08:34 Watan waspy / goşgular | |
WATAN WASPY
Goşgular
«Watan näme?» diýip, sorag beripdim, Bäş ýaşlyja çaga wagtym, eneme. Gysym gumy sessiz berip elime, Diýdi: — Balam, bu mukaddes topragyň, Birje gysym altyn gumundan başlap, Dag-düzi, deresi, sährasy bilen, Çeşmedir çaýlary, derýasy bilen, Baglary, ýap-ýaşyl dünýäsi bilen, Gözelligi, çemenzarlygy bilen, Giňligi, käte-de darlygy bilen, Hemme zatda üstün — zorlugy bilen, Ähli ezizligi — barlygy bilen, Seň kalbyňa siňen söýgüdir — Watan! Waspy soňlanmajak duýgudyr — Watan! Watan seniň önüp-ösen mekanyň, Watan namys-aryň, mertebäň, balam! Watan bu parahat örýän ojagyň, Iň ynamdar Arkadagyňdyr, balam! ...Şonda enem janyň didelerinde, Mukaddes Watana söýgini gördüm, Aýalarma gysyp, mele topragyn, Watanma kalbymyň törüni berdim. Ýyllar ätlense-de, ýyllaň üstünden, Hergiz Watan hakda oýlanan wagtym, Käbämiň şol aýdan sözlerin ýatlap, Begenýän, Watanda tapanma bagtym. Gözlermiň göreji, başymyň täji, Bilimiň kuwwaty, bilegmiň güýji, Sünnäläp waspyna süýjüden süýji, Sözler saýlap, wasp edemde ýazlaryn, Men ýene ýatlaýan eziz käbämiň, Şonda, Watan hakda aýdan sözlerin. * * * Watan, seniň dagyň-düzüň owadan, Joşgunly derýaňda bedew bady bar. Sahralaňda gyr atyny segreden, Göroglynyň ýüreginiň ody bar. Watan, seniň asudadyr asmanyň, Saba ýelleriňde niçik jady bar? Belent daglaň kemer keşdelerinde, Mert ýigitleň, çyn ärleriň ady bar. Watan, gyzgyn gujagyňda ýer alan, Baglaryňda çyn lezzetin dady bar. Ene mährin duýdum mes topragyňda, Yhlaslarym bolsun saňa ýadygär. Watan, gül goýnuňda sapaly çagym, Sende Arşyn sowulmajak ýazy bar. Eziz Diýar, baýramyňda, toýuňda, Joşgunly ýürekleň köňül şady bar. • NOWRUZ GELDI Mart geldi, ýaz geldi, açyldy güller, Başlandy şowhunly şadyýan günler. Gazanlarda gaýnap semeni — ballar, Bahar gujak açyp geldi Diýara. Düzler mahmal donun geýinip otyr, Gelinler toý üçin ýaparlar petir. Bagşylar baýramyň waspyny ýetir, Bahar güller açyp geldi Diýara. Toý lybasyn geýdi dag, degre, düzler, Ýurduma dolandy durnalar, gazlar, Belentden ýaňlanýar şadyýan sazlar, Çünki bahar geldi eziz Diýara. • MENIŇ DÜNÝÄM Meniň dünýäm juda-juda üýtgeşik, Üýtgeşik gyş, tomus hem-de güýz, ýazy. Dört pasylam güllär durar arzuwlar, Ýüreklerde dörär aýdymy, sazy. Meniň dünýäm şeýle rahat, şeýle giň, Ýerleşýär ol kalbymyň has töründe. Bir gün bagtyň ak atyna atlanyp, Gelersiň ajaýyp günleň birinde. Şonda kalbym dolup-daşar yşkyňdan, Arzuwlarym hasyl bolar bigüman. Saňa bolan söýgim barka goýnunda, Hiç wagt gamaşmaz, parahat dünýäm. • HASYL BOLÝAR YNSANLARYŇ ARZUWY Dag gerşiniň çeşmeleri şildiräp, Waspyn eder, gelýän bahar-ýazlaryň. Pyntyk ýaran baglar başlar gül büräp, Toý-baýrama şaýlanşy deý gyzlaryň. Älem-jahan geýer toý lybasyny, Bagtdan güler adamlaryň gözleri. Şatlyk-şowhun bilen garşy alynýar, Watanymyň gelýän bahar-ýazlary. Bu jenneti Diýarymyň goýnunda, Dört pasylam bahar-ýaz deý arzyly. Çünki her pasylda gaýra goýulman, Hasyl bolýar ynsanlaryň arzuwy. • DURNALAR Alabahar açylanda al güller, Baglar mahmal ýapraklara bürense. Ýazlamaga uçup geler durnalar, Ýakymly pursatlar gozgap seriňde. Gykuwlaşyp setir-setir aýlanar, Görküne görk goşup, mawy asmanyň. Seredip doýmarsyň başyň aýlanar, Durnalaryň toýnuk gurap barýanyn. Mekan tutmuş gözel Diýar goýnunda, Parahat, erkana uçýan durnalar. Durnalaryň hataryny synlaňda, Aladadan ýadan seriň durlanar. Agzybirlik tugun parladyp gökde, Goý, aýlanyp dursun durna setiri. Durnalaryň gykuwlaşýan sesleri, Buşlukçysy bolsun ýagty ertiriň. • SENI JUDA SÖÝÝÄNLIGIM BILSEDIŇ Seni küýsäp gitdim, mähriban enem, Gujagyňda bir dem ýatasym geldi. Elleriňden tutup alys ýollara, Bileje tirkeşip gidesim geldi. Şatlanasym geldi, seň bilen bile, Gülsedim gözlerim ýaşa dolduryp. Iň eziz sözleri sözläsim geldi, Seni juda söýýänligim bildirip. Seslensene, adym tutup öňkiň deý, Owazyň eşidip ganaýyn menem. Öýkeleme alysdaky gyzyňdan, Mähri derýa, kalby umman deý enem. • DERTLERIŇI UNUDASYŇ GELER Ene ýapdan şaglap akýan bulaklar, Üýşen bulutlara kakar gaşyny. Sap-sapdan düzülen setir derekler, Alys asmanlara dirär başyny. Oý-pikire çümüp synlap durarsyň, Doýma ýokdur tebigatyň görkünden. Käte gözellige maýylsyň juda, Öz ýanyňdan gysganarsyň her kimden. Alagopgun bolup ses eder asman, Gijäň pyşyrdysyna gulagyn asman. Göýä nagra tartyp, «ah» urup bir dem, Ýeňledýäne meňzeş, ýüregniň derdin. Gögüň haýbatyndan gorkan serçeler, Baglaň şahasyndan güsürdäp uçar. Aljyraňňy ýelleň mymyk elleri, Dumanly seriňi sypalap geçer. Asmanyň ýüzüni örten bulutlar, Ýokardan üzülip düşäýjek ýaly. Bu görnüşi synlap diýersiň ylla, Zemine ýorganyn düşäýjek ýaly. Birdenem ümsümlik aralaşarda, Gökdäki bulutlar serpiler birýan. Soňsuz sowallara jogap berjek deý, Dolan Aý görüner seriňi durlap. Patrak deý ýyldyzlar ýylgyrar saňa, Rahatlyk bererler, birahat kalba. Ähli dertleriňi undasyň geler, Bagtlylykdan bir dem bolarsyň telbe. Seret tebigatyň täsin oýnuna, Bir görseň depregne kakar bat berip. Ýa-da birden bukularlar bulutlar, Gizlenpeçek oýnar, seni ýat görüp. Kem-kemden gyzarar daňyň şapagy, Gije egnin dirär nurly gündize. Ýaýrasa-da Günüň tylla sapagy, Gijäniň täsiri bardyr şindizem. Gije bilen gündiz gezekleşerde, Dowam eder durmuşyň öz akymy. Gije bilen gündiz gezekleşende, Bolýar eken hersiniň öz ýakymy. Gije bilen gündiz tapyşan nokat, Gije bilen gündiz sepleşen çyzyk. Ýüregimi edil top deý oýnaýan, Tebigat diýleni şeýlebir gyzyk. • NOWRUZYM Güller açýan Diýaryma gülden çemen bogup gel, Ak arzuwlaryň wysaly ak Gün bolup dogup gel, Bereketli gazanlarda gaýnap-gaýnap çogup gel, Dag-düzlere, derelere güller seçen Nowruzym. Aşyk ýürek magşugyna seň goýnuňda sataşsyn, Ýüreklere mähir dolsun, yşk ataşy tutaşsyn, Her ojaga ýagşy niýet ýaran bolsun, tutaşsyn, Ýurdumyň gül gujagynda bagty guçan Nowruzym. Goý, ýaňlansyn has belentden toý sazyny çalyp gel, Baky Bitarap Watana üstünlikler alyp gel, Her geleňde şatlyk bolsun, rysgally gel, dolup gel, Asyrlary arka atyp, ýollar geçen Nowruzym. • BAHARYŇ ILKINJI GÜNI Säher turup synladym, Baharyň ilki günün. Baglaryň pyntyklaryn, Erikleriň ak gülün. Jana melhem howanyň, Tämizdigin duýsana. Ýüzüp geçýän bulutlar, Ýere çagba guýsana. Ezileýin süllümbaý, Ýaz ýagşynyň suwuna. Çagalygma dolanyp, Tans edeýin guwana. Soňra kömelek gözläp, Sähralara çykaýyn. Galam alyp elime, Ýazyň keşbin çekeýin. Täsin-täsin duýgular, Heýjana saldy meni. Şatlygymyň sebäbi, Baharyň ilki güni. • SÖZLERIM Agras daglar egninden ak possunyn aýyrdy, Toý lybasyn ýapynyp, mahmal, begres geýindi. Maýsalaryn güjeňläp, serilip ýatan düzleň, Reýhana gark bolmuşam pesi hem-de beýigi. Gök asmanyň ýüzünde ak bulutlar ýüzüp ýör, Älemgoşar aralap reňklerini düzüp ýör. Tyllaýy zülplerini seçip daglaň egnine, Jyklap bakýan Güneşiň, şahyr waspyn ýazyp ýör. Baksaň asla doýmarsyň, töweregiň görkünden, Geriş-geriş gaýaly goja daglaň durkundan. Al-u-elwan gülleriň ysy kalbyň eretse, Çeşmeleriň owazy elden alar erkim meň. Waspyny sözlemäge ejiz geler sözlerim, Şonuň üçin süýjüden-süýji taryp gözledim. Seň goýnuňda ýaşasam, Watan, waspyň ýaýmaga, Ykbalym soňlanýança dowam bolar gözlegim. • GIŇ ÝAÝLANYŇ GYZY MEN Bal çeşmeler şildireşip akanda, Älemgoşar göge keşde çekende, Gujagynda seleňleýän baglaryň, Asman nurun ene ýere dökende. Eteginde gök direýän daglaryň, Zemine siňende Günüň çoglary, Çigildemler sähra gülüp bakanda, Dünýä geldim gül-gunçaly mekanda. Döredim men söýgi bilen mähirden, Ýasaldym ýazlardan, näzik bahardan. Hüwdüledi mahmal seçekli ýaýlam, Tämizligi sapak aldym säherden. Meýmiredim ojar, selin ysyndan, Üzärlikli giň sähranyň ysyndan. Bäsleşemde hozanakly tüweleý, Bir pursatda kowup ýetdi yzymdan. Gül pürçükli dereleri wasp edip, Döräpdi ilkinji şygrym sährada. Teselli beripdi mähriban ýaýlam, Yşkym dar gursagym salanda oda. Gülsem güller açylardy ýylgyryp, Yranyşyp tans ederdi maýsalar. Mymyk ýeller başym sypap geçerdi, Gözlerimde gussa baryn duýsalar. Ýazda ýaýlasynda ýaýnan sähramyň, Güýz, gyşyna, baharyna döneýin. Giň ýaýlamyň gujagynda üwrelip, Güllerine bilbil bolup gonaýyn. Mydam bahar gelse, açylsa güller, Buýsanç bilen wasp ederin ýazy men. Çünki topragyna bagry badaşan, Şu sähranyň, giň ýaýlanyň gyzy men. Enejan ANNADURDYÝEWA. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Watan / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |