07:27 Orny — Türkmeniň töri | |
ORNY — TÜRKMENIŇ TÖRI
Ýatlamalar
Aleksandr Aborskiý 1911-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Russiýanyň Simbirsk guberniýasynyň Papuz diýen ýerinde dogulýar. Çagalygyndan çeper edebiýatyň aşygy eken. A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» poemasy- ny ýatdan bilipdir. Ykbalyň emri bilen 1929-njy ýylda Mara düşýär. Şol ýerdäki depoda hasap-hesip işlerini ýöredýär. Marydaky milli diwiziýanyň «Gyzyl Goşun» gazetinde Kemal Işanow, Güseýin Muhtarow, Agahan Durdyýew ýaly ýazyjylar bilen dostlaşýar. 1936-njy ýylda Aşgabada işe çagyrylýar. Ikinji jahan urşy ýyllaryn- da 76-njy türkmen atyjylyk diwiziýasynda birnäçe sapar bolup gelýär. «Ýurduň gahrymany» diýen ada mynasyp bolan Mülki Baýramow bara- da eser ýazýar. A.Aborskiý türkmenler hem-de türkmen topragy bilen bagly ençeme kitap ýazýar. Şolardan käbiri: «Dost kalby», «Abadan ene», «Garagum tomsy», «Şadyýan derýajyklaryň ýyly», «Yza göz aýlamaga wagt ýetdi»... Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde işledi, «Литературная газета»-nyň Türkmenistan boýunça habarçysy, «Ашхабад» žurnalynyň baş redaktory boldy, oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakyldy. A. Aborskiý 1987-nji ýylyň martynda Aşgabatda aradan çykdy. Dogluşym, terbiýäm boýunça men rus, Russiýamy söýýän ogul bolsam-da, türkmen ruhuny özüme köp siňdirdim, bu ýurt, bu ülkäniň adamlary bilen şeýlebir do- ganlaşdym welin, men Türkmenistany öz ogly ýaly söýmezligi başaramok... Aleksandr ABORSKIÝ Döredijilikden ýadan mahalym özüme ýadygärlik ýaz- gysy galdyrylyp, sowgat berlen kitaplara göz aýlaýmam bar. Şeýle kitaplar kän. Haýsy birini agzajak. Ony sowgat berenleriň barysy-da ýüregime ýakyn adamlar. Käbirleri wepadar dostlarym, ýene birleri halypalarym, başga birleri bilen gowy gatnaşykda boldum. Kitaplary ýeke-ýeke saýhallaýaryn. Içiniň ýadygärlik ýazgy- laryny howlukman okap çykýaryn. Gurbandurdy Gurbansähedowyň, Kerim Gurbannepeso- wyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Ýylgaý Durdyýewiň, Kakabaý Gurbanmyradowyň, Şadurdy Çarygulyýewiň... dürli döwürlerde ýagşy niýetler bilen ýadygärlik beren ýazgy- ly kitaplary. Şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň sowgat be- ren bir kitabyny açyp okaýaryn: «Çary! Durmuş toýuňy dost ýüregimden mübärekleýän! Toýuňa kiçijik peşgeş — şu ki- taby getirdim. Sebäbi satiriki döredijiligiň sa- ňa şu kitabyň awtorynyň (kitap Gurbanýazyň özüniňki däl-de, türk ýazyjysy Eziz Nesiniň saýlanan eserleriniň ýygyndysydy) meşhurly- gyny getirmegini isleýän! 7. III. 1976 ý.». Elimde ýene bir dostumyň — aramyzdan ýyldyz deýin ir süýnüp giden zehinli edebi- ýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň ýadygär- lik beren «Sadrançnama» kitaby. Ahmet gys- gajyk, ýöne manyly setirler galdyrypdyr: «Çary jan! Ömrüň küşt oýny ýaly uzak, dö- redijiligiň küşt oýny ýaly gözel bolsun! 13. 04. 83.». Şeýle ýazgylary mysal getirenim üçin sy- paýyçylyksyzlykda ýazgarmaweriň. Ýazgylar dost kalbyndan syzylyp çykan. Hiç hili kir- kimir ýok. Diňe päk arzuwlar. Şundan soň süňňüňde mylaýym duýgular oýanýar. Ýatlamalara gaplanýarsyň. Tirkeşi- len, bile işleşilen ýyllar oýuňa gelýär. Gözler çygjarýar. Däli ýaly olar bilen içiňden gür- leşýärsiň. Hawa, ýaşlyk ýyllarynyň dostlu- gy başgaça bolýar eken! Gurbanýazam, Ah- medem deň-duşlarym. Ýöne kakaňdan ýedi ýaş uly adam bilenem dost bolup boljak eken. Hawa, mende şeýle dostam bolupdy! Ol Türkmenistanda ýaşan rus ýazyjysy Alek- sandr Iwanowiç Aborskiý. Aborskiniň türkmen durmuşyndan ýazan çeper eserlerini, ýurdumyzyň belli ýazyjyla- rynyň eserlerini terezä mündürsek, juda ag- ramly, saldamly geler. Onuň «Душа брата» («Dost kalby») atly rus dilinde çykan ajaýyp bir kitaby bar. Şonuň bir nusgasyny Alek- sandr Iwanowiç maňa-da ýadygärlik beripdi. Onuň içinde şeýle jümleler bar: «Чары Гельдымурадову Во имя нашего спортивного духа — спортивного в работе и жизни. С чувством независимой ни отчего мужской симпатии. Искренне, АБОРСКИЙ Ашхабад, Туркменистан, апрель 1983 года». Ilki-ilkiler bu ýazga kän ünsem bermän- dirin! Ýöne soňky ýyllar, has dogrusy, «Dün- ýä edebiýaty» žurnalyna gelip, terjimeçilik sungatyna çynlakaý baş goşanymdan soň, şujagaz keltejik arzuwyň türkmençe taýy barada oýlanyp başladym. Oýlandygymça-da onuň manysyny türkmençä geçirmegiň nä- hili kyndygyna, çylşyrymlydygyna göz ýetir- dim. Terjimäni birküç görnüşde öz dilimize geçiribem gördüm, ýöne, göwnüme bolmasa, olaryň hiç biri-de rusça derejesine ýetip bil- medi. Ahyry, oýlana-oýlana, bir «mekirlige» ýüz urdum. Ýöne ony ýazgymyň soňuna goý- dum. Sebäbi ilki okyjylara ýaşuly dostum ba- rada düýplüräk gürrüň beresim geldi. Aborskiý hakyndaky wakalar beýnide pürepürlenip dur. Şu makalamyň içinde Aborskiniň özi hakda-da ýatlasym gelýär, özi baradaky ýatlamalara-da orun beresim gelýär, goja dostumyň türkmen ýazyjy-şa- hyrlary baradaky ýatlamalaryna-da ýüzle- nesim gelýär. Şeýtmesek, Aleksandr Iwa- nowiçiň döredijilik hem-de durmuş ýoly ilik-düwme açylmaz. Aleksandr Iwanowiç bilen gaýybana ta- nyşlyk ozaldandy. Onuň galamynyň astyn- dan çykýan çeper eserlerdir makalalary- ny, ýatlamalaryny höwes bilen okaýardym. Içgin tanyşlyk «Edebiýat we sungata» işe geleninden soň başlandy. Üýnümiz alşyp gitdi. Ol bizi özüniň deň-duşy ýaly saýar- dy. Soňabaka hasam ysnyşdyk. Dogrusy, redaksiýada iküç ýyldan artyk işlemedi. Göräýmäge, gatnaşyk sowaşaýjak ýalydy. Gaýtam, tersine, öňküdenem ýygjamlaşdy, hatda dostlaşdyk diýsegem ýalançy bol- man. Köp meselede onuň bilen maslahat- laşýardym. Çylşyrymlyrak rus sözleri ga- bat gelende derrew öýüne jaň edýärdim ýa-da ýanymyza salama gelende soraýar- dym. Rus ýazyjysy Iwan Uhanowyň bir he- kaýasyna pisindim oturyp, ony türkmençä geçirmegiň kül-külüne düşdüm. Ynha, he- kaýanyň sözbaşysynyň welin laýyk taýyny tapyp bilmän, gaty kösendim. O eseriň ady — «Пустошь». Menem onuň türkmençe sözbaşysyny bir sözde alasym geldi. Kelle döwüp otyrkamam, Alek- sandr Iwanowiç geläýdi. Goja dostumyz derrew şol sözüň manysyny tirip berdi. Hekaýanyň adyna haýdan-haý «Boşluk» diýip goý- dum. Şulara meňzeş sowal-jogap häli-şin- di gaýtalanar durardy. Indi-indi oturyp haýran galýan. Çaga kalply bu adam biziň ýekeje sowalymyzy-da boş goýman, emer- damary bilen düşündirýärdi. Onuň halypa kemi ýokdy. Aborskiý bilen birnäçe ýyllap döredijilik hyzmatdaşlygynda bolup, onuň ençeme he- kaýasyny, çeper oçerklerini, ýatlamalaryny türkmen diline geçirdim. Maňa onuň ha- sam «Pälwanlar» diýen hekaýasy ýarady. Bu eser Moskwanyň žurnallarynyň birinde-de çykan eken. Hekaýanyň çeperçilik derejesi ýokarydy. Söz gory baý eserleri okamak juda lezzetli, ýöne ony terjime edeniňde welin, beýnä ma- zaly agram salmalydy. Del rus sözlerine jaý- dar taý tapmak hupbat ýamanyny berýärdi. Ýöne onuň keýpi-de bardy. Şeýle terjimäniň hötdesinden geleniňde, öz ýanyňdan gala alan ýaly hekgerýärsiň. Hekaýa Rejep pälwan barada. Onda türk- men durmuşy, türkmen häsiýeti dolulaýyn açylýar. Özi rus adamy bolup türkmeniň edim-gylymyny şeýle inçelik bilen berip bilşine telpek goýaýmalydy. Rejep pälwan ruslaryň dünýäni baglan meşhur pälwany- ny ýeke emelde ýykýar. Arman, ykbaly ters gelip, göreşmekden galýar, öz aýagyna özi palta urýar. Hekaýa güzap berse-de, azabym ýerine düşdi. Ol gazetde çykandan soň, Aleksandr Iwanowiçiň özi ýöriteläp jaň etdi. Hekaýa- nyň rusça hem-de türkmençe nusgalaryny deňeşdirip okandygyny, käbir ýerini aýryp oňarandygymy, özümden goşan sözlemleri- miň jüpüne düşendigini nygtady. Yzyndanam şeýle diýdi: «Çary (ol «y» harpyna basym be- rip aýdardy), ýaňy atly ýazyjylammyzyň biri — adyny aýtjak däl — öýüme til kakyp, «Päl- wanlary» gutlady, terjimesinem öwdi. Indi menem seni gutlaýan. Sag bol...». Şeýlelikde, Aborskiý bilen hyzmatdaşlyk giňäp gitdi. Şondan biraz soňrak ol keýwa- nysy Anna Iwanownadan ýene bir hekaýa- syny iberdi. Onuň gapdalyna gysgaça hatam goşupdyr. Onda şeýle sözler bardy: «Çary! Men hekaýany 11 sahypa çenli gysgaltdym... Hekaýa, umuman, Gowşudow hakda. Ýöne waka düzülen. Ýogsa aslynda hekaýada tu- tuşlygyna Gowşudowyň hem-de biziň durmu- şymyzda bolup geçen waka ulanyldy. Bardy-geldi Size ýarasa, terjime ediň. 2-nji nusgasyny iberýänim üçin bagyşlaň, «Породистый верблюд» — bu bir iner, ner (soňky iki söz türkmençe ýazylypdyr) diýmek. Salam bilen (bu iki sözem türkmençe ýazylan). (goly) 19/ VIII — 83 ý. 3-4 gün bäri telefonymyz işlänok, şonuň üçin jaň edip bilmedim». Üstünden ýoňsuz ýyl geçen şujagaz hat- jagazy häzirem şahsy arhiwimde aýap sak- laýaryn. Aborskiniň türkmen diline gowy düşünýäni şundanam görnüp dur. Ýogsa ol «породистый верблюд» sözüni nähili ter- jime etmelidigini salgy bermezdi. Dogruda- nam, şu iki sözi türkmençä geçirjek bolsaň, iner sözüniň ýadyňa düşjegi-düşmejegi gü- mana. Tejribe hemişe onlukdan çüýleýär! Aleksandr Iwanowiç iň owunjak zady-da gözden salmaýardy. Hekaýanyň sözbaşysyna «Iner ýüki» diýip goýdum. Waka 1945-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçýär. Ýazyjylar Ata Gowşudow, Dur- dy Haldurdy, Ata Salyh, Aleksandr Aborskiý dagy ilkinji gezek Moskwa — ongünlüge bar- ýar. Şol wagtlar otly ýedi gije-gündiz ýol aş- malydy. Hekaýa hem ýatlamady, hem çeper eserdi. Ýatlamany hekaýa derejesine ýetir- mek dilde aňsat. Aleksandr Iwanowiç şuny başarypdyr. Aborskiniň öz galamdaş dostla- ryna bagyşlap ýazan ýatlamalarynyň hem- meside çeper eser ýaly okalýar. Olar okyjyny bada-bat özüne dolap alyp gidýär. Megerem, Aleksandr Aborskiniň ady soň- ky nesle onçakly tanyş däldir. Ýöne özüm-ä ony dilimden düşüremok, ýyllar geçse-de, Aleksandr Iwanowiçiň türkmen halkynyň, türkmen Watanynyň öňünde bitiren hyz- matlarynyň iňňän uludygyny häli-şindi ýat- lap durýaryn. Baryp 1970-nji ýylyň başynda, «Edebiýat we sungatda» işläp ýören mahaly şahyr Ke- rim Gurbannepesowyň oňa şeýle diýeni şu günki ýaly ýadymda: «Aleksandr Iwanowiç, biriniň ýüzüne öwüp durmagam-a gelşiksiz welin, şonda-da aýdaýyn. Şu wagt ýatlama ýazyp ýörenler beýle köpem däl. Diňe Ber- di Soltannyýaz ikiňiz. Siziň ýatlamalaňňyzda gahrymanyň ömri, durmuşy, döredijiligi, hä- siýet aýratynlygy dolulaýyn açylýa. Özüm-ä ýatlamalaňňyzy hezil edip okaýan. Şeýle ýat- lamalary köpräk ýazaweriň!». Hakykatdanam, Aleksandr Aborskiniň türkmen ýazyjylary baradaky ýatlamalary onuň döredijiliginiň çür başy. Şonuň bilen birlikde, ol köp taraply ýazyjydy, döreden çeper eserleriniň barysy türkmen durmuşy- na, türkmen tebigatyna, türkmen topragyna bagyşlanandy. Onuň biziň ýazyjylarymyzyň eserlerini rus diline geçirmekde bitiren hyz- matynyň belli bahasy ýokdur. Ol Nurmyrat Saryhanowyň ähli eserlerini diýen ýaly rus- ça geçiripdi. Şol terjimelere rus metbugaty- nyň sahypalarynda-da ýokary baha berlipdi. N. Saryhanowyň guba düýe berlip alnan ki- tap baradaky «Kitap» hekaýasynyň terjimesi bolsa, dünýä edebiýatynyň iki ýüz tomlugy- na girizildi. Ikisi gowy dostdy. Aleksandr Iwanowiç Nurmyrat Saryhanow barada gyzykly-gyzyk- ly gürrüňler beripdi. Hakykatdanam, ol juda täsin adam bolupdyr. Geliň, şolary Aborski- niň öz dilinden eşideliň: — Saryhanowyň döredijiliginde «Şükür bagşy», megerem, iň naýbaşysydyr. Arman, bu eseriniň neşirini özi görüp bilmedi. Ga- lamdaş ýoldaşlary onuň türkmen sazandasy barada çaklaňja powest (çaklaňja powest di- ýip ýazyjynyň özi aýdýardy) ýazýanyny bil- ýärdi. Eserini boldum eden mahaly-da urşa gitmeli bolupdy. Nurmyrat urşa gidenden soň, tötänden diýen ýaly şol eser ýada düşdi. Diňe urşuň üçünji ýylynda men onuň öýün- däki çaň-tozan baglan kümesinden birgiden golýazmalaň, suratlaň, hatlaň arasyndan «Şükür bagşynyň» soňky nusgasyny tapdym. Şonda ony az-kem taraşlap, «Sowet edebi- ýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çy- kardylar. Urşuň gutaranynyň yzysüresi SSSR Ýazyjylar birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy Aleksandr Fadeýew ýazyjylaryň gurultaýyn- da soňky döwrüň edebiýaty, şol edebiýaty döreden klassyklar barada söz açyp, Nurmy- rat Saryhanowyň «Şükür bagşysyny» okan- dygyny aýdyp, ony klassyklaryň deňinde go- ýupdy. Ýazyjy bilen bagly ýene bir gyzykly waka ýadyma düşýä. Ol 1937-nji ýyla çenli milli atçylyk diwiziýasynda gulluk etse-de, at münmäge gezek gelende duran ýeridi. Bir gezegem biz onuň gulluk ed- ýän ýerinden — Marydan Şor- depe obasyna atly gitdik, halk şahyry Ata Salyh şol ýerde ýaşaýardy, biz şonuň ýanyna görme-görşe barýadyk. Nurmyrat atdan ýykylaryn öýdüp gara ja- ny galanokdy. Gorkýanyny ýaşyrjagam bo- lanokdy. Ýarpy ýola ýetemizde atlary suwa ýakmak üçin çuň ýabyň deňinde daýandyk. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, onuň kesir aty su- wuň güýçli akymyna girdi. Munuň öňüni alyp bilmändi, indem giçdi. Onuň ýüzüp bil- meýäninide gowy bilýädim. Sen-men ýok, jygba-jygly ýagdaýda galdy duruberdi. Bize diňe töwerekde ýüzüşip ýören oba oglan- larynyň kömegi bilen imany göçen Nurmy- rady gaty tiz halas etmek başartdy. Suwdan çykaryp, eşiklerini sykdyk, ädiginiň suwuny dökdük. Soňam ýene ýola düşdük. Ol gowşa- jykdy hem tagaşyksyzdy, tüýs şäher adamsy diýiňde goýaýyň... Okyjy, şu ýerde bir zada ünsi çekesim gelýär. Aleksandr Iwanowiç hiç haçan Nurmy- rat Saryhanowy gark bolmakdan halas etdik, «Şükür bagşyny» öýlerinden tapanam özüm, powesti rus diline geçirip, ony dünýä dere- jesine çykaranam özüm diýip döşüne kak- mazdy, diňe gep ugruna ýatlap geçipdi. Ýog- sa «Şükür bagşynyň» halkara möçberinde ykrar edilmeginde onuňam goşandy az däl. Terjimeçä eseriň şärikli awtory diýlip ýöne ýere aýdylmaýar ahyry! Aborskä öwünjeňlik ýatdy. Ol kiçigöwünliden sada kişidi. Aleksandr Aborskiý Ata Gowşudowyň «MähriWepa» romanyny, Ata Atajanowyň «Guşgy galasy» dramasyny, Beki Seýtäko- wyň, Gurbandurdy Gurbansähedowyň, Bek- ge Pürliýewiň hekaýalaryny, başga-da gaty köp ýazyjylaryň eserlerini rus diline geçirdi. Biziň men diýen döwürlerimiz Aborskiý eýýäm altmyşdan agan ýaşuly adamdy. Ýöne kalby juwandy. Egsilmez hyjuwlydy. Sagdyn- dy. «Kurgunçilikmi? Ýakşimi?» diýip berdaşly elleri bilen eliňi gysanda: «Bu adam ýaş mahaly hökman pälwan bolandyr» diýdirýärdi. Biz ýaly ýaşlar bilen oturyşyp-turşanyny go- wy görerdi. Maý tapdygy öýüne myhmançy- lyga çagyrardy. Iş çykyp baryp bilmesegem öýkelärdi. «Öýe geliň, täze çykan kitabymy sowgat berjek. Näme, Çary, saňa meň kita- bym gerek dälmi?» diýende, dogrusy, ýaman utandym. Känbir uzaklaşdyrman, myhman- çylyga bardyk. Öý bikesi Anna Iwanownada öý eýesi ýaly gara gadyr. Ol myhmanlar üçin kömelekli gutap, byzmyk, al- ma mürepbeli köke bişiripdir. Köp ýyllap türkmen ýazyjyla- ry bilen duldegşir ýaşap, saçakly gat- naşykda bolan Anna Iwanowna, tüweleme, palaw bişirmäge-de gaty ökde eken. Aleksandr Aborskiniň ýetmiş ýaş toýy şol wagtky K. Marks adyndaky döwlet kitapha- nasynda giňden bellenilip geçildi. Ýazyjylar guramasynyň ýolbaşçylary, belli ýazyjy-şa- hyrlar ony mähirli gutladylar, sowgat-ser- paý ýapdylar. Soň ol dost-ýarlaryny, deň -duşlaryny, şahyr Şadurdy Çarygulyýew ikimizem öýündäki kiçijik toýa-da çagyrdy. Gyşyň içinde üç otagly jaýa kän adam ýyg- namak aňsadam däldi. Onuň dostdan ýüki ýetik. Şonda-da bizi ýatdan çykarmandyr. Çakylyga şol wagtyň atly ýazyjylary gelip- dir. Bizem döredijilik dünýäsiniň bosaga- syndan ýaňy ätlän öwrenje ýaşlar. Uly ýa- zyjylaryň arasynda özümizi amanat ýaly duýýardyk. Üýşmeleňi Türkmenistan Ýazyjylar bir- leşiginiň müdiriýetiniň şol wagtky başlygy Täşli Gurbanow açdy. Oňa belli terjimeçi, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdy beýemçilik etdi. Durdy Haldurdy Aborskiniň gowy görýän, ýakyn gatnaşykda bolan dostlarynyň biridi. Ol Puşkiniň, Nekrasowyň, Krylowyň, Wurgu- nyň, Kupalanyň, Turçinskaýanyň... eserlerini türkmençä geçiripdi. Aborskiniň bize beren gürrüňini ýatla- sak, onda Däde Hal (köp kişi ony şeý diýip hormatlaýardy) täsin ykbally adam. Biz kä- halatlar durmuşy geňenaýydan gyrma kişi- leri keseden gözläp ýörüs. Olaryň öz ara- myzda ýaşap ýörendiginem duýamzok. Däde Hal uruşdan bir aýagyny aldyryp gelýär. Ýöne özünden öň öýüne öldi haty go- wuşýar. Onuň patasyny alýarlar, ýylyny sow- ýarlar. Ýöne merhum direlýär! Şu aralyk- da-da şahyryň maşgala durmuşynda ýowuz öwrülişikler bolup geçýär. Şeýle ýazgyt hiç kime nesip etmäwersin hernä! Ters takdyr- dan baş alyp çykmak diňe ruhy belent adam- lara eýgerdýär. Şeýdibem durmuşyň şatysy- na döz gelinýär. Aslynda, Däde Hal ýaşka-da diýseň gujurly adam bolupdyr. Ýöne bileginiň güýjüni ma- zamlap ýörmändir. Tersine — ýaşyrypdyr. Dawa-jenjele goşulmandyr. Ýöne ejize ga- nym bolnan mahaly hökman biçäräniň tara- pyny tutupdyr. Döredijilik adamy keýpi tutan çagy, özi aň- şyrmazdan, süýji-süýji gürrüň beregen bol- ýar. Hemişe şeýle bolup durmaýar. Haýyş etseňem, zor bilen gürletmek isleseňem, ag- zyndan ýeke sözi-de kakyp alyp bolmaýar. Belki, üýtgeşik gürrüň etmegem ylham ýaly, gelen wagty joşýandyr? Aleksandr Iwanowi- çiňem joşýan wagty köp bolýardy. Elbetde, wakalaryň köpüsi-de türkmen ýazyjylary, özüniň aşnalary, gadyrdanlary baradady. Ar- man, wagt geçýär, huşlar kütelişýär. Ýöne şol wakalaryň aňda saklanyp galanlary-da bar. Günlerde bir gün Ata Köpek Mergen, Ata Gowşudow, Durdy Haldurdy, Aleksandr Aborskiý dagy üzüm dalbarynyň aşagynda özara hemsöhbet bolşup oturan eken. Şonda Aleksandr Iwanowiç başyndan geçiren täsin bir wakasyny aýdyp berende, oturanlar pa- kyrda beräýipdir. Ata Köpek Mergen rus dili- ne gezek gelende duran ýeri bolansoň, atda- şy — Gowşudowyň böwrüne hürsekläp, oňa şeýle sowal beripdir: «Atam, aýtsana, Atam! Ors dilinde-de nämedir bir zady şeýle gül- künç edip aýdyp bolýamy?». Aslynda, Aborskileriň maşgalasynyň Türk- menistan bilen bagry badaşandyr. Onuň ata- enesi 1948-nji ýylyň ýertitremesinde heläk bolupdyr. Bu toprakda Aleksandr Iwanowi- çiň üç dogany, şonuň bilen birlikde, onuň özi-de jaýlandy. Şu ýerde biraz gyra çekilip, Aborskiniň jaýlanyş dessurynda ýüz beren bir waka ýa- dyma düşýär. Ol aňymdan gider ýaly däl. Ýö- ne bu wakany Aleksandr Iwanowiçiň dostla- rynyň biri, şahyr Annaberdi Agabaýew has gowy suratlandyrdy: «Türkmen edebiýatçylarynyň köne dosty, ýaşuly ýazyjylarymyzyň biri, soňky ýyllarda alaböle Ýuriý Rýabinin, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew ýaly öz ýaş galamdaşlary bilen tirkeşmäni halan Alek- sandr Iwanowiç Aborskini iň soňky jaýyna ýerlemekçi bolan pursadymyzda, Seýitny- ýaz Ataýewiň: «Serediň!» diýip, dik asmana gol salgany şu günki ýaly hakydamda. Ýoka- rymyzdan, edil gölegçileriň depesinden üç- dört sany durna guguldap barýardy. Gör-bak, ol bigäne durnalar Aborskiniň özünden öň ýere dulanmaly bolan şol ýaş dostlarynyň haýsylarynyň jany-gussasydyka?!». Aleksandr Iwanowiçiň inisi Wladimiriň-de türkmen topragy bilen bagly ýeri kän. Orta mekdebi Aşgabatda tamamlapdyr. 1951-1971-nji ýyllar aralygynda «Комсомолец Туркменистана» gazetinde dürli wezipe- lerde, şol sanda jogapkär kätip bolup iş- läpdir. 1971-1972-nji ýyllar aralygynda «Чарджоуская правда» gazetinde redakto- ryň orunbasary bolupdyr. Men Wladimir Iwanowiçe agasy bilen bag- lanyşykly ýatlamaly gazetleriň ençemesini, onuň türkmen galamdaşlary bilen düşen su- ratlarynyň-da birnäçesini iberipdim. Aleksandr Iwanowiç özi üçin mähriban hem eziz bolan Türkmenistanynyň gülläp ösmegi üçin päk ýüregi bilen işläpdi. Türk- menistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow Aborskiniň döredijiligi ba- rada: «Men bu oçerkler türkmen topragy- ny, türkmen edebiýatyny belent derejä ýe- tirýän söz ussatlaryny eý görýän wepadar dostuň gyzgyn ýüreginiň joşgunly sesidir diýip aýdasym gelýär...» diýeninde müň ke- ren mamlady. Aborskiniň özüme ýadygärlik beren «Душа брата» («Dost kalby») kitabynyň sahypalaryny agdaryşdyryp çykýaryn. On- da alty sany ýatlama ýerleşdirilipdir. (Ata Gowşudow, Durdy Haldurdy, Agahan Dur- dyýew, Nurmyrat Saryhanow, Gurbannazar Ezizow bilen Ýuriý Rýabinin baradaky ýatla- malar). Ýöne kitap saldamly. Iki ýüz sahypa golaý. Ýatlamalar täsin wakalara baý. Olar- da gahrymanlaryň edim-gylymlary, döre- dijilik aýratynlyklary inçelik, beletlik bilen yzarlanylýar. Aleksandr Iwanowiçiň özi: «Şu ýygyndyma Berdi Kerbabaýew, Ata Salyh, Ýuriý Oleşa dagy hakyndaky ýatlamalam- my goşup ýetişmedim» diýip birhili ökünç- li gürläpdi. Ýöne birneme soňrak Moskwa- nyň «Советский писатель» neşirýaty onuň «Yza nazar aýlap...» atly kitabyny çapdan çy- kardy. Onda Aborskiniň özi baradaky ýatla- masyndan başga tanymal ýazyjy-şahyrlaryň ýene ýigrimi birisi barada ýatlama ýerleşdi- rilipdir. Emma, gynansak-da, ony Aleksandr Iwanowiçiň özi görüp ýetişmedi. «Душа брата» («Dost kalby») atly ýygyn- dyda Ata Gowşudow barada giňişleýin ma- kala bar. Onda ýazyjynyň ömri hem-de döre- dijiligi dürli tarapdan derňelýär. Dogrusy, ol kiçeňräk powesti ýatladýar. Aleksandr Iwanowiç Ata Gowşudowyň ömrüniň soňky on ýedi ýylynyň dowamyn- da onuň bilen yzygiderli gatnaşykda bolan- dygyny ýatlap, ýazyjynyň hüý-häsiýetlerini gahrymanlarynyň keşbinde-de görýärin diýipdi. Ata Gowşudow gülşüp-degişmäni, her dürli hokga çykarmany gowy görüpdir, hatda degişmede öz-özüni-de gaýgyrmandyr. «Onsoň Çüýşegöz, Wüşi kel ýa- ly gahrymanlary ýazyjynyň özüne-de çekip dur» diýip Aborskiý belläp geçipdi. Hawa, Aleksandr Iwanowiç häzirki za- man türkmen edebiýatynyň hazynasynda lowurdap duran lagly-merjenleri ýadygär- lik goýup gitdi. Onuň döredijiliginiň haýsy tarapyny alsaň alyp göräý, barysynyň gö- nezligi türkmen topragyndan tutulan. Rus gardaşymyzyň türkmen ýazyjy-şahyrlary- nyň ömri hem-de döredijiligi baradaky ýat- lamalary belli bir döwrüň özboluşly tary- hydyr, medeni gymmatlygydyr. Bu eserler mekdep okuwçylary, talyplar üçinem egsil- mez çeşmedir. Ömrüni türkmen topragyna örklän, dö- redijiligini türkmen topragyna baglan, yl- hamyny, zehinini, hyjuwyny türkmen iline bagyşlan Aleksandr Aborskiý hemişe ýüregi- miziň çuňňur ýerindedir. Onuň bitiren hyzmatlaryny nesiller unutmaz. Indiki berjek gürrüňim esasy gahryman- dan biraz sowa geçmegi mümkin. Ýöne onuň düýp-teýkary, süňňi ýene öz-özünden Alek- sandr Iwanowiçli waka sepleşip gider. Men Aleksandr Iwanowiçiň ýakyn gatna- şykda bolan dostlarynyň biri, ýazyjy Wa- siliý Iwanowiç Şatalowy gowy tanaýaryn. Olam Türkmenistanda ýaşan rus ýazyjyla- rynyň biri. Ikinji jahan urşuna gatnaşyp, ýa- radar bolup gaýdyp gelen. Birnäçe kitabyň awtory. Ýaşulurak nesliň okyjylary onuň türkmen tebigaty baradaky gyzykly çeper ýazgylaryny bilýändir. Aleksandr Iwanowiç türkmençe düşünýärdi, ýöne gowy gürläp bilenokdy, Wasiliý Iwanowiç türkmençe dü- şünýärdem, gowy gürleýärdem. Redaksi- ýa ýanymyza gelende köplenç türkmençe gepleşerdik. Olam dosty ýaly myhmanparaz adamdy. Günümize goýman, öýüne çagy- rardy, hezzet-hormat ederdi. Men onuňam birgiden makalasyny, oçerkini, hekaýasyny türkmen diline geçiripdim. Wasiliý Iwanowiçem gürrüňçi adamdy. Ol ýazyjy-şahyrlar Durdy Haldurdy, Rehmet Se- ýidow, Ýuriý Rýabinin, Güseýin Muhtarow, Ata Gowşudow, Pawel Karpow, Pomma Nur- berdiýew dagy bilen Aborskilerdäki şowhun-şagalaňly oturylyşyklar barada gyzykly gürrüňler berýärdi. Bir gezeg-ä redaksiýada, çaý başynda söwer dosty bilen baglanyşykly wakalary ýatla- nynda, birhili, aýtmasyzrak zatlary- da dilinden sypdyryp, ýüregini gowzatdy: — Uzak ýyllaň dowamynda biz juda ga- dyrly gatnaşdyk. Henize-bu güne çenli men ony ilkinji edebi halypam hökmünde ýatla- ýaryn. Şeýle bir waka boldy. «Köpetdag» al- manahyny çykarmaga taýýarlyk görülýädi. Ony düzýänem Aborskidi. Ol maňa ýazyjy Baýram Gurbanowyň hekaýasyny terjime et- megi tabşyrdy. Terjimämi okabam, bir bellik etdi: «Sen, ynha, şu taýda tut hakynda gür- rüň edýärsiň. Ýöne bärde tuduň ysam gele- nok. Şekillendirip ýazmaly ahyry. Ony bol- manda okyjynyň göreri-bileri ýaly, o:t ýada şoňa meňzeş bir zat bilen deňeşdirler». El- betde, ol mamlady. Soň bu terjime hekaýam birnäçe gezek gaýtadan neşir edildi. Bir sa- par-a Aborskiý meni gara çyny bilen dalady: «Geň zat. Sen öz gahrymanlaňňyň barysynyň birmeňzeş hereket edýändiklerini duýaňok- my?». Ýöne ol şowly çykan eseriňi göräýse, muňa çaga kimin begenerdi, öwgiňem ýeti- rerdi. Ynha, «Uzboý» atly goşgymy okap, içki duýgusyny saklap bilmän, şeýle diýipdi: «A- how, sen munda üýtgeşijek bir tär-ä ulanyp- syň!». Terjimeçi hökmünde Aborskiniň at- abraýdan ýüki ýetikdi, hatda başga birleriniň şowly çykan terjimeleriniň-de şonuňkydyr diýdirýän uçurlary gabat gelýärdi. Bir gezek ýazyjy Beki Seýtäkow «Туркменская искра» (häzirki «Нейтральный Туркменистан») gazeti üçin «Doganlar» romanyndan bir bö- legi terjime etmegi haýyş etdi. Ony rus di- line geçirdim. Elli sahypa töweregi çykdy. Terjimäni gazetiň redaktory Nikolaý Iwano- wiç Putiline elin eltip berdim. Eserden bölek tutuş hepdäniň dowamynda gidäýdi öýdýän. Şundan soň köçede şahyr Georgiý Nikolaýe- wiç Weselkowa sataşdym. «Men «Искра»- daky terjimäňi okadym — diýip, ol ýüzüme dikanlap seretdi. — Seň adyň duran iň soň- ky bölege gelinçäm şuny Aborskiden başga adam terjime eden däldir diýen pikirdedim». Şujagaz belligiň özi-de meň üçin ýakymlydy hem-de köp manylydy. Aborskiniň aramyzdan gidenine bäş ýyl dagy geçipdi. Günlerde bir gün iş otagyma Wasiliý Iwanowiç geldi. Men Aborskiý bilen Şatalowyň dostlugynyň sowaşandyklary- ny onuň öz agzyndan eşidenim ýadymdady. Şonda-da onuň taryna kakyp gördüm: — Wasiliý Iwanowiç, gazetimiz üçin Aborskiý barada ýatlama ýazyp bermersi- ňizmi, dostuňyzyň aramyzdan gidenine bäş ýyl bolaýypdyr... Yzyny aýtman dymdym. Sypaýyçylyk bilen ýüz öwrer öýtdüm. Çakym ters çykdy. Gö- wünjeň razylaşdy. Birmahalky kinäni ýuwu- dandygy görnüp durdy. Gaýtam: «Aborskiý hakda näçe ýazsaň azdyr! — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. — Ýaşlaň halypasy hökmün- de-de, edebiýatçy hökmünde-de onuň ýeri oýulyp dur. Häzir-ä şoň ýaly terjimeçi gaty seýregem. Biz dagy onuň ýanynda wiýtjik. Türkmen edebiýatyny wagyz etmekde hem- de dünýä ýaýmakda şondan uly hyzmat biti- ren adam azdyr. Bardy-geldi Aborskä umu- my baha kesilse, onda ol özboluşly, aýdyň şahsyýetdi, giň rus adamydy...». Ýeňsäňi tüňňerdip ýörmän, öýke-kineden belent bolmagam başarmak gerek. Wasiliý Iwanowiç kän uzaklaşman Aborskiý hakyn- da ýatlama ýazyp getirdi. Şatalowyň söwer dostuna nähili hormat goýýany onuň ma- kalasynda aýdyňdan-aýdyň görnüp durdy. Men ony höwes bilen türkmen diline geçir- dim. Ýatlama gazetiň ýarty bölegini eýeläp, ýalpyldap çykdy. Wasiliý Iwanowiç ýatlama- synda, Aborskiý barada bize beren gürrüňle- ri bilen birlikde, başga-da gyzykly wakalary mysal getiripdir. Ol dostuny soňky sapar gör- şüni şeýle ýatlaýar: «Aborskini iň soňky ge- zek Respublikanyň Ýokary Sowetiniň mejlis- ler zalynda, Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň segsen ýyllygy mynasybetli geçiri- len dabarada gördüm. Ikisi aýrylmaz dostdy. Aleksandr Iwanowiç onuň eserlerini terjime etmek bilen Saryhanowy arşa galdyrypdy. Aleksandr Iwanowiçiň haly teňdi, gözleri ha- lys kütelipdi, küýkeripdi, boýy mazaly gys- galypdy. Halaýyk onçakly köp däldi. Agramly bölegi ýaşlardy. Saryhanowyň gyzy Abors- kiniň goltugyndan tutup, ony münbere alyp barýardy. Birwagtlar Aborskiý gepe örän çe- perdi. Ähli gurultaýlarda hem-de ýygnaklar- da çykyş ederdi. Şu saparam ýüregi bilen, ja- ny-teni bilen gürledi. Ýöne demi ýetenokdy, onsoň zol-zol sesi ýitip gidýärdi...». Hawa, Aleksandr Iwanowiç bilen bagly birgiden wakalary ýatlap geçdik. Megerem, okyjylaram onuň türkmen halkynyň, türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren hyzmat- lary bilen azda-kände tanşan bolsalar gerek. Şunlukda, ýazga nokat goýaýsaňam boluber- jek ýaly. Ýöne, gadyrdan okyjy, siz unudaňkyrlasaňyz-da, men ýadymdan çykaramok. Makalamyň başynda Aborskiniň öz kitaby- na ýadygärlik ýazgysyny ýazyp, maňa sow- gat berşini, şol ýazgynam bolşy ýaly mysal getirip, ony türkmençä geçirmegiň ýeňil iş däldigini gep ugruna ýaňzydypdym. Ony ter- jime etmegiň aňsatja «tärini» tapandygymy- da aýdyp geçipdim. Eýsem, şol «aňsat tär» diýilýäni näjüre zat? Men gürrüňi edilýän ýadygärlik ýazgysy- ny göçürip aldym-da, işdeş ýoldaşlarymyň, kärdeşlerimiň üç-dört sanysyna paýlap, ony türkmen diline geçirip bermeklerini haýyş etdim. «Biziň çakgan ruhumyzyň hatyrasyna — işde hem durmuşda çakganlyk arzuw edýärin. Hiç zada bagly bolmadyk göwündeşlik bilen A. Aborskiý». (Jumageldi Mülkiýewiň terjimesi). «Işjeň ruhumyzyň — işdäki we durmuşdaky işjeňligimiziň hatyrasyna. Hiç zada dahylly bolmadyk dostluk duýgusy bilen, Size hormat goýýan A. Aborskiý». (Baýramgeldi Aliýewiň terjimesi). «Biziň ruhubelentligimiziň — işdäki we durmuşdaky ýanbermezligimiziň hormatyna! Hiç bir erke boýun egmeýän erkek kişiniň mertlik hem-de raýdaşlyk duýgusy bilen A. Aborskiý». (Aman Goşaýewiň terjimesi). «Biziň ýanbermezligimiziň — durmuşdaky hem işdäki gujurgaýratymyzyň hormatyna. Erkek kişiniň hiç zada tabyn bolmaýan raýdaşlygy bilen Tüýs ýürekden, A. Aborskiý». (Maksat Bäşimowyň terjimesi). Terjimeleriň hiç biriniňiň kösti ýok. Dogrusy, olaryň haýsysyny bijebaşy etjegimem bilemok. Hersi öz ýerinde ýerlikli! Terjimeçiler ýadygärlik ýazgysyny sözme-söz yzarlaman, ondaky pikiri bermäge çalşypdyrlar. Rusça nusgasy güýçlümi ýa-da türkmençe nusgalary? Belki, türkmençe nusgalary rusça nusgasyndan zyýat çykandyr? Niýetim bulary seljermek däl. Meniň iki sözlem terjime arkaly terjimeçilik kesp-käriniň nähili özboluşly, çylşyrymly, şonuň bilen birlikde-de hupbatly, jebirli sungatdygyna ünsi çekesim geldi. Terjimä terjimeçileriň her biri özüçe çemeleşýär. Terjimeler aňsat-aňsat sözmesöz gabat gelmeýär. Bu sungatyň lezzeti-de, gyzygy-da şonda! Özüme ýazylan ýadygärlik ýazgysyny özümem türkmençä geçirmäge synanyşdym. «Biziň pälwanlarça gujur-gaýratlylygymyzyň — işde-de, durmuşda-da şonuň ýaly bolmagymyzyň hatyrasyna. Hiç zada bagly bolmadyk dostluk mähir-muhabbeti bilen — A. Aborskiý». Şunlukda, makalamyz paýawlaberdem. Onda türkmeniň «ody bilen girip, küli bi- len çykan» Aleksandr Iwanowiç Aborskiniň ömür hem-de döredijilik ýoluny yzarlamaga, onuň terjimeçilik işine baha bermäge syna- nyşdyk. Iň soňunda-da onuň sowgat beren kitabyndaky ýadygärlik ýazgysyny üýşüp terjime etdik. Sözümizi terjimeden başladyk, terjime bilenem gutardyk. Iki jümle terjimäni her bir okyjynyň özüçe terjime etmäge «hakynyň» bardygyny-da söz ugruna ýatladýarys. Makalany «Aleksandr Iwanowiçiň orny mydama türkmeniň töründedir» di- ýip jemläsim gelýär. Çary GELDIMYRADOW #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |