07:41 Güller ynjarmy? | |
GÜLLER YNJARMY?
Goşgular
![]() Äleme gözeller patyşa bolsa, Oňa hyzmat eden gullar ynjarmy? Pesden uçan daşdan daşa atylar, Tolkuny zor bolsa, siller ynjarmy? Munda gözel bolan soltan saýylar, Pudak kibi söwdügine sarylar. Al-ýaşylly dürli lybas geýiler, Ýaşylyň üstünde allar ynjarmy? Telbe edip, akyl-huşum alynça, Muhabbet-de iki başly bolynça, Hasrat bitip, wagt-sagat dolynça, Ýassanyp ýatmaga gollar ynjarmy? Garajaoglan diýer, iliň nazary, Her jaýy dilber-le etme bazary, Dünýäde söýmeli nowjuwan ýary, Käkilleri ýüzde, teller ynjarmy? Garajaoglan. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |