11:20 Gumanoidler gapbarçanaklary nädip ýasapdyrlar? | |
GUMANOIDLER GAPBARÇANAKLARY NÄDIP ÝASAPDYRLAR?
Geň-taňsy wakalar
Indi XX asyryñ ahyrlaryndan bäri alymlary uly alada goýýan ''Gapbarçanaklaryñ (uçýan tarelkalaryñ) we gumanoidleriñ syrlaryna nädeñde aralaşyp bolarka?'' diýen soraglaryñ jogaby belli-külli tapylyp barylaýanok! Bu soraglara jogap tapman kösenýän alymlar öz aralarynda hersi shemalary düzmäge başlapdylar. Elbetde bu babatda olar bilelikde däl-de, her döwürde gyzyklanmak bilen hersi gapbarçanagyñ shemalaryna özleriçe ylmy işleriçe girişdiler. Sebäbi, gapbarçanaklaryñ içki gurluşy, shemasy, işleýiş we herekete geliş formulasy dogrusyndaky ylmy işleri geljek üçin şeýle möhüm boljakdy. Dogrudanam şu ''başga saýýaradan gelýän'' diýilýän uçýan tarelkalary, dolandyryjy ösen siwilizasiýaly, añly-düşünjeli gumanoidler nädip gurnadykarka? Gapbarçanagyñ materily nämedenkä? Ol nähili işledilýär? Ony haýsy element güýç çeşmesi herekete getirýär? Añ üsti bilen dolandyrýarlarmy ýa biziñ kosmos gämilerimiz ýaly haýsydyr bir saýýaranyñ dartyş güýjünden peýdalanýarlarmyka? ㅡ Ine şular ýaly doly soraglara jogap tapmak üçin alymlar ýazyp-pozup, çyzyp-ýyrtyp hersi bir ýandan öz döreden eserleri bilen orta çykdylar. Nikola Tesla özüniñ garaýyşlary bilen şolar ýaly shemany çyzypdyr. Onuñ shemasyna görä bir adamlyk dolandyrylýan çaklañja uçýan tarelka bar. Bir orunlyk kresloda oturan adam öñündäki kompýuteriñ klawiaturasy ýaly tabelden peýdalanýar we dolandyrmasy şoña görä sazlanýar. Bir orunlyk kabinanyñ yzynda, ýagny çanagyñ gyra çüñkünde bolsa howa we gaz basyşyndan ybarat gidroenjam oturdylypdyr. Beýleki tarapynda bolsa elektrik distribusion sistemasy, transformer oturdylan. Bu shemadaky gapbarçanagyñ iki sany gonuş aýak diregleri bar. N.Tesla öz işlän formula çaklamasyny şolar ýaly görnüşde işläp düzdi. Üçünji Reýhde gulluk eden alymlaryñ düzen shemasynda bolsa başgarak uçýan tarelkanyñ gurluşyny görmek bolýar. Olaryñ işläp düzen uçýan obýektinde dolandyryjy iki adam çanagyñ dik merkezinde, özem ýokary gatlakda oturýar. Dolandyryjynyñ biri ot açyjy ýaragy ''FAU-7'' ulanylypdyr. Beýlekisi bolsa çanagy dolandyrýar. Dolandyryş merkeziniñ aşaky gatynda bolsa turbowint dwigatel hereketdiriji, wozduşny potok (uçuş inişi sazlamak üçin) dolandyryş merkeziñ bir gapdalynda, ýagny çanagyñ çüñkünde bolsa Güýçlendiriji şpangaut, gyzgynlygy saklaýan iki sany baklar ýerleşdirilen. Çanak gonanda daýanyp durar ýaly iki sany şassi daýangyçlary berkidilen. Üçünji Reýhiñ gizlin bazalarynda üsti açylan ''Bellonzo-schriever-miethe first type'' atly uçýan obýekt has hem özüniñ üýtgeşik gurluşy bilen öwrenijileri haýrana goýýar. Bu alymlaryñ işläp düzen çylşyrymly obýektleri näme maksat bilen ulanyşa girizjek bolýandyklaryna bilýänsiñiz! Ýöne käbirleriñ aýtmaklaryna görä bu ulanyşa girizilen çanaklar uçmak üçinmi ýa älemdäki galaktikadaşlarymyza gowuşmak üçinmi, ýa älemi basyp almak üçinmi düzülipdir, bu hakda her dürli garaýyşlar aýdylýar. ABŞ-da harby ''TOP-SECRET'' gullukçylary tarapyndan ele salynan we ''ALIEN UFO'' diýlip amerikoslar tarapyndan atlandyrylan uçýan çanagyñ bolsa iki adamlyk dolandyryş ulgamy bar. Onuñ aşagynda bolsa özüne çekýän, dartgynly çekiş güýjini herekete getirýän enjam bar. Emma bu çanagy him kimem herekete getirip bilmändir. Şeýdip gapbarçanaklary edil başga saýýaralylaryñky ýaly edip gurnalşy ýaly düzmek we işletmek başa barmady. Meñ pikirimçe şeýle synanyşyklar barha güýjäberse, täze-täze herekete getiriş usullar, täze formulalar, täze elementler açylyp, ulanyşa girizilse bizem ösen siwilizasiýalaryñ hataryna ýuwaş-ýuwaş girer bararys. Başga saýýaralylar bilen gatnaşyk açarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |