpçülik zenanlaryň durmuşynda hökman bir gyzyl saçly oglan bolandyr. —Kim ol? —Geçmişdäki şo-o-ol.... | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |