16:48

Ojaklar öçmesin!

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 449 | Добавил: Bagabat | Теги: Çary Geldimyradow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Halypalarymyň biri, obadaş şahyrymyz, kän ýyllap ilki "Ýaşlyk“, soň "Güneş“ žurnallarynyň baş redaktory bolup işlän, şahyr, "Yzmykşirli agsak goja“ atly, meşhur din hadymy, musulman pelsepeçisi, pir Mahmyt Zamahşary baradaky romanyň awtory, ömrüni diňe dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda zähmet çekip geçiren, Şadurdy aga pahyr (Şadurdy Çarygulyýew), göwnigysyklara göwünlik bermek üçin, öwran-öwran: “Bizi içimizden-daşymyzdan ýakjak bolup dert-azara galýarlar. Bizem-ä, şol bizi ýakmakçy bolýanlaryň içjagazyny ýakyp, ýanmajak bolarys!” diýerdi.

0
2 Bagabat  
43
1998-nji ýylda, “Güneş” žurnalynyň redaksiýasyna, şol žurnalyň redaktory Şadurdy aganyň (Şadurdy Çarygulyýewiň) ýanyna barypdym. Hiç kime bildirmän diýen ýaly ýazyp ýörenime :-) 5-6 ýyl bolanam bolsa, Ilkinji gezek haýsam bolsa bir redaksiýaň işiginden garaýşymdy. Şonuň yz ýanam ilkinji hekaýam “Gündelik”, “Güneş” žurnalynda neşir edilipdi.

0
3 Bagabat  
43
Mundan 10-12 ýyl ozal, Şadurdy agaň, pensiýa çykan wagtlarydy.
Bir günem bende öz ulagy bilen öýüme gelipdi. Dynç günüdi. “Mellegiňe göçüpsiň diýip eşitdim. Oba ýerinde gapyň bagsyz bolsa gelişmiýä. Birtoparam ownuk çagaň bar. Gögertseň, iýerler, hezil ederler. Iň bolmanda, özüň iýesiň gelse, satyn almaly bolub-a ýörmersiň. Men-ä gapymy hurmadan doldurdym. Ýör, gideli Teke bazarda gaty halallyk bilen hurma nahalyny satýan Gökdepeli daýza bar. Tüweleme, eli ýeňil, şondan satyn alyp eken hurmamdan birjigem öçmedi. Senem al, menem ýene-de alaýyn” diýip, menem alyp gitdi.
Baryp, özüniň diýýän “daýzasyny” tapdy, tanyşdyrdy. (Ýogsa ol gelneje Şadurdy agaň özünden kän ýaşdy :-). Endikdir-dä. Bazarda zat satýan zenan görse “daýza” ýaly bolup durandyr-da. “Är garrar göwün garramaz” diýlenem bir zat bar. Erkek kişi näçe ýaşasa-da, hemişe özüni şol öňki oglanjyk hasap edip ýörýän bolsa gerek:-)).
Soňam şol gelnejäň ýanynda oturyp, maňa köküni çalaja gazap görüp, “diri” hurma nahallaryny saýlamagy öwretdi. Özi söwdalaşdy, özi “Birbada köp alýas-a-how, jan jigi!” bahanasy bilen nyrhy birneme aşak düşürtdi (Bar düşürden nyrhyna ýogsa şo wagt, çagalara bir gysym süýjem düşjek däl-le welin, elbetde ýaşulyň özi söwdalaşmaga keýp edýändir-dä :-)).
Soň yzymyza, şäherden oba gaýdyşyn, ulagyny endiganja, äwmän süren bolup barşyna, hurmany nädip, nähili ekmelidigini hetjikläp-hetjikläp öwretdi. Soň ilki Şadurdy agaň howlusyna baryp, dostum bilen onuň hurmalaryny ekişdik. Soň öýüme gelibem özümiňkini ekdim...
Hurmalar gögerdi.
Hezilem edýäs, çagalaram, özümizem...

0
4 Bagabat  
43
Ýalňyşmasam, Şadurdy aga "Yzmykşirli agsak baba" romanyny ýazyp tamamlamaga-da ýetişmedik bolmaly...

0
5 Bagabat  
43
Gyzyklanyp görmämsoň, bilemok, başga musulman halklarynda şeýle däp-dessur barmy-ýokmy, ýöne biziň halkymyzda bir dessur bar. Gonamçylykda merhum bende depin edilip, aýat-doga okalyp, turulmakçy bolnanda, obaň mollasy ýa-da iň ýaşuly kethudasy: "Adamlar, amanat eden bende nähili adamdy?!" diýip gygyrýar. Hemmelerem: "gowy adamdy"-da "gowy adamdy" boluşýarlar.
Göz öňüne getiriň ýüzlerçe erkek kişi, täze mazaryň töwereginde, ep-esli meýdana ýaýrap otyrlar.
Aksakgal ýaşulam sowal berýär:
-Adamlar! Merhum pahyr nähili adamdy?!
-Gowy adamdy...
-Adamlar! Merhum pahyr nähili adamdy?!
-Gowy adamdy...
-Adamlar! Merhum pahyr nähili adamdy?!
-Gowy adamdy...
...Elbetde, her kesem düşünýär, köpçülikde, mähellede hiç kimem şol jaýlanan görgüli ýerindengelme biderek adam bolsa-da, daşyndan, sesli: "erbet adamdy" diýmejegine. Bu bir halkymyzyň özboluşly manysy bolan gadymy däbi.
Onuň manysam - ýogalanyň bu dünýädäki gowy-erbet ähli işlerini bu dünýäde - dirileň arasynda galdyryp, onuň bilen yrzalaşyp, aýady jahandan gaýyby jahana ony algy-bergisiz ýollamak, onuň dirilikde gaýran ýagşy-ýaman işleriniň hasabyny, onuň özi dek çig süýt emen adam bolup bu kämil däl dünýäde soraman, bakylykdaky kazylyk hakyny Hakyň ygtyýaryna tabşyrmak.
"Allaň özi haklaşsyn!", "Alla tabşyrdym" diýmeýärmi, türkmenler?!
Ýöne şonda-da, kiçi dilden bärde bolsun, tüýs ýürekden bolsun, öwlüýäde üç mertebe şol: "nähili adamdy" diýen sorag ýaňlananda, merhumyň özi ýa-da töweregindäkiler babatda bitiren haýru-şer işleri dem salymda gölegçilerden her biriniň iň bolmanda hakydasyndan-a zymdyrylyp geçýän bolmaly.
Çünki adamyň beýnisi - assosiatiw laýyndan eýlenen. Nämedir bir zada dahyllylykda sähel wagtyň içinde müňlerçe hadysalaň, pikirleň, duýgulaň zynjyryny sepläp-seljermäge ýetişýär.
Bu uzyn moh-mohuň gysga juk-jukuny aýtsam, göwnüme bolmasa, ynsanyň ömrüniň soňky nokadynyň şol üç gezek gaýtalanýan sowal hem-de jogap bilen goýulmagynda özboluşly bir simwoliki many bar ýaly bolup dur...
-Adamlar! Şadurdy aga nähili adamdy?!
-Kiçi dilden bärde, il ýüzüne däl, hakykatdanam gowy adamdy...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]