"GÜNDE MEÑ ÖÑÜMDE..."
Günde meñ öñümde müñ wezipe dur.
Erte uzaklarda bolaýsam zerur,
Wyždana atlanyp giderin hökman.
Meniñ päk ýoldaşym bolanyñ üçin,
Ugradarsyñ şonda gözüñ ýaşartman.
Aýra düşsek, geçse aýlar ýa-da ýyl,
Eger läläm agyrlaşsa ýagdaýyñ,
Ýok, sen özge zatdan kömek dileme,
Ýatla meni, bedeniñe goşulyp,
Ganyñ bilen aýlanaýyn diñe men.
Uzaklardan ýetişerin ýel ýaly,
Ýyly mährim biýrin ene ýer ýaly,
Är ýylgyrşym bilen göwnüñ açaryn.
Gaýgylansañ gam bulduny pytradyp,
Gyş dünýäñe ýaz güneşin saçaryn.
Görünse gözleñde ýeke damja ýaş,
Basar gerdenimden tonna gara daş,
Unutma bu sözlerimiñ pentdigni,
Hergiz ýatla saña bolan söýgimiñ
Bar zatdan arassa, belentdigini.
Bitew ýüregmizden bilmez ar alyp,
Müñläp garşy güýçler, uzak aralyk.
Bir ynamda, bir maksatda joşarys,
Aramyza düşdügiçe uzaklyk
Şonça gadyr bilen golaýlaşarys.
Abdyreşit TAŞOW.
Goşgular