08:20 Guş dili / erteki | |
G U Ş D I L I
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda bir garyp adam bar eken. Onuň hem Şatlyk diýen bir ogly bar eken. Garyp iliň hyzmatyny edip, ogluny ösdürip, kemala getiripdir. Ol diýseň zehinli, bilesigeliji, akylly-başly çaga bolup ýetişipdir. Günlerde bir gün atasy ogluny ýanyna çagyryp: -- Şatlyk, oglum, senindi on ýaşadyň, beýleki oglanlar ýaly seniň hem bir ýerde okamagyň, sowat almagyň gerek. Nirede okasam, haýsy käri ele alsam diýýäň?--diýip, ogluna maslahat salypdyr. — Dogrusy, molla pul töläp okatmaga gurbum çatmaz, onda-da her edip-hesip ederin, seni sowatsyz goýmaryn. - Kaka, bilýäň-ä men bireýýämden bäri özbaşdak okamagam, ýazmagam öwrendim. Indi meniň guş dilini öwrenesim gelýär. Şondan başga arzuwym ýok.Men guşlar bilen gürleşip, guşlaň dünýäsinde ýaşasym gelýär - diýipdir. Garyp kän oýlanypdyr. Ahyrynda-da: --Oglum, “Akylly adam dil öwrener” diýipdirler. Gowy arzuwyň bar. Ýöne, men-ä henize-bu güne çenli guşlaň diliniň öwredilýän ýeriniň barlygyny bilemok. Ondan-mundan bir soraşdyryp göreýin—diýipdir. Ol oglunyň arzuwyny ýerine ýetirmek üçin köp ýerik aýlanypdyr. Munuň üçin köp adamlara sala salypdyr. Ýöne hiç ýerde guş dilini öwredýän mekdepdir adama sataşmandyr. Onsoň oglunyň arzuwyňy ýerine ýetirip bilmejegine kemsinip, mydama aglap-eňräp ýörer eken. Şol aglap-eňräp ýörşüne gözleri hem kör bolupdyr. “Ata, sen meni birjik-de gaýgy etmeli däldiň. Men guş dilini özbaşdak öwrenerdim” diýipdir-de, özüniň köp wagtyn gülälekli meýdanlarda, çemenzarlyklarda, guşlaryň iň köp bolýan baglarynda geçiripdir. Oglanjygyň yhlasy ýerine-de düşüpdir. Guşlaryň dilinde gürleşip bilmese-de, olaryň diline düşünip bilýändigine begenipdir. Bir günem ol agaç başynda üýşüp duran gargalaryň özara gürrüňlerini diňläpdir. Olar bir daýhan adamyň öýde ýok mahalynda onuň tohumlyk bugdaýyna çozmaga taýýarlanýan ekeni. Şatlyk eşiden gürrüňlerini öýe gelip atasyna aýdyp beripdir. Atasy hem daýhany bu ýagdaý bilen habarly edipdir. Daýhan munuň üçin olara bir gadak bugdaý eçilipdir. Şeýle günler gaýtalanyp durupdyr. Garasaý, Şatlyk guşlaryň söhbetini diňläp, ondan zyýan çekmändir. Gaýta, gün-güzeranlary kem-kemden gowulaşyp gidipdir. Ýöne birentek adamlar Şatlygyň guşlaryň diline düşünýändigine ynanmandyrlar. Şeýdibem olaryň aldawa düşen halatlary köp bolupdyr. Şatlyk welin bu pişeden birjigem el çekmändir. Ýigit çykansoňam guşlaryň ýanyndan aýrylmandyr. Başga bir günem bir jübüt kepderiniň özara eden täsin gürrüňleri onuň durmuşyny bütinleý özgerdip oturyberipdir. Guşlaryň saba bilen duşuşyp duruşlary eken. --Ertiriňiz haýyrly bolsun, jora jan! --Sag bol, saňa-da haýyrly günler! --Adamlaram hil-hil bolýar, jora jan, şeýle dälmi? Biziň howlusynda ýaşaýan adamymyz, hokurtga ýaly, iýenini-içenini bilenok. Doýdum-dolumy ýok. Ol aşa semizligiň saglyga ýetirýän zyýanyny bilenokmyka? Hakyt duranja bir ertekilerdäki Böwenjigiň bar-da! Ertirine ýeke özi tutuş bir gawuny käseläp iýýär. Öýlänem şeýle, agşamyna-da biri gerek. Bir gektaryň hasylyny ýygnap goýaýmasaň, o zaňňara gawun çydajagam däl. Onsoňam, şular ýaly kän gawun iýeniň dili süýjäýjek ýaly welin, muňk-a tersine, agzyna zakgun guýlan ýaly, adamyň ýüzüňe ajysyny pürküp dur. Ikinjidenem, hyrsyz. --Böwenjik diýeňde ýadyma düşdi, gyz. Gördüň-ä dünýäni ýalmap-ýuwdup gelýän Böwenjik, gel-gel bir garry mamadan ýeňilip oturyberipdir. --Adama akyl berlen, kim akylyny işledip bilse, almajak galasy ýok. Onsoňam seniň diýýän adamyňy menem tanaýan. -- Adam tanapsyň. Ýaramaz gylykly, oňşuksyz, özem hemişe ýersiz ýere käýiner, gyzmalyk eder, gahar eder. Miwesi ýygnalan ekinine welin serçe-de gonduranok. Gysganjyňam gysganjy. Epeý adam halyna eline kesek alyp guşlary kowalap ýör. --Senem oňa belet ekeniň-ow. --Ýogsam näme, onuň bilen niçe ýyllap goňşy bolup oturdyk. Hawa, hawa, ynan. Gohçulygy zerarly onuň bilen şu obada ine-gana düşünişip bilýän adam bardyram öýdemok. Her kes onuň ýanyna barmaga çekinýär.Ýöne, näme adam bar, adam bar. Bir adam bar guşlary awlap, güzeran görýär. Başga biri guşlary goraýar, elinden gelse, olara ideg edýär, hossar çykýar. Ine, şu görýän oglanyň bar, guşlary çyn dosty, guşlary hemişe gorap gezýär. -- Wah, adam dilinde gürläp bilmeýänime ökünip aňyrsyna çykyp bilemok. --Şony diýsene. Menem adamlaryň dilini öwrenip bilmänime gynanýan. Dogrusy, totuguşyňka gatnap adamlaň dilinde geplemäni öwreneýin diýsem, olam ähli harpy tananok eken, bary-ýogy adamlaryň aýdan sözlerini yzlaryndan gaýtalap bilýän diýýär. --Biziň ýabany totuguşlarymyz onça-da ýok, seniň gepläp bilýär diýýäniň adamlaryň kapasada saklaýan totuguşlarydyr. --Ýeri, jora jan, bar diýeli, sen adam dilinde gürläp bilýämişiňem-dä! Onuň saňa peýdasy näme? Olaryň çagajyklaram bizi görseler kowalap ýörler-ä. --Onyň-a dogry, ýöne, meselem, men käbir adama kömek ederdim. Meselem, ine, şu ýetim oglanjyga günde-günaşa duşýan, her göremde-de ýüregim awaýar. Ilki bilen şuňa kömek ederdim. --Nädip? --Görýäň-ä, hor-homsy ýaşaýar, üst-başam jinde-jala, köne-küşül. Köneje tamy bilen gözleri kör atasyndan başga zady ýok. Adam dilinde gepläp bilsedim, öňi bilen şu oglanyň atasynyň kör gözleriniň açylmagyna kömek ederdim. --Onuň emi näme? --Men ony bilýän. Adamlar bagymyzdaky ösüp oturan goja çynary mukaddes hasaplaýarlar. Ýöne olar çynaryň ýapragynyň suwuny sokur gözlere çalsaň, ýalpa açylýanyny welin bilenoklar. --Men bolsam oglana hazynaly ýeri salgy bererdim. Onsoň olar gurplanardy, bizem öz penalaryna alardy. Bilýäň-ä, adamlar üçin altyn-kümüşden gymmatly zat ýok. --Sen gyz, haýsy hazynaň gürrüňini edýäň? --Gaýraky, ulanyşdan galan gurruk guýy bar-a. Ana, şol guýyň içinde gömlen altyn-merjenli humlar bar. Döwlerden galan bolmaly. --Sen ony nireden bilýäň? -- Maňa garlawaçlar aýtdy. --Ol ýeri garaňkylyk, özem çuň, bu çepiksizje, hortaň oglanjyk o ýerlerik nädip ýürek edip barsyn? Seniňçe gorkunç dälmi? --Adam ogly güýçli jandar, gorkmany-ürkmäni bilenok, gözsüz batyr olar. Olaryň ýekeje zyňan kesegi gargalaryň müňüsini tozdurýar. Adamlaryň ýanynda guýa sallanmagyň näme kynlygy bar, biline uzyn bir ýüp daňyp, eli çyraly girer, wessalam, söz tamam. Humlaryň ählisini birden çykarjak bolmasyn-da, az-azdan daşabersin. --Seniň iýip doýmazak goňşyň görse näme, onuň elinden kakyp almazmy? --O diýýäniňem dogry. Ýöne hazynany ele salýançaň hiç kimiň ýanynda dil ýarmak bolmaz. Adam syr saklamaga ökde ahyry. -- Seniň aýdanyň dopba-dogry, jora jan, emma ähli zadyň welisi, emmasy bardyr. --O nämäniň welisi, o nämäniň emmasy? --Seniň adam dilinde gürläp bilmäniň hem gowy zat. Ýogsam, ol oglany sen eliň bilen göni ajalyň üstüne iberjek ekeniň. -- Maňa ýelli-ykly gürrüň gerek däl. Näme bolupdyr aýt, dogry gürrüň et.Ýa meniň bilmeýän zadym barmy? --Gepem şonda-da, jora jan. Seniň diýýän suwsuz, gurruk guýyňy indi telim ýyllar bäri bir zalym, açgöz ajdarha saklaýar. -- Aý,ýog-a? Meniň ondan habarym ýok. --Özem hemişe aç, seniň doýmazak goňşyň ýaly tapanyny ýuwdup-ýalmap ýatyrmyşyn. Arada baýyň süri dowary çopany bilen ýer ýuwdan ýaly, ýitirim bolmadymy? Ana, şolaram şol ajdarha ýuwutdy-da. -- Ynan, jora. Ajdarhaly gürrüňi senden eşidip durşum. -- Iň bärikisi, guýuda ýaşaýan garlawaçlara-da gün berenok. Her gün baryp ýumurtgalaryny çöpläp iýýär. ”Ýumurtgalaryňyzy bermeseňiz, özüňizi iýerin!” diýip, olary gorkuzýar. Onsoň olar özlerini iýenden ýumurtgalaryny berenlerini gowy görýärler. -- Wah, oglanjyga hazynany ajdarhanyň saklaýandygyny duýduryp bolsady!? Eliňe aýpalta al-da eň diýjek welin. --Ine, munyň bolýar. Näme-de bolsa, jora jan, sende kelle bar-da, maňlaý ýok. --Maňlaýam bolar bir gün, ýazgytdan gaçyp gutulmak ýok, garrap baramzog-a. Onsoňam ejem: ”Toýa garrama ýok” diýýär. Demirgazyga giden kowum-garyndaşlarymyz aman-esen gaýdyp gelsinler, şondan soň toýam ederis, tomaşa-da bolar” diýýär. --Toý bir gowy zatl-a, gyz. --Araky gumrulaň toýam gyzykly geçdi. -- Hezil boldy diýsene. Bilbiller saýraşyp, owaz etdi, serçeler jürküldeşdi, gazlar gagyldaşyp, durnalar saz-söhbet etdi, toýa gelen märeke-de olaryň sesine goşup bökjekleşip, tans etdi, bizem tans erdik... Şatlyk guşlardan eşiden bu habaryndan soň wagt ýitirmän, dessine bir torbany çynaryň ýapragyndan dolduryp alypdyr. Soňam ýapraklary döwüp-ýenjip, onuň suwuny öňi bilen atasynyň gözlerine çalypdyr. Atasynyň gözleri ýalpa açylypdyr. Soňra bu suwdan obama-oba aýlanyp, kör adamlaryň gözlerine çalyp çykypdyr. “Gözümiz açyldy-da, gözümz açyldy” diýşip körler begenişipdirler, uly il Şatlyga alkyş baryny aýdypdyr. Bir günem Şatlyk eline ýiti bir aýpalta alyp, kepderlerden eşiden gurruk guýusyna barypdyr. Ol baranda, ajdarhanyň garnyny doýrup, mes bolup, keýpihon ýatan çagy eken. Şatlyk baraga-da, aýpaltany ajdarhanyň kellesinden salypdyr. Ajdarhanyň kesilip taşlanan kellesi guýudan has uzaklara togalanyp gidipdir. Garlawaçlar ajdarhadan müdimilik dynanlaryna begenip, toý edipdirler. Şondan soň Şatlyk biline ýüp daňyp, guýyň içine sallanypdyr, ol ýerdäki humly hazynalary tapyp, hiç kese bildirmän öýüne daşapdyr. Soňra bu baýlyga özleri üçin köşk ýaly jaý saldyrypdyr. Ajy doýrup, ýalaňajy geýindiripdir. Atasynyň hyzmatynda ýörite hyzmatkär tutupdyr. Şunda ol “Guşlaryň dilini öwrenmedik bolsadym, belki men bagtymy tapyp bilmezdim” diýip,goşa kepderleri-de gözden salmandyr. Olary getirip howlusynda saklapdyr, hemem iň gowy tagamlar bilen lezzetläpdir. Özi-de dünýäniň iň owadan gyzyna öýlenip, uzak ýyllaryň dowamynda bagtly, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşapdyr. Ol guş dilini öwrenenine birjigem ökünmändir. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |