09:32 Hyýaldaky şazadama | |
HYÝALDAKY ŞAZADAMA
Goşgular
Seň keşbiňi meniň özüm ýaratdym, Gözleriňe mähir guýdum mährimden. Syrly arzuwlamdan gala döretdim, Hem söz berdim seniň keşbiň öňünde, «Dönmen» diýip, saňa bolan ähdimden. Seň yşkyňdan ganatlanan kalbymy, Ak bulutlaň arasynda uçurdym, Söýgiňden beslenen bu garyp göwnüm, Seniň gözlegiňde arman-ýadaman Külterlenen menzillerden geçirdim. Aýdym düzdüm mukamyna ýelleriň, Keşde çekdim ýapragyna gülleriň, Ýekän-ýekän hasabyny ýöretdim, Ykbalymda sensiz geçen günleriň. Düýşlerimde seniň bilen seýl etdim, Hyýallarda söhbet gurduk ikiçäk. Gözlegiňde, gözlerimde ýer eden, Seniň şol merdana keşbiň ýeke-täk. Arzuw-hyýallara aldyryp huşum. Ýene ýanýodadan ýuwaşja ýöräp, Barýaryn, garaşýar söýgüli işim. Owadan arzuwlar kalbymda döräp, Alyp barýan ýaly seniň ýanyňa. Mähirli keşbiňi salyp ýadyma Käte ýylgyranmy duýman galýaryn. Käte bolsa öz döreden dünýäme Senem alyp, meniň syrly şazadam, Seň bilen bileje göge galýaryn... «Salam!» — hyýallarym çekildi gyra. Ýylgyryp, garşymda dur goňşy ýigit. Ýylgyrşy kimidir ýadyma salýar. Gözleri diýýän dek: «Syrly dünýäňe, Goňşy gyz, ýanyňda menem alyp git». Elinde gül, gözlerinde mähir bar, Sözleýär ol, sözlerinde ýakym bar. Men oňa seredýän, aňymda bolsa, Çagalyk ýyllarmyň keşbi çekilýär. Çagalar bagyna gidipdik bile, Mekdep ýodasyndan bile gatnapdyk, Ýöne şu wagta çen birek-birege Söýgi bilen, mähir bilen bakmandyk. Ynha, indi dyza çöküp garşymda Beýan edýär ýürekdäki yşkyny. Bildim şol ýylgyryş kimiňkidigin, Gözleriňden tapdym gözlän yşkymy. Arşyň syrly ýollaryndan agtaryp, Hyýalymda kalba keşbiň çekenim. Alyslardan gözläp ýören, şazadam, Sen asyl-ha meniň goňşym ekeniň. ■ YŞKYM GALDY Gidenňi görmän galan, Gözlerim girýän boldy. Bir mahal weýran bolan, Tagtsyz köşgüm galdy. Alysa uçan durnam, Uçduň, yza garaman. Yhlasy ýüzüne urlan, Idegsiz yşkym galdy Güwa geçer bu barlyk, Söýgüde ýokdur zorluk. Ýeke-täk ýadygärlik, Kalbymda keşbiň galdy. * * * Janym, ýadyňdamy, şol ajap pursat? Bir-birege bakyp doýup bilmedik. Didelermiz sözsüz sözleşseler-de, Dahan içre sözläp diýip bilmedik. Sözlerimiz galdy şol gün ýürekde, Gözlerimiz galdy birek-birekde. Sen eýläk ýörediň, men bolsa beýläk, Aýrylyşdy birikmedik ýodalar, Boýun etdi ýazylmadyk kadalar. Belki, ýene ýörelmedik ýodadan Sen ýörap gelersiň, men hem bararyn. Şonda şol gün synlap doýup bilmedik, Seniň mährem didaryňdan doýaryn. Yşk ody tutaşsyn, köýeli köýsek, Kalbymyzda hiç wagt galmasyn arman, Baş egenim bu söýginiň öňünde, Men mukaddes yşkyň derdine gurban... * * * Hatar gurup, uçup geçse durnalar, Ýene-de ýüklenip ham-hyýallara. Ýatlamalaň dünýäsinden seredýän Ikimizi aýra salan ýyllara. Dertdeş gözläp, ýüregimi açmaga, Ganat isläp, seň ýanyňa uçmaga, Iki ýana urnup, halys bolamsoň, Dertlerimi aýdyp berýän ýellere, Alyp gider ýaly alys ýerlere. Arzuwlarym bolsa güllere aýdýan, Güller gunça açyp, ýaprak ýaýanda, Meňem arzuwlarym gunçalar öýdýän. Emma duýgularmy senden özgäge Aýtsam, Depelener, harlanar öýdýän. Hatlaryma senden jogap gelmese, Meni gaýga goýjak kiçijik ünji, Ejizje kalbyma sünjüler öýdýän. Düşünäý, ezizim, sesiň eşitsem, Wah, naçar ýüregim ynjalar öýdýän... ■ ISLEMESEŇ Men bir kiçijik şemjagaz, Seniň syrly giň dünýäňde. Ýanýan, sönýän, ýene ýanýan, Süýji söz bilen güýmäňde. Ýylpyldaýan şugla saçyp, Gelýär meňem ýagtyldasym. Gamaşanda nurly dünýäň, Halas ederin men basym. Şuglam bilen, şöhläm bilen Ýollarňy açar giderin. Islemeseň, üfe-de, geç, Bir demde öçer giderin... ■ SÖÝGI Söýgi, seň gudratyň ne beýle güýçli, Seň derdiňe sadagadyr bu başym. Arzuwlam sen hakda, ýüregim joşly, Göýä gül-gülzarlyk töwerek-daşym. Gözel dünýä göýä uçmahy älem, Bagtyýar men, küýsedenok jenneti. Asman deýin arassa ak arzuwlar bilen ölçenilýär, ömrüň gymmaty. Gadamlarym galtaşanok Zemine, Kalbym goşa ganat baglap uçup ýör. Säheriň çygyna ýuwnan gülleriň Ýüregim ter gunçalaryn guçup ýör. Ýapraklary bezäp duran hünjüler, Düzülen deý göýä tylla sapakdan, Asla mahmal gijelerden ganamok, Ak daňlaryň perdeleri ýüpekden. Kalbyma syganok näzik duýgular, Bagtdan ýaňa meniň gözlerim ýaşly. Älem seň öňüňde dyzyna çökýär. SÖÝGI, seň gudratyň ne beýle güýçli?! ■ DOSTLUK ÝODAMYZA OT BITÄÝMESIN Ylham alyp bu dünýäniň görkünden, Ýaşyl baglaryndan, çäksiz erkinden. Ele galam aldym, emma görmedim, Beýik duýgy dost kalbynyň durkundan. Dünýäň gözelligi serden göterlip, Ylham joşdy kalba doldy setirler. Hyýallarym alyp gitdi geçmişe, Bu gün şol günleriň waspy ýetirler. Degişgendik, şadyýandyk, alçakdyk, Ganat bolsa, uçup göge galjakdyk, Umytly ýollarmyz bagtyň ýoludy, Şygarymyz — «Mydam bile bolmaklyk». Ynha, alys menzillere atardy, Okap, işläp, bilim almak höwesi. Eli ele berip uçduk alysa, Garşy aldy ýat illeriň howasy. Ýatlar tanyş boldy, tanyşlar ýakyn, Emma öý-ojakdan alysda has kyn, Ajyly-süýjüli geçse-de günler, Kalba direg bolýan çyn dostlaň eken. Bagtly günleriň şaýady dostlam, Ejizlän ýerimde egnimden dirän. Syrdaşym, kärdeşim, arkadaşym siz, Durmuş ýollaryndan bileje ýörän. Ýalynly günlerde berçigen ynam, Ykbal ýollarynda hiç ýitäýmesin. Şat günde, toý güni gatnalyp dursun, Dostluk ýodamyza ot bitäýmesin. ■ SÖÝGINIŇ GÜÝJI Bu gün dünýä öňküsinden has gözel, Bu gün güller açylypdyr üýtgeşik. Ýüregim buýsançdan hiňlenýär gazal, Şirin sözler şahyrana utgaşyp. Bu gün Günüň dogşam şeýle ajaýyp, Altyn nikap serpilen deý ýüzünden. Hyýallarda gökde ýörün men gaýyp, Menden bagtly ýokdur ýeriň ýüzünde. Melhem howasyny sorup demime, Bu Barlygyň süýjüdigne guwanýan. Maňa ruhy goldaw berýän bu bagtyň, Çyn söýginiň güýjüdigne ynanýan. ■ SÖÝGIM BOLUP GEL Gelseň, mähir çoýup sowan ýürege, Kalpda sönüp giden duýgym bolup gel. Ýüregmiň töründen orun bereýin, Hiç wagt soňlanmajak söýgim bolup gel. Ataşyň odundan buzlar eresin, Mährimizden gyzyl güller döresin, Seýl edeli dereleriň seresin, Gel sen, toý donuňy geýip, gülüp gel. Yşkyňdan suwar sen, söýgi güllerim, Elleriňi goýbermesin ellerim, Yzda goýup gyşyň sowuk ýellerin, Gujagňa bahary, ýazy alyp gel. Ýyllar boýy garaşanym, söýenim, Ykbalymy gyzgyn mähre çoýanym, Yşkymyň ýolunda başyn goýanym, Sönmejek söýgiňi kalba salyp gel! Enejan ANNADURDYÝEWA. | |
|
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||