GÜLKÜNÇ WAKAJYKLAR
Rezissýor Jon Ford western žanrynda düşüren çeper filmlerine aktýor hökmünde köplenç indeýleri gatnaşdyrypdyr. “Apaçi Forty” atly çeper filmini düşürýärkäler köp sahnalar üçin anyk howa şertleri gerek bolupdyr. Şonda J.Ford nawaho indeýlerinden bolan tebibe onuň howanyň boljak ýagdaýy hakynda atyp berýän pallary üçin ýörite töleg töläpdir. Sebäbi ol tebibiň pal atmasy köplenç dogry çykypdyr. Bu ýagdaý birnäçe wagt dowam edipdir. Emma günlerde bir gün indeý tebip özüniň şu günden beýläk howanyň ýagdaýyny aýdyp bilmejekdigini J.Forda habar beripdir. J.Ford ondan näme bolandygyny soranda tebip film düşürilýän ýerden giden aktýorlaryň biriniň öz radiosynam ýany bilen alyp gidendigini, şol sebäpli-de özüniň indi günde radioda berilýän ertirki günüň howa maglumatyny diňläp bilmejekdigini düşündiripdir.
*****
Bir talyp gyz gijaralar, mikroawtobusda, sürüjä tarap arkasyny öwrüp oturyşyna, ýadaw halda irkiljiräp gelýän ekeni. Şol pille yzda oturan ýolagçylaryň biri, sürüjiden ulagy saklamagy haýyş edipdir-de, gyza ýol kireýini uzadyp: “Şuny sürüjä geçirseňizläň!” diýipdir.
Gyz puly alyp, yzyna gaňrylman sürüjä garşy elini uzadypdyr. Eli sürüjiniň aýasyna degende-de: “Mbäh, bu adamyň eliniň ýylmanajykdygyny!” diýip, içinden geň galypdyr-da, ýolhakyny sürüjiniň aýasyna goýupdyr.
Takmynan bäş sekunt geçenden soň, talyp gyzyň arka tarapyndan sürüjiniň gülküsine düwünýäne çalymdaş sesi eşidilipdir:
-Jigi, bi nä bu ýaşulyň ýylçyryna pul goýaýdyň-la?! Hä?!...
*****
Bir zenan mikroawtobusda düşmeli ýerine ýetip barýarka sebetçesini açanda gapjygyny öýünde galdyrandygyny bilipdir. Ol birbada näme etjegini bilmän aljyrasa-da, derrew özüniň düşen oňaýsyz ýagdaýyndan çykalga tapypdyr. Ol sürüjiden ulagy saklamagy haýyş edipdir-de, sebetçesinden heniz daşy açylmadyk şokolady çykaryp, ony sürüjä uzadypdyr.
Akly ýiti sürüji zenanyň bu hereketiniň manysyna bada-bat düşünipdir. Ol ýylgyrypdyr-da:
-Birje minut, dogan! Munyň köp bolýar, gaýtargysyny al!-diýip, ulagynyň öň gapyrjagyndan bir gysym süýjüni alyp, zenana beripdir.
*****
Ata-enesinden aýratyn, özbaşlaryna ýaşaýan ýaş maşgalada, ilkinji gezek hamyla bolup görýän gelniniň burgusy tutup başlaýar. Äri haýdan-haý “Tiz kömege” jaň edýär-de, gelnine bäbekhanada gerek boljak zatlary jemlemäge başlaýar. Gelnem hem-ä iňňildemäge, hem-de ärin ýene-de nämeleri almalydygyny aýtmaga ýetişýär.
“Tiz kömek” gelýär.
Gelni zemmere mündürip, ulaga daşaýarlar. Soňra äri etek alty ýeň ýedi bolup öýüne ylgaýar-da, iki elinem sebetden dolduryp yzyna gelýär. Onuň getiren ýüküni nähilidir birhili pähimdar haýpygelijilik bilen synlan lukman, başyny ýaýkap soraýar:
-Inim, muny soň yzyna alyp gaýtmak niýetiň barmy? Ýa-da ymykly göçürip dynaýsam diýýäňmi?!
*****
Işde, günorta naharyndan soň kärdeşler üýşüp çaý içýärler. Çaýyň gapdaly bilenem mesawy söhbet edýärler. Oturanlaryň birinden galany zenan. Ol ýeke erkek kişem ölemen hojalykçy. Derçiräp çaý süzüp oturyşyna aýaly bilen bilelikde melleginde saklaýan towuklary, olaryň semizligi, iým iýişleri we ş.m. barada süýjüdip gürrüň berýär. Ony gyzyklanyp diňleýän hatynlaryň birem towuklaryň ýumurtglary barada soramakçy bolup, kärdeşine ýüzlenýär:
-Pylany aga, aýtsaňyzlaň, a siziň ýumurtgalaňňyz ullakanmy?! Uly bolsa has ýokumly bolýa diýip eşitdim...
*****
Alyjy dükana barýar. Seretse, maýonezleriň dürli görnüşlerine 20 göterim arzanlaşyk goýlupdyr. Ol dört sanysyny satyn alýar-da, çykyp gaýdýar. Duralga gelip, awtobusa garaşmaga başlanda göwnüne müňkürlik aralaşyp, satyn alan maýonezlerini barlaýar welin, olaryň ýaramlylyk möhletiniň geçendigini görýär. Ol dergazaba münüp, yzyna haýdaýar. Dükana dolanyp, satyjy gyzyň gözüne dürtäýjek bolup, maýonezleri somlaýar:
-Siziň utanç-haýaňyz bir barmy? Bularyň ýaramlylyk möhleti geçip gidipdir-ä!
Satyjy gyz jinnek ýalam aljyraman, göwnübir jogap gaýtarýar:
-Şonuň üçinem olara arzanlaşyk yglan edildi-dä.
*****
10 ýyl bäri ir ertirden agşama çenli ulagda kireý edýän sürüjiden sorapdyrlar:
-Sen haçan özüň ussat çykandygyňa düşündiň?
-Bir gün agşam işden öýe gelip, el ýuwulýan otagda, unitazda oturanymdan soň howpsuzlyk kemerini dakynmak üçin süpürgiç kagyzyň ýarysyny dagy söklänimde...
*****
Çagalar bagynyň terbiýeçisi ejesine oglanjygyň goňşusynyň miwe şerbetli bulguryna tüýkürendigini aýdyp arz edýär. Ejesi şol tüýküren şerbedini oglanjygyň özüne içirmegi teklip edýär.
Içirýärler.
Ertesi gün terbiýeçi oglanjygyň bu gün iki goňşusynyň şerbetli bulguryna tüýkürendigini aýdýar...
*****
Gulagy çala eşidýän bir garra, aýaly süňkleriňi mäkämleşdirýän serişdäniň düzümini okap berýär:
-Ýarym litr şeraby çüýşä guýuň. Soňra bäş sany ýumurtgany alyp, sabynlap ýuwuň we olary şerabyň içine atyp, ýyljajyk ýerde, tä olar doly ereýänçä goýuň. Soňam şol melhemi günde üç wagtyna bir çaý çemçeden içseňiz süňkleriňiz polatdanam pugta bolar...
-Näme, näme...-diýip kerrewsi garry hatynynyň okap berenini özüçe gaýtalaýar:-“Ýarym litr şeraby ýyljajyk ýerde günde üç wagtyna çaý çemçesi bilen içip, ýumurtgalaňňam sabyn bilen ýuwsaň, süňküň polatdanam pugta bolar” diýýäňmi? Hä?!
*****
Ýokary okuw mekdebinde mugallym biologiýa dersinden söhbet sapagynda talyby gyssaýar:
-Gadyrly talyp, näme geplemeýärsiňiz? Eger-de sowal-jogap alyşmaly möwzugymyz ýadyňyza düşmeýän bolsa, temamyz “Tohumlandyrmak”. Jogap beriň...
Döw ýaly daýaw pyýada ýüzüni sallap durşuna, myňňyldaýar:
-Mollym, şu gün-ä men tohumlandyrmaga tekiz taýýar dä ýaly...
Çeşmesi: https://shytok.net/anekdots/prikolnye-istorii.html. 21.12.2020ý.
Degişmeler