10:05 Bapba aga däliräpdir / hekaýa | |
BAPBA AGA DÄLIRÄPDIR
Satiriki hekaýalar
Uly iliň başyny çaşyran bu waka şäheriň gyrak-bujagyndaky gadymdan oturymly obalaryň birinde bolup geçdi. Küren obanyň adamlary ata-babadan barşyp-gelişýärdiler. Bu ýerde gundagda ýatandan tä hasasyna süýrenip ýörene çenli tanalýardy. Sähel kadadan çykaýdygyňam, derrew köpüň agzyna düşersiň. Ýaşulysyna çenli başyny ýaýkar oturar. Bapba aganyň gepe galyşy beýlekileriňem çaky bolmady. Sypaýyçylyksyz-beýlekisiz gös-göni: “Ahyr ýaşda Bapba aga pahyram däliräýipdir-ow!” diýäýdiler. Dogrudanam, ýetmişe ýeteňkirlän gojanyň, gel-gel beýdäýmegi halaýygy ör-gökden getirdi. Bapba aga küje, däliremek küje! Bütin ömrüne kolhozyň dowaryny bakyp geçiren, sylag-serpaýa gezek gelende-de ilki ýatlanylýan sähraýydan sada kişiniň birden bire beýle “işini bitiräýmegi” akyla sygjak zat däldi. Diňe gözüň bilen görüp, gulagyň bilen eşitmelidi. “Il agzy - keramat”. Bujagaz myş-myşlaryň jany ýogam däldi. Obadaşlary-ha däl, hatda öýdäkilerem Bapba aga zynjyrlaýmaly bolmasa-da, bäri ýanyrak edip goýdular. Muny her kim birhili ýorýardy: “Giň sährada agaýana gezip, içini hümledip ýören adama köpçülik ýakan däldir. Ony ýene sähra ibermeli. Göwni göterilip, derrew açylyşaýar...” Garaz, “garaz göherdiň” ýüki ýetirilibilipdi. Onsoň, döwletli maşgalanyň arasyna-da dowul düşdi. Şähere gatnap işleýän ogly Welleg-ä, eger kakasy düşünenliginde, gönüläýdem: “Kaka, senem indi gojalyp ugrapsyň... Özüňi oňa-muňa görkezmek niýetiň bolsa, guk diýäý... Elinjek eltip-getirin...” Bapba aga oglunyň sypaýysyramasyny nädürsräk görendir-dä. Ömründe ynjytmadyk ogluna bir tüýsüni edip gyňraldy welin, Wellek aýdanyna puşman etdi. Gojanyň gözlerine gan öýensoň, ozal gutarnykly dälirändigine känbir ynanasy gelmeýän perzendiniň indi kiçijik umydam tozga ýaly pytrap gitdi. Gahary gelen kakasynyň duluklarynyň damarlary zol-zol dartyldy durdy. Onuň derdini beterledäýerin öýden ogly gaýdyp dil ýarmady. Däli atasynyň igenjini welin eşitdi: “Oglum, hyşy-wyşyňyzdan irdim. Oňa-muňa görünmeli wagtyny özüm ýagşy bilerin! Indi basybilmeýän ýagyňyz men bolaýdymmy? Häý, diýmäýin diýsem...” Üns berip görseň, akyly ýerinde ýalam. Ýöne gojanyň gamyş ganat agtyklary bilen magnitofonda zorruk aýdymlary aýtdyrmany intipis edip ýörmesine birjigem pisindiň oturar ýaly däl. Ýeri, jowur sakgalyňy sallap, iki sany burny pyşgalydan magnitofonyň onsy näme, munsy näme, lentasyny nirede goýmaly, aýdymy nätdirip ýazmaly, nätdirip bozdurmaly diýip nekirtläp oturmak uslypmyka? Ustesine, kelpeň ýaş-ýeleňlereiň diňleýän bimany, şowhunly sazlaryna çyny bilen üşerilmegi myrryhyňy tutdurjak. Özem uzakly gün agtyklary bilen dalbaryň aşagynda. Köçeden ötüp geçýänleriňem gözi şolarda. Bir zady bahanalap, ýörite ýaşulynyň ýanyna sowulýanlaram bar. Bolgusyz aýdymlary şowhun bilen diňläp oturan adama olar akylyndan azaşypdyr diýmän, dagy asmandan inen ak perişde diýsinlermi? Soňky günler bapby agany diňlemäge gelýänler hasam köpeldi. Agtyklary bilen çörňeşip, magnitofony söküp-düzüp ýören adamyny görüp, olaryň goja nebsi agyrýardy: “Pahyry şeýtan azdyrypdyr!” diýip, ýakasyny tutup, toba edişip ýören kempirlerem bardy. Garaz, ömründe lakamy tutulmadyk adam ýetmişden agyp, lakamly boldy. Onda-da nä lakamly! Günlerde bir gün Bapba aga şähere şaýlandy. Oňa-muňa gidende agtyklaryny yzyndan aýyrmaýan adam, näme üçindir, bu sapar dürli bahanalar tapyp, täk özi gitdi. Agtyklaryna söz berşi ýalam, bir gün geçirip, yzyna dolandy. Howla girse-de, öýe gireýin, çaý içip, özümi raslaýyn diýmedi. Donuny çykaryp, iki epläp, erigiň şahasyna atdy. Telpeginem donunyň üstünde goýup, tahýaça galansoň, ullakan ýaglygy bilen derini syldy. Gapdalda goýan gadymkyja gaýyş korzinkasyny eline alyp, agtyklarynyň adyny tutup gygyrdy: - Azat, Wepa! Balalary, hany, daşaryk çykyň! Bolsa-da, agtyklary öýde ekeni. Ikisi iki ýerden atalaryna aslyşdy. Goja olara süýji söz aýdyp, yzyndanam ýumuş buýurdy: - Hany, baryň, magnitofony çykaryň! Iki agtyk iki ýerden jedirdedi: - Ata, magnitofonyň kassetalary ýog-a! Sen gideliň bäri gözläp, tapmadyk. Bapba aga myssa ýylgyrdy: - Bar, magnitofony getiriň. Galamasynyň işi haýyr. Magnitofony derrew getirdiler. Bapba aga agtyklaryny daşynda oturtdy. Hersiniň ýüzne-de taýly gezek seretdi. Näme üçindir, bu gün gojanyň howalasy belentdi. Şu wagt nurana ýüzli kişä däli diýmäge diliň barjak däldi. Bapba aga korzinkasynyň syrmasyny çekip, içinden kassetalary çykardy-da, ýaşyna mahsus agras gülümsiredi: - Köşek, hany, şuny aýtdyryp goýber! Şanazar atalaňňyzdan ýörite siz üçin ýazdyryp gaýtdym... Hezil edip diňläliň. Agtyklarynyň garagol gözleri ýaldyrady. Atalary ýörite iş edinen bolsa, diýmek ýazgylaryň yrýasy bolmaly däldi. Magnitofonyň nurbaty buruldy. Dutaryň ýüregiňi ersdiriji owazy tereň derýa kimin joşup ugrady. Bapba aganyň damarlaryndaky gany tämizlenip, bedenine süýjülik suwy aralaşan dek boldy. Agtyklarynyň ikisem üşerilişdi. Ýogsa, olar munuň ýaly sazy häli-şindi radioda-da diňleýärdiler ahyry! Ýa ozal beýel süýjüdip diňläp görmedilermikä? Nämesindendigi belli däl. Oglanlaryň galagoplugy barha artýardy. Şabram-şabram şelpeler, müň dürli jadylaýjy öwrümler iniň jümşüldedip, depe saçyňy düýrükdirýärdi. Oglan ýürekleri tirpildäp, nämälim, ýöne tämiz duýgy endama ýaýraýardy. Ikisiniňem häzir geplemäge rowgaty çatanokdy. Artykmaç sowal berdikleri ullakan bir günä edäýjek ýalydylar. Bapba aga erige ýaplanyp, gözlerini çala süzgekledip, mukamyň owazyna örklenipdi. Bir saz gutarynça Bapba aga ömründe gören ajy günlerinem, süýji günlerinem bir howa täzeden başyndan geçiren ýaly boldy. Ýukalan ýürek azajyk ejizledi. Töwereginiň ýygyrdy köpelen gözlerinde nem göründi. Saz – saz-da! Demir ýüreklerem eredip goýberýär... * * * Şundan bäri niçeme ýyllar tirkeş gurap, geçip gitdi. Bapba aga görgüli ýurduny başgalady. Ýöne onuň şol Şanazar agalardan ýazdyryp alan sazlary bu döwletli maşgalanyň iň mukadde sgörýän zatlarynyň birine öwrüldi. Bu ojakda begenilende-gynanylanda şol mukamlary diňlemek endige öwrülip gidipdir. Bapba aga dirikä-de abraýdan ýüki ýetik adamdy. Ölenine esli wagt geçse-de,, onuň “dälireýşi” il-günüň dilinden düşenok. Indi ýerine düşse-düşmese, oba adamlary: “Gürrüňe galanyňda-da, däliräniňde-de Bapba aga ýaly däliräýseň!” diýmäni nysak edinipdirler. Çary GELDIMYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |