15:49 Günlerde bir gün | |
GÜNLERDE BIR GÜN
Edebi makalalar
Itiň aňsady Günlerde bir gün beýik amerikan ýazyjysy Mark Twene okyjylar şeýle sorag beripdir: — Gyzykly, şüweleňli okalýan kitaplar nähili ýazylýa? — Weý, ol-a itiň aňsady! — diýip, ýazyjy jogap beripdir. — Muň üçin kagyz-galam ýeterlik, soňam hiç bir emgenmezden, kelläňe gelen zatlary çyrşabermeli. Ýöne, ynha, kellä nämeler gelýä, şu mesele welin birneme çatagrak. Özi oňarýa! Meşhur kompozitor Iogann Sebastýan Bahyň şägirtleriniň biri onuň pianinoda saz çalşyna haýran galypdyr. Bah muny oňa şeýle düşündiripdir: — Bärde hiç hili geň-taň görüp oturasy zat ýok: diňe pianinoň degişli düwmelerini gezekli-gezegine basaýmaly, galanyny pianinoň özi oňarýa! Wessalam, bolany... Günlerde bir gün şägirtleriniň biri belli fransuz heýkeltaraşy Emil Antuan Burdele şeýle sowal beripdir: — Meşhur heýkeltaraş bolmak üçin men näme etmeli? — Sähelçe zat — görlüp-eşidilmedik ajaýyp bir eser dörediň, wessalam, bolany! — diýip, Burdel jogap beripdir. Goşgy ýazmak kynmy, saz düzmek? Ýedi ýaşly Wolfgang Amadeý Mosart Maýn boýundaky Frankfurtda konsert beripdir. Konsert gutarandan soň, onuň ýanyna on dört ýaşly bir oglanjyk gelip, şeýle diýipdir: — Tüweleme, sen nähili gowy saz çalýaň! Men hiç haçan munuň ýaly derejede saz çalmagy öwrenip bilmen. — Näme üçin? Synanyşyp gör, bu bir ýönekeýje zat ahyry! — diýip, geljekki meşhur kompozitor jogap beripdir. — Aý, ýok, iň gowusy, men goşgy goşaýyn... — Goşgy diýdiňmi? Gowy goşgy ýazmak saz düzeniňden has kyn ahyry. — Näme üçin, şondan aňsat zat ýok. Sen synanyşyp gör. Mosartyň gürrüňdeşi geljekki dünýä belli nemes şahyry Gýotedi. «Geniý» sözüni ýokuş gördi Saz sungatyny öwrenijileriň biri Pablo Sarasatä «dahy» diýip aýdanynda, ol muňa juda gynanypdyr: — Men otuz ýyl gowrak wagt bäri günüň dowamynda skripkada pesinden on iki sagat türgenleşýän. Ynha, indem bu adam maňa «dahy» diýýä! Üstünligiň syry Fransuz fizigi Pol Lanžeweniň köpçüligiň öňündäki çykyşlary hemişe gyzyklanma baryny döredipdir. Günlerde bir gün ol Fransuz akademiýasynda çykyş edipdir. Onuň bu gezekki çykyşy-da, hemişekileri ýaly, gaty üýtgeşik bolupdyr. Çykyş tamamlanandan soň, kärdeşleri alymyň daşyny gallap, ondan üstünliginiň syryny sorapdyrlar. — Meň üçin şondan aňsat zat ýok — diýip, alym jogap beripdir. — Gürrüň edip duran mahalym diňleýjileň arasyndan iň kütek kişi hasaplanymy saýlap alýan-da, tä ýüzi ýagtylýança oňa düşündirmegimi bes edemok. Şu aralykda onuň ýanyna Akademiýanyň ýolbaşçysy gelipdir. — Sizi halys ýürekden gutlaýan, kärdeş! — diýip, ol içki duýgusyny daşyna çykarypdyr. — Ýöne, Hudaýyň hatyrasyna aýdyň, näme üçin gözüňizi hiç ýüzümden aýyrmadyňyz? Beter ýüregine düşerdi Günlerde bir gün ýazyjy Aleksandr Dýumanyň oglundan şeýle diýip sorapdyrlar: — Siziň kakaňyzyň eserlerinde ýekeje-de ýürekgysgynç setir ýok, beýtmek oňa nädip başartdyka? — Ýürekgysgynç ýazmak onuň beter ýüregine düşerdi. Parhy nämede? Satiraçy ýazyjy Denis Fonwizin öte dili duzly kişi bolupdyr. Onuň ýiti sözlüligi tutuş Peterburgda dilden-dile geçipdir. Günlerde bir gün oňa şeýle sowal beripdirler: — Adam bilen haýwanyň arasynda nähili tapawut bar? — Öte uly tapawut bar! Sebäbi haýwan hiç haçan adamyň derejesine ýetip bilmez, emma, ynha, ynsan welin, aýratynam, baýlygyna gomparýanlaň, ulumsyraklaň käbiri, köplenç halatda, haýwana öwrülip bilýä. Taryhçylaryň öňüne geçjek ýok Ýazyjy Andre Moruadan şeýle diýip sorapdyrlar: — Taryhyň gidişini has üýtgeden serkerde kim — Sezarmy ýa-da Napoleon? — Adamzat aňynyň ösen döwründen bäri taryhyň gidişini taryhçylardan beter üýtgeden kişiler ýok. Tizligiňe bagly! Amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueý aw awlamagyň, balyk tutmagyň ölemeni bolupdyr. Bir gezek ondan şeýle diýip sorapdyrlar: — Eliň otly kesindili ýöräp barsaň, ýolbars üstüňe topulanok diýilýäni çynmy? — Muň özi otly kesindini nähili tizlikde alyp gidişiňe bagly! Goňşulam näçeräk diýýän bolsa... Günlerde bir gün belli iňlis dramaturgy Bernard Şowa şeýle sowal beripdirler: — Özüňizi bagtly saýmak üçin näçeräk gazanç edesiňiz gelýä? — Goňşulam näçeräk gazanç edýä diýip pikir edýän bolsa, şonçaragam gazanç edesim gelýä! — diýip, Şow jogap beripdir. Napoleonyň döwründe Başga bir saparam Bernard Şowdan şeýle diýip sorapdyrlar: — Eger şu döwürde ýaşamanlygyňyzda, başga haýsy zamanda ýaşasyňyz gelerdi? — Fransiýada, Napoleon Bonapartyň döwründe, şo mahal diňe ýekeje adam özüni Napoleon saýýardy. Dünýä inmezden... Bir zenan kompozitor Rahmaninowa şeýle sowal beripdir: — Halypa, pianinoçy bolup dünýä inmeli diýilýäni çynmy? — Gaty çyn, hanym, dünýä inmän roýalda saz çalmak mümkin däl. Iň kyn zat Meşhur aýdymçy Fýodor Şalýapinden şeýle diýip sorapdyrlar: — Aýdym aýtmagy öwrenýän mahalyňyz siz üçin iň kyn zat näme bolupdy? — Sapaklara töleg geçmek. Ynanmaýanlara-da bagt getirýär Hamala, bagt getirýärmiş diýilýän nalyň alym Nils Boruň gapysynyň ýokarsyna kakylyp goýlanyny gören myhmanlar oňa şeýle sowal beripdirler: — Şeýle beýik alym halyňyza nalyň bagt getirýänine ynanýaňyzmy? — Elbetde, ynanamok — diýip, alym jogap beripdir. — Ýöne, näme diýseňizläň, nal hatda şoňa ynanmaýanlara-da bagt getirýä. Arheologa taý tapylmaz Günlerde bir gün ýazyjy Agata Kristä sowal bilen ýüzlenipdirler: — Näme üçin siz hut alym-arheologa durmuşa çykmagyň kararyna geldiňiz? — Oň özüne ýetik sebäpleri bar. Arheologa taý geljek ýanýoldaş ýok. Zenan şeýle ýanýoldaşy diňe arzuw edip biler. Çünki aýal näçe garradygyça, arheolog oň bilen şonça-da köp gyzyklanyp başlaýa. Tapawudy Satiraçy ýazyjy Wiktor Ardowdan şeýle diýip sorapdyrlar: — Ýumoryň satiradan näme tapawudy bar? — Ýumor ýykylanyň üstünden gülýä, satira bolsa — ýykylany iteniň üstünden gülýä. Harplar bilen ýazmagy Ýazyjy Ýuriý Oleşa şeýle sowal bilen ýüzlenipdirler: — Siz nämäni ýazmagy has gowy görýäňiz? — Galam hakynyň möçberini harplar bilen ýazmagy. Akylly gürlemek Akyldar Demosfen şeýle diýipdir: — Köp geplemek akylly gürlemegi aňlatmaýa, ýöne akylly gürlemek welin, köp zat aýtmakdan habar berýä. Akyllyragy ýazykly Günlerde bir gün Gýote şeýle diýipdir: — Iki sany harçaňlaşýanyň arasynda has akyllyragy ýazyklydyr. Men-ä ýol berýän! Şahyr Gýote seýilgähiň bir adam geçerlik darajyk ýodajygyndan ýöräp barýan eken. Şonda öňünden bir tankytçy çykypdyr. Ol hemişe şahyryň eserlerini ýumruk ýassygy edip gelipdir. Ikisi ýüzbe-ýüz gabatlaşypdyr. Şonda tankytçy hüňür-hüňür edipdir: — Men hiç haçan sammyklara ýol beremok! — Men welin, tersine — ýol berýän! — diýip, Gýote ýylgyrypdyr-da, bir ädim gapdala sowlupdyr. Geregem ýok Şahyr Wladimir Maýakowskiý ilkinji gezek radio ýaýlymynda çykyş edipdir. Ol mikrofona ümläp, şeýle diýipdir: — Muň aňyrsynda diňleýji känmi? — Tutuş dünýä diňleýä — diýip, režissýor jogap beripdir. — Maňa şol artygy bilen ýeterlik. Birimizden-birimiz... Kimdir biri Gumboltdan «Günorta Amerikanyň guşlar dünýäsi» atly seýrek duş gelýän kitabyň birinji jildini okamaga alypdyr. Eýesi ony yzyna gaýtarmalydygy barada telim ýola ýatlatsa-da, alan adam kitaby wagty bilen gowşurman geçäýipdir. Diýip-diýip dili syrylan Gumbolt kitabyň ikinji jildine: «Goý, birimizden-birimiz şu kitaplara doly eýe çyksyn» diýen ýazgy galdyryp, ony şol adama iberipdir. Ikimize-de bähbitsiz Wäşi aktýoryň biri ýazyjy Jerom K. Jeromdan özi üçin bäş funta (şo döwürde ol juda ganymatja pul bolupdyr) birnäçe degişme ýazyp bermegini haýyş edipdir. — Seň bu şertiň ikimiz üçinem bähbitsiz — diýip, Jerom jogap beripdir. — Bardy-geldi bäş funtumyň bardygyny görseler, maňa ony ogurlandyr öýderler, eger-de siziň diliňizden gowy degişmeleri eşitseler, onda olar ogurlykdyr öýdüp pikir ederler. Tapawut nämede? Ýaş nakgaş belli nakgaş Ýan Mateýkonyň ýanynda zeýrenipdir: — Eserimi iki-üç günüň içinde çekip gutarýan, soňam ony kimdir biriniň satyn almagy üçin iki ýyllap garaşýan. Mateýko gülümsiräpdir-de, şeýle diýipdir: — Gadyrdan, näme üçin beýle alňasaýaňyz? Eger eseriňizi iki-üç ýylyň dowamynda çekseňiz, onda siz ony, megerem, iki günüň içinde sataýsaňyz gerek. Sözi tap-taýyn! Amerikan astronawty Maýkl Kollinz günlerde bir gün şeýle diýipdir: — Hasaplamalara görä erkek kişiler bir günüň dowamynda ýigrimi bäş müň söz, zenanlar bolsa — otuz müň söz aýdýa. Ýöne bar belaň körügi şunda: işden öýe gelemde men eýýäm özümiň ähli ýigrimi bäş müň sözümi doly gutarýan, aýalym welin özüniň otuz müň sözüni tap-taýyn edip goýýa! Öz oýnuna goýberilmedi Tulada ýerli çeper höwesjeňler Lew Tolstoýyň «Aň-bilimiň netijesi» atly komediýasyny sahnalaşdyrypdyrlar. Elbetde, oňa awtoryň özi-de çagyrylypdyr. Oýun başlamazyndan bir sagat öňinçä teatryň girelgesiniň agzyna giň mawut köýnekli, büdür-südür ädikli bir goja gelipdir. Kellesinde-de ýönekeý gaşly papak, elem göz-göz taýakly eken. — Eý, sakgal, nirä dyzap barýaň? — diýip, gapy garawuly onuň badyny alypdyr. — Bu gün jenaplar tomaşa görkezýä, seň bärde körüň ýok. Goja teatryň ýanyndaky dyzeperiň üstüne baryp çöküpdir. Sähel salymdan haýsydyr bir emeldar kişi gelip, oturan pyýadany görüpdir-de, gygyryp gürläpdir: — Oh, graf! Siz bärde näme işläp ýörsüňiz? — Otyryn, gadyrdan. Walla, öz oýnumy görmäge geldim welin, içerik salman durlar! Huşsuzlygyň oýny Kompozitor Aleksandr Borodin öte huşsuz adam bolupdyr. Günlerde bir gün ol gapysyna: «Sagat bäşde geljekdirin. Hökman garaşaweriň!» diýen ýazgyny gysdyryp, öýünden çykyp gidipdir. Aleksandr Porfirýewiç bäşe on minut galanda dolanyp gelipdir hem-de baýaky hatjagazy okap, bäşe çenli garaşmagy ýüregine düwüpdir-de, gapdalyndaky oturgyja çöküpdir. Sizden wäşi çykmaz Çarlz Çaplin juda ýaş mahaly Londonyň göwün açyjy teatrlarynyň birine baryp, özüne nähilidir bir keşpde çykyş etmäge ygtyýar bermeklerini sorapdyr. Bu ýerde şol döwrüň belli wäşi artistleri çykyş edýän eken. Teatryň hojaýyny Çaplini barlap görüpdir-de, oňa şeýle maslahat beripdir: — Gowusy, özüňize başgarak kär gözläň. Siz hiç haçan hiç kimi güldürip bilmersiňiz. Towsa göterilipdir Jeýms Gwotni diýen bir ýaş ýazyjynyň ilkinji kitaby hiç geçmändir. Şonda ýazyjy metbugatda şeýle bildiriş beripdir: «Ýaş, görmegeý millioner Jeýms Gwotniniň kitabyndaky gahrymana meňzeş gyz bilen tanyşmak isleýär!». Bary-ýogy bir gün geçip-geçmän kitabyň barysy towsa göterilipdir. Kim ökde? Nakgaş Wan Deýk günlerde bir gün portret çekmegiň ussady saýylýan Frans Halsyňka myhmançylyga hyýallanypdyr. Ikisi entek ýüzbe-ýüz tanyş bolmansoň, Wan Deýk kärdeşini oýnamagy ýüregine düwüpdir. Ol Halsyň ýanyna gelip, özüni daşary ýurtly diýip tanyşdyrypdyr hem-de gyssagly ýagdaýda suratyny çekip bermegini haýyş edipdir. Wagtynyňam gaty çäklidigini — üç sagatdan köp däldigini sözüniň üstüne goşupdyr. Hals razylaşypdyr hem-de känbir uzaklaşdyrman suraty çekip gutarypdyr. Surat «daşary ýurtla» ýarapdyr, soňra ol şeýle diýipdir: — Ynha, indi men adamyň suratyny çekmegiň nähili aňsatdygyna göz ýetirdim! Suraty asyl gaty çalt çekip boljak eken-ä! Geliň, ornumyzy çalşyp göreliň, häzir men siziň suratyňyzy çekmäge synanyşaýyn. Wan Deýk molbertiň ýanyna baryp işe başlapdyr. Surat çekilip gutarylandan soň, Hals ony synlapdyr-da, myhmana tarap okdurylyp, ony gujaklapdyr hem-de içki duýgusyna bäs gelip bilmän gygyrypdyr: — Duz kessin, muny diňe Wan Deýk başaryp biler! Gylyny gyşartmazdan... Şahyr Alfred de Mýusse myhmançylykda bolan mahaly ondan nämedir bir zadyny okap bermegini haýyş edipdirler. Ol ýygnananlara özüniň täze ýazan «Unutma» diýen goşgusyny okap beripdir. Myhmanlaryň arasynda kompozitor Rossinide bar eken. Ol juda ýatkeş adam bolupdyr. Rossini şahyry oýnamak isläp, gep ugruna ondan şeýle diýip sorapdyr: — Ýogsa-da, bu goşgy kimiňki? Şu wagt ony ýazanyň ady ýadyma düşenok. — Goşgyny ýazan siziň sadyk guluňyz — diýip, Mýusse jogap beripdir. — Goýsaňyzlaň walla — diýip, Rossini mekirlik bilen gülümsiräpdir. — Men bu şygry çagalygymdan bäri ýatdan bilýän-ä. Şeýle diýibem ol ýap-ýaňy Mýusseniň dilinden eşiden goşgusyny säginmezden, gylyny gyşartman gaýtalapdyr. Satylyp gutardy Aleksandr Dýuma bir şäherde düşläpdir hem-de dost-ýarlaryna ertir kitap dükanyna baryp görjekdigini duýdurypdyr. Ýazyjynyň geljek habaryny eşiden kitap söwdasyny edýän kişi ähli tekjeleri Dýumanyň kitaplaryndan dolduryp çykypdyr. Muny gören Dýuma ör-gökden gelipdir: — Hany, beýleki ýazyjylaň kitaplary nirede? — Beýleki ýazyjylaň kitaplarymy? — diýip, kitap söwdasyny edýän näme jogap berjegini bilmän aljyrapdyr. — Olar-a satylyp gutardy. Haklaşdy Günlerde bir gün tanyşlarynyň biri Bertolt Brehte poçta arkaly sowgat iberipdir. Sowgat diňe aňry-bäri dolamakda ulanylýan kagyzdan ybarat eken. Onuň ortarasynda-da şeýleräk mazmunda ýazylan hatjagaz bar eken: «Gadyrdan dost! Men sag-salamat, saňa-da şony dileg edýän». Şundan birnäçe wagt geçenden soň, onuň tanşyna agyr gutuda sowgat gowşupdyr. Sowgady aragatnaşyk bölüminden öýüne getirmek üçin ýörite araba tutmaly bolupdyr. Sowgatly gutyny dördünji gata galdyran mahaly kösençlik çekip, mazaly derläpdir. Ahyry öýe girip, gutyny açan wagty içinde äpet daş bölegi bilen birlikde şeýle ýazgyly hatjagaz bar eken: «Gadyrdan dost! Maňa ýollan hatyň netijesinde, ýüregimden aýrylan şu daşy özüňize ýollaýaryn». Kim-kimi oýnady Satiraçy Mihail Zadornow çaga döwründe-de oýun-henegi halaýan eken. Bir sapar ol dükana baryp, şeýle diýip sorapdyr: — Sizde sekizinji synp üçin syýa barmy? Satyjy onuň ýüzüne seredipdir-de, şeýle diýipdir: — Ertir gelip görüň. Belki, getirerler. Dogrusy, şonda kimiň kimi oýnanyna düşünip bolmandyr. Barybir gowy Ýaşy birçene baryberenden soň, uly halypalaram durmuşa hoşamaý garap başlaýar, olara hatda kärdeşleriniň gowşagrak işleri-de ýarap ugraýar. Günlerde bir gün Moskwanyň çeper teatrynyň ýaş artistleri özleriniň sahnadaky janlandyrýan keşpleri barada Wasiliý Iwanowiç Kaçalowdan soraşdyrmaga başlapdyrlar. Kaçalow olara keýpihon jogap beripdir. — Meň pikirimçe-hä, siz ýaman gowy oýnaýaňyz... Ýeňiljek, inçeden nepis... — Wasiliý Iwanowiç, meň oýnaýşym nähili? — Meň pikirimçe, sizem gowy oýnaýaňyz. — Men nähili oýnaýan? — Sizem... inçeden nepis... Ynha, sizem gowy oýnaýaňyz. — Wasiliý Iwanowiç, ýöne şu gün men oýunda çykyş etmesem näme? — Barybir, meň pikirimçe, gaty gowy. Ine, şeýdibem oýnamak gerek! Nesibe Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda belli rus artisti Ýewgeniý Matweýewe Leningraddan telegramma gelipdir. Ony kino düşmek üçin synaga çagyrypdyrlar. O taýda ýazyjy Mihail Şolohowyň hekaýasyny kino diline geçirjek bolýardylar. Matweýew ýap-ýaňy «Göterilen tarpda» kino düşensoň, oňa täze teklip, dogrusy, hoş ýakypdyr. Ol Leningrada gelipdir, ýöne režissýor Wladimir Fetin ör-gökden gelip, ellerini galgadypdyr-da, şeýle diýipdir: — Studiýa sizi çagyranok, ähli kino synaglary-da birçak gutardy, aslynda, «Taýçanak» filminde bary-ýogy iki keşp bar — esger Trofimiň hem-de taýçanagyň. Trofimiň keşbine eýýäm aktýor tapyldy. Taýçanagam siz ýerine ýetirip bilmersiňiz. Ýöne Fetin ýüregiýuka adam bolansoň, iň bolmanda Matweýewe ýol hakyny beri bermek üçin kino synagyny geçiripdir. Netijede, Trofimiň keşbi Matweýewe berlipdir. Özem şol keşp artistiň iň eý görýän keşpleriniň biri bolupdyr. Roýalyň başynda Konsertiň başlanjak-başlanjak uçurlarynda Anton Grigorýewiç Rubinşteýniň huzuryna bir gelin atylyp girip, oňa haýyş bilen ýüz tutupdyr. — Size ýalbarýan, meni nirededir bir ýerde oturdyň! — Hanym, teatryň içine ygtyýarym ýetenok... Bärde özüme-de bary-ýogy ýekeje orun berildi... — Ýalbarýan, şony maňa beräýiň! — Ýeri, ýagşy! Eger özüňiz şondan ýüz öwürmeseňiz, onda şol orun başy bilen siziňki — diýip, pianinoçy ýylgyrypdyr. — Heýem bir ondan ýüz öwrerinmi? Bu bolup bilmejek zad-a! Hany, maňa şo ýeri görkeziň! Nirede ol? — Roýalyň başynda! Bagty getiren Günlerde bir gün Brams juda nalajedeýin wiolençelçä sazandarlyk edipdir. Şondan ötri ol onuň çalýan bolgusyz sazynyň sesini basmak üçin bilgeşleýinden gaty çalypdyr. Wiolençelçi nägileligini syzdyrman durup bilmändir: — Siz şeýlebir gaty çaldyňyz welin, men öz-özümi eşidip bilmedim. — Häý, bagty getiren! — diýip, kompozitor jogap beripdir. Dürs hereket Kellesi şyr takyr kişi ýoknasyzlygy bilen zol-zol awusyny pürküp durupdyr. Muňa sabyr käsesi dolan Diogen şeýle diýipdir: — Seň saçlaňňa aperin diýesim gelýä: şeýle akmak kelleden gaçyp, gaty rast hereket edipdir. Täzeden salam göndermek bilen Bernard Şow köne kitap satylýan dükanda özüniň içine ýadygärlik ýazgy galdyryp beren kitabyny görüpdir. Ony birçak tanyşlarynyň birine sowgat beripdi. Şow kitaby satyn alyp, içine-de: «Täzeden salam göndermek bilen» diýen ýazgy galdyryp, ony ýene-de dostuna ýollapdyr. Haýranym galdy Bir jahyl Mark Tweniň ýanynda kakasynyň «düşünjesizliginden» zeýrenipdir. Ýazyjy oňa şeýle jogap beripdir: — Gaýrat et-de, çydajak bol! Ynha, on dört ýaşymdakam kakam şeýlebir sammykdy welin, oňa zordan çydaýadym. Ýöne ýigrimi bäş ýaşym dolan mahaly welin, bu garry göherdiň näderejede akyllanyp bilşine haýranlar galdym. Pulum ýetenok Nakgaş Pablo Pikassonyň öýünde özüniň asylgy duran ýekeje-de eseri ýok eken. Muny gören dostlary oňa şeýle sowal beripdirler: — Näme, öz çeken eseriň saňa ýaranokmy? — Näme üçin ýaranokmyş, beterem ýaraýa, ýöne olary öýümde asyp goýmaga pulum ýetenok... Tersine terjime ederin Günlerde bir gün şahyr Mihail Swetlow moldowan şahyrynyň goşgusyny rus diline geçiripdir. Şahyr oňa yzygiderli til kakyp, goşgularyny çykarmagy talap edipdir. Mihail Arkadýewiç oňa haýbat atyp, şeýle diýipdir: «Şeýdip ýürege düşüp durjak bolsaň, goşgulaňňy rusçadan ýene tersine — moldowan diline geçirerin». Barysy hakyky bor Oýnuň iň soňky synagynyň öňüsyrasynda bir aktrisa hötjetlik bilen öz talabyny öňe sürüpdir: — Birinji görnüşde dakynjak dür monjugym hökman hakyky bolaýmalydyr. — Barysy hakyky bor — diýip, meşhur aktrisa Faina Ranewskaýa ony köşeşdiripdir. — Birinji görnüşde dakynjak dür monjugyňam hakyky bor, iň soňky görnüşde içjek zäheriňem. Aramyzda ýaşar ýörerdi Teatr režissýory I. Melamedi iň soňky ýoluna ugradypdyrlar. Tabydyň başujunda onuň zehini, adamkärçiligi barada gaty köp hoş sözler aýdylypdyr. Ýazyjy Ýuriý Oleşa gussa bilen şeýle diýipdir: — Eger biz şu ýakymly sözleri merhum aramyzda gezip ýören mahaly özüne aýdan bolsak, onda ol entek-entekler ýaşardy. Has kyn Alypbaryjy Nikolaý Smirnow-Sokolskiý nobatdaky çykyşy yglan edip, şeýle diýipdir: — Häzir biz siz bilen üýtgeşik lezzet alarys: siziň öňüňizde halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Ýakow Flier çykyş eder. Ol özüniň ajaýyp skripkasynda saz çalar. Alypbaryjy sahnadan yzyna öwrülip gelende gahary kekirdegine gelen Flier oňa janyýangynlylyk bilen şeýle diýipdir: — Siz näme, meň pianinoçydygymy bileňzokmy? — Muny dessine düzedäýeris — diýip, Sokolskiý ony ynjaldypdyr hem-de ikilenç sahna çykyp, sözüniň üstüni ýetiripdir. — Ýakow Flier öz skripkasyny öýde unudanlygy üçin roýalda saz çalar, roýalda saz çalmak skripkada saz çalandan has kyn. Gymmatbaha bezeg Smirnow-Sokolskiý juda kitaphon kişi bolupdyr. Onuň gaty täsin, üýtgeşik öý kitaphanasy bar eken. Şolaryň arasyndan diňe Puşkiniň ilkinji neşirini, Gogolyň, Gerseniň, Radişewiň... golýazmalaryny mysal getirmegem ýeterlik bolsa gerek. Günlerde bir gün aýaly, aktrisa Sofýa Bliznýakowskaýa oňa şeýle diýipdir: — Kolýa, bizi gaty wajyp kabul edişlige çagyrýalar, meň welin ile meňzeş possunymam ýok, hiç hili göwher bezegimem. Sokolskiý aýalyna şeýle diýipdir: — Sonýa jan, mähribanym, sen boýnuňa Radişewiň «Peterburgdan Moskwa çenli» diýen golýazmasyny dakyn. Nädersiň, ähli kişiň göriplikden ýaňa jany çykaýsa. Şeýle gymmatbaha bezeg hiç kimde ýok. Ili güldürse-de... Bir psihiatr lukmanyň ýanyna ruhy dertden ejir çekýän bir näsag gelipdir. Ony iki hepdeläp bejeren professor hiç hili gowulaşmanyň alamatyny görmänsoň, oňa juda üýtgeşik, geň-enaýy serişdäni maslahat beripdir: — Häzir şäherimizde meşhur wäşi Martynow çykyş edýä. Dogrusy, özüm-ä baryp göremok, ýöne şony görenleň ýüzi ýagtylaýýa. Teatra baryň-da, Martynowyň çykyşyna tomaşa ediň, şonda siziň gam-gussaňyzyň tüsse deýin zym-zyýat boljagyna kepil geçýän. Näsag perişan halda professora seredipdir-de, şeýle diýipdir: — Gynansak-da, professor, muň kömegi ýetmez, çünki Martynow hut meň özüm-dä. Märeke baryny haýran galdyrýan, milleti güldürip-güldürip, kese ýykýan beýik wäşi, hakykatdanam, ruhy dertden ejir çekýär eken. Terjime eden Çary Geldimyradow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |