GUSSALY OÝLANMA
Gyzyl dörjük edip çykdyk,
Geçmişimzi, düýnümizi.
Boýnuna hak, nähak dakdyk,
Günäleri, müýnümizi.
Atalaryñ eden işin
Çykardyk püçege añsat,
Kül etdik geçmişiñ dişin,
Her kim özne bähbit añtap.
Ak ýerine alyp gara,
Çaldyk bar zadyñ ýüzüne.
Sataşmak kyn, ýürek para,
Edilen işiñ düzüne.
Bary ýalñyş, bary erbet,
Egri boldy göni ýollar.
Geçmişiñi etseñ berbat,
Geljegiñe ýoluñ ýolnar.
Ýalñyş işler, ýalñyş gadam,
Düýnem boldy, bu günem bar.
Özüñ düwýäñ, eziz adam,
Çözülmeli düwünem bar.
Ýumurmagy her kim başar,
Ýöne iş bardyr gurmakda.
Haçan adam rahat ýaşar,
Ýaryşýarys tyg urmakda.
Kalplary alyp nyşana.
Bir-birege talaýarys.
Kölgämiz öwrüp duşmana,
Goh-gowgany halaýarys.
Içikdirip adalaty,
Talap edýäs adyllygy.
Ynsapdan biz gaçdyk gaty -
Adyllygyñ atyldygy.
Puly ömre etdik togap,
Dykyban ruhy boşluga.
Sud öñünde berdik jogap,
Jogap berdik ýa başlyga.
Jogap bermedik ynsaba,
Gözlerine atdyk çöpi.
Päkler ýuwutdy hunaba,
Şol bendeler çekdi gepi.
Öz etmişin geçmiş bilen,
Ýapyp gözüñ baglaýan bar.
Lebzin ýuwdup etmiş bilen,
Ilki urup aglaýan bar.
Ak-garany garyp-bulap,
Bu dünýäni etmersiñ sap.
Ynsap bizi etdi heläk,
Halaz boljak diñe ynsap!
■ GUSSALY OÝLANMANYÑ DOWAMY
- Kim süñk oklady
Adamlaryñ arasyna?
- Kim duz sepýär
Göwünleriñ ýarasyna?
- Adam näme itmi,
Süñk üçin gyrlyşar ýaly?
Kim pursat bermejek bolýar,
Göwünler gürleşer ýaly?
- Näme üçin pişe bolýar,
Gurman, ýykmak köplere?
Taryhy täzeden ýazýan kim
Töhmet siñen depdere?
Nadara nä töre geçip,
Tüýkürip dur tabaga.
Iliñ gözün çykarmakçy,
Pyçak urýar gabaga.
Hany Watany emenler,
Dünýäsiniñ düz güni?
Dünýämiz düz bolarmy
Depgilesek düzgüni?!
Damak ýyrtyp, eşigin
Bitin etjek bolýan kim?
Nebsinden jübtek ýasap,
Ili ütjek bolýan kim?
Kimdir täzeje dörän
Ardy gowşak hanjagaz?
Töhmet ne beýgelipdir,
Mert ýaragy - hanjar az.
Gapyl bolma, garaşýar
Pursadyna maýadar.
Olar Watan topragyn
Gyzyl gusup zaýalar.
Geçmişdir bir ganatyñ,
Beýlekisi geljekdir.
Şolañ birini gyrkyp,
Aýdyñ, uçup boljakmy?
Nirden çykdy munça weli,
Hardan munça akyldar?!
Köp kişinin serinde däl,
Dillerinde akyl bar.
Aşyrguly BAÝRYÝEW.
Goşgular