21:21 Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň şygyrlary | |
GÜNDOGARYÑ BEÝIK AKYLDARY MAGTYMGULYNYÑ ŞYGYRLARY
Magtymgulyny öwreniş
Türkmeniň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik-ýaşlyk ýyllarynda ýazan ilkinji şygyrlary şahyryň öz dogduk diýaryna, onuň gözel tebigatyna (Magtymgulynyň ilkinji ýazan şygyrlary hakynda ýörite makala ýazmagy niýetleýäris. D.Ý.) bagyşlanypdyr. Pyragynyň ýaşlyk hyjuwy bilen ýazan ilkinji şygyrlarynyň biri “Gürgeniň" şygrydyr. Bu eser nähili gözel ýaňlanýar: Öňünde belent dag, serinde duman, Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň. Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara, Akar boz bulanyp sili Gürgeniň. Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly, Gözelleri bardyr altyn-kümüşli, Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli, Argaly gäw bolar maly Gürgeniň. Hatarlanşyp duran iner, maýalar, Agyr bezirgenli, tüçjar eýeler, Seňrikläp, abanyp duran gaýalar, Öňi-ardy, sagy-soly Gürgeniň. Begleri bar, tirme çalar biline, Ýorga münüp, tarlaň gondyr eline, Ak göwsün biýr jeren deňiz ýeline, Mäleýir maraly çöli Gürgeniň. Magtymguly, ilden ile aralar, Hijran tygy bilen bagryn paralar, Golun sallap maral gabak periler, Iner olumyndan däli Gürgeniň. Käbir alymlar Magtymgulynyň Bady-sabany görsem” şygryny şahyryň iň soňky ýazan goşgusy hasaplaýarlar. Emma Pyragy garraýança, Gündogaryň köp ýurtlaryna aýlanyp, “Bady-sabany görsem” şygrynda arzuw edip ýazan ýerleriniň tas hemmesini görüpdir. “Bady-sabany görsem” şygrynyň many-mazmuny şahyryň ýaşlygynda ”Görsem” diýip arzuw eden ýerleriniň çeper beýanydyr. Şol sebäpli Magtymgulynyň bu eseri onuň ýaşlyk hyjuwy bilen arzuwlap ýazan ilkinji şygyrlarynyň biridir. Sebäbi şahyr eserini “Imanym ýoldaş bolsa, barsam, Käbäni gösem” diýip jemleýär. Uzak ýaşan Pyragynyň beýik ahlakly imanyny ýoldaş edinip, şahyryň Käbäni görendigine şübhe etmeýäris. Munuňam üstesine, şygyrdaky ýönekeýden çeper beýan edilen setirler şahyryň bu şygry ýaşlyk hyjuwy, şol sanan ýerlerini görmek arzuwy bilen ýazandygyna şek-şübhe goýanok. • Bady-sabany görsem Dehistanyň baýrynda, Bady-sabany görsem. Bahaweddin, Mirkulal, Zeňňi Babany görsem. Nagleýni arşa täçdir, Ady äleme paçdyr, Iki jahan mätäçdir, Arap zybany görsem. Gelen geçer çäşt edip, Eglenmez güzeşt edip, Köňül aýdar keşt edip, Gezsem, jahany görsem. Hydyr kimin çöllerde, Ylýas kimin suwlarda, Kowus kimin daglarda, Ýagşy-ýamany görsem. Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany Ol Rumystany görsem. Jan däli, jahan şeýda, Munda ne bolmaz peýda, Ýedi dag, ýedi derýa, – Däli dünýäni görsem. Magtymguly hoş bolsa, Aksa didäm, ýaş bolsa, Imanym ýoldaş bolsa, Barsam, Käbäni görsem. Nusgawy edebiýatymyzda on sany iň kämil goşgy saýlanmaly bolsa, hökman şolaryň biri boljak “Türkmeniň” (Nusgawy edebiýatynda iň kämil şygyrlaryň köpüsi Magtymgulynyň galamyna degişlidir. D.Ý.) şygrydyr. Bu şygyr nähili owadan, gözel ýaňlanýar. Magtymgulynyň arzuwlan “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar’ diýen bagtyýar döwletinde biz ýaşaýarys. Şonuň üçin bu günk güni bu şygyr türkmeniň ýürek owazy bolup ýaňlanýar, okap lezzet alalyň, adamlar!!! • Türkmeniň Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül-gunçasy ― gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri-maýasy, Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň. Al-ýaşyl bürenip çykar perisi, Kükreýip burk urar anbaryň ysy, Beg, töre, aksakal ― ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň. Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, Görogly gardaşy, serhoşdyr seri, Dagda-düzde kowsa, saýýatlar, diri – Ala bilmez, ýolbars ogly, türkmeniň. Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. Göwün howalanar ata çykanda, Daglar lagla döner gyýa bakanda, Bal getirer, joşup derýa akanda, Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň. Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz, Gargyşa, ne zora giriftar bolmaz, Bilbilden aýrylyp, solup, zar galmaz, Daýym anbar saçar güli türkmeniň. Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr, Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr, Mertler ata çyksa, söweş sarydyr, Alamana ýörär ýoly türkmeniň. Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz, Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz, Gözüm gaýra düşmez, göwün eglenmez, Magtymguly, sözlär tili türkmeniň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |