22:51 Güýzüñ ilkinji güni / nowella | |
GÜÝZÜÑ ILKINJI GÜNI
Hekaýalar
"Sag bol, güýzüm, näzik duýgulaň üçin! Gurbannazar Ezizow." Güýzüň ilkinji günüdigine seretmezden, seýilgähiň içi al-elwan güllerden dos-doludy. Gyzyl, sary, mämişi... gülleriň owadan durky ylla ýaz paslyny ýadyňa salýardy. Güllere goluny ýetiräýsem-ýetiräýsem diýýän serwilerem ilkinji güýz gününiň mymyk howasyna meýmiräp otyr. Mylaýym güýz şemaly aram-aram alyn saçlaryňy ykjadyp, ýüzüňi sypalap geçýär. Bu gözelligi öýkeniňe, bagryňa sorup, onuň bütin durkuna garylyp-gatylyp gidesiň gelýär. Akgyz daş-töweregini nebsewürlik bilen synlap durşuna, her gezek güýzüň ilkinji gününde şu seýilgähe gelip, şu owadan baglar bilen ýürekden derdinişip giden, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryny ýatlady. ...Ol seýilgähiň golaýyndaky lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde okapdy. Ilkinji güýz güni, birinji sentýabr. Bu jümleler diňe talyplyk däl, çagalyk ýyllarynyň hem süýji ýatlamalary bilen baglydy. Ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätlän güni, çagalaryň aglabasynyň diýen ýaly ejeleri ellerinden tutup getirse, Akgyzy mähriban kakasy gujagynda göterip getiripdi. Kakasynyň ýalňyz göz-guwanjy Akgyzdy. Ol mugallyma sowal bilen ilkinji gezek ýüzlenende, «kaka» diýip, ýalňyşandygyny ýatlap ýylgyrdy. Wagt diýeniň beýle çalt geçäýşini! Ýokary okuw mekdebiň giriş synaglaryndan geçip, guş bolup uçup begenen günlerinde-de, maňlaýy ýygyrt atan, duluklary çöken eziziniň — kakasynyň mähirli gözleri buýsanç bilen garşylapdy. Şol ýylam güýzüň ilkinji gününde kakaly-gyz şu seýilgähde, hut şu oturgyçda ümmüldeşip oturypdylar. Şol günden bäri sapaklary tamamlanansoň, şu seýilgähi aralap gaýtmak, şu taýda birsalym oturyp, süýji ýatlamalara gark bolmak Akgyza endik bolupdy. Täze başlan işinden irräk boşan, göwnühoş Akgyzyň aýaklary biygtyýar ýene-de şol seýilgähe tarap ýöredi. Hemişelik endigine görä, Akgyz ýene şol oturgyçda daş-töweregiň gözelligine maýyl bolup oturyşyna: «Meniň syrdaş, mähriban baglarym, ynha, men ýene-de huzuryňyza geldim. Siziň goýry kölegäňizde, şu al-elwan gülleriň, bagtly günleriň gujagynda, gör, näçe ýatdan çykmajak ýatlamalarym galdy. Men indi talyp däl. Men lukman. Emma meniň ýalňyzlyk derdimiň lukmany bolsa siz. Siz meniň syrdaşym. Siz meniň dertdeşim. Belkem, durmuşyň ýollary meni uzak ülkelerden çykarar. Nirede bolsamam, ýazgydym meni nirelere oklasa-da, aram-aram huzuryňyza geler duraryn». Akgyz ýatlamalardan saplanyp, öýe gaýtmak üçin ýerinden galanda, köwşüniň burny nämedir bir zada degdi. Gapjyk. Akgyz gapjygy galdyrdy: «Menden öň kimdir biri bu oturgyçda oturan wagty gapjygyny gaçyrypdyr öýdýän. Indi nätsemkäm?!» Ol: «Gapjygyň içinden bir salgy tapylaýmazmyka?» diýen umytda, usullyk bilen gapjygy açyp seretdi. Aý, ýok, salgy alara zat ýok. Ýöne gapjykda birazajyk pul hem-de owadan, nurana aýal maşgalanyň suraty bar eken. Elindäki surata seretdigiçe, Akgyzyň ýüregi birhili gobsunyp-gobsunyp gitdi. Mähirli gözleri çalaja ýylgyryp duran enäniň ýüzünde dünýäniň nury jemlenen ýalydy. «Ejem jan bolan bolsady. Hökman şeýle mähriban gözli, nurana ýüzli hem dertdeş, hem syrdaş ezizim bolardy». Akgyzyň bokurdagy doldy. Suraty emaý bilen gapjyga saldy. Soňra-da, belki, gapjygyň eýesi gaýdyp geler diýen umyt bilen ýene ep-esli oturmaly boldy. Emma idäp gelen bolmady. Mundan artyk garaşyp biljek däldi. Kakasy işden gelere agşamlyk naharynam ýetişdirmeli ahyryn. Gapjygy bir gyrada goýup gidibereýin diýse, ynsapsyz biriniň eline düşüp, eýesine gowşurmazlygy mümkin. Akgyz gapjygy ýany bilen aldy-da: «Ertir ýene gelip görerin. Belki, eýesi tapylar» diýen inçejik umyt bilen öýüne gaýtdy. Agşam ýatmak üçin ýerine geçen Akgyzyň oý-pikiri şol garagözelek, nurana aýal boldy. «Eger gapjygy idäp gelmeseler, onda bildirişler berilýän gazetde suratyny çap etdirip, bildiriş beräýerin» diýen netijä gelip, biraz ynjaldy-da, uka gitdi. Işinden rugsat alyp gelen Akgyz indi üç sagada golaý şol oturgyçdan daşlaşman, suratdaky mähriban enä garaşdy. Aýak üstünde durup ýadansoň, oturgyçda oturdy-da, ýene eline şol suraty alanyny duýman galdy. Çalaja ýylgyryp seredýän bu mährem ene bilen gaýybana gürleşip oturyşyna, gapdalyna bir ýaş ýigidiň gelip duranyny hem birbada duýmady. Ýigidiň: — Gözel gyz, şu taýda oturmak mümkinmi?! — diýen ýognas sesine tisginip gitdi. Ýigit gyzyň jogabyna-da garaşman, oturgyjyň bir gyrasynda oturdy. Gapdalynda oturan gyza näme diýip söz gatjagyny bilmän birbada ýaýdansa-da: — Suratdaky zenan garyndaşyňyzmy? — diýip sorady. — Bu meniň ejem — diýen sözüň nähili agzyndan sypanyny Akgyzyň özi hem duýman galdy. — Dogrudanam, ejeňiz size gaty meňzeş eken. Has dogrusy, siz ejeňize meňzeş ekeniňiz. Ejeňizi ýürekden gowy görýäňiz öýdýän. — Hawa, ejem meniň dünýäm, bütin barlygym, göz guwanjym. — Dogry aýdýaňyz, ejeler dünýäde iň mukaddes hem ýeke-täk ynsanlar. Ejem jan meniňem göz guwanjym... Ýigit ýeňillik bilen dem aldy. Gapdalynda oturan owadan, garagözelek gyzyň husny-jemalyna maýyl bolup, gözüni aýryp bilmedi. Ýigidiň özüne beýle çiňerilip, dikanlap durmagyny halamadyk gyz: — Bagyşlaň, kyn görmeseňiz, ho-ol aňyrky oturgyja geçäýiň-dä, men birsalym şu taýda oturmaly, wajyp işim bar — diýip, çekinjeňlik bilen dillendi. Ýigit gyzy oňaýsyz ýagdaýda goýanyna düşünip, ýerinden galdy-da, ýylgyrdy. — Arkaýyn oturyberiň, men gitmekçi, işim gyssagly, ýöne düýn şu taýda gapjygymy gaçyraýdymmykam diýip bärläýdim-dä. Akgyzyň ýaňaklary gulaklaryna çenli gyzaryp gitdi. Gyz utansa-da, utandy welin, gapjygyň hak eýesine duşanyna çyny bilen begendi. Ýigit ejesiniň güýzüň ilkinji gününde doglandygyny, şol mynasybetli düýn ejesine sowgat etmek üçin suratyny ulaldyp, çarçuwa salmak niýeti bilen alyp gaýdandygyny, gapjygy ýitiribem, täzeden öýüne dolanmaly bolandygyny birin-birin gürrüň berdi... ...«Altyn güýzüm, syrdaşym, ene gujagy deýin ýyly mähirlim! Bu ýylam ykbalyma sapa geldiň. Kalbymy parasatdan doldurýan ýatlamalaryň bilen hoş geldiň, ezizim!». — Eje, indi gaýdaýalymy?! Enemiň doglan gününe sowgadam almaly ahyryn — diýen çaga sesi gelni ýatlamalar dünýäsinden sogrup aldy. — Bolýa, balam, ýör, gaýdaly. Eneňi sowgatsyz galdyryp bilmeris — diýip, Akgyz birenaýy ýylgyrdy-da, oglunyň elinden tutup gidip barşyna, suratdaky şol mähirli enäniň ejesi bolmasa-da, özüne enelik mährini beren mährem gaýynenesi bolandygyna öz ýanyndan ýene bir gezek guwandy. Altyn güýzüň ilkinji gününiň bu gün maşgala ojagynda uly dabara bilen bellenjek pursatlaryna howlukdy. Enejan ANNADURDYÝEWA. | |
|
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |