10:26 Günbatar Ysraýyl-jöhit boýunturygyndan sypyp bilermi? | |
GÜNBATAR YSRAÝYL-JÖHIT BOÝUNTURYGYNDAN SYPYP BILERMI?
Publisistika
Günbataryñ Gaza genosidinde Ysraýyla berýän goldawy onuñ ygtybarlylygyna we at-abraýyna dünýä derejeeinde uly zarba urdy. Bu şeýle bir zarba boldy welin, nijeme ýyllap bütin dünýäniñ öñünde demokratiýa we adam hukuklary boýunça nutuk çekip gelen Günbatar indi hiç bir üçünji derejeli ýurtlaryñ öñüne çykyp, deñlikden, azatlykdan, adalatdan gürlär ýaly ýüzi galmady. Gürläýende-de indi oña hä berjek ýok. Gaza tragediýasy şol bir wagtyñ özünde Günbatara garşy gidýän ýollaryñ gözlegini-de ýygylaşdyrdy. Günbataryñ duşmançylykly pozisiýaay Hytaýdyr Russiýa ýaly ýurtlary biri-birine hasam ýakynlaşdyrmak bilen bir hatarda birnäçe ýyl öñ gurlan BRICS blogyna bolan gyzyklanmalary-da artdyrdy. Braziliýanyñ, Hindistanyñ, Hytaýyñ, Günorta Afrikanyñ guran BRICS klubynyñ agza sany soñky gezek Azerbaýjanyñam goşulmagy bilen 10-a ýetdi. BRICS-iñ lideri saýylýan Hytaý Günorta Amerikadyr Afrika uzaýan gollary bilen bilen dünýä derejesinde ykdysady tor örýän bolsa, ABŞ bu ýerlerde güýç ýitirmäge başlady. ABŞ-nyñ güýçli bolan Ýakyn Gündogarda-da sebitdäki iñ güýçli ýarany Saud Arabystanynyñ Hytaý bilen ýakynlaşmaga ymtylýandygy ünslerden sypmady. Ýagny, ABŞ-dyr Günbatar Gaza genosidiniñ döreden uly nägilelgi sebäpli iñ ygtybarly we ynamly ýaranlaryny-da ýitirýär. Türkiýäniñ Günbatar bilen gatnaşyklary şonsuzam birnäçe wagt bäri hemmelere mälim. Türkiýe uzak wagt bäri Günbataryñ kesgitlän ugrundan çykan ýagdaýda. Ankara indi Waşingtondan gelen direktiwalar esasynda hereket etmeýär. Gaýtam tersine, Türkiýe Daglyk Garabagdan Eýrana, Gazadan Siriýa, Ortaýer deñzinden Gresiýa çenli hemme ugurda we sebitde öz bähbitlerini goramak üçin Günbataryñ garşysyna dikilmekden çekinmeýär. ABŞ-nyñ berýän duýduryşlaryna garamazdan Siriýa goşun salan we ol ýerde öz howpsuz zolagyny döreden Ankara ýygy-ýygydan Waşingtonyñ kürt ýaranlaryny bombalamakdanam gaýra durmaýar. Ýewropa bileleşiginiñ içinde-de Waşingtona baş galdyrýan sesler eşidilýär. Bularyñ başyny Makronyñ Fransiýasy çekýär. Onuñ yzyndanam Irlandiýadyr Ispaniýa ýaly ýurtlar bar. Bu meselede iñ nebsagyryjylykly ýagdaýda bolany Germaniýa bolsa gerek. Nemes hökümeti ýurtds Ysraýyly tankyt edýän her kesi antisemitist we millerparaz tagmasyny basyp sem etmäge synanyşýar. Berlin utanman-uýalman "Ysraýylyñ howpsuzlygy biziñ döwlet meselämizdir" diýip sakyrdamagyny dowam etdirýär. Ýönekeý nemes raýatlary "Ysraýyl nämüçin bizim meselämiz bolmaly? Bize näme jöhitlerden" diýip hüñürdeýän bolsa, ýurtdaky migrant gelip çykyşly raýatlar Germaniýanyñ Ysraýyla berýän goldawyna has berk garşylyklary görkezmek bilen nägileliklerini bildirýär. Soñky birnäçe aýyñ dowamynda ýurtda migrantlaryñ amala aşyran pyçakly hüjümleri munuñ iñ aýdyñ mysaly. Nemes hökümeti we mediýasy bulary "DAEŞ bilen baglanyşykly yslam terrory" diýip häsiýetlendirse-de, düýp sebäbiñ Berliniñ Gazada genosid edýän terrorçy jöhit döwletine berýän goldawyndan gelip çykýandygyny hemmeler bilýär. Migrant agressorlaryñ biriniñem DAEŞ bilen baglanyşygynyñ bardygyny subut edip bolmady. Germaniýa ýakyn geljekde içerki we daşarky syýasatyny düzýän migrant raýatlarynyñ talabyny göz öñüne tutmaly bolar. Şonsuzam 85 million ilatly Germaniýada migrant gelip çykyşly raýatlar ilatyñ 30%-ni düzýär. Migrantlar indi döwlet edaralaryndan syýasatyñ ýokarky gatlaklaryna, mediýadan sungata we ykdysadyýete çenli hemme ugurda işleýärler. Indi Ýewropada migrant raýatlaryñ işlemeýän edara-kärhanasy ýok diýen ýaly. Iki hepde öñ bir tanşymy görmek üçin Stokgolma gidipdim. Togsanynjy ýyllarda Stokgolm mawy gözli, altyn saçly, saryýagyz adamlaryñ şäheridi. Edil häzirki ýagdaýy bolsa Ýakyn Gündogar şäherinden tapawutsyz. Azyndan şäheriñ ilaty babatda alanda hem şeýle. Howa menzilindäki işgärinden metro sürüjisine, zibilçisinden sowgatlyk odur-budur satýan jerçisine çenli hemmeler maña bu şäherde öñden tanyş ýaly bolup göründi. Arap, pars, türki dilleri bilýän, tanaýan, meniñ olara özümi ýakyn duýýan dillerinde gürleýärdiler. Aslynda bu ýagdaý bütin Ýewropa üçin şeýle bolmagynda galýar. Parižde, Berlinde ýa-da Amsterdamda hem şeýle ýagdaýlary görüp bilersiñiz. Hiç bir ýewropa dilini bilmeseñizem, Ýakyn Gündogaryñ bu üç uly dilinden birinde gürläp bilseñiz, belli-başly ýewropa şäherlerinde dertleşmäge näçe diýseñ adam tapyp bilersiñiz. Öz diliñizde gürleýän birini tapmadyk ýagdaýyñyzda-da, emeli añ tehnologiýasy dadyñyza ýetişýär. Gürrüñimiziñ başyna gaýdyp geler bolsak, başyny ABŞ-nyñ çekýän Günbatary jöhit kapitalynyñ boýunturygyndan sypmasa bolmaýar. Günbatar muny edil häzir gaty gijä galmanka õz islegi bilen etse ne ýagşy. Ýogsam bolnasa, munuñ agyr şarpyklaryny datjaga meñzeýär. Günbataryñ ygtybarlylygy günden-günden pese gaçýar. Ol Türkiýe, Saud Arabystany, Päkistan, Müsür ýaly iñ ýakyn regional ýaranlaryndan el ýuwsa gerek. Bu ýitgi diñe strategiki we syýasy ýitgiler bilenem çäklenmez, şol bir wagtyñ özünde ykdysady taýdanam urgusy agyr bolar. Sebitiñ ummasyz energiýa çeşmeleri Günbataryñ gözegçiliginden çykar. Şonsuzam soñky döwürlerde üçünji derejeli ýurtlaryñ BRICS bilen köp gyzyklanmagy üýtgeşmeleriñ köpden bäri şu ugra tarap gönügendigini görkezýär. Günbataryñ ýagdaýyny kynlaşdyrýan ýene bir ýagdaýam Günbatarda sany barha artýan musulman ilaty. Häzir Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Belgiýa, Gollandiýa ýaly ýurtlarda ep-esli musulman ilat bar. Musulman ilat Günbatarda hökümet düzümibe gün geçdigisaýy has köp we aktiw görnüşde goşulýar. Bulam geljekde olaryñ öz talaplaryny orta atyp, aýdanlaryny etdirip biljekdigini görkezýär. Günbatar ýüz ýyldan gowrak wagt bäri baýdagyny göterip we wekilçiligini edip gelen demokratiýadyr adam hukuklary ýaly gymmatlyklara eýe durmasa başyna nämeleriñ geljegi belli däl. Güýçliniñ däl-de, haklynyñ, bigünäniñ ýanynda ýer almasañ soñuñ weýran. Günbatar şeýden ýagdaýynda öz içinde emele gelmegi ähtimal birgiden bulam-bujarlygyñ şindizden öñüni aldygy we asudalygyny kepillendirdigi bolar. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Duşenbe, 09.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||