15:24 Günlerimiz, ömürlermiz ötinçä... | |
GÜNLERIMIZ, ÖMÜRLERMIZ ÖTINÇÄ...
Goşgular
Günlerimiz, Ömürlermiz ötinçä Merjen dänesi deý düzülmelidir. Söýgüde duýgular bolmaly inçe, Çala galplyk etseñ, üzülmelidir. Söýginiñ derdine hormat goýmaly, Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz. Biz elmydam hesret çekip söýmeli, Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz! Ýene howa garalyp, ýagyş çisñäp başlady, Leýlisaçlar eda bilen saçlaryny çöşledi. Beýle pikir etmändim men bu golaýda, bu çakda, Birden agyr oýa batdym ölüm hakda, sen hakda. Oýa batdym: ýoklugymda öñküsi deý ýagar ýagyş, Gunçalañ agzyny açar, aýnamyza çeker nagyş, Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal, näzik şemal. Niçik oýa batarsyñ sen meniñ ýoklugymda şo hal. Geldi şonda göz öñüme bir perişan halyñ seniñ, Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyñ seniñ. Hesretiñ gara deñzinde gark bolup ýörüşiñ seniñ, Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görüşiñ seniñ. Diýdim şonda öz-özüme: ''Eý, ýok zatlañ pikrin eden, Heý, ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?'' * * * Maña Seniñ gözleriñden gitme ýok. Maña Seniñ sözleriñden gitme ýok. Düşün, bu dünýede soñky güne çen Seniñ şatlyk hem gussaña bagly men. Seniñ ýüpek gijeleñden gitme ýok, Seniñ aýdyñ gündizleñden gitme ýok. Bu garagol jahyllykdan giderin, Ol hasaly gojalykdan giderin, Çünki men olardan gitmän bilemok, Emma seniñ ykbalyñdan gitme ýok. Men zemin, Sen bolsa ullakan asman, Saçyñy nur edip üstüme dökýäñ. Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar: Saçlaryñ gar bolup üstüme ýagar. Şonda ak saçyñy sylyp ýüzüme, Gararyn belentden ýeriñ ýüzüne. Men bir gyzda gözleriñi görerin, Men bir gyzda sözleriñi görerin. Şapakda görerin ㅡ ýañagyñ alyn. Gijede görerin ㅡ ýañagyñ halyn. Synlap ýapraklaryñ ýüzünde derin, Onda seniñ gözýaşyñy görerin. Zemin aýlanyp dur. Oñatlyk örän! Hiç bir güýje oñ ýoluny tutma ýok. Dünýäñ her gülünde men seni görýän, Şonuñ üçin bu dünýeden gitme ýok. * * * Sen örtenme aýralykdan, ezizim, Bilýäñ ahyr gylygyny kärimiñ. ''Şol gidişi, köwlenmeýär öýüne'' Diñip, alyp durma öýüñ tärimin. Men ýetmän ölmerin seniñ ýanyña, Bararyn ajalyñ syrtmagyn kertip. Senden näçe menzil daşlaşan bolsam, Şonça-da señ bilen ýaşaryn artyk. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |