11:24

Nesin - sen kim?

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 467 | Добавил: Haweran | Теги: Çary Geldimyradow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Haweran  
411
Täçmämmet Jürdekowyñ satirasyndan Berdimuhammet Gulowyñ, Gurbangylyç Hydyrowyñ satiriki hekaýalaryny has güýçli görýärin. Bu üç ýazyjymyza deñleşip duran başga-da gowy satirik ýazyjylarymyz bar. Kän.
Bizde bir erbet häsiýet bar: ýazyjy bilen ýazyjyny deñeşdirmek, aýdymçy bilen aýdymçyny deñeşdirmek...
Her ýazyjynyñ öz ýoly, öz ýazyş still bar. Elbetde, güýçlisem bar, gowşagam. Ýöne her kes başardygyndan ýazýar ahwetin. Kimiñ döredijiligi öñe saýlanýar, kimiñki ortagürp, kimiñki yzagalak...
Bulary seljermek, ýerli-ýerinde goýmak edebiýaty öwreniji alymlaryñ, tankytçylaryñ işi (bizde tankydyñ edil häzir ýoklugy eýýäm başga gürrüñ...).

* * *

Şeýle gürrüñi okanym ýadyma düşýär. Ýalñyşmasam Gýote bilen Şiller bolmaly. Bir gün iki genial şahyr bazarda gezim edip ýörkäler, märeke olary görüp jedel edýärmiş: "Gýote has beýik, Şiller ikinji", "Ýok Şiller has öñde..." we ş.m.
Iki beýik şahyr biri-birine ýylgyryp seredip, şeýle diýenmiş:
- Bu akmaklara sered-ä, Hudaý bu halka iki beýik şahyr beripdir, bular bolsa ikini bire getirjek, azaltjak bolup garabaşlaryna gaý...

* * *

Türkmen satira edebiýaty agzalanda Täçmämmet Jürdekowyñ ady hökman agzalmaga degişlidir. Ýañky adyny agzan iki ýazyjymdan ýitiligi bilen tapawutlanyp durmasa-da, ýazan satiriki hekaýalarynyñ köplügi, tematikasynyñ giñligi, gozgaýan meseleleriñ aktuallygy bilenem ady ilkinjileriñ hatarynda tutulmaga degişlidir.

* * *

Şu makalada Täçmämmet aganyñ adynyñ nämüçin tutulmandygy we "Eziz Nesin bilen surata düşdi" diýlip, ady agzalmazdan kinaýa bilen ýatlanan ýazyjymyzyñ kimdigi bilen gyzyklandym welin, añyrsyndan başga-başga faktlar çykdy. Meselem, Çary agany Täçmämmet aga işden aýran eken. Bu ýerde kimiñki dogry, kimiñki ýalñyş... biljek däl. Ýöne edebiýat we geçilen edebi ýol bilen baglanyşykly ýatlama ýazylanda, şahsy öýke-kineleri däl-de, hakykaty öñe tutup ýazmalymyka diýýän.
Her näme-de bolsa, bile işleşen (bir redaksiýada işlän bolsañyz, duz-çöregem iýişensiñiz) adamyñyz.
Özüñiz surata düşmänsiñiz, beýleki bir ýazyjymyzyñ surata düşüp galanyna gynanmañ ahyry!
Ýurdumyzyñ iñ populýar satiriki žurnaly "Tokmagyñ" baş redaktory-ýolbaşçysy hökmünde T.Jürdekowyñ Eziz Nesin b.n duşuşmagy we surata düşmegi bolaýmaly zat. Bärde gep teýenelär ýaly zat ýok. Üstesine žurnalyñ şol sanynda aýdylýan surat Çary aganyñ Eziz Nesinden terjime eden "Garantga" hekaýasy bilen birlikde çap edilipdir.

* * *

Biziñ aglaba ýazyjy-şahyrlarymyzyñ köne keseli - biri-birlerinden öýke-kine saklamak, kinaýa, ýañsy, özüniñ we öz gatnaşýanlaryndan başgasynyñ bitiren işlerini görmezlige salmak, edebi arena öz töweregindäkilerden başgalaryna degişli däl ýaly görmek...
Meniñ kimdir birine bolan şahsy garaýşym sebäpli adyny agzamandygym üçin ol ady agzalmadyk biriniñ tutýan orny kemelmeýär, bitiren işi gömülmeýär. Mümkin däl.
Edebiýat meýdany bir ortalyk harmandyr, orta kimdigine garamazdan hemmeleriñkini dökmeli, üýşürmeli. Wagt we okyjynyñ özi saýlap alýar geregini.

* * *

Çary aganyñam satira žanrynda bitiren hyzmatlaryny görmezden gelmek bolmaz. Meselem, "Watan" gazetiniñ soñky sahypasynda 1999-njy ýyla çenli dowam eden "Şadyýan şenbe" sahypasyny 1994-nji ýylda çap edilmesi bes edilen "Tokmak" žurnalynyñ belli bir derejede dowamy hasap edip bolar. Bu sahypanyñ taýýarlanmagynda Çary Geldimyradowyñ eden hyzmatlary abyrsyz uly. Elbetde, hiç bir zat tarp ýerden döremeýär. Bul işleriñ edilmeginde Täçmämmet aganyñ baş redaktorlyk eden ýyllarynda "Tokmak" žurnalynda işlän ýyllarynyñ agramynyñ bardygyny aýdan bolsa, Çary aganyñ at-abraýy okyjylaryñ gözünde hasam beýgelerdi.

* * *

Gürrüñ aýdyñ bolsun diýip Täçmämmet aganyñ saýtda öñem berlen suratyny ýokarda berdik.
(Surat ikinji gezek "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 2017-nji ýyldaky sanlarynyñ birinde hem çap edilipdi).
Şeýtmek bilen maksat, gelejekki ýaş ýazyjy-şahyrlarymyzyñ şular ýaly ownuk öýke-kinelerden daşda durup (islendik kişi kineli bolup biler, ýöne şol öýke-kinäñi bassyr-bussyr etmän bolşy-bolşy ýaly mertlerçe ýazmaly), beýiklige ymtylmaklaryny gazanmakdyr.

* * *

Hem Eziz Nesiniñ Aşgabada gelip-gidendiginden şu edebi saýtdan habarly ýazyjy-şahyrlardyr okyjylaryñ-a birem bihabardyr öýdemok.

* * *

Şu belliklere sebäp bolan ýerlerini hasap etmände, makala gowy.

0
2 Garayolly1936  
830
Sag bol, inim, yetireniñe. Teswiriñem gaty tasirli çykypdyr.

0
3 Atayew  
493
Aşyrberdi Kürt hem güýçli satirik.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]