16:15 Aýtsañ maña birje hoş söz... / hekaýa | |
AÝTSAŇ MAŇA BIRJE HOŞ SÖZ...
Satiriki hekaýalar
Öýe gelip, egin-başlarymy çykaryp durkam, aýalym maňa: – Ýap-ýaňyja Ata «Toý edýäs. Baýram geldigi barawersin» diýip sargap gitdi – diýdi. – Toý edýän bolsalar gaty gowy, barsak barybereris. Ilki bir ajy gök çaýdan keýpi kökläli – diýip, men arkaýyn gürledim. Çaý goýmagy kyn gören aýalym daşymdan aýlanyp başlady: – Çaýy toý ýerine baryp, şagalaňyň arasynda içseň gowy bolmazmy? Aýdymçylaram gelipdir. Aýdym-saz diňläp çaý içseň, lezzeti bir başga bolar. Ertirden bäri mikrofonlaryny sazlaşyp taýynlyk görüp ýörler. Mikrofonly, usilitelli bagşylar hakda eşiden badyma endamym tikenekläp gitdi. Aýalym çaý goýmaga, ýetişmänkä, endamyma şagga der geldi. Bu günüň ukusynyň harama çykjakdygyna açyk gözüm ýetdi. Uly bir howpuň öňünde duran ýaly galpyldadym. Çaý bilenem serim bolman, tirsekläp ýatan ýassygyma kellämi goýdum. Ýaňy ymyzgananym hem şoldy welin, aýylganç jykyr-jykyra zöwelenimi özümem duýman galypdyryn. Nämäniň-nämedigini aňşyrmaga ýetişmänkäm, «Pikir beriň! Pikir beriň!» diýen zorruk ses tutuş obany sarsdyryp gitdi. Ol ses kellämiň içinde tüpeň atylana dönderdi. Iki gulagymdanam şampan şerabynyň dykysy atylyp giden ýaly boldy. Häzir iki gulagymyňam agzy tütäp durandyr-ow diýen duýgy döretdi. – Pikir beriň! Pikir beriň! – diýip, sakynyň sesi ýagmazak bulut ýaly howany elendirip gübürdeýärdi. – Adamlar, iýip-içip, keýpiňizi köklän bolsaňyz, aýdym-saz diňlemeli diýen teklip bar. Kimde-kim şoňa garşy bolmasa, elini-aýagyny galdyrsyn. Wiý, bagyşlaň, diňe elini galdyrsyn... Hawa, garşy ýok diýseňizläň. Gaty gowy-da. Eýle bolsa men sizi dünýä belli aýdymçylar ansamblymyzyň hormatly çlenleri bilen tanyş edeýin. Aýdym aýdýan Aman Batyr ogly. Bäş ýüz toýy başdan geçiren. Depçi Nyýaz Berdi ogly. Iki gezek iki ýüz elli toýy sowan adam. Surnaýçy, ýagny tüýdükçi Bäşim Şaly ogly. Onuň hem ýoldaşlarynyňky ýaly baý tejribesi bar. Hany onda, ýigitler, başlalyň! Aýdym-sazyň batly owazy ýaňlanyp gitdi. Toý ýerinde asylan usilitelleriň iň soňky derejesinde açylandygy sebäpli, köçäniň aňry çetinden gelýän aýdym sesi edil gulagymy deşip gelýärdi. Men dişlerimi mäkäm gysyp, gulagymyň üstüne ýassyk goýdum. Bu-da peýda etmedi. Edil gulagymyň içine kyrkaýak girip gorjalap duran ýalydy. Birden duman sowlan ýaly bolup, aýdymçynyň sesi kesildi. Ýöne şobada ýene sakynyň sesi ýaňlandy: – Adamlar, makul bilseňiz, ýene-de bir teklip bar. Meniň ýüküm ýeňlän ýaly boldy. Aýdym-sazy bes etjekdirler-ow diýip, göwün ýüwürtdim. Tamam çykmady. Saky ardynjyrap, ýene-de wazur-wuzuryny dowam etdirdi: – Asmandan bir teklip gowuşdy. Ýigitlerdir gyzlaryň tans edip, göwün solpusyndan çykasy gelýärmiş. Şondan ötriki, men hormatly ansamblymyzdan bir oňat tans sazyny çalyp bermegini haýyş edýän. Goý, ýigitlerdir gyzlar Ata janyň toýunda owlak kimiň bökjekläp, hezil edinsinler. Näme-nämeler bolanyna düşüner ýaly bolmady. Güpürdi artdy. Tüýdük edil içi gyjyklanýan ýaly çabalanyp başlady. Şobarmana sazyň gapdaly bilen aýdymam ýaňlanyp başlady. Bu güpür-tapyr, zygyldy, uwwuldy ýatar ýerde ýatmady. Özem daşardan eşidilmän, edil kellämiň içinde güwläp duran ýalydy. Men öýümizdäki ýassyklaryň baryny kelläme münderledim. Peýda etmedi. Ýorgana bürendim. Peýda etmedi. Aýdymçynyň sesi şol beýnimiň içinde güžžüldäp dur. Aýtsaň maňa birje hoş söz, söýgülim, Suwa urup, hökman gury çykaýyn. Asmanda awara bolup, söýgülim, Getireýin ýyldyzlaryň ählisin. «Wah, seniň nirede «awara» däl-de, «owarra» bolmalydygyňy bilýän-le welin» diýip, dişimi gyjaýaryn. Gulaklaryma pagta dykyp gördüm. Hiç peýda etmedi. Uzakly gijäni çarp urup, togalanyp geçirdim. Daň agaran soň aýdym sesi kesildi, menem boşluga güwläp giden ýaly usurgap galypdyryn. Ir bilen aýalym oýardy. Bir-iki sagat ýatanyň bilen ukyny alyp bolýamy näme! Gözlerim awyşap, beýnim sarsyp durdy. Ertir çaýym içime gitmeýän ýalydy. Birdenem elim diýen etmän, elimdäki käsäm ýere gaçyp, çym-pytrak boldy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly edil şol pursat körpeje gyzym ellerini kelemenledip: Aýtsaň maňa birje hoş söz, söýgülim, Suwa urup, hökman gury çykaýyn – diýip, aýdyma hiňlenmäge durdy. Bokurdagyma bir zat tegek bolan ýaly ýuwdundym. Gözlerimi alardyp gyzyma azgyryldym: – Dagy-duwara meň ýanymda şunuň ýaly aýdym aýdaýmagyn... Hiç zada düşünmedik gyzym gözlerini elek-çelek etdi. Geň galyp, ýüzüme seretdi: – Men ony toýda öwrendim-ä. – Gaýdyp, şunuň ýaly aýdymy öwrenme-de, aýtma-da. Keýpsiz halda işe ugradym. Köçä çykanymam şoldy welin, duşumdan ylgaşyp geçen iki sanjak oglanjyk: Aýtsaň maňa birje hoş söz, söýgülim, Suwa urup, hökman gury çykaýyn – diýip, şol ýigrenji aýdyma hiňlenip başladylar. Aňrym bärik gelip, tüýkürinjiredim. Uzakly gün işde-de keýpim bolmady. Gelýärkäm ýene-de öýmüziň golaýynda bir topar çaganyň üýşüp duranyny gördüm. Birdenem olar şol aýdyma başladylar: Aýtsaň maňa birje hoş söz, söýgülim... Biri kelläme tokmak bilen tokuladan ýaly boldy. Soňra nämeleriň bolanyny bilemok. Özüme gelip, gözlerimi açanymda görýän zatlaryma ynanmajak boldum. Men keselhanada düşek üstünde ýatyrdym. Bir topar egni ak ýektaýly gelin bolsa krowatymyň daşyny gallap durdy. Birdenem gulagyma aýdym sesi gelip başlan ýaly boldy. Men ýene-de özümden gidipdirin... Çary GELDIMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |