23:14 Güzap üstüne güzap / hekaýa | |
GÜZAP ÜSTÜNE GÜZAP
Hekaýalar
Durmuşda şeýle adamlar bolýar, şolara duşsaň, şol günki işiňi oňdugy hasaplaýarsyň. Olar seni garaşmaýan zadyň bilen begendirýärler haýyş etmänkäň, möhümiňi bitirýärler. Olar bilen duşuşmak – bagt bilen ýüzbe-ýüz bolmak. Orun Nazarowiçem, megerem, şolardan bolsa gerek. Ol meniň hal-ýagdaýymy, nirede işleýänimi sorady. Soňundan: – Oňarmansyň. – diýdi. Oba gitmeli ekeniň. Raýon merkezinde işlärdiň, öý-jaý edinip, tiz özüňi tutardyň. Oňatja gurplanansoň, gaýdyber bärik... Hawa, ol uçursyz oňat adamam bolsa, meniň ýagdaýyma doly düşünenok. Maňa öňýeten şeý diýýär. Gep günüňi dolamakdamy? – Aýlyk-günlügiň nähili? Baý-bow... Bar alýanyňmy?! Saňa akyl öwredere çakym ýok, ýöne bir zady bilýän, inim. Halk nandan doýupdyr, zatdan doýupdyr, emma şu aýdym-sazdan doýanoklar. Häzir halky güýmäp bilseň, üstüňi puldan gömýäler. Şuňa sen ynanaý. Oňa men ynanýan. Häzir ýüzi çydap, iliň öňüne çykyp bilen pul diýilýän zady çarşaklap sowurýar. Ýöne bu meselede-de Orun Nazarowiç maňa düşünmedi. – Ýogsa-da, seniň jaý ýagdaýyň nähili? Kireýinemi? Näçe töleýäň?.. Baý-bow!.. Özleri jaý berjek bolanoklarmy? – Enteg-ä bellisi ýok. – Bolmasa, sen biziň jaýymyza baraý. Kişiň minnetini çekmeli däl, öz gapyň. Maňa seniň hak-heşdegiňem gerek däl. Jaýa göz-gulak bolsaň bes. Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Indi dört ýylyň içidir, ondan-oňa göçüp, halys surnukdym. Akja açary gysymyma gysan günüm paty-putymy alyp, Orun Nazarowiçlere geldim. Orun Nazarowiç gurluşykçy bolansoň, çöle gatnap, gazçylara jaý gurup berýär. Mydama guma gatnamak kyn. Şonuň üçinem ol çagajyklaryny alyp, gazçylaryň arasyna göçüp gitdi. Bir ýyl ýaşaryn, iki ýyl, aý, garaz, şolar gumdan gelýänçä ýaşabermeli-dä. Wah, bir rahatlyk tapyp, şu poemamy gutarsam bes. Onsoň maňa jaýam bolar, at-abraýam. Ýöne içigar ilerläberenok-da. Aslynda şeýle-de bolmalydyr. Haýsy zat aň satlyk bilen aldyrýar? Horlanýaň, horlansaň nätjek. Onuňam-a jaýy ýagdaýly ekeni. Uzyn koridor, iki gapdalyň gapy. Sallahmydyr bir topar ýekebaş guraýak ýaşaýar. Her etažda çagaly-çugaly bir maşgala ýa bar, ýa ýok. Ýöne meniň üçin-ä bolýaram. Gapdalym it ýatak däl, ýeke otagam bolsa, öz aşhanam, öz düşegim. Merkezde ýaşajak bolsaň, onça-munça döz gelmeli. Wah, oba gowudyr-la, oba taý geljek zat barmy? Ýöne onuň meniň üçin bir ters tarapy bar. Men size Çakan waslary ýatladaýyn. Ol köp çagaly bolansoň, pukararak ýaşardylar. Bolsa-da, galjaň adamdy. Eli ýukalygyna garamazdan, obamyzda telewizory ilki şolar edinipdi. Oba klubuna meşhurrak kinofilm gelse, çagalary bilen aýalyny ilki kluba eltýän şoldy. Beýle medeniýetlilik obada başga birine başardyp baranokdy. Ýöne olar bize azajyk meşaýdam ederdiler. Ilki-hä çagalary eňreşip, zat eşitdirmez, soňundanam aýaly, (ýadaýandyr-da bende) hor çekip başlar. Ol-bu öteräk pyňkyryberse, Çakanyňam geler gahary. «Tur-aýt, Aýparça!» diýip, dürtgülär. Onda-da bolmasa, agzyny hapalar. Şeýdip, kino seredýäniňem bilmersiň, olara seredýäniňem. Onuň çagalaram üýtgeşijekdi. Ortanjy ogly aýdymçy bolup ýetişdi. Ol aýdymy erbedem aýdanokdy. Soňa baka muňa obamyz bolup guwanyp başladyk. Ol inçemik sesi bilen: – Eý, perim, salsaň nazar, ýalkym düşer didaryňa, Gözleýip göz gygy birle, bakyşyň örtär meni... – diýip, sozubrak gygyrýardy welin, onuň mylaýym sesine hemmeler maýyl bolýardy. Ýöne ony toýda-beýlekide diňläýmeseň, köpçülik ýerlerinde aýtmazdy. Ol ýaňy bäşinji klasyň okuwçysy bolansoň, oňa beýle aýdymlary aýtdyrmaýardylar. Ol bolsa ondan pes aýdymy bilenokdy. Bir gezek mekdep direktoryny görüp, ýalbar-ýakar bilen ony raýon gözden geçirilişine alyp gitdiler. Çeper höwesjeňleri gözden geçirýän komissiýa onuň aýdymlaryňy ýeke-ýekeden diňläp görüpdir. Bir aýdym hem komissiýanyň göwnüne ýaramandyr. Merkezden gelenlerden biri: – Jigi: «Ol ballyja dodakdan, köp posalar alaly» diýen aýdymy sen aýtmaly däl, ony seniň kakaň ýaly adamlar, onuňam at gazananlary aýdýarlar. Sen, ine, öz mekdebiňiz hakda, okaýan kitaplaryň, oýnaýan oýnuň, guşlar, kebelejikler, garynjalar hakdaky aýdymlary aýtmaly. Munyň bolanok, repertuaryň üýtget – diýipdir. Ýokardan gelen adam şeýle diýensoň, oglanjyk näme etsin. Ýüzüni sallap, yzyna dolanan oglanjyk naharhanalaryň birine girip, ejesiniň berip goýberen puluna garnyny doýrupdyr, daş çykybam gazly suwdan gerk-gäbe bolup, galan köpüjeklerine-de gowrulan günebakar çigidinden jübüsini tümmerdip, oba gaýdyberipdir. – Näme-how, ilden öň gaýdypsyň? Hany beýlekiler? – diýip soranlarynda, ol: – Aý, meni repetisiýaň bolanok diýip gaýtardylar – diýipdir. – Ol hiç, indikide seniň sesiňi ýazybam alarlar. «Repetisiýa» diýenleri gaýtalamakdyr. Bilýänje aýdymlaryňy ürç et-de, gaýtalaber, gaýtalaber. Ahyry bolar – diýip, oňa göwünlik beripdirler. Ol bilýän aýdymlaryny üç ýyllap gaýtalady: Üç ýyllap! Ony komissiýa diňlemese-de, bütin oba diňledi, il guwandy. Ol toýlarda aýtdy, kakasynyň haýyşy bilen ulularyň oturylyşygynda aýtdy. Çilim çekilýän öýde aýtdy, arak içilýän içerde aýtdy. Birdenem sesi gyryldy duruberdi. Asyl-asyl hiç bolanok. Asla diňlärligi ýok. Hawa, onsoň munuň yzam bar. Men sungat institutyna okuwa ýerleşip, gyş kanikulynda oba barypdym. Howa çigregräkdi. Çakan waslaryň duşundan geçip barýardym welin, bir oglanjyk ýolda oýnap oturan ekeni. Ol şu çigrek howada guma bulaşyp oturyşyna, içi gysýandyr-da, hiňlenip aýdym aýdýardy. Onuň sesi şeýle bir dury hem ýakymlydy, edil Robertino Lorettimikä diýýärsiň. Bu üýtgeşik sese, täsinlige doňup galdym. Sümüklije çagany ýerden göterip, bagryma basaýasym geldi. Ýene oňa azar bermedim-de, Çakan waslara sowuldym. Içerde Aýparça gelnejemiz bar eken. – Daýza, siziň ogluňyz köçede aýagaçyk oýnap otyr... Howa bolsa sowugrak... Meniň bu habaryma Aýparça daýza, elbetde, gülmedi, gaty medeniýetli jogap berdi. – Azary ýetmese, bes, jigi. Hiç döw çalasy ýok, oýnabersin. –Daýza, ýalňyşmasam, siziň şonyňyzdan bir zatlar çykjak ýaly-la. Ony şähere ýörite okuwa ýerleşdirseňiz nähili bolarka?.. – O nähili okuw?.. – Sazçylyk mekdebine. Ýalňyşmasam, onuň üýtgeşik gowy sesi bar. – Ah-eý, bularyň tohumy şeýledir, jigi – diýip, ertirden bäri menden akyllyrak bir zat eşiderin öýden gelnejemiz gürrüňi jemledi. – Bular geçi owlagy ýalydyr. Ýaşlygyndan seslidirem, iliň gözüne-de iler, soňra ulalansoň bozulaýýar-da. Alha, Hommadymyzam, Geldimizem şeýtdi. – Daýza, ony bozmaly däl. Oňa göz-gulak bolsaňyz, sesi bozulmaz. – Wah, jan jigi, başymy agyrtmasana. Bu dokuz çagaň başyny-aýagyny büräp, garnyny doýurjakmy ýa onuň sesine guwanjakmy? Bularyň tohum-tijinde bagşy bolany ýok, bi-de bolmaz. Janlary sag bolsa bes. Men daýza gepimi düşündirip bilmedim. Belki, ol oglanyň atasyna ýa agasyna bir zatlar düşündirip bolar diýip ýörkäm, olar biziň obamyzdan göçüp ötägidipdirler. Çöle bol suw geldi-de, aşakda gum içinde ençeme täze sowhozlar açyldy. Iş şerti agyrrak diýmeseň, ol ýerleriň gazanjy köpmüş. Şol gazanç Çakan wasy şeýläk çekipdir. Oňdan-mundan soraglap derek agtarsam, her kim gumuň bir künjini salgy berdi, Bizde zehinliler seýrek diýýärler. Barjasynam şeýdip ýel-ýagmyr aparyp gidýär. Taýdan öňürti seýis dogulmasa haýry ýok. Men oba barsam, hany maňa skripkaçy, hany wiolon-çelçi, hany pianist. Iň esasy-da, gürleşere, düşünişere, ony-muny sorara ýoldaş?! Eger ýalňyşmasam, döredýän adama bäsleşere garşydaş, bassaşam gereki (Käte özüňe kimdir biriniň göriplik etmeginem isläýäň). Şu poema meni ähli ownuk-uşak zatlardan halas eder. Onuň temasy birneme köneräk, Beýik Watançylyk urşy döwründen. Ol agyr ýyllaryň frontdaky wraçyna bagyşlanýar. Poemanyň leýtmotiwi – ynsana hyzmat etmek.. Wraç ýowuz jeňde söweşýän esgerleriň ýarasyna melhem edýär. Ol esgerleriň diňe bir ten ýarasynyň lukmany däl, olaryň göwünleriniňem lukmany, ýürekdeş dosty, ruhy pesiň göwnüniň diregi, ýekäniň ýoldaşy. Ol golsuzlara öýüne hat ýazyp berýär, gözsüzleriň öýünden gelen hatyny okap berýär. Poemanyň ahyrynda bolsa bir agyr ýaraly nemes soldatyny hem ölümden halas edýär. Ol nemes soldatyny, bize, biziň topragymyza ok atan adamy, ençeme bigünä ömri ajalyň eline beren duşmany ölümden halas etmek üçin urunýar. Ol wraç. Ol birwagtlar instituty gutaranda! Adamzada hyzmat etmegi kasam edipdi, Gippokratyň kasamyny içipdi. Ol öz kasamyna, öz lebzine, işine wepaly. Şonuň üçin öz duşmanynyň hem ýarasyna melhem edýär. Sebäbi ol duşmanam bolanda – adam. Ýöne adamyňam adamdan parhy köp. Olaryň adamkärçiligini deňemek mümkin däl. Şonuň üçinem şu poemany ýazýan. Muny amala aşyryp bolsady. Onsoň maňa hiç kim: «Garry eneň onda ýer sermeýär, sen munda ýeňsäň çokulyny ülpüldedip, saz diňläp ýörsüň» diýmezdi. Hemmeler maňa guwanardy. Ahyry rahatlanyp, özümi bagtly duýanymdanmy, şol gün men gaty oňat işledim. Poemanyň söweş meýdanyny gutardym. Hasam soňy şowly boldy. Tupanyň yz ýany. Ýaraly esgerleriň daşynda perwaz urýan medsestralar, dartgynlylyk. Kim üçin söweş gutardy, kim üçin täze söweş, ýaşaýyş bilen ölümiň arasyndaky söweş başlanjak. Şol apy-tupanyň arasynda-da duýular-duýulmaz liriki öwüşgin. Ahmyr hem mertlik – sazda bular şeýle bir biri-birini tapdy welin, özümem tolgunyberdim. Sazyň ukybyna seret. Her gün şeýle işläp bolsady. Ýaňy irkilendirin-dä, gapy batly-batly kakyldy. Gapysyny ýalňyşyp ýören serhoşuň biri bolaýmasyn diýip, ýatan ýerimden: – Kim sen? – diýip gygyrdym. – Gapy öňküdenem batly tarkyldady. Ylgap baryp, gapynyň gulpuny tersine towladym. Ýagy kowup gelýän ýaly, degenek pyýada haşlap içeri girdi. – Sen Ýagmyrmy? – Hawa, men Ýagmyr. – Ýagmyr bolsaň, gaty gowy, Hal-ahwal, içeri-daşaryň saglykmydyr... Men saglyk-esenlik soraşyp durşuma, çaý oturtjak boldum. – Çaý goýup, azara galma, häzir gaýtjak. Çaý kemim galmady, şol irki başlaýşymyz. Birden öýüňde tapdyrman duruberme diýip, giçläp gaýtdym. Ýeri onsoň, işler niçik, kompazitr? – Aý, erbet däl. – Orun saňa salam aýdyp goýberdi. Hany, öýlenip dagy edeňokmy? – Aý, ýok, enteg-ä... – Oňarýaň. Özüňi çaga ir basdyrma. Bolýar, indi meniň habarymy diňle. – Popuş ýüzli pyýada aýgytly ýagdaýa geçdi. – Men Ornuň aýalynyň daýy tarapyndan. Olaryň başyny-gözüni çatanam mendirin. Biziň bir oglumyz bar, şol birki aý şu ýerde ýaşasyn. – Neme, ýaşuly... – Özüň deňi adama «ýaşuly» diýip durma-da, «bolýar» diý. Ol bir ýuwaş oglandyr. Näme ýumşuň bolsa eder. Senem onuň bilmedigini öwredersiň, maslahat berersiň. Kän wagt däl, birki aý. – Bolýa-da, men... – Bolýan bolsa, ertIr geleris. Ol içerde her taý köwşünden bir batman palçyk galdyryp, çykyp gitdi. Ertesi gapy tarkyldanda, men öten agşamkyny gaýtalap düýşümde görýändirin öýdüpdirin. Emma gapynyň tarkyldysy öňkiniň çaky däldi: Hasyr-husur geýnip, gapyny açdym. Popuş ýüzli pyýada inçemik, sarymeňiz, uzynak oglany yzyna tirkäp, içeri girdi. – Ukuçyl ekeniň-aýt, halypa. Edil kakasynyňky ýaly gymmat bahaly sütükli deriden tikilen ýaldyrawuk gulakçynly, egni kremplin kostýumly, ýapon ýa-da amerikan sintetikasyndan tikilen köýnekli, çep taýynyň apgyrdy ýyrtylan beýik ökjeli köwüşli (çep aýagyny gyşyk basýan borly), möleräk gözli oglan maňa geň galyjy nazar bilen äňetdi. Onuň gözleri kakasynyňkydy, ullakandy, ýöne onuňky ýaly gan öýlüp, alarylyp duran däldi-de, durudy hem sadady. Ýüzi kakasynyňkydan has süýnmegräkdi, gaşlaram inçemikdi. Gözüniň ululygy hem birneme burunlaklygy diýäýmeseň, onuň üýtgeşik kakasyna çalym edýän ýeri ýokdy. Belki, ejesine meňzeýändir. Ejesiňe meňzeýän ogullar ýumşak bolýarlar. «Geň göreniň alnyna» diýen ýaly, olaryň köwüşlerini köneräk görenimden boldumy, meniň «deň-duşum» şol köne, şol hapa köwşi bilen içerini germeçläp başlady. – Şu taýdan-a Atam jana bir krowatjyk goýsak.. – Içeri gaty gysylaýmasa... – (Oňa nähili ýüzlenjegimem bilemok.) – Mende raskladuşka bar, şony alaýsyn. – Olam bolman durmaz. Hany, Atam jan, eşikleriňi sal şifonere. Bu özüňkimi? Hä, şun-y-ha oňarypsyň. Eşikleriňi bir ýanlyk et. Atam janyň egin başy köpdür. Hany, indi açar meselesini çözeli. Gapydaky gulpuň näçe açary bar? – Iki. – Iki bolsa, al bäri birini. Ine, şeýdip bileje ýaşarsyňyz. Atam, bi saňa bilmedigiňi öwreder, içiň gyssa, aýdym aýdyp, saz çalyp berer. Bi orusça-da ökdedir. Oňatja okagyn. Halypa, hany bi gelene mürehediň, beýlekiň bolmazmy seniň? – Häzir çaý goýaýyn. – Gara daňdan çaýdan zat bolasy ýok-la. Magazine barda gel. Me, şuny al, «ýok» diýme-de, berlenini alarlar. Men şäherlilere beletdirin. Kolbasa, et konserw, iki buhanka orus nan, bir çüýşe arak, piwo bolsa-da alaý, garaz, şundan gaýtargy getirjek bolma. Men ýigrimbäşligi alyp, magazine eňdim. Şu arak diýlenem iki taňryly bolarly. Tanyşlyk üçin içmeli boldum, saglyk üçin içmeli boldum, öz işlerim, «Atam janyň» işleriniň saglygy üçin içmeli boldum. Asyl piwo-da galmady, orta goýlan kolbasa-da. Maňa welin bolýan zat ýok, şeýle bir işdäm açyk. – Halypa, sen ystol ýaly zady çalýaňmy? – Duşsa, haýsy birem bolsa çalyberýän. – Haý, bolubilýä... Iýlip-içilensoň, ol jübüsinden bir petde pul çykardy-da, «Atam jana» «sowalga» berip, biziň bileň hoşlaşdy. Men «Atam jan» bilen ikiçäk galdym. Ol uniwersitetiň gumanitar bilimleri boýunça taýýarlaýyş kursuna okuwa giripdir. Kursy gutaransoň, hyýaly hukuk fakultetine girmekçi. – Näme üçin umumy ýatak jaýynda ýaşamadyň? – O ýerde okap bolonok. – Ol birgiden «O» harpyny hatarlap goýberdi. – Bu ýerde okaryn öýdýäňmi? – Aý, kwartirada ýaşasaň okaýaň-la. – Oka, okamak gerek. – Kakamam şeý diýýä, oka diýýä. – Kakaň dogry aýdýar. Atajan (çyn ady şeýde ekeni) okap bilýänini görkezýän ýaly, 5-6-njy klaslaryň rus dili kitabyny eline aldy. Ol galyň dodaklaryny müňküldedip, iki sagada golaý ýerindeň gozganman oturdy. Onsoň turup, ses-üýnüni çykarman geýindi-de, kitap-depderini alyp çykyp gitdi. Meniň pikirim bölündi. Şeýle-dä, ýeke bolmasam, işläp bilemok... * * * Öýlän işden gaýdyşynym skripkaçy Sapar Saparowa duşdum.. Öňräk Kompozitorlar soýuzynda meniň skripka üçin ýazan prelýudiýam kabul edilipdi. Sapar Saparow şony agzady. – Aý, sluşiý, men-ä onyňy gaty haladym.. Seniň onyň-a, tüweleme, atly kompozitorlaryň aýagyny Gara deňze sokup, eňegini Kawkazyň balyna batyryp ýazan sazlaryndan pes däl. Prelýudiýaňy özüm çalarmykam diýýän. Käbir ýerlerini-hä maslahatlaşmalam... At-abraýly adam şeýle diýip duransoň, oňa zyýapat beresim geldi. Ony bir okara piwo içmäge çagyrdym. Içmäni halaýar diýäýmeseň, ol zehinli sazanda. Eli ýiti, labzy süýji. Ýazan sazyň beýle sazandanyň eline düşse, armanyň näme? Häzir meni kesämden synlaýanlar-a Ýagmyr Sapar Saparowy içirýär diýip düşünmeklerem mümkin. Emma meniň niýetim beýle däl. Onuň bilen oturmak, gürleşmek, ondan öwrenjek zatlaryň seniň ýitiren wagtyň öwezini aňry ýany bilen doldurýar. Jübim galyňrak bolansoň, restorana sowuldyk. Kiçiräk estrada orkestri şeýle bir saz çalýardy welin, onuň kimiňkidigini, nähili sazdygyny çalýanlaryň özlerem saýgarmaýan bolsalar gerek. Bu ýerlä meňzemeýän ak meňiz adam bilen orta boýly, dolmuşrak aýal ýuwaşja tans edýärdi. Restoranyň içi boşlawdy. Sapar Saparow zat datman, arak bilen piwony garyp urup oturansoň, tiz ýetirdi. – Inijik, men seni öwsemem, özüňi kimdirin öýtmegin. Asyl-ha adam boljak bolsaň, hiç wagtam ulumsy bolmagyn. Şöhrata-da kowalaşma. Ussatlyga kowalaşgyn. Şöhrat ýoly üýtgeşigräkdir, ol adamy azdyrar. Ussatlyk welin başga, gep, ol çäksizdir. Ussatlyk – seniň bagryňa basmadyk söýgiňdir. Ýetip bilmedik, emma hemişe janyňdan ileri tutan söýgüňdir. Haw-wa! Eger ony bagryma basdym diýseň ol abraýmydyr, şöhratmydyr, başga bir zatdyr. Ussatlyk egilmeýän söýgüdir. Oňa ýetip bolmaz... Sapar Saparow bu zatlary başga birine däl-de, hut özüne diýýän ýaly, suslanyp, içini hümledip gaýtalaýardy. Orkestr bolsa öňküsi dek dürüşdäni eňterýärdi. Türkmen biçüw balakly, başy tahýaly bir ýaşuly megerem, günbatarly balykçylardan ýa-da nebitdagly nebitçilerden bolsa gerek) saz çalýanlaryň ýanyna baryp, bir zatlar haýyş etdi. Muny Sapar Saparowam görüp ýetişipdir. – Sen şol ýaşulynyň näme diýýänini bilýäňmi? – Ýok. – Ýok bolsa-diňle: «Inilerim, bir agyz nanymy iýýänçäm, gaýrat edip, şu takyr-tukuryňyzy goýuň» diýýär. Ine, biziň halka berýän sazlarymyz. Ilde söýgi oýatman, gaýta özümize ýigrenç döredýäs. Orkestr «takyr-tukuryny» goýmady. Ýaşuly olaryň ýanyna ýene geldi. Ýöne oňa üns berýän ýokdy. Ol, jübüsinden bir desse pul çykardy-da sazandalaryň hersiniň öňüne bir gök bäşligi oklady. Ýaşuly beýlesine öwrülmänkä, orkester sesini kesip, hyjuw bilen birden «Küştdepdä» başlady. Bir azerbaýjanly ýigit böküp orta çykdy. Ol ýaşuly bilen küşt depip başdandan, orta oýunçydan doldy. Sapar Saparow ýüzüni aşak saldy. – Hasaplaş, turaly... Biz ýüzümize urlan ýaly bolup çykyp barýarkak, yzymyzdan kimdir biri, belki, şol ýaşuly bolsa gerek, «Aýnany» çal, «Aýnany» diýip gygyrýardy. – Gördüňmi halkyň islegini. Biz bolsak... Biziňkiler bilen halkyň arasynda yssyny-da, sowugy-da geçirmeýän wakuum bar, wakuum – boşluk! Onuň diýmesiniňem jany ýok däl. Bizde estrada ugry gaty agsaýar. Kim muňa baş galdyrjak? Özüňi oňaran-a uly žanra ýapyşýar. Onsoň «dälä galdy bulamak» diýleni-dä. Senem özüňi oňarýanlara girýäňmi, Ýagmyr?! Belki, bu hakda özüň oýlanarsyň?.. Şol wakuum maňa-da degişli bolaýmasyn? Oýlan! «Ussatlyk – bagryňa basmadyk söýgiň» diýdimi? Dogrudanam, ussatlyk şol boljak bolsa, onuň maňa ömür ýetdirmejegi. Bu nämedenkä? Men düýnkimden az içen ýalydym. Öýe nädip ýetenimi bilemok. * * * Atajan ikimiziň tanyşlygymyz düýşden başlandy. – Öten agşam baý, süýji düýş görüpdirin-aý. Gumda, malyň yzynda gezip ýörmüşim. Mallaram ýaýylyp, sonarlap ýörmüş. Şolaryň mäleşýän sesem gulagyma gelýärmiş-dä... Menem bir alaňyň üstünde durunaýt, taýagyma söýenip... – Ol goýunlaryň mäleşmesi diýýäniň meniň aýdymym bolaýmasyn? – Ýok, ýaşuly, ol gaty üýtgeşik sesdi. Goýnuň sesi diýseň düşnükli bolýar. O janawar ýüreginde baryny gygyraýýar. Adam ýaly bölüp-büçüp, kölegeledip duranok. – Hawa, onsoň... – Aý, onsoňy, bir agsak şagalam süriniň yzyndan galmady. Guzy aljak bolýarmyş. Gijesi bilen şol şagaly garawullap çykaýdym. Wah, şeýle düýşleri şagalsyz görseň-dä... Ine, onuň gürrüňi. Ene dili, taryh, jemgyýeti öwreniş nire, düýşünde agsak şagal kowalamak nire? Men käte oňa kakdyryp: «Hany-how, şagally düýşleri göreňokmy?» diýýän. Olam gara çyny bilen: «Ýok! Şu günler-ä hiç ibaly düýş göremok» diýip zeýrenýär. Bolsa-da, meni gijelerine hiňlenmez ýaly-ha etdi. Şol düýşümde goýun mäledi diýýän gezeginde men aýdym aýdypdym. Ol maňa pikirini düşündirdi. Men oňa düşündirip bilmedim. Ol, umuman, aýdymy beýle bir halap barmaýardy. Dutar çalyp berseň, imrinmänem baranokdy. Dogrusy, men özüm üçin çalýan, ol bolsa diňleýärdi. – Haýsy aýdymlary aýdyp bilýäň, Atajan? – diýip, onuň bilen şu aýdym meselesini birýanýüzli edeýin diýdim. – Aýagyna çykýança ýatdan bilýän aýdymym ýok. – Näme üçin? – Kakam munuň ugrundan çörek ýok diýýär-ä. – Diýende näme? Hökman gazanç üçin aýtmalymy? Öz göwnüňem bardyr ahyryn. – Aý, iliň öňüne çykmajak bolsaň, öwrenip nätjek? Onuň halyna gynanjagymam, gaharlanjagymam bilmedim. Dutary birneme gowşatdym-da, ýapbyldaklap «Garybyma» ugradym. Atajan sazy ortalaýançam diňledi-de, turup gerinjiredi. – Aý, şuny çalmasana, ýaşuly. – Näme üçin? – Biraz okaly-la. – Oka, oka! – Men daşymdan okajakdym. Şeýdäýeýin-le, hä! Ýogsa girenok. – Näme girenok? – Aý, şu kellä-laý. Bir sahypany okagada, kitaby ýapyp, näme okanymy ýatlajak bolýan welin, hiç zat ýadyma düşenok. Daşyňdan okasaň bolsa, hem-ä gözüň görýä hemem agzyň aýdanyny-iki gulagyň eşidýä, saňa gapdaldanam biri öwredip duran ýaly bolýa. – Olar ýaly bähbidiň bolsa, daşyňdan okaber. Ol rus dilinden hetjikleýärdi, dilini döwýärdi. Gaýtalap-gaýtalap!.. Emma iňlis diline gezek gelende, sesi kesilýärdi-de, dodaklary müňküldeýärdi. Men ýene durup bilmedim. – Näme üçin iňlisçäni daşyňdan okaňok? – Aý, harplaryny tanaýan-da, sözlerini goşup okap bilemok-daý. – O näme üçin? – Aý, şeýle-dä. Bizi iňlis dilinden rus mugallymasy okatdy. Biz bolsa rusçanam ibaly bilemzok. o bolsa bize iňlisçäni öwretjek bolýar. Alty ýyl okasagam, düşünen zadymyz ýok. Aý, şu dil-ä bir bulaşyk zat-laý. Kyrk dagy harpy bar. Her iki-üçüsini goşup, bir ses edip okamaly. Şol artykmaçlaryny zyňaýman... – Ol ikimize artykdyr, Atajan. Düşünmeseň şeý-le bolýar. – Aý, düşünsegem, biz-ä iňlis dili gerek däl. Muňa deregem rusçany haýdadybermän... – Käbir sapak okuwçyny gynamak, jeza bermek üçin okadylýan ýaly, munuň aslyna düşünseň welin artyk zat ýok – diýip, men oňa iňlis diliniň ähmiýetini düşündirmäge oturdym. * * * Atajan tamşanýarka, elime dutarymy aldym-da, Çörliniň goşgularyna hiňlenip başladym. Onuň sözlerine aýdym ýazmakçy bolýan. Ýazmasaň-da bolanok. Ol bir gazetiň redaktory. Maňa-da käte gazet üsti bilen adymy ýaýratmak gerek, az-kem çaý pulam düşürmeli. Ýogsa düýplüräk işlerim zerurrak welin... Onuň bilen kwartira ýagdaýynam gürleşdik. Ol maňa başga bir ýerden jaý tapyp bereýin diýdi. Eger şony başaraýsa-ha, soň ol ýagşylygynyň aşagyňdan çykyp bolmaz. Ýöne welin beýle tekste saz ýazmagam görgi-dä. Öwnüp aýtdygym däl, Nowaýynyň, Magtymgulynyň, Gýotäniň, Lorkanyň sözlerine romans ýazýan. Fortepýano üçin rapsodiýa ýazýan, poema ýazýan, emma öz şahyrlarymyzyň sözlerine aýdym ýazyp bilemok. Bolanok. Nämesiniň bolmaýanynam düşündirip bilemok. Özleri gelip goşgularyny okap berýärler weli, hemmesi ýerbe-ýer ýaly. Ýöne gaýtalap okasaň, okadygyňça-da goşgy ýüzleý bolup barýar. Dyzyňdan çykmaýan ýalpak güzere ýalaňaç bolup giren ýaly. Onda-da ýeke özüňem däl, uly ile-de, geliň, suwa düşün diýip aýtmaly. Onsoň muny neneň aýdyma öwürjek? Aslynda goşgy sazsyzam aýdyp bolmaly dälmidir? Nähilem bolsa, gaýrat etmeli. * * * Gapy kakyldy. Sapar Saparow mylaýym ýylgyryp, bosagadan ätledi. – Şu golaýa düşdüm-de, gel, munuň ýagdaýyny görüp geçäýeýin diýdim. – Ony oňarypsyňyz. Men çaýyň ugruna çykdym. Sapar Saparow bolsa başyny galdyrman kitap okap oturan Atajany gürrüňe çekdi. – Haýsynda okaýaň, student? – Hukuk fakultetine girmekçi? – Fakultet-ä saýlap bilipsiň. – Aý, kakam şoňa gir diýýä. – Özüň haýsyna girjekdiň? – Bilmedim. Öňküsi ýyl-a medinstitutdan ýykyldym, geçen ýylam politehniki institutyň gurluşyk fakultetinden... – Eger matematikadan asgyn bolsaň-a, ondan ýykylanyň kemem bolmandyr. Ol okuwlar gaty agyrdyr. – Hawa, şumat okuwyň ýeňili ýok, girmegem bir görgi. – Gün-günden talap ösýär. Gel, birki döw küşt oýnaly. Hany, küşde nähilikäň? – Oýnap bilemog-a. – Bä, küşdi bileňokmy?! Hany, süýş bäri! Menem ömrümde adama bir uly ýagşylyk edeýin. – Aý, gerekgäl-le. – Onda şaşka oýnaýaly. – Onam oýnamaly-la. – Näme üçin? – Oýundan näme peýda bar-aýt? – Ol aýdýanyň-a dogry. Häki bir güýmenje diýäýmeseň, oýundan peýda ýok. – Kakam bolar-bolgusyz oýňy oýnama diýýär. – Ene-atanyň garşysyna zat öwredip bilmeris. Sapar Saparow Atajana artykmaç azar berip durmady-da, meniň depämden indi! – Bu günler näme iş edýäň? – Işjagazyma baryp gelýän.. – Ine, munyň bolanok. Her niçik süýtli sygram sagmasaň, ol süýtden çykýar. Men oňa işläp bilmeýänimi düşündirjek boldum-da, ýene «başy. agyrmaýanyň ýanynda başym agyrýar diýme» diýlenini özüme makul bildim. Sapar Saparowy ugratmaga çykanymda, ol meniň garaşmaýan zadymy aýtdy. – Ýoldaşyň gowuja oglan eken. Onuň gürrüňi kesä çekýänini aňjak bolup, ýylgyryp ýüzüne seretdim. Elektrik çyrasynyň yşygyna onuň ýüzüniň örän salykdygyny görüp, geň galdym. – Meniň çynym – diýip, özüni aklap başlady. – Ol oňat oglan ýüreginde zat ýok, neressäň. Şeýle sada adamlary men gaty halaýan. Görgülijik görgi baryny görýär öýdýän. Oňa erkinlik gerek. «Wah, maňa görkezen görgüsinem bir bilsediň» diýip, içimi hümletdim. Şol erkinlik maňa-da gerek. Ol hemmä gerek. Şonuň üçinem ol gytrak bolýan bolarly. Sapar Saparow bilen hoşlaşyp, yzyma dolananymda, Atajanly pikirden saplanyp bilmedim. Ol, belki, gowy oglandyr. Ýöne onuň özüne bile ýaşa diýseň. Ýa men ýalňyşýarmykam?.. Bu jaýsyzlyk meni diňe döredijilikden-ä däl, adamçylykdanam daşlaşdyrjak... Häzir öýde Atajanyň dymyklaryň açyga öwrülişini gaýtalap oturyşy göz öňüme geldi. Gaýtalasyn. Men-ä indi olary ýat bilýän. Goý, olam ýat tutsun. Bary bir indi işläp bilmejegime göz ýetirip, az-kem aýlaň-çaýlaň etmegi ýüregime düwdüm, Şu mikroraýonyň ortarasynda giden boşluk bardy. Biz entek studentkäk ýaz aýlary gelip, bu ýere nahal oturdyp giderdik. Bu ýeri gök zolak bolmaly diýip aýdýardylar. Emma esewan edilmeýänliginden, ol ekilen nahallar eýigip baranokdy. Men bu «eýesiz» baglyga köp gelýärdim. Içim gyssa, şu boşlukda gezmeleýärdim. Ine, wagt geler, bu baglar ýetişer. Şonda men öz agtyjaklam bilen gelip, her ýyl ýowarda oturdan nahallarymyzy görkezerin. Atajan bilen ýaşan jaýymyzy, içim gysanda gezen şu baglygymy görkezerin. Bu baglaryň saýasynda oturyp, şu günlerimi ýatlaryn. Bu baglar meniň sözümiň şaýady bolar. Olar ýaşlygymyň ýadygärligi, ömrüň kyn pursadynyň hemrasy bolup, şyg-şyglap, aýdym aýdyp, şol geçen günleri ýatlaşar. Hyýalymda göwün ýüwürdip barşyma, aýagym bir zada çolaşyp, maňlaýym ýer gazady. Gözümden ot syçrady. Kimdir biri joýajyk gazypdyr. Aňyrraga ýöredim, o ýerem agyn dörjük. – O-how! – diýip, gygyranymy duýmandyryn. Joýa gazýan bolsalar, baglara esewan etjekdirler. Öňräkden şeýtmelidi, bu çaka giden saýaly bag bolardy. Aslyn- da beýle ýerlere miweli bag ekseňem gelişmän durmaz. Hem miwesi bolar, hem saýasy. O görgülä-de üýtgeşik ýer gerek däl, artykmaç idegem. Ýöne esewan bolmak gerek. Biz miweli baglary açgözüň nebsinden, garagoluň atjak daşyndan gorap bilmeýäris. Şonuň üçinem miwesiz bag ekýäs. Men nämedir gaty zada büdredim. Tagta bolarly. Belki, baglaryň aşagynda dem-dynç alar ýaly, oturgyç beýlekem ýasajakdyrlar. Gijäniň içinde däbişenekläp ýörmegi uslyp bilmedim-de, bu ýerden saýlanaýyn diýdim. Şol wagtam egni ala pižamaly bir pyýada garşymdan çykdy. – Näme işleýäň-ow? – Gezim edýän. – Butaýy gezilýän ýer-ä däldir. – Näme siziň mellegiňiz dagymydy? – Şäher ispolkomy bölüp berensoň, mellegim diýseň-de boljak. – Gowy ýerden ýer alypsyňyz. – Etmelisem şol-da. Ýöne sen, gardaş, daşrakda gez. Bi garaňkyň içinde gazyklary ýykyşdyrarmyň, sementi dökermiň, pil-beýleki ýitermi, garaz, gowy däl. – Siz bu zatlaryň garawuly dagymy? – Garawul diýseň-de boljak. Gezekleşibräk, özli-özümiz goraýas. – Goraweri... Bu ýerde nämeleriň gopýanyny görmek üçin, ertesi işe şu ýerden gaýtdym. Huşum başymdan uçdy! Asyl ýöne çyr-çytanak, agyn gyrmyldy bolup dur. Her kim bir haýat dikleýär. Biri traktor bilen garajyň düýbüni gazdyrsa, biri maşynlap sement eňterýär, biri kerpiç örýär. Şäheriň ýarpy milleti şu ýerde işleýän bolsa nätjek? Men bu gezýänje meýdanymdan jyda düşýänime gynandym hem onuň täze hojaýynlaryna gözüm gitdi. Şular ýaly rahatja ýerden goh-güwwüldiden daş, edil mikroraýonyň ýürejiginden maňa-da bir daban ýer ýetsedi. Şu maşynlaryňky ýaly bagtyň bolaýsa. Bu ýeri indi maşyn ýatak bolmaly. Wah, şujagaz ýeri adama ýaşamaga bersediler. Bäş-alty müň manada durýan bir maşynynkyça hümmetim bolsady, soňky demime çenli işlärdim. * * * Atajan geldi haşlap. Onuň gözleri uçganaklaýardy, ýüzi ýagtydy. Heniz onuň beýle begenenini görmändim. – Kakaň pul iberipmi? – Ýok, pul ýeterlik-le. – Onda okuwyňy dynyp geldiňmi? – Ýok, ýene iki aýym galdy. – Bir owadan gyzy görüpsiň öýdýän? – Ýok, başga zat gördüm. – Näme? – Şu ýerde-de düýeli adam bar eken-aýt. Janawar abşarylyp dur-aý, Adamlar-a oňa esedýär, olam adamlara. Bize geň galýan ýaly, başyny göterip, käte bir töweregine seredýär-aýt. Ýanynda-da köşegi. Olam bir ütgeşik, haý janawar-aý... – Nirede gördüň? – Alha, hol gaýra ýüzde. – Ol şäheriň gündogar etegini görkezdi. – Öz işigiň bolsa-ha mal saklamaly-la. Şol janawaryň işigiňde mäläp durmasy nämä degmeýär-aý. Şu mal diýleni-how, gaty geň zat. Şonuň ýanyna baryp, içiňden pikir edip gördüňmi? Görmedik bolsaň şeýtgin. Ol seniň diýenleriňe düşüner durar. Janawar ýöne başyny aşak salyp, özüň ýaly pikire çümäýer. Sen ýylgyrma-da, maňa ynanaý, ýaşuly. Şonuň ýanynda durup pikir etseň, derdiň ýeňleýän ýaly bolýar. Obada men her, gezek ekzamene gidemde, sakarja gölämiziň ýanynda durup-durup gidýärdim. – Wah, öýüň bolsa, işigiňde malyň, ýatakda ýandak gütürdedip duran düýäň bolsa, oňa ýetesi näme bar, Ata jan. – Jaýy satyn almazlarmy? – Öňem biri «näsini aýdýaň» diýip aglaberipdir. Hany oňa pul? – Atajan meniň ýaramy gozganyny bilip, ümsüm kitaba ýapyşdy. Indi ol şu oturyşyna, üç-dört sagatlap galman oturar. Ýene men muňa eglişik edýän. Arasynda eýleň-beýleň bilen pikirini bölüp, dynç berýän. Ol kagyzyň sarysynyň ýüzüne uranlygyndan habary ýok. Heý beýle-de bir okamak bolarmy? Men öz kirlerimi ýuwuşdyryp, serişdirip, legeni boşatdym-da, Atajana berdim. – Me, eşikleriňi ýuw, häzir gyzgynjak suwam bar. – Azajyk okaýyn-la. – Soň okarsyň, arasynda fiziki iş hem etmeli. Al, ýaltanma-da, joraplaryň bilen maýkaňy bir ýuw. – Aý,-ýok-laý. Men-nä kir ýuwup, heleými? – Onda men heleý-dä? – Aý, sen şäher adamsy, ýaşuly. – Kirli gezmek aýyp däl-de, kiriňi ýuwmak aýypmy? – Hemmesini üýşürip, öýe äkitjek. Ol kir ýuwmady. Ertesi bolsa özüne täze maýka, bäş-dört jübüt jorap satyn alyp gelipdir. Meniň muňa haýpym inäýdi. – Näme etjek bulary alyp? Öňem näçe maýkaň bar ahyryn. Ondan-a puluň bolsa, köwüş alarlar, apgyrdy gideniňi süýräp ýörsüň. – Pul-a köp-le, kakam okasaň bolýar diýdi. Ýöne täze köwüş geýsem, aýagyma degýär. Öňem ynha, başam barmagym ganap dur... Adam birek-birege ýaşamaga kömek etmeli dälmidir, megerem, biz biri-birimize zyýan edýäs. Ol maňa päsgel berýär, meň oňa. Indi ömrüň bar manysy. Şu bolmalymy? Başymy alyp, bir ýere gidesim gelýär, ýöne nirä gitjegimi bilmedim... * * * Ýaz çykdy. Meniň şu gysga pasylda öl diýip işläsim gelýär. Ýöne ýekelige öwrenişenimdenmi, halys işläp bilemok. Atajan uklaňda işläýin diýsem, muňa-da dözemok. Özümiň-ä nähili uklaýanymy biljek däl, ol weli şeýle bir süýji uklaýar, ähli aladasyny unudýar, ýüzi durlanýar, agynaman, gorsanman, burnuny çalaja pyşyldadyp, rahat ýatýar. Ol ukudaka, üýtgeşik gowy oglana öwrülýär. Edil guzujyk-da. Ýöne oýanaýdygy daşyndan «Ene dilini» gaýtalap başlaýar welin, myrryhym atlanýar. Ýapyk-dymyklar, çekimliler-çekimsizler, düşýänler-düşmeýänler... bogazyma dykylyp barýan ýaly. Oňa-da meniň tyňňyrdymyň şeýleräk täsir edýän bolmagy ahmal. Wah, bäş günlük bahar. Munuň oýandyryjy güýjüni! Munuň gudratyny! Hä diýmänem sowlar. Şony duşuňdan geçirmän, saza siňdirip bolsady... Bahar diňe meni däl, Atajanam oýarypdyr. Ol hem kitapdan başyny göterdi. – Şumatdan maly gökde bakýanam bar-aýt – diýip, ol gaty gaharlyja zeýrenip başlady. – Meýdana näme bolupdyr bakman? – Aý, işikdäki maly göge soňrak çykarsaň gowy-da. Häzir ot gaty ýuka. Mal göge tamşanýa-da, ne-hä ondan garnyny doýrup bilýär, ne-de ýatagyna baransoň, gury çöpden iýýär... – Onda çöldäki mallar nädýärkä? – Çöl başga gep. Olar gije-gündiz kowlup bakylýar ahyryn. Işikdäki maly bolsa ýarym gün daşara çykaryp, onuň bar işdäsini ýakýalar. – Sen-how, düşbüje ýaly-la... – Aý, düşbülik näme işlesin. Şu taýda gaýtalap-gaýtalap giden zadymy mollumyň öňüne baramsoň, aýdyp bilmän durun-a. Ertire çenli üç sapagy ýat tutmaly. Düýnkinem täzeden sorajak diýdi. Kellämde bolsa hiç zat duranok. Olam menden az azap çekmeýän bolarly. Bolsa-da, ikimizden birimiz horlansak ýagşy. Men ahyry bolmajagyny bilip, «Karl Marks» okalgasyna gitdim. Öň beýle bir üns bermeýän zatlarymy – harby memuarlary, uruş döwrüniň metbugatyny dörüşdirdim. Bir habarçynyň Stalingrad gündeligine duşdum. Onda täsin maglumatlar bar ekeni. Stalingradda Paulsyň ýesir düşen esgerlerini bejerýärkä, ýesirleriň keseli-bilen keselläp, on alty sany sowet wraçy ölüpdir. Bu nähili ynsanperwerlik! Muny saza geçirip bolsady. Saz harby ýesirleriň ruhy jebri-azabyny açyp görkezsin. Nähili ýagşylyk! Adamyň adama edip biljek iň beýik hyzmaty. Şolaryň beýik adamkärçiligine gözüm gitdi. Men öz töweregimde-de şeýle adamlaryň bolmagyny isledim. Sözi geçginli, abraýlyraklaryň biri meniň üçin ine, şu ýaş kompozitor, öýsüz ýaşaýar, şuňa kömek ediň diýip, uluraklaryň biriniň ýanyna barsady. Ertesi men jaýly bolardym. Onsoňam gep diňe jaýdamy? Ol adam şol hyzmaty bilen meniň ýüregime ýagşylyk daragtyny ekerdi. Eger meniň ýüregimde şeýle daragt ösüp otursa, onuň kölegesi diňe öz üstüme düşmezdi. Belki, onuň tohumy meniň çagalaryma-da, tanyş-bilişlerime-de ýaýrardy. Ýagşylyk daragty! Depäňde jaýyň barka, ol daragty guradyp bolmaz-a. Dünýäde iki uly güýç bar – biri ýagşylyk, beýlekisi saz. Diňe şu ikisiniň öňünde adam dyz epýär. Diňe şu ikisi! Şu ikisini men kalbymda jemläp, adamlara ýetirip bilsemdim. Maňa töwerekden azajyk ruhy goldaw, bir arkadaýanç bolsady. Men öz ejizligimi häzir duýýan, şular ýaly uly meselä ýüzlenenim-de bilýän. Ýöne meniň bu islegim, halys şahsy isleg dälmidir? Men aşa sentimentallyga gidýän bolaýmaýyn? Duýga özüňi halys bagş etmek – gowulygyň nyşany däl. Görde-de duruber, şu poemada bir asgyn tarapym bar bolsa, ol sentimentallyk bolar. Maňa bolsa mertlik gerek. Mertlik – adamyny saklap duran içki sütün. Şol adamlar – uruş döwrüniň adamlary nähili mert eken. Seniň dagy bu aladaň nämejik, Ýagmyr? Öz ham-hyýallaryňy beýle zatlaryň arasyna goşma, kelläňden çykar. Işle, diňe işle. Seniň şatlygyňam şol, hasratyňam. Men okalgadan guş bolup uçup gaýtdym. Gelşime-de Atajan bilen gürleşdim. – Gel, student, ikimiz gepleşeli. Sen-ä maňa azar berme, menem saňa. Bolýamy? Sen öýdekäň, men şu ýerde ýok, men öýdekämem sen şeýt. – Onda men nirä gideýin? – Sen okuwdakaň, men, öýde boljak bolaryn. Galan wagtam bölüşeris. Senem okalga gidersiň, az-kem gezim edersiň. Bolmaýamy?.. – Aý, göreris-dä... – Gel, onda gepleşdik. Meniň azajyk işim bar. Sen bir gaýrat et-de, maňa şony jemläre pursat ber. Onsoň men saňa elimden gelen kömegi ederin. Ekzamen tabşyrýarkaň, naharyňy bişirerin, magazine gidip gelerin... – Bor-da... – Onda ilki bilen jaýy ýygnaşdyraly. Içerimizde bor-bolgusyz ys bar. Içeri tämiz bolmasa, göwnejaý işläp bolmaz. – Aý, şony ertire goýaýaly-la. Häzir men azajyk okaýyn-la, ýogsa ýetişmeýän. Ertesi ir bilen men keçeleri çykaryp kakdym, zatlary ýygnaşdyrdym. Biziň tualetimiziň arka tarapyny syçan deşipdir. Samsyk mahluk hapa taşlanýan bedräniň içiňi dagy dör-dök edýär. Goňşulardan biri ony zäherlän bolarly. Olam gelip, biziň jaýymyzda ölüpdir öýdýän. Egilseň, poldan bir, ýakymsyz ys gelýär. Içerini öl sübse bilen süpürdik, poly gyzgyn suw bilen ýuwduk. Emma ne syçanyň ölüsi duşdy, ne onuň ysy gitdi. Düşekleri ýazyşdyryp, içerini ýeljiretsegem, netije bermedi. Meniň kelläm agyrýardy. Näderimi bilmän özümi ýere goýberdim. Atajan eýwana çykylýan gapyňyň agzynda dikelip durdy. Wah, porsy ys daşardan, hut daşardan gelýär eken. Atylyp eýwana çykdym. Emma bu ýerde ys ýokdy. Serginlikdi. Ýene içerä girdim. Ys gelip dur. Dur, dur, özi-hä şu gapynyň agzynda bolmaly. O ýerde-de Atajandan başga zat ýok. Ýa ol şeýle porsaýdymyka? Birden onuň aýagyndaky sargysyna gözüm düşdi. Egildim-de, onuň aýagyny ysgadym. Aňrym bärligine gaýtdy. Tualete zordan ýetişdim. – Beýtmeseň bolmaýarmy? Heý, beýle-de bir zat bolarmy, Atajan? – Aý, halys şu sargyny çalşyrybam irdim. – Doktora baraýarlar. – Hol giç gelen günim doktora bardym. O ýerem giden oçur. Uzyn gün garaşyp oturmaly. Ekzamen ýetip gelýär. Ýaňy dört kitaby ýat tutdum, ýene altysyny ýat tutmaly. Onuň aýagynyň başam barmagynyň dyrnagy gyşyk ösüp, etine çümýärdi-de, ony ganadýardy. Öňler ony hasa bilen sarap, daňysyny tiz-tizden çalşyrýardy. Soň asyl leýkoplaster bilen mäkäm ýelmäp goýaýan bolsa nätjek. Barmak hapadan ýaňa iriňläp gidipdir. Ysyndan dagy durar ýaly däl. Heý, diri adamam şeýle gezermi?! – Bar, taňňyry al-da, ýyljak suw bilen aýagyňy ýuw. Ýaraňa iod çal. Onuň azaýmagam ahmal. Men poemamdaky gahrymanlarymyň diýmeli akylly sözlerini oňa tüýs ýüregim bilen düşündirdim. Ol aýagyny ýuwup, barmagynyň daňysyny täzelese-de, ondan öňküsi dek ys gelýän ýalydy. Kelläm çat açyp barýardy. Öňler bir irkilsem, kellagyrym aýrylýardy. Bu gün işde-de ol maňa hezil bermedi. Üst-üstüne derman içdim. Kelläm birhili sämän ýaly boldy. Düýnküje, ýok, öňňinki okalgadan gaýdanymda hyýalymda taslanjalarym welin, hiç ynjalyk berenok. Ony kagyza geçirmelidim. Ol meniň atuwa gelen awum. Häzir ony sypdyrsam, soň duşarmy-duşmazmy, kim bilýär. Öýe gelşime özüm şeýdip sowmasamam, bir gyzyl onlugy Atajana uzatdym. – Me, Ataşka, al, kino görersiň, gezersiň. – Men gezemog-a. – Belki, hol düýe bakýan çopanlaryňy görüp gaýdarsyň. Goýunlaryň guzlanam dagy bolsa bardyr. Indi otam birneme örüpdir öýdýän. – Şu günüň ýaşar ümüş-tamşynda kim meýdana mal çykarsyn?! – Dogry aýdýaň, Ataşka. Sen mala seretmeli däl-de, başga zatlara, ünsi çekäýjek zatlara seretmeli. – Häzir seniň gezmeli döwrüň. Bir köçä çyk, saňa seretjeklerem gyt däldir. Me, şunam al. – Aý, ýok, pul özümde-de bar. Wah, ol maňa, düşünmedi. Öýkeledi öýdýän. Neresse ses-üýnsüz ýüzüni sallap ugrady. Indi işläp bilseň işle-dä. Öz bähbidiň diýip, başga birini bähbitden goýmaly. Şu edýäniň adamçylyga sygyşýarmy? Hany seniň ynsanperwerligiň? Belki, ol gowy adam bolup ýetişer, il aladasy bilen ýaşar. Sen bolsaň nähili pes egoist. Öz pesligime agym tutdy. Ýöne ýagdaý-şert diýibem bir zat bar. Ylalaşmaly. Ine, men oňa ekzamen döwründe nahar bişirip bererin, ýekeje minutam wagtyny alman, ünsüni bölmen. Bildigimden kömek bererin. Goý, ol maňa häzir azajyk kömek etsin. Sag bol, inijik. Şeýt, gaýrat et. Bu ýagşylygyň mendenem gaýdar. Men bergä batýanlardan däldirin... Gapyda uzyn boýly bir pyýadanyň sömelip duranyny görüp, tas ýüregim ýarylypdy. Pikire halys özümi aldyraýypdyryn (simfoniki orkestriň dirižýorlyk pultunda durmukam diýýän). – Näme beýdip dursuň, geliber-dä. – Sen sazyňy ýazyber, men içimden okaýyn-la. – Ä-how, düşünýäňmi, dogan beýlämde biri seredip otursa, men işläp bilemok. – Aý, men seretmenem. – Seretmän geç! Gaty geçdim. Bu titräp durmam näme? Özüňi bir dürse. Ol ýaşkiçilik etdi, meniň bilen deň bolmady. Bir haýukdan soň özümi dürsäp, dilimi düşündirjek boldum. – Özümi gaty erkin duýmasam bolanok. Oturyp, şunuň içindäkini jemlemeli, şuny! Ýogsa çogup çykanok. Men kellämi ýumrukladym. Atajan uludan bir demini aldy. – Aý, sen, ýaşuly, maňa gahar etme. Men nirede gezeýin? Maňa kakam kino görme diýdi. Öz islegim bolsa, men-how şuny okajagam däl. Weýennä gitjek ýa hol guma gidip, mal bakjak... Görgüli muny şeýle bir ýanyp aýtdy welin, ep-esli wagtlap dodaklary tirpildedi durdy. Ýene oňa haýpym indi. Gaharym syndy. Wah, gahar nire – onuňkamy ýa öz halymamy – agym tutdy. Şu wagt bir içimi gowzatsadym. Emma muny hem başaryp bilmedim. Özümde nähilidir, gowuşgynsyzlyk duýdum. Ýanymy ýere berenimi bilemok. Ýüregim paralanyp barýar. Meni der basdy. Şol pursadam ölüm ýadyma düşdi. Adam şeýdip gidiberýärmikä? Gidibermelimi?! Ýok, bolmaz. Ölüm adamyň aýrylmaz ýoldaşy bolsa-da, häzir ol gerek däl. Ony häzir unut. Olaryň hemmesi biderek zatlar. Barybir öýsüz galmarsyň. Ahyrynda bir özbaşyňa barjak jaýyň-a belli. Häzir gidibermek bolmaz. Uzak ýaşamak hökman däl, emma öz göwnüňdäkini hakykata öwürmek welin hökman. Iň bolmanda, pylany öldi bir diýsinler. Adam hudaýdan – tebigatyň, özündenem güýçlini döredip bilýän jandar. Olar diňe ölýäni ýaradýarlar. Adam bolsa ölümsizi döretmeli. * * * Baýramçylyk günlerinden peýdalanyp, oba gitdim. Bu ýerde men düýnki eden pikirimden utandym. Ine, saňa öý, üstüňde ejeň kökenek bolup dur. Iýseň mele-myssyk nan, ýene saňa näme gerek. Eger men ejizleýän bolsam, onda menden hiç zat çykmaz. Eger men howlugyp, howsala düşýän bolsam, onda göwrümiňi giňräk tutmak gerek. Ejem, goňşy-golam meniň halymy soranlaryn-da, öz-özümden utandym. Olara seniň başyň dik bolsa, bes, poemaňam azaryna däl, beýlekiňem. Ah, Ýagmyr, seniň o zatlaryňa düşünerlermi-düşünmezlermi, biljek däl, ýöne şu adamlara seniň gara başyş welin gymmat. Begendirmeseň begendirme, ýöne şulary gözýaş dökmeli bir etme. Saňa mundan artyk näme gerek. Ondan galanam özüňe bagly bolaýmasyn? Taýýara eýe boljak bolýaň. Mümkinçiligi özüň özüňe döretmeseň, kim saňa döreder. Boş getiren sumkamy ejemiň saçagyndaky nandan göwnümi hoş hyýallardan dolduryp, öz paýtagtyma gaýtdym. Göwnümiň giňligindenmi, dünýä-de bir üýtgeşik gözel ýaly. Obada bolan günlerimde, belki, meni idäp gelen bolandyr. Soýuzyň başlygynyň gelen bolmagy-da ahmal. Ol meniň beýle ýagdaýda ýaşaýanymy bilýänem däldir. Bilse geler, meniň halyma ýüregi awar, Iň wajyp iş-aladalaryny goýup, meniň jaý meselämiň ugruna çykar... Görersiň, ahyry ýaşululardan biri meniň ýagdaýymdan habar tutar, halymy sorar... Öýe gelsem, Atajan ýok ekeni. Olam baýramçylygy peýdalanyp, oba gidipdir öýdýän. Gitsin, gezip gelsin. Goňşy-golama meni soran boldumy diýdim. Gelen-giden bolmandyr. Zyýany ýok, olar işlidirler, sypyp bilýän däldirler. Onsoňam belent zatlar diňe uzakdan golaý görünýärler ahyryn. Çaň basan içerini arassalaşdyrdym. Oturdym, turdum. Ýeke bolsaňam içiň gysýar. Göwne-de ýaranma ýok. A-how, şu Atajana öwrenişen bolaýmaýyn? Wagty bilen ukymyň tutmajagyny bilip, çaýy ajyrak demläp, poemanyň garalamasyny elime aldym. Käbir epizodlar, dramatik sahnalar göz öňüme gelip başlady. Hyýalymda Sapar Saparowyň skripkasynyň kirşi göýä meniň ýüregimiň üstünden eýläk-beýläk süýkelýän ýalydy. Bu durmuşa nämeler garylmandyr?! Häzir minora düşdüm – gussa batdym. Birden özümde saklap bolmajak erksiz hyjuwy duýdum. Bu hyjuw bilen ähli zady kül-peýekun etse boljak. Elim pikirim ýetişmejek bolýardy. Eger şol gije daň atmadyk bolsa, men poemamy tamamlardym. Daň atdy. Köçede maşynlaryň hereketi janlandy. Menem işimi goýdum. Suwy sykylan nara döndüm. Gözüm süzülip gelýärdi. Ýerime girdim. «Ýat, bäş minut dynjyňy al. Indi ýatsaň, uky halal saňa. Ertir Ýeňiş baýramy. Belki, bir ýerden amatlyrak jaý taparsyň. Gözle, göç. Bu zatlary sen indi görmeli däl. Tä ýerleşýänçäň, gözle hem işle. Aglap oturma, göreş, gadyrdan, göreş». Ýaňy irkilendirin-dä, gapy şeýle bir batly tarkyldady welin, eýýäm mazalyja doýan serhoşuň biri gapyny paltalaýandyr diýipdirin. Gaharyma laňňa ýerimden galdym. – Kim bar o taýda? – Aç-how, gapyňy, Äl-aýt, ukuçyl ekeniň, halypa. Haçan gelsem, maslap ýatyrsyň. Ýene şol. Atajanyň kakasy, Orun Nazarowiçiň aýalynyň daýy toparyndan biri. Gaharymyň nirä gidenini bilemok, inime sowuk galpyldy aralaşdy. Adam adamdanam beýle howy basyljak eken. – Waleýkim welin, eşigiňi bir geý, soýuljak ýaly bolup durma-da. Hany Atam jan? – Men-ä bilmedim. Ejemi görüp geleýin diýip, oba gidipdim. Gelsem, Atajan ýok ekeni. Men-ä ony sizden sorajak bolup durdum. – Özüňden kiçä esewan bolşuňam şu boljak bolsa, seniňem ýoldaşlygyň boljak. Hany, halypa, baýramçylygy bellejek dälmi? – Men-ä ýarawsyzragam... – Ony aýtmasaňam bilýäs. Ýüz-gözüň ýuwhadan gorkanyňky ýaly. – Ol birden ýuwaşady. – Atam jan-a gulluga alypdyrlar, halypa... Bakuwdan öýe telegramma iberipdir, zatlarymy ýygnaň diýip... Maýyň dördüne gidipdir öýdýän. Men begenjime: – Ol-a... – diýdim-de, garşydaşymyň ýüzündäki sowuk gubary görüp, hyýalymyň tersine gürledim. – Bolmandyr özi-hä. Okuwa giren bolsa, okardy-da... – Aý, nätjek-dä. Ýogsa bizem.şony hyýallanypdyk. Biri oňat sözem beripdi-le. Powestka, beýleki gelmesin, gelse-de, tapmasyn diýip, obşitden çykaryp, şu ýerde ýaşatdyk. Aý, bähbit bol-a. Orusçany-ha öwrenip geler. – Hawa-la, gullugy gutaryp gelensoň, ol otliçno okar. – Okadaýaly diýdik, häý, kyn boldy-how. Şu ýyl-a diýenlerini oklajakdym. Aý, nätjek-dä, halypa... – Ol esli salym maňlaýyny tutup oturdy. – Seniň bilenem bir oturyşjakdym, bolmady. Häzir gidäýeli diýsem, men-ä işli, senem ýüzüňi agardyp otyrsyň. Özüňe bir seret, reňkiň-ä ibaly däl. Saglyk bolsa görşeris-dä. Hany Atam janyň goşlaryny bir ýygnaş. Biz dördünjiden başlap, onunjy klasa çenli ene dilinden, taryhdan, çet ýurt dilinden, edebiýatdan kitap baryny üýşürdik. Olaryn ählisini ol bir halta gapgardy-da, göwnüýetijilik bilen haltany saldarlap gördi. – Tüweleme, muny gör-aýt. Magtymgulynyň okan kitap-gurhanyça barmyka diýýän. Men baş atyp makulladym. Atajanyň beýleki goş-golamyny prostynyň arasyna salyp çigdik. Ýüküň agryny özüm aldym. Maňa bu ýüki götermek dagy hiç. Ýola çykamyzda, laýyjak taksem duşaýdy. Taksi meniň gaýgy-aladamy içine salyp, köçeden öwrüldi-de, tiz gözden ýitdi. Özümde uly ýeňillik duýdum. Bu nämedenkä? Diňe jaýyň boşany üçin-ä däldir-dä?! Ondan-mundan baýramçylyk gününiň şowhuny gelýärdi. Bu gün Ýeňiş güni. 1971–83 ý. Нudaýberdi НALLYÝEW. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |